Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:35
Öte eşiden öý ýykar

Öte eşiden öý ýykar

“Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen”
Magtymguly.

Akyldarlaň birinden “Ýalan bilen çynyň arasy näçäräk bärdyr?” diýip, soranlarynda, ol eliniň başam barmagyny ýygryp, dört barmaklaryny bir-birine jebislap, aýasyny görkezipdir. Onuň bu yşaratyna düşünmedik adamlar onuň tefsirini soranlaryn-da, dana dört barmagyny gözi bilen gulagynyň arasyna—çekgesine goýupdyr –da, ýalan bilen çynyň arasyndaky çägiň onçakly daş däldigini aňladypdyr. Bu bolsa, Magtymguly Pyragygnyň: “Eşiden deň deň bolmaz, gören göz bilen” setirlerini ýadyňa salýar.
Adam daş-töweregindäki bolup geçýän hadysalaryň togsan göterimine golaý maglumatlary gözleri bilen kabul edýär. Adamyň gözi Gün söhlesiniň ýagtylygynyň güýjüniň yigrimi bäşden gowrak derejesini duýýar we onuň reňkli öwüşgininiň (spektriniň) bolsa 120-den gowrak görnüşini saýgarýar. Biz endigmiz boýunça umumylaşdyryp, gara reňkleriň hemmesine “gara”, “garamtyl”, ak reňke—“ak”, “agymtyl” diýip goýberäýs. Ökde tejribeli boýagçylar bolsa diňe gara reňkiniň 28 görnüşini saýgaryp bilýärler. Ak reňkden gara geçýänçä onlarça reňkler bar ahyryn!
Biziň gulagymyz edil gözümiz ýaly ygtybarly bolmadyk bolsa, ýöne ýerden ata-babalarymyz: “Cala eşiden çatma ýykar, öte eşiden— öý” diýmezdiler. Hakykatdanam, alymlaryň aýtmagyna görä, adam daş-töweregindäki maglumatlaryň, habarlaryň, hadysalaryň aglabasyny (80-90 %) gözleriniň kömegi bilen alýar. Özümizden mysal alaýalyň: kimdir biriniň gören filmi barada beren gürrüňinden, ony öz gözlerimiz bilen görsek has öňat düşünýäris. Ýoldaşymyzyň gürrüň beren kinosyny öz görenimiz bilen deňeşdirenimizde aratapawudy ýer bilen gök ýaly bolaýýar.

Hoja Nasreddin naharynyň ýuwundysyny itiniň ýalagyna guýup, okara-çemçesine gumgandan suw akydyp durka, ýoldan geçip barýan obadaşlarynyň biriniň: “Molla Ependi, okara-çemçäňizi ýuwup bir ýere sadaka hyýallanýaňyz öýdýän?!” diýip, ýüzlenende, ol: “Hawa, gaýraky obada Pylan baý sadaka berýär, şoňa gitjek” diýip, degşipdir. Ependiden “hoş habar” eşiden ýaňky adam, haýdaşlap öýüne tarap ýönelipdir.
Birhaýukdan, daşardan eşidilýän “hümür-sümüre” daş çykan Ependiniň gözi elleri gap-gaçly üç-dört sany obadaşlaryna gözi düşüp, olaryň nirä barýandyklaryny soranda, obadaşlary gaýraky oba, Pylan baýyň sadakasyna barýandyklaryny aýdypdyrlar. Ependi bu ýagdaýa ýylgyryp, öýüne girýär. Aradan salym geçmänkä daşaryň gowry artýar. Ol ýene daş çykyp görse, elleri okara-çemçeli obadaşlary gaýrak tarap haýdaşyp barýamyşlar. Asyl, küren oba tutyşlaýyn süýşäýen ekeni. Haçan-da, Ependi obadaşlaryndan bu ahwalaty soranda, mähelläniň içinden biri: “Näme, seň habaryň ýokmy? Pylan baý şu gün sadaka berýär. Iki sany düýe, dört öküz, on sany hem goýun soýanmyşyn” . “Ýalan hem bolsa, hoş habar ýagşy” diýileni-dä: bu habara Ependi ynanjagyny-ynanmajagyny bilmän ikijiňlenip durşuna, ahyry: “Dogrudanam, şol baý şu gün sadaka berýän bolaýmasyn” diýip, öz henegine çyny bilen ynanyp, ol hem okara-çemçesini alyp, obadaşlarynyň yzyna düşýär.
Gadym döwürlerde dünýäň habaryny ilata derwüşler, täjirler, argyşçylar, zyýaratçylar ýaýar ekenler. Geň-enaýy hadysalardan habarly, başdan geçen wakalaryň şaýady, gyzykly gürrüňleriň eýesi bolan jahankeşdeler türkmen ojagynyň iň arzyly myhmanlarynyň biri bolupdyr. Adamlar: “Iýen-içeniň özüňki, gören-eşideniňden habar ber” diýişip, arzyly myhmana törden orun berip, tä daň atýança her dürli täzelikler bilen tanşypdyrlar. Kyssaçylaryň indiki söhbetdeşligine sabyrsyzlyk bilen garaşypdyrlar. Jahankeşdelerden eşiden wakallaryny edil asyl nusgasy ýaly çeper bolmasa-da, her kim öz düşünişine görä maşgalasyna, dost-ýarlaryna gürrüň beripdirler—şeýdip dilden-dile geçip, äleme ýaýrapdyr; ýaýrap barýarka bolsa taraşlanyp, kem-käs ýerleri kesilip, “agsak ýerlerini seýikläpdirler”—şeýdip-şeýdip, bolan waka ertekä ýa rowaýata öwrülipdir.

Hoş habaram, şum habaram ýyldyrym çaltlygynda ýaýraýar. Biziň döwrümizde-hä, her dürli habar beriş serişdeleriniň kömegi arkaly, esasanam, mobil telefonlarynyň, Internet ulgamynyň kömegi arkaly hasam tiz ýaýraýar, ýöne, onuň dilden-dile geçýän maglumatdan aratapawudy: habaryň, maglumatyň asyl nusgasynyň ilkinji çykan çeşmesini anyklap bolýar.
Tanymal gazak şahyry Olžas Süleýmenow, şygyrlarynyň birinde, biziň daşymyzy gurşap alan haykaty (real jisim-maddalar, hadysalar, real faktlar) suwuklyk mysaly diýip göz öňümize getirip, ony islendik gaba ýerleşdirenimizde, suw şol gabyň (suw kädisi, käse, tüňçe, grafin) şekilini alanda-da, ol suwuklygyna galýar—hakykatlygyny saklaýar diýip düşündirýär.
Ynsan daş-töweregindäki hakykat y bäş sany duýujy agzalary (göz, gulak, burun, dil, deri duýgusy) arkaly günsaýyn kabul edýär. Edil öýkenlermiz bilen sorup alan kislorodymyzy we iýýän iýmitimizi özleşdirişip bedenimize siňdirşimiz ýaly, gije-gündiz bökdençsiz işläp duran bäş sany “tebigy antennalarmyz” her bir maglumaty şol durşuna kabul etmäge dyrjaşýar, bu hadysa psihologlar resepsiýa diýýärler. Tagamsyz owkatdan, ýakymsyz ysdan, gybatdan, gelşiksiz şekilden “antennalarmyzy” başga tarapa öwürenmizde, maglumat özleşdirilmän galýar, ýagny resepsiýa indiki basgançaga—persepsiýa geçmän galýar. Aşgazanda “bişip”, özleşdirlen iýmitlermiz içegelermiz arkaly süňňimize siňişi ýaly, persepsiýa üsti bilen özleşdirlen maglumatlar aňymyza siňensoň, düşünje görnüşinde paýhasymyzyň goruna goşulýar. Bu hadysa bolsa psihologlar appersepsiýa diýip at berýärler. Başgaça aýdanmyzda: resepsiýa—suwukllyk gabyň agzyndan guýmak, persepsiýa—guýulýan suwuklygyň möçberiniň gaba sygmagy, appersepsiýa—suwuklygyň guýlan gabyň şekilini almak diýsek bolar.
Ýöne gaplanan suwuklygyň ähli möçberi gabyň agzyndan sygman, daşyna dökülip, möçber kemter gelmegi mümkin. Hatda, suwuklygyň ýeke damjasy isrip bolman, gaba guýulanda-da, barybir guýlan suwuklyk gabyň şekilini alýar. Entek, täze suwuklyk, gapdaky öňki guýlan suwuklyklar bilen garyşyp, barlyşmaly hem; özleşdirlip, siňişmeli hem.
Ynsan paýhasynyň jamy bimöçber, öýjük-öýjük we maýyşgak bolansoň, oňa ýüz müňlerçe maglumat salsaň hem sygdyrýar. Bulat Mansurowyň meşhur “Şükür bagşy” filminde Mämmetýar han bilen Ýusubyň arasayndaky “dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da “filosofiýa” bardyr” diýen dialogy ýadymyza salsak, ynsan paýhasyna salnan maglumatlar we onuň her günki gören-eşidenleri bilen sazlaşyp, appersepsiýa arkaly belli bir şekiliň suduryny alýar, şahsy düşünje— “filosofiýa”—pelsepe emele gelýär we iru-giç, ynsanda paýhas hazynasyndaky toplanja baýlygyny adamlar bilen paýlaşmak islegi döreýär. Ol özleşdiren habarlaryny, ylym-bilimlerini, öwrenen tälimlerini “köňül nagşy bolan tile gelen sözleri”1) bilen ile ýaýanda, paýhas jamynyň göwrümine we şekiline daýanýar. Diýmek, habar beriji ilkinji maglumatlaryň asyl nusgasyny däl-de, öz akyl gabynyň suduryny alan şekilini beýan edýär.
Indi, göz öňüne getiriň: käbir ilkinji maglumatlar dilden-dile—“elden-ele” geçip, paýhas jamdan çykyp, başga paýhas jamyna girip, ýene ondan çykyp, ýene bir “gaba” girip-çykyp, başlangyç durkuny üýtgedip, süriň içinde öz ornuny tapyp bilmän aýlanyp ýetim tokla meňzeýän bolmagy hem mümkin. Ol toklynyň “ýetimligine” ynanýanam bar, ynanmaýanam. “Ýetim tokla” ynananlar howandar çykyp, oňa “ot-suw berip”, has-da gylawlandyrýarlar. Ilkinji maglumat dilden-dile geçende, ony her kim öz “jamyna” görä, taraşlaýar—kem-käs ýerlerini özüçe düzedişdirýär, ýa ýüküni az görüp, öz paýhas gorundan goşant goşýar. Magtymguly Pyragynyň:
Her kim öz-özünden göwnüni beslär,
Niçeler hak diýer, niçeler toslar2).
—diýip, belläp geçişi ýaly, şol bir maglumatdan deň derejede habarly adamlaryň beýan edişleri hem bir-birinden tapawutlanýar. “Her kişiniň öz akyly özüne kemally görnensoň”, habar berijileriň biriniňkini hak, beýlekisiniňkini nähak hasaplamaga biziň hukugymyz barmyka diýen sorag ýüze çykmagy mümkin. Öňki asyl nusgasyndan has üýtgedilen maglumat ýa-da habar, dowul görnüşine geçip, harasat kentme-kent aýlanyp, öý ýykmasa-da, gädikden girip-çykyp biler. Adamlaryň käbiri howaýy gürrüňe, “gury” söze känbir imrinmän, täze, üýtgeşik habar bilen gyzyklanýarlar; iň geň galaýmaly ýeri hem: habar näçe “çişirilen” bolsa, şoňa has çalt ynanýarlar. Bu zeýilli adamlaryň kalby päk bolsa-da, olaryň “ýagşy niýet” bilen ýaýradýan maglumatlary käbirleriň ruhynda göwnüçökgünlik döredýär; “was-wasylyny” ynjalykdan gaçyrýar; dowulçylaryň howsala ýaýratmagyna itergi bolýar, bu bolsa jemgyýetde galagoply ýagdaýyň döremegine sebäp bolmagy mümkin.
Şu jähtden, akyldar-danalaryň kyssalaryna, mukaddes kitaplara, alymalryň ylmy eserlerine salgylanylanda, säwlik bilen nätakyklyk goýberliläýse, diňe ýeke bir sözüň däl, hatda dyngy belgileriniň ýetirjek zeleliniň netijesini göz öňüne getirmek ýeňil däl.
Rowaýat bar: ýagşyzadalaryň biri atyny münüp, mähellä golaýlanda, märekäniň içinden bir kişi ony sözünde tutmak niýeti bilen, münüp gelýän atynyň näçe toýnagynyň bardygyny soranmyş. Ýagşyzada onuň soragyna jogap bermek üçin eýerden düşüp, atynyň aýaklaryny bir-birden sanap, bedewiniň dört aýagynyň we dört toýnagynyň bardygyny aýdypdyr, şeýlelikde, ýagşyzada berlen soragyň jogabynyň takyklygyny sabyrlylyk bilen subut edýär.
Emeli intellekt bolan personal kompýutere sygmaýan maglumat ýok. Ol bir sekuntda milliardlarça maglumatlary seljerip-özleşdirirp bilýär, hakydasyna giren maglumaty uzak möhletleýin ýadynda saklaýar we haçan salgylanda nokadyny ýalňyşman jogap berip biilýär. Başgaça aýdylanda, ne ony aldap bolýar, ne-de ol özüni aldadýar, çünki onuň “paýhas jamy” ynsanyňky ýaly maýyşgak, bimöçber we köpugurly bolmasa-da, “ýalan sözlänok”. Emma, onuň ýerine ýetirýän işleri çäkli we takyk, hem-de adam ýaly dünýäniň ähli maglumatlaryny özleşdirer ýaly mümkinçiligi giň däl. Artykmaç işden azat, diňe buýrulan işe gaýym kompýuter “beýnisindäki” maglumatlary garjaşdyrman asyl nusgalaryny saklaýar. Şonuň üçin adam, kähalatlar öz aňyna şübhelenende, ýakyn kömekçisiniň ýardamyndan peýdalanmaly bolýar. Şeýde-şeýde, ýatkeşligimize ynam etmän, edil, kepilnama basylan möhüre ynanşymyz ýaly, emeli hakydanyň ýesirligine tabyn bolýarys. (“Düýe köşegine eýeräýýämikä?”). Şeýlelikde, ynsan paýhasynyň kämillik ýolunda, jemgyýetde biygtyýar, güwä geçmeklik, şaýatlyk, zamunlyk, ýaly adamlaryň arasynda “ynançlyk” gatnaşyklary döreýär. Adamzadyň hakydasynyň salynyň “gowşaklygyny” göz öňünde tutup, ony ýalan habary üçin bagyşlasak, “günä geçişlik” säwlik bilen ýa bilkastlaýyn goýberilen ýalňyşlyklary saýgaryp bilermikä?
Elbetde, “jaý ýerinde ýalan ýagşy” hem bolsa, türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň:
Bildigiňçe, mydam ỳagşy sözlegil,
Ỳagşy söz tapmasaň, otur sem bolup—diýen3)

kelamyny hergiz hakydamyzdan çykarmalyň, çünki zybanymyzdan çykan her bir jümläniň aýdylmaly ýeri bar, aýtmaly wagty bar we aýtmaly ynsany bar; hem-de biziň käbirmiziň aýdýanmyzyň, käbirimiziň aýdyşymyzyň we käbirimiziň aýtmagymyzyň dogry ýa-da ýalňyş bolmagy mümkin.

Bellikler: Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan jümleler:
1) “Golda bary bolmasa”
2) “Hary-zar bolduň”
3) “Jem bolup”

©Kakajan Balkanow,

Mary welaýat Gaýragoýulmasyz Tiz kömek merkeziniň lukmany.
Bölümler: Psihologiýa | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 23:51, 22.10.2023
käwagt bilgeşleýin "öte eştdirýäler".
mysal. arada türkiýede geçirilen ýaryşda ýaş türkmen şahyry baýrakly ýer aldy diýip habar ýaýratdylar.
iş edinip ol ýaryşy guraýanlaň saýtyna girip gördüm.
bize "ýer aldy" diýip aýdylýan ildeşimize diňe şol ýaryşa gatnaşanlygy üçin "minnetdarlyk haty" berlipdir. türkler "mansion*" diýýä öýdýän. ýagny ol baýrak kategoriýasyna girenok. birinji, ikinji, üçinji ýerlere degişli däl.
umuman, her aýdylýan zatlar dogry hem däl.
gynandyrýan ýeri, şeýle zatlary bile-bile edýäler.

* Mansiyon
1) Bir Eserin Mükafatlandirilmasi.
2) Bir yarışmada konulan ödüle yeterli nitelikte görülmemekle birlikte, anılmaya değer bulunan kimseye veya esere verilen derece. ...
avatar
0
2 Medicall • 22:44, 23.10.2023
Höweslendiriji baýrak diyip berendirler, ýa-da gatnaşanlygy barada serfikat ähli gatnaşyja berilýär, orun alanlardan başgalara, şoldurda
avatar
0
3 Medicall • 23:42, 23.10.2023
Akyldaryñ:"emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr" - diýenini öz ýalanyny başgalaram kanagatlandyrsyny üçin ýerliksiz ulanýanlaram bar gynansakda.
Emma Hezreti Magtymguly ol sözi başga manyda aýdan, edil bir erbetligiñ öñüni almak üçin ýalan sözlemekden başga çykalga galmadyk ýagdaýynda (edil biri birini öldürjek bolup duran bolsa, onda başy ölümli hem ejiz biri bolsa, ony ölümden alyp galmak üçin ýalanam bolsa bir hile ulansa bolar diýen ýaly manyda) "jaý ýerinde ýalan ýagşy" diýendir...
Gowy makala, sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202