Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:59
Gülki. Dördünji onluk

GÜLKI. DÖRDÜNJI ONLUK

-Ependi aga! Amerika gaçyp giden Eneküti daýzam ýogalypdyr! Ine Amerikadan hat geldi!
-Wah, wah! Ýatan ýeri ýagty bolsun!
-Bilýäňizmi, Ependi aga! Eneküti daýza size 5000 dollar wesýet edip gidipdir!
-Aý berekella! Jany sag bolsun!

***

Ependi goňşusynyň gapysyny kakýar. Hiç kim jogap berenok. Gaty-gaty kakmaga durýar. Derwezaň agzyna ýuwaşlyk bilen kellemen türkmen iti Alabaý gelýär we şeýle diýýär:
-Ependi aga, gapyny kakma! Öýde adam ýok!
Itiň geplänine geň galan Ependimiz özünden gidip ýykylýar. Birsalymdan özüne gelýär we ite diýýär:
-Alabaýjan! Näme, sen üýrüp bileňokmy?
Alabaý bolsa:
-Üýrüp bilýän! Ýöne seni gorkuzmaýyn diýdim!

***

Ependi bilen aýaly unaş iýýämişler. Aýaly pahyr şapbyldap iýýämiş.
Ependi gahary gelip, çemçesi bilen aýalyny urýamyş. Aýaly:
-Nämä urýaň, toba?
-Şapbyldaman iý...
Aýaly indi şapbyldaman iýmäge başlaýar. Birsalymdan Ependi ýene-de aýalyny urýar.
-Indi näme üçin urýaň, kakasy?!
-Şapbyldaýşyň ýadyma düşdi!

***

Ependini keselhanada operasiýa etmeli bolýar. Doktor:
-Ependi aga, size norkozy gymmadyndan edeýinmi arzanyndan?
-Doktor jan, meniň pulym kän däl, iň arzanyndan edeweri.
-Bolar agam! Taýýar boluň. Huwwa-huwwa ýatypdyr, Ependi agam ýatypdyr....

***

Ependiň öýünde diwarda ýolbarsyň kellesi asyk dur. Dostlary soraýar:
-Ependi aga, bu ýolbarsy özüň awladyňmy?
-Howwa!
-Näçe okda aldyň, Ependi aga?
-10 okda!
-10-ysam degdimi?
-Ýok, birem degmedi!
-Onda nädip öldürdiň?
-10 okumyň boş geçenini görüp, ýolbars gülüp-gülüp öldi...

***

Soldat öýlerine granat iberýär:
“Enem jan! Eger sen şujagaz halkajykdan çekseň, meni 3 gün öýmüze göýbererler...“

***

“Titanik“ gark bolýar...
Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir özbek gelýär:
-Çaý bar, kofe bar, kişmiş bar....

***

Kolhozda her gün işden soň, ýari gijä çenli ýygnak bolýar diýýär. Ozalam işden ýadaw adamlara agyr degýämiş bu ýygnaklar. Ahyry bir aýal seslenýär:
-Ýoldaş başlyk. Meniň ýaş çagam bar, aglaýandyr. Men rugsat berseňiz gideýin! -diýýär. Başlyk rugsat berýär. Aýal gidýär. Yzy bilen ýene bir gelin seslenýär:
-Ýollaş bashlyk jan, meni hem goýberäýiň-dä!
-Sen nira? Seniň näme çagaň barmy? -diýýär başlyk. Ýaş gelin bolsa:
-Günde ýari-gijä çenli şeýle ýignak etseňiz, meniň hiçem çagam bolmaz! -diýipdir.

***

Aşgabat. Polisiýa bir “Zaparožly” orsy saklaýar. Naruşeniýesi bardyr-da elbet. Polisiýa orsa diýýär:
-Siz maşyny gaty sürdüňiz. Türkmen dilinde obýasnitelnyý ýazmaly bolarsyňyz.
-No ýa ne znaýu po turkmenskiý!
-Men bilemok, maňa türkmençe obýasnitelnyý ýaz, nähili ýazsaz şoň ýaly ýaz!
Ors pikir edýär, pikir edýär. Ahyry jübisinden 10.000 manat çykaryp, kagyzyň üstünde goýýar:
-Na tebe obýasnitelnyý!
-Türkmençe neznaýu, neznaýu diýip aldyň ýatdyň. Bilýän ekeniň-ä türkmençe...

***

Basmaçylyk döwründe bir aýal we iki erkek kişi Garagumda tutulýarlar.
Basmaçy olaryň atlaryny soraýar:
-Adyň näme?
-Ataberdi.
-Öldüriň, ýigrenýän adym.
Ony basmachylar atýarlar.
-Seniň adyň näme?-diýip aýaldan soraýarlar.
-Meniň adym PATMA!
-Patma diýip bir aýal doganym bardy. Şol ýadyma düşdi. Goýberiň bu aýaly. Gitsin!
Soňra iň soňky adama ýüzlenýär:
-Seniň adyň näme?
-Meniň hakyky adym PATMA, ýone obada maňa Myratgeldi diýýäler.

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul4.htm
Surat: Litwaly çagalar ýazyjysy Gerta Burbe-niň çeken karikaturasy.
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 135 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 00:26, 03.09.2023
“Titanik“ gark bolýar...
Gäminiň ýarysy suwda. Garaňky. Gykylyk, agy sesleri... Şol iki aralykda „Titanigiň“ ýanyna kiçijik gaýykda bir özbek gelýär:
-Çaý bar, kofe bar, kişmiş bar....

:-)
arada birinden ýokarka meňzeş anekdot eşitdim.
umuman, bir awariýa bolan biri özüniň awariýa boluşyny 5 minut dagy çeper suratlandyrýar.... eýle boldy, beýle boldy, kakyşdym, kül boldum, weýran boldum, agdaryldym, 7 gezek togalandym, dört tekerim asmana galyp dur, men ýemşeren maşynymyň içinde çalajan.... şo barmana-da bir ýerden bir m.....ly çykyp, egilip şeý diýýä: agam maşynyňy şu durşuna näçe satjak.... :-)
avatar
0
2 Medicall • 00:29, 04.09.2023
Surata şu wagt ünsüm düşdi: eneleri gorkup gaçyp barýar ol aýjyn ýaly gyzdan, çaga ördekler enesidir öýdüp oñ yzyna düşüp barýarlar (dodagynyñ "reklamasymyka" :))
avatar
0
3 Мango • 00:34, 04.09.2023
saryja jüýjeler o sary gyza ejeleridir öýdendirler...
ýa-da o sary gyza aşyk boldular... :-)
avatar
0
4 Nurdаn • 00:43, 04.09.2023
:D olam bolup biler, suratdaky ýürejiklere üns bermäpdirin, men agzyny ördegiñ agzyna meñzedenledirmika diyipdirin :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203