Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:26
Deňizleriň aňyrsynda

DEŇIZLERIŇ AŇYRSYNDA

gaýyk ýasanaryn men.
men gaýyk ýasanaryn.
soňra ýüzer giderin bu ýerden,
bu ýerden, maňa ýat ýerden.
jeňňele öwrülen
söýgi jülgesinde uka giden
gerçekleri oýarjak hiç kimiň
tapylmaýan ýerinden giderin.
gaýygymda bolmaz balyk torlary,
kalbymda-da bolmaz
merjen arzuwy.
ýüzerin, ýüzer bararyn.
görgüli balykçylaň
ýalňyz wagty peýda bolup,
uzyn-örüm saçlaryndan
ýalan-ýaşryk ertekisin seçeleýän
ne suw perisine,
ne mawy deňize,
göwün bermen ruhum bilen.

ýüzer bararyn hem aýdym aýdaryn.
gitmek gerek bu şäherden owarra,
bu ýerde erkekde hyýal ölüpdir,
bir salkym üzümiň berýän keýpiçe
bu ýerde şatlyk ýok zenanda.
bu ýerde zallarda hiç bir aýna
gaýtalamaýar keýpi-sapany,
bu ýerde yşygy düşenok fonarlaryň
ýerdäki kölçelere-de,
bu ýerden gitmek gerek, owarra bolup.
gije aýdyp boldy öz aýdymyn.
indi gezek penjirede.
men aýdym aýdaryn,
hem ýüzer bararyn.

deňizleriň aňyrsynda şäher bar,
gözel ýeri, ol şäherde
penjireler giňden açyk her zada.
ol şäherde kepderiler üçeklerde ýaşaýar
hem synlamagy halaýar
ynsan paýhasynyň fontanyn,
a her on ýaşly çaganyň
aýasynda – öwrenmegiň açary.
ol şäheriň diwarlary çig kerpiç.
ynsanlar olara mähirli bakýar,
gury toýunyň ýylysyn duýup,
onda geljekki düýşlerin görýär.
ol ýerde ýer eşider
seň duýgulaň sazyny,
hem şemal, rowaýaty geň guşlaryň
ganatlarynyň pasyrdysyn ýetirer.

deňizleriň aňyrsynda şäher bar.
ol şäherde Güneş ähli gözlere,
her säher açyljak ähli gözlere
ýeter ýaly ýaýylýar.
şahyrlar o ýerde – mirasdüşeri
suwuň, hikmetiň hem yşygyň.
deňizleriň aňyrsynda şäher bar.
gaýyk ýasanmak gerek,
ýasanmak gerek gaýyk.

© Sohrab SEPEHRI

Rusçadan terjime: © MANGO

* * *

ЗА МОРЯМИ

я построю лодку.
я построю лодку.
её спущу на воду и уплыву отсюда,
от земли, чужой мне,
где никого не найдётся,
кто бы в заросшей лесом
долине любви
героев ото сна пробудил бы.
в лодке моей не будет
сетей рыболовных, и в сердце
моём не будет мечтаний
о жемчуге. плыть буду, плыть я.
и не привяжусь душою
ни к синим водам моря,
ни к волооким русалкам,
что вдруг возникая в сияньи
одиночества рыбаков бедных,
с длинных кос рассыпают
свои обманные сказки.

плыть буду, плыть я и петь буду.
плыть нужно прочь от города,
где в мужчине легенды умерли,
где в женщине нет столько радости,
сколько дарит гроздь виноградная,
где в залах ни одно зеркало
не повторяет веселья,
где в лужах не отражается
даже свет фонарей, нужно
прочь плыть, прочь отсюда.
ночь свою песню спела.
теперь настал черёд окон.
петь буду, петь я
и плыть буду.

за морями есть город, в нём окна
навстречу всему распахнуты,
в чём красота является.
город, в котором голуби
на крышах живут и любуются
на фонтаны людского разума,
а в ладони любого ребёнка
десятилетнего — ключ к познанию.
в том городе стены сырцовые.
на них люди смотрят с нежностью,
видя в глине чёрствой тёплый огонь
и грядущие сны безмятежные.
там земля слышит музыку чувств твоих,
и ветрами доносится шелест
крыльев диковинных птиц,
о которых в легендах пелось.

за морями есть город, где солнце
простирается так, чтоб хватило
его всем глазам, всем глазам,
что откроются на восходе.
и поэты — наследники там
воды, мудрости, света.
за морями есть город. нужно
построить лодку,
построить лодку.

© Сохраб СЕПЕХРИ

Rus dilen terjime eden: © Ýultan SADYKOWA
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 173 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Sohrab Sepehri, mango | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Seýrаn • 09:42, 11.08.2023
Parslaryň owadan poeziýasy bar, her näçe erkin forma türkmen okyjy köpçüliginiň kalbyna girmek-de kynçylyk çekse-de. Şu şygyr hem şolaryň biri; hem owadan, hem güýçli.
avatar
1
2 Seýrаn • 09:44, 11.08.2023
Üns berýän welin, soňky günler Mango pars edebiýatynyň, has inçelesek pars poeziýasynyň yşgyna düşüpdir, terjime etmegiňem.
Berekella munuň üçin. Heniz eýlesini beýle, beýlesini eýle al diýmäge ýetişrmok.
avatar
0
3 Garagalam • 10:44, 11.08.2023
"...плыть нужно прочь от города,
где в мужчине легенды умерли..."

