Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:02
Keçäniň gyrasy. Garasy
KEÇÄNIŇ GYRASY. GARASY

Türkmen keçesi.
Ak düşekde, her dürli reňkler bilen çekilen nagyşlar.
Nagyşlaryň käsi akyp duran suwa meňzeş, käsi güle meňzeş...
Gaýtalanyp duran alaja nokatlar, çarhy-pelek simwoly...
Dünýäniň ajaýyplygyny şeýle simwollara salyp, birdenem, bu gözelligiň daşyny ýogyn gara reňkli ýüň bilen gurşap çykýar, keçe ýasaýan gelneje.
Ähli zadyň daşyna gara aýlaýar.
Edil, ölen adamyň suratynyň daşyna gara aýlaýyşlary ýaly keçeçi türkmen gelnejesi hem bu gözelligiň daşyna gara aýlaýar oturyberýär.
Edil, «ähli zat ölümi dadar» aýatyny ýatladýan ýaly.
Ýönekeý keçäniň üsti bilen ahyrzamandan söz açyp boljak eken.
Keçäniň ortasynda oturyň we çar-tarapyňyzdan aýlanan gara zolagy synlap görüň.
Siz gara zolagyň içinde.
Ähli zadyň soňuny pikir ediň.
Soňuň başlangyçdygyny pikir ediň.

* * *

Dagynyk gara pikirlerimi gelşi ýazy goýdum.
Tagamsyz bolsa bagyşlaň.
Bar bolup bilşim.



@ mango
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
1
1 Мango • 18:39, 18.12.2022
goýsanaý mango dost.
senem bir zatlar tapaýýaň.
daýzalar keçäň gyrasyny dünýäniň traury diýip gara edenoklar. просто ol gara ýüň, godegräkmi, çöpürliräkmi... garaz, berk bolsun diýip gyrasyny şol gara ýüň bilen aýlaýarlar.
berklik üçin, düşünýäňmi?
sen bolsa başga zatlar gözleýäň. :-)
beýdip, kelleleri bulaşdyrma, dost.
bolýa diý, dost.
***
ýöne soňky suratyňa göwnüm ýetdäý.
awtory kimem bolsa gaty gowy çekipdir.
seň diýşiň ýaly.
bir wagt ajaýyp-gözel bolan ýaşuly daýza bilen soň-soňlar ajaýyp ýazuly daýza boljak, ýöne şu wagt ajaýyp ýaş gözeliň arasynda keçe, ajaýyp keçe.
gyrasy garaly keçe.
haý dünýe...
oýun-a kän sende.
avatar
0
2 Мango • 19:27, 18.12.2022
türkmen halysynyň üstünde oturyb-a beýle pikirleri ýada düşürip bolmazmyka diýýän.
haly ýumşak.
haly owadan.
hemem halyň daşyndan gara aýlananok.
ýöne, haly "älem" diýen nagyş bilen başlanyp, ýene-de "älem bilen tamamlanýar.
bu älemden o äleme...
diýmek haly hem öz halynda bir zatlar dýip du...
okap bolsa.
avatar
1
3 Medicall • 19:29, 18.12.2022
Edil beýle pikir etdilermika ene-mamalarmyz, men-ä beyledir öydemok. Keçä, hala, palasa daşynda gyzyl, gara çyzyklar, alaja edilýär, şonda garany gijäñ alamaty diyip alynýardy. Türkmen ähli zady gowulyga ýoran halk. Esasam zenanlat. Dogry, barybir soñy puç gitmeli dünýe bu. Emma ene-mamalarymyz keçäñ daşyna aýlan goñur, gara-çalymtyk gyralyklaryny ahyrzaman diyip almadyklaryna ynanýan. Birinjiden śol aýlaw guzy ýüñünden edilýär, keçãñ gyralaty akyp, sallanśyp yaymaz ýaly, ikinjidenem keçäñ içki güllerini, nagyşlaryny bir öýe deñän bolsalar daşyndaky goñur aýlawy õýlermiz goragly, Içindäkiler pytrap ýörmesinler, bir bitewi bolsunlar diyip aýlandyrlar ony. Türkmen ýorganlarda "döwürýan" diyip bir zat ederdiler. Kiçikäm ejem ýorgan tikende ýanynda kömekleşerdim. Şonda müñ sorag bererdim: ýorganyñ ýüzüne owadan mata edip dõrt gyrasyna gyzyl hem goýy ýaşyl aýlardylar, onuñ manysy hem öýümiz, ojagmyz, içimiz daşymyz abat bolsun diyip dúşümdirerdi..
Haly barada-da şeýledi..
avatar
1
4 Мango • 19:41, 18.12.2022
:-) aýdýanyň dogry.
elbetde, garany traur-ahyrzamany ýatlatsyn diýen däldirler.
keçäni hem sungat eseri hasaplap, sungat eserine-de her hili düşünip bolýany üçin.... kellä gelen oýlanmadaýt bü.
ýaprak tänse ölümi ýatlap ýörenler bar-a.
şoň ýaly, keçäniň garasyndanam täsirlenip bolar hasaplaýan.
minnetdar.
===
halyda "toprak" diýen zadam barmy?
bilýänler aýtsyn-la.
avatar
0
5 Küle • 07:09, 19.12.2022
Türkmeniň sungaty hemişede pozitiw bolandyr.
avatar
1
6 Medicall • 23:55, 19.02.2023
Hawa, hala başda toprak diýip ak ýüplükden kakýarlar, arasyna gülýaýdy (gülleýdi) salyp, soñ ýene toprak kakýarlar, onsoñ gyraçylawyny sapýarlar, , gyrasyna gyzyl iki çitim, soñ bir çitim gara, soñ bir çitim gyzyl, soñ alaja bir çitim, soñ ýene gyzyl bir çitim,soñ akgyra, soñ gyzyl, alaja gaytalamak, soñ soñ älem salýarlar, soñ yene gara, gyzyl alaja, soñ gök goçak, erijek, alajalary gaytalamak, ahyrym göle düşilýär, (göle düşdik, ýola düşdik diýip haydap dokaberýärler onsoñ)

Ana, iki baslykly, dyrnak gölli ýomut halysy :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203