Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:41
Keýpine...

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär


KEÝPINE...

Keýpine ýaşasak bolmaz durmuşda,
Keýpine gelemzok ilkibaşda-da.
Beýdip ýörsek, gynanmarys, duýmarys,
Ýüregmizden arzuw üzlüp gaçsa-da.

Keýpine güllänok ýazda injirler,
Keýpine ýaganok ýagyş-garlaram.
Keýpine däl zatlaň yhlasy bilen,
Aýlanyp durandyr goja barlygam.

Keýpine gürlänok sessiz asmanam,
Perişdeler derdinişýän bolarly.
Saralyp, ýarmasa gamgyn gursagy,
Bu ýüregimiz solarmy?!

Keýpine däl, beýik daglaň dumany,
Keýpine däl, boz Murgabyň çägesi.
Keýpine ölmedi Adam atanyň,
Habyl çagasy...

Keýpine ýaşasaň bolmaz asylam,
Keýpine ölemzok,  sanalgy dolýar.
Megerem, durmuşda adam keýpine
Bagtly halyna betbagt bolýar.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 177 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Gurbanmyrat Saryýew, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
0
1 aygull • 16:05, 23.02.2024
Zor salybam ýaşap bolmaz. Gaýta keýpine ýaşasaň, hemme zadyň dadyny duýup bilýän bolaýmasañ.
Ezizowyň "Şadyýan gün" atly goşgusyny goýasym geldi. Soňam artykmaç gördüm.
2/10
avatar
0
2 Mekan2 • 16:23, 23.02.2024
(eli açyk başladym) ilkibaşda-da,
(dowam indi, sabrym) üzlüp gaçsa-da.

6/10
avatar
0
3 Мango • 16:53, 23.02.2024
antikeýpineçilikli goşgy.
goşguda 12 sany "keýpine" bar eken, bu keýpine-hä bolmaly däl.
3/10
avatar
0
4 Rowaç • 17:53, 23.02.2024
Känbir many-mazmun baglanyşyk ýok setiraralarynda. Birinji bendinden başlap soňuna çenli, heý, bir çolpyňa ilýän zat çykaýmazmy diýýäň welin çykaýanok. Onsoňam "keýpine" temasam jedelli gürrüň. Awtoryň aýdyşy ýaly anyklyk baram, ýogam. Garaz, 1/10.
avatar
0
5 Sylapberdi • 20:53, 23.02.2024
Hawa, dostlar büýa:
Keýpine
Kéýine
ýöne keýpine diýen aýdyma has takygy goşga öýkünilen ýaly bolupdyr.
Gowy akgynlyjada okalýar.
avatar
0
6 Kyyas • 21:56, 23.02.2024
Keýpine güllänok ýazda injirler,

Şu setir bilen ylalaşmak kyn, injir ýapyk gülli miwelere degişli, (şol san-da hozam) onun güllänini bilip bolanok. (Göze görünenok).

Başdaky setirde keýpine ýaşasak bolmaz durmuşda, diýýär welin näme üçin bolmaz???

Üstünlikler!
avatar
0
7 derwushhana • 23:11, 23.02.2024
Iň soňky bendiň soňky iki setiri üçin. 2/10
avatar
0
8 garagar • 00:15, 24.02.2024
"Keýpine gürlänok sessiz asmanam,
Perişdeler derdinişýän bolarly"
Owadan ekeni. "tötänlik ýok" diýýäňdä.

4/10
avatar
0
9 Pero • 08:04, 24.02.2024
5/10
avatar
0
10 Seýrаn • 08:20, 24.02.2024
Keypine yashamak gowy dalmi gaytam. Pikirlerin konelishen. Hic hili tazelik ya oz tapyndyn yok eken. 3/10
avatar
0
11 Hyýalbent • 17:33, 24.02.2024
4/10
Awtora üstünlik
avatar
0
12 Kyyas • 20:06, 24.02.2024
Keýpine-Sebäpsiz, ýöne ýere. Diýip düşünmeli ekeni...
avatar
0
13 sussupessimist • 20:35, 24.02.2024
Rowajyň pikirine goşulyan.
Ustesine-de, yasama parasatlyk, pseudofilosofiya bar.
"Aýlanyp durandyr goja barlygam" – diylipdir, meselem. Barlyk nadip aylanybiler? Heňňam aylanyar, Zemin aylanyp dur, oňatlyk örän... we ş.m.

2/10
avatar
0
14 Lacrymosa • 21:08, 24.02.2024
men-ä ýöne halap duuun, sorwaýyt bolaýypdyryn öýdýän ... 10 bal, nädeýin-dä ýöööne halap dursam
avatar
0
15 Küle • 19:06, 25.02.2024
1/10
avatar
0
16 LegLek • 19:42, 25.02.2024
Gowşak goşgy.
Awtor oňat zat aýtjak bolýar, ýöne pikiriňi, duýgyňy söz bilen berip başarmak gerek.
Aman Şyhnepesow aýtmyşlaýyn, senetsiz sungat bolmaz.

Awtora üstünlik!

4/10
avatar
0
17 LegLek • 19:50, 25.02.2024
@Lacrymosa dogan, juda jomart, açykgöwünli we ýukaýürek siz :)
avatar
0
18 Lacrymosa • 19:54, 25.02.2024
Da, ýa takaýa! (dylym-dylym edýän smaýlik)
avatar
0
19 Gerceknazar96 • 19:37, 27.02.2024
Goşgyda aýdylýan pikirler bilen büs-bütin garşy bolanym üçin 2/10.
avatar
0
20 paragraph • 05:01, 01.03.2024
awtor keypine däl diýmek bilen tötänden däl diýjek bolupdyr. her bir zadyň sebäbi bar. "sebäpsiz çöp başy gymyldamaz" diýlişi ýaly...
6/10
avatar
0
21 Мukam • 22:00, 02.03.2024
"Maýmynam öz hoşuna tans edenok" goşgynyn gysgaça manysy şu bolýa, uzaltman ýazan bolsa ýerne düşjek ekeni.
avatar
0
22 janjennet • 15:01, 13.03.2024
2/10
avatar
0
23 Gülkamat • 17:02, 21.03.2024
4/10
avatar

Старая форма входа
Total users: 203