01:36 Bägül we patyşa | |
BÄGÜL WE PATYŞA Kime ýetdi ähli şalyk, Kime ýetmedi olar? Bolmalylar bolmady, Bolmajaklar boldular. Şeýle tersin döreýärkä, Bu dünýäniň ters ykbaly, Oýlanýardym söýgim hakda Niçik bolar onuň haly? Ol bir pukarady, garypdy örän Dünýäniň goýnunda gül bolup dörän Men bolsa patyşa, men bolsa häkim Ýeriň ähli ýerne edýärin höküm Onsoň nädip güli ýatlap ýöreýin Patşanyň ýanynda garyp bägül kim? Ýöne men gül hakda bilmän ekenim Ol mekir ekeni meniň çakymdan Solan bolup, göwnüm awlap bir pasyl Soňra ýene döräp, çykdy hakymdan Ol şo bolşy bilen ýaralaýardy Ol şo bolşy bilen güldi üstümden Patyşanyň aýagynyň astynda Ýöne patyşadan şeýle üstün sen Çünki ähli şalyk , hökmürowanlyk Gutarýardy näçe güýçli bolsa-da, Garyp bägül dünýä ýaly ebedi, Baky bägül birje pasyl solsa-da. Biziň haýsymyz garyp? Biziň haýsymyz patyşa? Men guşlary gowy gördüm Men guşlary gowy gördüm, Saýradylar öz dilinde, Ili hakda, dili hakda Ha diri, ha öli hakda. Men guş dilin bilmeýärdim Ýöne düşünjek bolup Käte peçan, käte gizlin Nagmalaryn diňleýärdim. Kä begendim, käte bolsa Olara örän gyýyldym Soňam diýdim öz-özüme Pähey samsyk, akmak kelle Guşa däl-de, öz-özüňe gyýyl sen Guşuň näme derdi bolsun Nämä aglasyn olar? Guşlar uçup bilýärler, Islän wagty islän ýerne, Bilelikde ýa-da ýeke Göçüp bilýärler. Ýerde ýa-da gökde bolsun, Parhy ýok, Duşmanyndan hile bilen Ýa-da dogry göreş bilen Ara açyp ýa-da gaçyp bilýärler. Diňe adam aýagy Ýer tutýandyr düşünseň, Ýogsa şolam uçardy, Guşlar ýaly başarsa. Eýsem, adam guşlar ýaly Gökde uçup bilýärmi? Ýogsa, dil çykany bäri Aýdyp gelýär uçasynyň gelýänni Men guşlary gowy gördüm, Galmadylar ýanymda Olar ötegçi myhman Men guşlaryň zarynda Guş gidensoň, kalbyň nädip çökýänin Ruhuň nädip çykýanyn Bir guşuny ýitiren Ahmal gidiren Men deýin betbagt guşsöýer biler. Men guşlary gowy gördüm. Taşlap gitdi olar meni. Soragym Söýgim meniň, bu dünýäde Her kime-de ýeter bir paý, Belkem, hiç zatsyz çykan Garyp bolmagam ahmal. Kime ýeter, kime ýetmez, Bolan zatlaň barlygy, Söýgimi köp paýladym, Saňa bir zat galdymy?! Tapyşýarka gözlän adam Tapyşýarka ýok zatlaram Gowuşmadyk gowky söýgim, Küýki söýgim, gaýky söýgim, Seni örän köp ýatladym. Emma welin düşünmedim, Atsyz-sorsuz, körsowat men, Bagtlylaryň bar ýerinde, Gowşanlaryň bar ýerinde, Haýsy sebäplere görä, Şolaň biri bolmadym men? Niýet Golaýymda goňşy bolup ýaşadyň, Güneş dogsa, begendim men, Senem Güneşden ganarsyň. Golaýymda goňşy bolup ýaşadyň, Güller çyksa, begendim men, Senem güllerden ýolarsyň. Guşlar uçsa, aýdym bolsa, Hemmesine begendim men, Gaýgy-hasrat basdy diňe, Oýlanamda, ynha, birden, Meňem nobatym ýetip, Ruhum uçup gitse ýerden, Şatlykda görmek islän Goňşym, Kime galarsyň sen? © Bägül ATAÝEWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |