10:29 Atama hat | |
ATAMA HAT (Ýusubyň dilinden) Bu ne ykbal synagyka?! Bilmeý oldum, atam jan. Ogluň kimi gynadyka?! Gülmeý oldum, atam jan. Awa diýip äkitdiler, Agalar bile gitdiler, Meni «ajala» itdiler, «Ölmeý» oldum, atam jan. Ýok, meni iýmedi böri, Ýalan donda ganyň yzy. Meni tap, dünýäni tirip, Gelmeý oldum, atam jan. Ýürek küýsär nur jemalyň, Sen – dünýäň beýik kelamy. Ýaşaýan, ýöne dem alyp, Bilmeý oldum, atam jan. Meni diläp, Haka ýalbar, Päk ynsan, töhmetde ýanmaz. Indi didäň nama ýazmaz, Dymma oldum, atam jan. Taparsyň ahyrda meni, Gözýaşyň kör etgeý seni. Guýuda sanalgy demi, Algaý oldum, atam jan. Owal adamzat ýasawy, Toprak bilen gözýaş suwy, Ýakubyň ýalňyz Ýusubyn, Görmeý olduň, atam jan. Gurbanmyrat Saryýew | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |