Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:29
Ýürekler ýürekdeş bolsun!

ÝÜREKLER ÝÜREKDEŞ BOLSUN!

Ýalňyşmaýan bolsam, dünýäde ýüreksiz hiç bir zat ýok. Tebigatdaky daglaryň, düzleriň, dereleriň, baýyrlaryň, deňiz-derýalaryň, köldür çeşmeleriň, kiçijik şahalardan başlap, ähli agaçlaryň... bize görünmeýän, ýöne bardygy duýulýan ýürekleri bar. Ýürek bar ýerinde, janam bar. Özem olaryň ýüregi ynsanlaryňkydan has uly. Gaýduwsyz we çydamly. Bir söz bilen aýdanyňda, özlerine mahsus ýürek-dä. A biziň ýüregimiz welin, bir bölejik etden. Hawa, bir bölejik. Özem juda näzik, sähel tolgunma, begenje, guwanja derrew galpyldy tapyberýär. Tiz-tizden urýar, atygsaýar, bizem pikire goýýar. Şeýdibem mahal-mahal ýaşaýandygyny duýdurýar. Käteler bolsa has-da elewreýär... Ine, şunuň üçinem ol ýürek-dä.
Dörediji ynsanlaryň... galam tutup, öz ýüreginiň sesini kagyza geçirmegi, içi ýürekli eserleri döretmegi başarýanlaryň ýüreg-ä hasam duýguçyl, aladaçyl, howsalaçyl. Käte-hä aga-döne urup durandyr, käte-de gürsüldäp gursaklary ýarsam diýýändir. Şoňa görä-de ol ýürekler has giňdir, megerem, dünýädenem giňdir. Gündelik durmuşymyzda ýürekdeş, göwündeş, köňüldeş, pikirdeş, hyýaldaş, duýgudaş, ahwaldaş... ýaly sözleriň juda ýygy ulanylýandygy nähili gowy! Olaryň hersi birje sözden ybarat hem bolsa, gör, nijeme sözleriň başarmadygyny başarýar. Bitirmedigini bitirýär. Ýüregiň nämedigine, has anygy, nähili many-mazmun aňladýandygyna edebi diliň sözlüklerinde şeýle düşündiriş berilýär:
ÝÜREK [ýürök] at. 1. Adamyň, haýwanyň döş boşlugynyň çep tarapynda ýerleşýän merkezi gan aýlanyş agzasy.
2. göç.m. Adamyň ruhy dünýäsini jemleýän agza...
Aslynda ýürek sözüniň manysy juda giň. Sözlüklerde onuň ähli tarapyna seredilip geçilýär. Biz diňe gürrüňimize degişli bölegine mysal hökmünde seretdik. Ýürek sözi bilen ugurdaş, tirkeşdirilip ulanylýan ençeme söz düzümleri bar: «ýüreginden önen», «ýüregiňden turmak», «ýüregiňe düwmek», «ýüregiňe jüňk bolmak», «ýüregiň giňemek», «ýüregiň gobsunmak», «ýüregiň howlamak», «ýüregiň joşmak», «ýüregiňi bire baglamak», «ýüregiňi dökmek», «ýüregiňi eliňe almak», «ýüregiňden turmak», «ýürek bökdürmek», «ýürek alyşmak», «ýürekde mesgen tutmak»... Nähili köpdügini görýäňizmi?! Entek bularam bary däl. Näçe uzaltsaň uzaldybermeli. Sebäbi, ýüregiň ahwallary kän. Oňa düşünýänler bolsa...
Gürrüňimizi söz sungatyna syrykdyralyň. Türkmen edebiýatynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň ýürek hakynda, onuň gursagyňy gurşap alýan ahwallary hakynda döreden eserlerine ýygy-ýygydan gabat gelýäris. Olaryň köpüsinde dörediji ýürekleriň sedasy, sesi ýaňlanýar. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Gurbannazar Ezizowyň aňymyza keşdelenen şygryny ýatlalyň:
Nämä degseňizem,
Degmäň ýürege.
Mydam ýürekleri sylamak gerek.
Salmaň ony başga del kükrege –
Agyr düşer del syrlary götermek?!

Setirlerde göýäki ýüregiň agyzbogusy çözülen ýaly gitdigiçe güýjeýän ahwallar
sözlere jan berýär. Ynsany duýgudaşlyga çagyrýandygy sebäpli, goşgyny näçe
okasaňam, ýüregiň teşneligini gandyryp bolmaýar. Kalbyňda darakdiş mysaly galan
täsirlerden ýaňa, eliňi gursagyňa ýetireniňi duýman galýarsyň.
Halypa ýazyjymyz Juma Hudaýgulyýewiň «Gaýrat et, ýürek» hekaýasyny başdan-aýagyna ýüregiň gobsunmak okaýmak çetin. Sebäbi eser her bir ynsana ýürekdeş, göwündeş: «Sen meni bagyşla, eý, azaplar içinde göýdük bolan jigerim! Men başgaça ýaşap bilemok. Saňa kyn düşýäninem bilýän. Ýadanyňam bilýän. Sojaýanyňam bilýän. Ýöne senem maňa sensiz kyn bolýanyna düşün. Ýene birnemejik gaýrat et! Entek ýazylmadyk eserlerim bar, aýdyp ýetişmedik yşgu-heserlerim bar. Gaýrat et! Gaýrat et! Ýene-de azajyk gaýrat et!». Özüniň bir pursat ejizlänine utanyp, ýürek şondan soň ähli güýjüni, kuwwatyny jemläp, täzeden, üýtgeşik bir hyjuw bilen gaýrata galdy. «Gürs, gürs, gürs, gürs, gürs, gürs, gürs...». Hawa, bu sözlemleri okap, ýüregimiz bir ýola daýanýar, gaýtadan bir galkynýar. Ýürege nämäni salsaň, miwesem edil şeýle-dä. Şatlyga iki esse şatlyk, joşguna şonçarak joşgun. Heran-haçan dadymyza ilki ýetýänem, bize ýürekdeş bolýanam şol heýjanlara çümen joşgunly ýüregimiz.
Şahyr Italmaz Akmyradow «Aglama, ýürek, aglama» şygrynda öz ýüregi bilen hemsöhbet bolýar. Ynsan ykbalyndaky islendik ahwalyny, ýagdaýyny, begenenini, gynananyny goşgudan görnüşi ýaly, kükregini eýelän ýüregi bilen paýlaşýar:
Çaltam urma, urma haýal,
Gaýta giňe, gaýta goýal!
Şirpisint aňryňdan uýal,
Aglama, ýürek, aglama!

Liriki gahryman birbada ýüreginiň özüni gaplan heserinden haýykýan ýaly duýulsa-da, akgynlylyk, belent hörpde saýramaklyk duýgularyň çür depesine çykyp, ýürek bilen hemsyrdaşlyga öwrülýär duruberýär.
Kämahallar gursagymyzda göterip ýören ýüregimiziň aşa çydamlylygy, telwaslara, bagta ýa-da awara ýellere, güýçli daşgynlara döz gelýändigi bizi çuň oýlara batyrýar. Şonda: «Ýüregimiziň etdendigi bir çynmyka berin?!» diýip, müýnürgäp başlaýarys. Ine, döwürdeş şahyrymyz Kakamyrat Rejebowyň şygrynda hem bu ýagdaý şeýle. Awtor ritoriki sowaly öz «dünýäsiniň» öňünde goýýar:
Bu soňsuz oýlara bäs gelip bilmän,
Aklym çaşdy, serim sämedi dünýäm.
Bu gursaga ýürek diýip salanyň
Nämedi, dünýäm?!.

Şahyr Aýgül Garaýewanyň «Meniň ýüregim ýok...» şygryndaky ahwal, öňe sürülýän pikir has başgaça:
Meniň ýüregim ýok...
Ýüreklerim bar!
Maňa bir ýüregi az gördi täleý.

Onuň bu setirleri zenan şahyryň ikinji, üçünji «ýürekleri» hakynda dillenýär. Eli galamly, kalby söýgüden püre-pür enäniň ýüreginiň bölejikleri, elbetde, ynsanyň perişde kimin perzentleridir, zürýatlarydyr. Şygyrdaky ahwalyň akyşam, ýaýylyşam şu hakykata baryp goşulýar. Bala-çagasyny ýürege deňäbilmek şahyryň ajaýyp filosofiýasydyr.
Ýürekde biziň arzuw-umytlarymyz, düşünilmesi kyn hyýallarymyz, ykbalymyzy bagryna basýan maksat-myratlarymyz ýaşaýar. Ýaş şahyr Aşyr Hanowyň:
Göwün al-asmanda kaksyn ganatyn,
Beýik maksatlara salmaň kölege.
Ýöne şol ganatyň gyrlan halatam,
Başarsaňyz agram salmaň ýürege –

diýen setirlerinde aýdylyşy ýaly, öňümizdäki ýaýylyp ýatan, külterlenmeli menzilleriň ahwallaryny gerdenimize daýanyp geçmegi başarmaly. Ýüregimiz bilen hemsyrdaş bolup, oýlanyşmaly, ýöne dözümlilige, yza gaýtmalara ýol bermeli däl. Gursagymyzda urup duran ýüregimiziň nämeleri diýýänine gulak salmaly.
Ýaş döwürdeş şahyrymyz Ogulnur Ataýewanyň «Ýüregime» diýen goşgusynda ýürege geň galynmak bilen ýüzlenilýär. Joşgunly ýaşlyk derýasyny kürekleýän duýguly ýürek, megerem, nirädir bir ýerlere atygsaýar:
Arz edere agam ýokdur,
Çäräm ýokdur, ýürek, saňa.
Ýeri, şu giden dünýeden
Indi näme gerek saňa?

Ýüregiň gürsüldäp gorsanmasy, belki-de, daşky dünýä biziň gözümiz bilen seredesi gelmek islegi, käteler irikgä bolup, gemredir gasňak baglap giden oýlandyryjy ýagdaýlara düşmesi şahyr gyzyň ylhamyna ganat berýär.
Ynsan ýüregi beýik söýginiň güýji bilen ýaşaýar, dem alýar. Söýgüden teşneligini gandyran ýürekler ebedilige eýedir. Ýaşlygyň pynhan syrlaryny, yşk hesretlerini göterýän ýüreginiň sedasy ýaş şahyr Maksatmyrat Çaryýewiň «Maňa ýürek goýduň...» şygrynda şeýle eşidilýär:
Maňa ýürek goýduň
Içi küýsegden,
Daşy gat-gat arman bilen örtülen.
Maňa ýürek goýduň,
Kemşerip galan
Wysala ýetmejek söýgüsi bilen.

Halkymyzyň «Göz görmedigini ýürek syzar», «Ýürek ýanar – göz ýaşarar», «Ýürekden çykan söz ýürege ýeter», «Ýürekden ýürege ýol bar», «Batyrlyk bilekde däl, ýürekde», «Gujurly ýürek daş ýarar», «Şadyýan ýürek – ýüzi güldürer, // Gamgyn ýürek – meňzi soldurar» diýen pähim-paýhaslary aňymyzda, ýüregimizde mekan tutdy. Söhbedimiz bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda hem: «Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek» diýilýär. Biziň ýürekdeş ýürekler dogrusyndaky gürrüňlerimiz kalbyňyzy gozgap, dünýedeş, göwündeş, pikirdeş bolmaga iterendir diýen umydymyz bar. Muhammet pygamberiň aýdyşy ýaly: «Syr saklamaýan ýürekde haýyr ýokdur». Goý, ýüregiňize ýürekdeş ynsanlaryňyz size aýan, bize syr bolup galsyn! Esasy zat, şahyrlaryň şygyr setirleri ýaly, ýürekler ýürekdeş bolsun!

Gurbanmyrat SARYÝEW.
Çeşme: "Esger" gazeti. 2022-nji ýylyň 25-nji awgusty.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 156 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 00:29, 02.05.2023
"Ýalňyşmaýan bolsam, dünýäde ýüreksiz hiç bir zat ýok".

menem ýalňyşaýmaýyn diýip daýymdan soradym, şeý diýýä:

"Сердца нет, например, у червей и одноклеточных организмов, например, у бактерий, вирусов. Так же сердца нет и у медуз. Однако есть существа, имеющее более 1 сердца - это осьминог. Мало кто знает, но у осьминога 3 сердца. А сердце кита размером с большую машину..."
avatar
2
2 Pero • 10:13, 02.05.2023
Umuman...makala ýazjak bolsañ,sahap-sahap sermenmeli bolýa. Zähmeti,wagty talap edýä. Şol gymmatlyklary harç edip ýürek....barada ýazan makalasy ün Gurbanmyrada sagbolsunlar!
Ýazyp dur!
avatar
0
3 Saryýew • 21:04, 03.05.2023
Gelneje sagja boluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202