Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:20
Sopy Allaýar hakda kyssa /rowaýat
SOPY ALLAÝAR HAKDA KYSSA

Sopy Allaýar Buharada gümrükći kärinde işleýär ekeni. Gümrükçi borjy ýeñil-ýelpaý däl. Ol hökümediň ynamdar işgäri hökmünde öz ýurdunyň abraýyny gorap, hormatyny artdyrmaly. Bu wezipe gönümel täjirler bilen bagly bolansoň, ýurda gelýän we ýurtdan gidýän harytlaryň seljerilişi düzgünnama we kanun bilen kesgitlenenligi üçin, söwdagärleriň gümrükçiden närazy bolýan wagtlary seýrek bolmandyr. Sebäbi täjir alys ýurtlara söwda gidip, birnäçe aýdan dolanyp gelýänçä düzgünnama azda-kände üýtgetmeler, düzedişler girizilýär. Bu täzelikden bihabar täjir dawa-jenjelden nepiň ýokdugyna düşünip, ýa kanuna boýun bolýar, ýa-da gümrükçi bilen ylalaşmagyň ýollaryny agtaryp başlaýar.
Meseläniň täjiriň haýryna we gümrükçiniň peýdasyna çözülenini bir Alla şaýat bolaýmasa, adam oglunyň bu hadysadan bihabar galýan döwürleri ýygy bolýar. Egerde, gümrükçi netikazalygyny edip, gaňryşyna gaýdyp dursa, serhetden geçirmäge rugsatsyz harytlaryňdan durşuna geçmeli bolaňda müflis galmagyň mümkin, egerde, emeldaryň "nebsi agyryp, rehimdarlyk etse", onda hutma-hut çykaýmagyň mümkin. Şol sebäpli gümrükçilere halkyň arasynda gapma-garşylykly iki hili garaýyş döräpdir.
Gümrükçi wezipesinde işlän döwründe Sopy Allaýaryň hem ady ak-gara öwüşgünde agzalan bolmagy mümkin.
Sopy Allaýar entek "sopulyk" derejesine ýetmänkä, tebibiň ýanyna heýwere keselli näsag gelipmiş, tebip hem oňa doňuzyň agynan gumundan ýarasyna çalmagy maslahat beripdir. Buhara emirliginiň haýsy künjeginde doňuz bar? Doňuzyň özüni idäp-saklamag-a beýlede dursun, ilat Allanyň we emiriň gazabyndan gorkujyna onuň adyny agzamakdan hem heder eder ekenler.
Tebip näsaga doňuzyň mesgeni diýip gümrükçiň öýüni salgy berip durşuna, gözükdiriji maslahat berenmiş: "Allaýar diýilýän adam doňuzdan enaýy däldir, şoňa çägäň ýa-da kirşeniň üstünde agynap bermegini haýyş et. Onuň agynan gumundan getir, soň ony nädip ulanmagy öwrederin" diýipdir.
Dul, syrkaw ynanjaň ynsanlar bolar ekeni. Ýaňky näsag sorap-idäp gümrükçini tapyp, oňa tebibiň tekrarnamasyny doly ýaýman, öz düýp maksadyny aýdypdyr. Ilkibada gümrükçi bu telbäniň yzyna it salyp kowupdyram, ýöne näsagyň erjelligi we hötjetligi Allaýary oýlanmaga mejbur edipdir: "Bu görgüsiýaman hem edil men ýaly Allanyň bendesi. Belki, bu bendäniň sagalmagyna meniň agynan kirşenim derman bolsun diýip, hut Biribaryň Özi näsagyň kalbyna salan bolsa näbilýäň" diýip, özelenip duran näsagyň haýyşyny ýerine ýetirip sogap gazanypdyr.
Il agzyny ýygyp bolýarmy, näme. Günleriň bir güni Allaýaryň özüne dakylan "doňuz" lakamy gulagyna ýetýär. Ol esli wagtlap hyrçynyny dişläp, hum ýaly çişip gezýär. Bu masagaralykdan çykmagyň ýoluny tapman, Buharanyň atly pirleriniň biriniň huzuryna maslahata barýar. Pir gümrükçini üns bilen diňläp, “doňuzlykdan” saplanmak üçin oňa adam bolmaklygy maslahat beripdir. Öň hem içi kitüwli gümrükçi piriň beren öwüdine ýarylaýjak bolýar, ýöne dyňzap gelen gaharyny ýuwdup, adam bolmaklygyň ýol-ýodalaryny sorapdyr. Pir hem onuň ýeke ýolunyň bardygyny aýdypdyr, ol hem Muhammet pygamberiň hüý-häsiýetini öwrenip, şoňa meňzemelidigini düşündiripdir.
Bu söhbetleşikden birnäçe gün geçensoň, gümrükçi döwlet işini tabşyryp, şol a:tly pire gol beripdir, birnäçe ýyl medresede okap ylymly-bilimli, edepli-ekramly adam bolup ýetişip, sopulyk derejesine ýetipdir. Sopy Allaýar günsaýyn kämilleşip ahunlyk, hatda pirlik derejesine barypdyr. Ýöne, ol pespäl häsiýetli bolansoň, özüne "pir" diýdirmekden saklanypdyr.
Sopy Allaýaryň şägirt-talyplarynyň içinden birnäçe molladyr-sopy, ahundyr-pir ýetişipdir.
Aýlar-ýyllar geçipdir, Sopy hem garrapdyr. Ol ömrüniň haýallanyny aňyp, şägirtlerine: "Men bu dünýäniň azabyndan dynyp, bakyýa ugran günüm, jesedimi tabyda salanyňyzda kepenime derek täze biýz biçmän, köneje köýnegime dolaň; gözleriňizden ýekeje ýaş damdyraýmaň, gaýtam her geçen meni depeläp geçsin; gölegçiler tabydymy eginlerine alman tä gabryma çenli süýräp äkitsinler; gabryma salanyňyzda aýaklarymdan süýräp salyň; öýümi bolsa otlaň” diýenmişin we gazal aýdanmyşyn:

Her näçe günäkär bolsamam dostlar, günäkär,
Dileg ediň mydam maňa bolup ýar! 1)

“Men jahyllyk döwrümde eden etmişlerim üçin şu dünýäde hasaplaşyp gitjek. "diýip, Sopy şägirtlerine wesýet edenmişin.
Sopy Allaýar amanadyny tabşyrandan soň, onuň şägirtleri çykgynsyz ýagdaýa düşüpdirler: näme etmeli, halypaň wesýetini kim ýerine ýetirmeli, ýa wesýete pitiwa bermän, öňden gelýän däp-dessur boýunça defin etmelimi?..
Sopy Allaýaryň şägirtleriniň arasyndan has üşüklirägi: "Halypamyzyň wesýeti ýerde galsa, biziň hemmämiz Ýaradanyň öňünde ýazykly bolarys, eger-de, onuň aýdyşy ýaly etsek, onda şerigatyň ýolundan çykdygymyz bolar—iki ýagdaýda-da agyr günä galýarys. Bu ýerde bir syr bar, halypamyzyň özi syrly, tapmaçaly söýlegendi, onuň berýän soraglaryny hiç kim çözüp bilmese, üç gün geçensoň jogabyny özi aýdardy. Ol biziň özümiz çözer ýaly tapmaça goýup gidipdir, indi ol tapmaçany onuň şerti boýunça çözmeli däl-de, öz düşünişimiz boýunça çözmeli bolarys. Şonuň üçin, "depme halal" diýişleri ýaly, delil edäýeliň" diýip, maslahat beripdir.
Sopy Allaýaryň şägirtleri merhumyň meýidini ýepbeklemegine derek, onuň öýüniň bosagasyna üç gezek tabydy degiripdirler. Tabydy süýräp äkitmän, onuň sapyna dañylan gara ýüplügi süýräpdirler. Merhumyň öýüni otlaman, onuň garypja külbesiniň içinde şem ýakypdyrlar.
Sopyň şägirtleri üýşüp Biribara ýalbaryp, dileg edenmişler:

“Alyp geldik Saňa gaçan guluňy,
Günäleň gapysyn açan guluňy.

Gelipdir, hilesi ýokdur gidere,
Dili ýokdur indi “bagyşla” diýere.

Günäsi köp, bakar ýaly ýüzi ýok,
Boýun bolmakdan başga çäresi ýok.

Jeza beräýeňde-de güýji ýetýän Sen,
Bagyşlaňda-da bir patyşa Sen”2)

diýişip, Sopynyň gazallaryndan jümle getirip, “Sopy Allaýar daryl panydan daryl bakyga rahmet kylypdyr. Ol bir ýyllyk namaz, oraza, farz we wajyp atlaryndan bagzys eda tapypdyr we bagzysy terk bolupdyr...” diýip, Sopynyň bir säwlik bilen goýberen amallarynyň günälerini ötmegini Ýaradandan towakga edip ýaý gurnap oturyp, merhumyň döwri-kazayny okapdyrlar.,

Bellikler:
1), 2) Sopy Allaýaryň “Ejizleriň erjelligi” atly eserinden ( Nureddin Kesarkaçlynyň tefsirinden).

© Kakajan BALKANOW
Bölümler: Ylahyýet | Görülen: 145 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Medicall • 10:09, 22.01.2024
Nusgalyk ömür. Kyssada bellenişi ýaly Sopy Allaýar ilkinji nobatda gaharyny ýuwdup bilipdir. Bulam eýýam ýalkanmagyñ başlangyjy...
Haladym bu kyssany. Ähli nusgalyk pirlerem, ulamalar, bizden razy bolsunlar.
Sagboluñ Kakajan aga, şu kyssany okabam durmuşdaky her pursadyñ, wakanyñ bir hikmeti bardygyna ýene göz ýetirmek bolyar.

Janyñyz sag, ömrúñiz uzak bolsun!
avatar
0
2 Мango • 10:47, 23.01.2024
ýas ýerinde şem ýakmak....
yrym bilen bagly bolaýmasa...
o şemden peýda ýok aslynda...
avatar
0
3 Medicall • 12:25, 23.01.2024
ony edil "şem ýakyň" manyda aýtmadygam bolup biler, ýöne şägirtleri şeýle düşünipdir, "ojagyň oduny öçürmäň" manyda bolubam biler, kim bilýär, başga hikmeti bardyr...
avatar
0
4 Балканов • 23:53, 23.01.2024
Sag boluň, minnetdar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202