Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:34
Gernika, Merji, Melje we men
GERNIKA, MERJI, MELJE we MEN

1.
1937-nji ýylda Ispaniýada graždanlyk urşy gidýärkä faşistler tarapyndan Gernika şäheri asmandan bombalanýar. Üç sagadyň içinde alty müň ilatly şäheriň iki müňüsi heläk bolýar. Bombalanmadan soň üç günläp Gernikanyň ody öçmeýär...

2.
Pablo Pikassonyň «Gernikasy» bu tragediýa bagyşlanýar.
Eser ölüm, zulum, ejir we ejizlik barada.
Kartinanyň çep tarapynda elinde çagasynyň jesedi bolan bagry para aýal.
Arkasynda öküz.
Merkezi böleginde jan howlundaky at.
Atyň burny adamyň kelle süňküniň şekilinde.
Atyň aýagynyň astynda öldürilen esger.
Ol çapylan eli bilen döwülen gylyçy gysyp dur.
Atyň ýokarsynda zulum edilýän türme kamerasynyň lampasy. Ol göze meňzeýär.
Atyň sag tarapyndaky penjereden wakalary synlaýan aýal görünýär.
Elinde çyra. Aşakda ol çyra umyt bilen ymtylýän aýal figurasy.
Öküziň arkasynda ganaty gyrylan guş.
Sag tarapda ellerini asmana uzadýan figura...

3.
1940-njy ýyl. Gernika wakasyndan üç ýyldan soň.
Faşitleriň goşuny Pariže girýär.
Gestaponyň ofiserleri Pablo Pikassonyň ussahanasyna gelýärler.
Olar stoluň üstündäki duran «Gernikanyň» fragmentleri bolan bölek surat-otkrytkalary synlap: «Bu siziň işimizmi?» - diýip soraýarlar.
Pikassonyň jogaby nagt bolýar: «Ýok! Bu siziň işiňiz!».
Bu jogapdan soň Pikassonyň diri galmagy geň zat, faşistler hiç zat diýmän ussahanadan çykyp gidýäler.

4.
Suratda şu güne çenli kän üns bermedik bir zada gözüm düşdi.


Elinde çagasynyň jesedi bolan aýalyň gözleri asmana dikilen.
Çagaň gözleri asmanda.


Öldürilen esgeriň açyk gözleri asmanda.


Sag tarapdaky figuraň diňe gözleri däl, elleri hem asmana uzaýar...


Hat-da ganatlary gyrylan guşam asmana ymtylýar.

5.
Ölüm, zulum, ejizlik... baradaky «Gernika» ýene-de iki sany termini ýada saldy «Merji» we «Melje».

Merji – ýüz tutuljak ýer (инстанция).
Melje – sygynyljak ýer (убежище).

6.
Ýüzüňi öwrüp ýüzlenmek, sygynmak we elleriňi açyp dilenmek üçin kyýamata garaşmak dogrumyka?
Depderler beriljek we: «Bu siziň işiňiz» diýiljek.
Biziňem sesimiz çykmaz. Sebäbi hakykatdanam iş biziň işimiz.

© MANGO.
2013.ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 138 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Aygul • 21:12, 08.12.2022
Oka,oÿlan...
avatar
0
2 Bagabat • 09:09, 09.12.2022
Şu kubizm, awangardizm, modernizm, postmodernizm ýaly akymlarda ýazylan, çekilen, düşürilen, ýonulan, dokalan we ş.m. eserlerde bir zady gowy - olar adamyň fantaziýasynam, kabul edişinem (wospriýatiýesinem) çäklendirmeýärler - nähili düşünseň düşüniber, neneňsi göz öňüne getirseň getiriber, keýpiň kelläňde.
Klassikada welin, beýle zat ýok. Gözüň görýäni, gulagyň eşidýäni - bolany. Kakabaş hyýalyň ýa-da başbermezek aňyň "я так вижу (слышу, ощущаю, воспринимаю...)" diýip çala buýtar-suýtar ediberdigem bulaşýa.
avatar
0
3 Garagalam • 23:47, 14.08.2023
Awtor bir zatlar diýmek isläp, onam doly diýmeýär.
Diňe bize käbir zatlary ýatladyp, giňiş we çuňňur pikir etmägi özümize goýýär.

Haladym: Pikassonyň faşistlere "bu siziň işiňiz" diýmegini.
Oýlandyrdy: bize-de depder berilende "bu siziň öz işiňiz" diýiljegi.
O depderiň pikirini kyýamata goýmazdan gaýgy etmeli.
Utanyljak, haýp ediljek depder "ýazmawereliň".

Pikassoň personažlarynyň asmana garamalary (asmandan haraý islemeleri) gyzykly, täsirli bolupdyr.
avatar
0
4 Awtor • 13:05, 23.12.2023
Bomba-da, rehmetem —asmandan. Täsirli surat, gyzykly seslenme.

Sag boluň, Mango.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203