"...gitmek gerek bu şäherden owarra,
bu ýerde erkekde hyýal ölüpdir..."

"Legendany" näme üçin "hyýal" diýip aldyka?

"Fontan", "Fonar"... ýaly sözlerem üýtgetmändir.
ýöne şeýdeni dogry bolaýmasa. "Çüwdürim" we "ýol çyra" diýip durman internasional ýagdaýynda alanyň dogry ýaly.

Bir hili gyzykly gördüm.
"Ne deňize, ne suw perisine" "göwün bermezligini" hasam haladym. Bir hili deňiz – adam ömrüniň simwoly ýaly. Suw perisem dünýäniň aly-güýmenjesi ýaly. Hakykatdanam bu ikisine kän göwün bermeli däl.
Hemem, oňarsaň "owarra bolup gitmeli, bu şäherden..."
Berekella.
avatar
0
4 Medicall • 16:20, 11.08.2023
"jeňňele öwrülen
söýgi jülgesinde uka giden
gerçekleri "


bu ýerde gerçekler diýilende rowaýata ýa taryha ýüzlendimikä şahyr? gahrymanlar bolmaly öz-ä,

dogrydanam "Legendany" näme üçin "hyýal" diýip aldyka? terjimeçi?

pars poeziýasy üýtgeşik, özüne çekip bilýär menem, Sohrab daýy-da Fürugejekeden galyşmadyga meňzeýär döredijilikde. Birhili meňzeşlik duýulýar

Türkmençe hem gowy bolupdyr, suratam özüne görä gelşipdir. Minnetdar, üstünlikler< Berekella
avatar
0
5 Мango • 16:51, 11.08.2023
...уплыву отсюда,
от земли, чужой мне,
где никого не найдётся,
кто бы в заросшей лесом
долине любви
героев ото сна пробудил бы.

...giderin bu ýerden,
bu ýerden, maňa ýat ýerden.
jeňňele öwrülen
söýgi jülgesinde uka giden
gerçekleri oýarjak hiç kimiň
tapylmaýan ýerinden giderin.

umuman türkmende-de bir söz bar: "çopana meýlis haram".
ýagny çopan çopanlygyny etmän özüni meýlise berse... goýunlaryny (sürüsini) möjeklere ahmal eder. çopan elmydam sak bolmaly. çopan çopan bolmaly.

sohrab daýyň diýýän Geroýy (gahrymany) hem şolar ýaly.
her döwrüň öz gahrymanlary (gerçekleri) bolmaly we olar uklamaly däl. çopanly gürrüňe görä diýsek: "Gahrymana uky haram". gahrymanlar, gerçekler uklasa waý döwrüň halyna diýäýmesek....
men şeýleräk pikirde. belki awtor baGŞa zat diýondyr?
"Gahrymanlary, batyrlary, gerçekleri, edermenleri... ukusyndan oýarjak hiç kim ýok şäherden uzaklaşmak isleýär".

Geroý sözi sözlükde: gahryman, edermen - diýip gidýär.
ýöne men "gerçek" diýesim geldi. gerçegem özboluşyna edermen, ederini bilýän, gahryman, batyr manylaryna gabat gelýärmikä diýýän.
gahryman biraz resmi eşdilýär...
avatar
0
6 Мango • 17:02, 11.08.2023
легенда

1. -legenda; rowaýat
2. (göçme manyda) - toslama; bolmajak zat; hyýaly zatlar

hmmm... "bu ýerde erkekde rowaýat ölüpdir" diýmegi gelişdirmedim...
"hyýal" bolaýjak ýaly gördüm. aňyňa getirme, hyýal etme, özüňi hyýalyňda legendar hasaplamak.... diýen ýaly....
ýöne bu jogap kanagatlanarly bolman biler...
häzirlikçe ýokarky pikirde...
avatar
0
7 Şygryýetiň_aşygy • 10:08, 27.11.2023
Şu dil meselesi uly zat. Ruslarda, özbeklerde, hatda parslarda hem 9 bogunly, 10-12 bogunly setirler bar. Türkmen dilinde welin, şeýle bogunly goşgular büdräp. Bagyşlaň, terjimäni halamadym. Türkmen okyjysy üçin terjime edilýän eser türkmen diliniň kadalaryna, türkmen poeziýasynyň bogun ölçeglerine boýun egdirilmeli.
avatar
0
8 sussupessimist • 10:30, 04.03.2024
"Türkmen okyjysy üçin terjime edilýän eser türkmen diliniň kadalaryna, türkmen poeziýasynyň bogun ölçeglerine boýun egdirilmeli"

Gaty zyýanly pikir. Düýbünden ýalňyş. Has dogrusy, beýle zat ýogam - türkmen poeziýasynyň bogun ölçegleri diýen zat. Islendik formada-da ajaýyp eser döredip bolar. Bolmadyk bolsa - diýmek, awtor/terjimeçi hötdesinden gelen däldir, ýa-da okyja konserwatizmi eserden lezzet almaga päsgel berýändir.
Terjimede original eserleriň formasyny ýoýmak bolanok.
avatar
0
9 Мukam • 22:05, 04.03.2024
DEŇIZLERIŇ AŇYRSYNDA

gaýyk ýasanaryn men.
men gaýyk B/[ýasaryn].
soňra ýüzer giderin bu B/[ülkeden]
bu B/[ülke], maňa ýat
avatar

Старая форма входа
Total users: 203