00:42 Gülki. On sekizinji onluk | |
GÜLKI. ON SEKIZINJI ONLUK -Meniň size iki sany soragym bar: birinjiden-ä munuň bahasy näçe, ikinjidenem näme üçin beýle gymmat??? *** -Eje, biziň mugallymymyz maňa „matematikadan hiç zat bileňok“ diýip, gündeligime birhili san ýazdy-laý. *** Bir ýewreý aýalyna berk tabşyryk berýär: -Keýwany, şu gün Rabinowiçleriň dükanyndan zat satyn alaýmagyn! -Näme üçin? -Sebäbi, men olara terezimizi ulanmaga berdim. *** -Agam! Bäş müň manat beräýiň-dä, men irden zat iýmedim. -Menem iýemok… -Beýle bolsa on müň manat beriň, ikimiz bileje iýäýeris. *** Prezident Buşa ýazylan hat. “Hormatly jenap Buş! Usame Bin Laden meniň gaýynenemlerde ýaşaýar. Men hem olar bilen uruş alyp barýaryn. Maňa howadan hüjüm etmek arkaly kömek bermegiňiz haýyş edýärin…” *** Dälihanada doktor öz nasagyny gutlaýar: -Gutlaýan! Siziň saglygyňyz gowulaşmaga başlady, bahym siz öýe bararsyňyz… -Nämäni gutlaýaňyz? Alty aý ozal men bärik gelemde Napoleondym, häzir bolsa men – hiç kim… Öýe hiç kim bolup barmalymy? *** Burnundan ary çakan pyşdyl şeýle diýýämiş: -Wah, içigaragalmyş! Ýene-de bu gije daşarda ýatmaly boljagow. *** Dälihanada iki sany däli gezip ýörkä, ýerden bir bölek ýüz görülýän aýna tapýarlar. Biri ony galdyrýar we geň galyp, aýna seredýär: -Bä-ä… Özä bir tanyş ýüz. Beýleki däli onuň elinden aýnany alýar: -Hany menem bir göreýin… Haý samsyk diýse. Bu men-ä how! *** Gassabyň iň soňky sözi: „Hol duran pyçagy oklap göýber!“ *** Ogly öz söýýän gyzyny ejesi bilen tanyşdyrmaga getirýär: -Eje, bu gyz gowy maşgaladan. Ol çöregem bişirip bilýär, sygyram sagyp bilýär, her dürli naharlardanam başy çykýar, öýi arassa saklamagam başarýar... -Orän oňat, oglym! Beýle bolsa aýyna 800 müň manat töleýän, razy bolsa ertir işe başlabersin. Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul18.htm Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy. | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |