12:15 Gülki. On üçünji onluk | |
GÜLKI. ON ÜÇÜNJI ONLUK Tokaýda çaşy Towşany polis edip belläpdirler. Ine ol bir gün tokaýda sümsünip ýörkä, öňünden çal Möjek duşýar. -Möjek dost! Sen agzyňdaky ýiti dişleriňi nireden ogurladyň? Hany jogap ber! -Towşan jan! Janyňa döneýin! Bu dişleri men hiç ýerden ogurlamok! Bu meniň öz dişlerim! -Ýok, bu dişler ogurlyk bolmaly. Düş öňüme… Şeýlelik bilen Möjek türmä düşýär. Towşanyň öňünden bolsa bu gezek Tilki gelneje çykýar. Towşan: -Ýeri how, Tilki gelneje! Egniňdäki owadan possuny nirden çildiň? -Towşan jaň, beý diýmäweri! Bu possunym doglanymdan bäri özümiňki! -Senem tutmaly boljak. Bu possun ogurlyk bolmaly – diýip Tilkini hem Möjegiň kamerasyna dykýar. Bir gün kamera Ördegi salyp gidýäler. Möjek bilen Tilki ondan soraýarlar: -Wah Ördek pahyr. Biziňkä düşnükli welin seni bu ýerlere näme üçin saldylar? Bu soraga Ördek jogap berýär: -Towşan polise duşdum welin “Sen kimiň puluna her ýyl daşary ýurtlara üçup gidýäň?” diýip yr sarady… *** -Ýollaş esgerler! Haçan-da öýňize hat ýazaňyzda, harby syrlary ýazmaly däldigini bilip goýuň. Eger harby syrlary ýaýratsaňyz munuň jezasy bardyr! Arada bir esger özleriniň Germaniýa iberilýänligini, başga biri bolsa Kuba iberilýänligini ýazypdyr. Ýene biri bolsa öz komandiriniň samsykdygyny ýazypdyr... *** Iňlis lordy öýünden çykyp barýar. Hyzmatkäri ony ugradýar we soraýar: -Ser! Eger gelnejem sizi tapyp gel diýse, sizi nireden gözlemeli däldigini aýdarmysyňyz? *** Garagumda biri düýeli barýamyş. Onuň düýesi gaty ýadapdyr, zordan ýöreýämiş. Görse olar AWTOSERWISE golaý gelipdirler. “Kömek ederler-le” diýip ol awtoserwise sowulýar. -Düýäm ýöremejek bolýa, kömek edeweri agam! Awtoserwisçi: -Düýäňi estakada çykar, häzir daş ederis –diýýär we eline çekiç alyp düýäniň satanyna güýçli urýar. Düýe janawer agyrysyna çydaman patanaklap uly tizlik bilen ylgamaga başlaýar. Düýäniň ýadaw eýesi: -Wah, men onuň yzyndan indi nädip ýeteýin?!… -Estakada mün agam, daş ederis… *** Täze ýylyň öň ýanyndaky günlerde Horaz aga Towuk gelnejemize ýüzlenýär: -Düýşümde ýagly palaw görüpdirin welin, eýgilik bolsun-da hern-ä! *** Polisiýa bölüminde telefon jyňňyrdaýar. Telefonyň trubkasyndan: -Kömek ediň! Kömek ediň! –diýen sesler eşdilýär. -Häzir barýarys. Size näme boldy? -Öýe pişik girdi! Kömek ediň! -Bagyşlaň, ýöne biderek zat üçin polisiýany çagyrmak nämä gerek? Siz kim? -Men-mi? Men Totyguş! Kömek ediň!!! *** Iki sany kirpi duşuşýar. Olaryň biriniň eli saralgy. -Eliňe näme boldy, dost? -Ýadymdan çykaryp, kellämi gaşaýypdyryn… *** Okamak, okamak we ýene-de okamak, we ýene-de okamak, we ýene-de okamak, we ýene-de okamak... (Lenin.exe atly kompýuter wirusy) *** -Maşynyňyzyň ogurlananyny haçan bildiňiz? -Düýn agşam, restorandan çykamda. Maşynymyň gapysyny açdym, roluň başyna geçdim, açarymy sokjak bolýan welin, görsem maşynym ýok! *** –Men iki gezek gaýtalamok! Düşündiňmi? Iki gezek gaýtalamok diýýän!!! Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul13.htm | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |