Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:27
Rupi Kaur – şahyr, ýazyjy, hudožnik

RUPI KAUR – ŞAHYR, ÝAZYJY, HUDOŽNIK

Rupi Kaur - gelip çykyşy hindi asylly, kanadaly dünýä belli ýaş şahyr, ýazyjy, hudožnik we fotograf.
Ol özüniň eserleri bilen instagram ýaly platformalarda meşhurlyk gazandy.
Feminizm – onuň eserleriniň özenini düzýär. Rupi – feministka.
Ol 1992-nji ýylda Penjabda (Hindistanda) doguldy.
4 ýaşyndaka onuň maşgalasy Toronta (Kanada) emigrant bolup göçüp barýarlar.
Ýazan eserlerini hiç bir neşirýat çap etmek islemeýär, ýöne ol «öz göbegini özi kesýär»: goşgularyny özi ýygnap, kitaplaşdyrdyrýar.
Şeýlelikde, 2014-nji ýylda ilkinji kitabyny «Süýt we bal» («Milk and honey») ady bilen çap edýär. Ak goşgular, proza we öz çeken grafiki suratlary bilen bezelen bu kitap 2,5 million ekzemplýardan geçirip satylýar.
2017-nji ýylda «Gün we onuň gülleri» («The Sun and Her Flowers») atly kitaby çap edilýär.

я живу ради той первой секунды утра,
когда нахожусь еще в полусознательном
состоянии,
слушаю, как колибри за стеной
флиртуют с цветами,
и цветы смеются,
а пчелы ревнуют.
тут я поворачиваюсь, чтобы разбудить тебя,
и все начинается сначала.
сердечная боль,
слезы,
шок
от осознания того,
что ты ушел.

– первые пробуждения без тебя

daň säheriň ilkinji sekuntlary
meýmiräp ýatyryn
ýarymukuly,
eşdilýär daşarda
jikjikiň jikirdisi,
gülleriň kikirdisi,
wyzzyllysy,
gabanjaň bal arylaň.
birden, seni oýarmak üçin öwrülenimde
ýene barysy başdan başlanýar:
demim ýetenok
aglaýan sojap
ýok! ýok!
gidipsiň
sen meni taşlap.

– sensiz ilkinji oýanyş.


* * *

как тебе удается быть
столь доброй, спросил он меня.

молоко и мед потекли
с моих губ, когда раздался ответ:

все оттого, что ко мне
не были так добры.

Sorady: "nädip başarýaň
beýle mähirli bolmagy?!"

jogap ýerine dodagymdan,
gaýdyberdi süýt bilen bal.

sebäbi men hiç kimden
görmedim mähir.

* * *

ему предназначалось быть
первым любящим тебя мужчиной.
ты продолжаешь его искать
повсюду.

– отец

onuň maňlaýyna ýazylany
seni söýýän ilkinji erkek bolmak.
sen bolsa gözleýärsiň ony
her ýerden.

– kaka


* * *

тебя так пугал
мой голос,
что я тоже боюсь
его испугаться.

sesim seni juda
gorkuzdy welin,
menem öz sesimden
gorkup başladym

* * *

каждый раз, когда ты
говоришь своей дочери,
что кричишь на нее
потому, что любишь,
ты учишь ее путать
злость с добротой,
что кажется неплохой идеей,
пока она не вырастет девушкой,
доверяющей своим обидчикам.
ведь все эти мужчины
так похожи на тебя.

– для отцов дочерей

«Eý göremsoň
saňa käýeýän» diýip,
sen her gezek aýdanyňda gyzyňa
öwredýäň bulaşdyrmagy
mähir bilen gahary.
gyzyň özüni ynjytjak
erkeklere sataşýança,
ynanjaň bolup ýetişýänçä
bu pikiriň dogram ýaly.
ýogsa-da o erkekler
şeýle bir saňa meňzeýär!

– gyzlary bolan kakalara


* * *

я занималась сексом, сказала она,
но я не знаю,
что значит
заниматься любовью.

düşekde ýatmagy bilýän - diýdi ol,
emma, bilemok,
näme zatdygyn
söýgüniň.


© Rupi KAUR

Terjime: © MANGO


Rupi Kauryň kitaby. Ol goşgularyny öz çeken suratlary bilen bezeýär.

Rupi Kauryň «Süýt we bal» («Milk and honey») atly kitabynyň bir sahypasy.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 116 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Rupi Kaur, mango | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
1
1 Мango • 00:57, 04.02.2023
ýokarky ýüzüni ýapyp duran gyzyň suratyndaky kapiýasyz, ýöne manysyz däl goşgujygyň iňlisçesi şeýle:

I didn’t leave because
I stopped loving you
I left because the longer
I stayed the less
I loved myself

rusçasam şeýle:

я ушла не потому, что
я перестала любить тебя.
я ушла потому, что чем дольше
я оставалась, тем меньше
я любила себя.

türkmençesi şeýle bolsa näder?:

men aýryldym, ýöne sebäbi
men seni söýmegi bes edenimden däl.
men aýryldym, sebäbi näçe köp galsam
men seniň ýanyňda
men özümi şonça az söýdigim bolar.

===
:-) hany, aňsat bolsa sizem synanyşyp görüň.
avatar
0
2 Medicall • 01:49, 04.02.2023
Owadanja stili bariken, goşgyny ýazyp jemlänsoñ goşga birje setir bilen jemleme ýerine özi komentariýa berip goýubberýaken:

"– sensiz ilkinji oýanyş."
Bu usulam özboluşly tapmaçañ jogaby ýaly stilde.

Terjime barada: "gowa gowy diýmedigiñ içigara" diýýärler-a, şoñüçinem: terjime GOWY, haladym!
avatar
0
3 Medicall • 03:00, 04.02.2023
"я нахожусь в самой темной комнате своей жизни."

şu mahal Google daýy kitabyny soramda berdi:

Çeken suratyny teswirleýän ýaly ýazýan eken.

Ilki suraty çekýämika ýa pikirini ýazyp soñ suratyny çekýämikadygy gyzykly ýeriken:)

Sagboluñ Mango, ýene bir gowulyga sebäp bolduñyz, öñ habarsyzkenim bu awtordan
avatar
0
4 sussupessimist • 19:58, 14.12.2023
Ay, munçarak goşgulary-ha maňa sms edibem ugradyalar. Biziň tiktok poeziyamyzyň kanadaly hindi konkurenti ))
avatar
0
5 sussupessimist • 20:02, 14.12.2023
düşekde ýatmagy bilýän - diýdi ol...

:) Mango gaty utanjaň eken
avatar
0
6 sussupessimist • 20:20, 14.12.2023
тебя так пугал
мой голос,
что я тоже боюсь
его испугаться
.

sesim seni juda
gorkuzdy welin,
menem öz sesimden
gorkup başladym


пугал - gorkuzardy, gorkuzyardy, garaz, dowamly öten zamanda bolmaly. Aydyljak bolyan zadyň ayralyk tagamly öwüşgini yitipdir.
öz sesinden gorkup başlanok, öz sesinden gorkmakdan gorkyar

я занималась сексом, сказала она
Türkmençesinde aydyanyň gyzdygy (женский род) yitipdir.

каждый раз, когда ты
говоришь своей дочери,
что кричишь на нее
потому, что любишь...


«Söýemsoň
saňa gygyrýan
» diýip,
sen her gezek aýdanyňda gyzyňa...


Kakasy gyzyna edil söyensoň däl-de, ey görensoň, ezizleyäni ya gowy göryäni üçin... özem gygyrman, käyese, ya iň bolman üstüne gygyrsa dogry bolayjak yaly. Gygyrmak sozi ayratynlykda turkmen dilinde ol manyny berenok. Gepleşik dilinde beryàndir, yone biziň gepleşik dilimiz öte yöntemleşdirilyàr.
avatar
0
7 Katalizator • 20:36, 14.12.2023
Men gidipdim, ýöne sebäbi
Bes etmegimden däl söýmegmi seni
Men gidipdim,sebäp galaýsam uzak
Şonça az söýdigim bolar özümi
avatar
0
8 Мango • 10:39, 15.12.2023
maňa şuňa-da "utançsyz ekeniň" diýip käýýelenini bir bilsediňiz...

osoňam женский род-y nädip türkmençe-de aýtmaly?
"düşekde ýatmagy bilýän - diýdi она..." diýmelimi?
avatar
0
9 Мango • 10:48, 15.12.2023
«Söýemsoň Eý göremsoň saňa gygyrýan käýeýän» - munyna düzediballym.

hä... ilki aýtmalymy soňa goýmaýyn.
minnetdar. bellikleriň dogry we dogry.
ýöne "ýaňlyşlar üssünne işlemek" ýaman kynlaý.
hasam ýigrenýän okuwyňy gutaraňsoň.

ýöne "söýemsoňy" "eý görene" üýtgetdim.
minnetdar.
avatar
0
10 sussupessimist • 11:27, 15.12.2023
originaly görmän okayan adama-da düşnükli bolar yaly edip yoluny gözlemeli. "diydi gyz" diyen yalyrak edipmi, ya diňe ayal-gyzlaň ulanayjak sozleri bar, şolary ulanmaly. Garaz, terjimäň azaply, yone gyzykly yerem şol. Elbetde, gözläp, pikirlenip yöreniñe degyän eser bolsa

p.s. käýemek - bir ý bilen yazylyandyr
avatar

Старая форма входа
Total users: 203