09:15 Goýuň bize derdini... | |
GOÝUŇ BIZE DERDINI... Gurbannazar Ezizowa, Annasoltan Kekilowa, Bapba Gökleňe, Osip Mandelştama, Ýan Rybowiçe, Aleksandr Puşkine, Ýuriý Lermontowa, Wladimir Maýakowskä, Sergeý Ýesenine, Aleksandr Bloga, Marina Swetaýewa, Wladimir Wysoskä, Nadýa Ruşewa, Eziz Amannazarowa... hem-de beýleki müňlerçe, şu alasarmyk setirlerde agzalýan DERDIŇ armanly ozanlaryna bagyşlanýar. Siz! Satyn alanlar bu dünýäni, töläp dinar deregine imany – – nesip etsin, başy gök direýän gara daglaryňyz, saýasynda şerap süzýän baglaryňyz, saýawanyňyza ýagýan garlaryňyz, biziň ýok ýerimizde barlygyňyz, endigan akýan derýalaryňyz, pamyk deý mymyk aýalaryňyz, keýpihon ädýän ýollaryňyz, sähralaryňyz, çölleriňiz, bahasyna açlar doýup, müjerretler öýlenjek, reňki lowurdydan ulaglaryňyzam, sagrysy bir gujak jelepleriňizem, öwlüýädäki meslik hakda dilegleriňizem, sogab-u-pisat hakda ne ajap gepleriňizem – – nesip etsin hemmesi! Şärik däl biz – ONUŇ garyp bendesi – – siziň meýlisiňize, ýasyňyza, ýasama gülkiňize, agyňyza... Siziňki nesip edewersin, hernä diňe size... Bize bolsa dilegmiz, galsyn diňe, dogulmadyk ynsanyň ýazylmadyk namasy, setirleri sadapdan, kapyýasy yzaly, jemagata mähriban dälileriň danasy, süňňi gara merjenden, kümüş başy jygaly, maral gözi – zümerret, gözýaşy zer dänesi, beg-şahandaz ýazlary, näze gammaz ýelleri, jünbüş eýlände zemin açylmyş reýhan-lälesi, hem-de gerdenne dünýä münen ýagşylaryň pälleri... Ine şo bahasyz serpaýa-da biz – – ýanmadyk Doýmadymyň ýalnyna – – Oň Oduna ömürbaky ýanarys, paýaw ýetip, gitmeli günümiz alnyna, Şoň Şuglasynda küle döneý, söneris... diňe, haýyş, başbitin goýamyzsoň bu panyny size, dalaş etmäň, biziň ýanýan odumyza. Bu diriligiň eşreti size galsyn – – goýuň bize derdini... Awtoryň haýyşy boýun girizilýän bellik: Birnäçe wagt mundan ozal ýazylan bu goşgy, @Bagabadyň @Mango tarapyndan edebiýat kafesi saýtynda goýlan Ýan Rybowiçiň "Öz-özüme hat" atly goşgusyna ýazan teswiriniň täsiri bilen üýtgedildi. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |