Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:34
Gülki. Onunjy onluk

GÜLKI. ONUNJY ONLUK

Uzak Gündogarda, çukçalaryň ýaşaýan bir obasynda örän-örän akylly oglanjyk dünýä inipdir. “Bolduň meň başyma beýle akylly” diýip ol oglany beýleki çukçalar masgaralap obasyndan kowupdyrlar. Obasyndan kowlan akylly oglanjyk Ýuwaş okeanyndaky bir ada göçüp gidipdir. Şondan soň ýaponlar döremäge başlapdyr.

***

Uniwersitetiň talyby naharhanada öz mugallymynyň ýanyna geçip oturmak isleýär. Emma, mugallym:
-Doňuz ördege ýoldaş bolup bilmez – diýýär. Talyp:
-Onda men uçýan we sizi ýeke goýýan – diýýär we gidýär.
Gahary gelen mugallym ony ekzamende ýykmaklygy ýüregine düwýär. Ýöne, biziň talybymyz ekzamende hemme soraglara gowy jogap berýär. Her zat etmeli welin ony ekzamenden ýykmagy ýüregine düwen mugallym goşmaça sorag soraýar:
-Hany, aýt. Öňüňden 2 halta çyksa, biri altyndan doly bolsa, beýlekisem akyldan doly bolsa haýsy haltany aljak?
-Elbetde, altynly haltany aljak!
-A, men bolsa akylly haltany alardym.
-Ýollaş mollym her kim geregini almaly-da.
Muňa has gahary gelen mugallym onuň baha depderini alyp, “Eşşek” diýip ýazýar. Muňa üns bermedik talyp depderini alyp çykyp gidýär. Ertesi gün talyp mygallymyny gözläp tapýar we depderini uzadyp:
-Ýollaş mollym. Düýn depderime goluňyzy çekipsiňiz welin, baha goýmagy unudaýypsyňyz diýýär.

***

Amerikanlar Güne uçmagy ýüreklerine düwýärler. Ýöne Güne uçjak adam tapanoklar, her kim gorkýarmyş. Onsoň, „Kim näçe dollara Güne uçmaga razy bolar?“ diýen halkara konkurs geçirýärler. Her kim “bir million dollara uçaryn” diýýämiş. Diňe bir ýewreý “üç million berseňiz men razy bolaýyn” diýýämiş.
-Her kim 1 milliona razy bolýarka sen name üçin 3 million soraýaň, name etjek onça puly? – diýip ýewreýden soraýarlar. Ýewreý:
-Näme ederin öýdýäň?! 1 million size, 1 million maňa, 1 millionam Güne uçmaga razy bolana berjek!

***

Adamlardan hyryn-dykyn awtobus. Sürüji duýdansyz tormaz berýär. Bir ýaş gelin gyssanjyna ýanynda duran ýaşulynyň sakalyndan ýapyşýar. Birinji duralga gelýär, gelin ýaşulyň sakalyny göýberenok, ikinji duralga gelýär, gelniň azaryna-da däl, ýaşulyň sakalyny goýberenokmyş. Ahyry muňa çydamadyk ýaşuly:
-Aý, gelin! Sakalymy göýberseňizle!!! –diýýär. Gelin bolsa gözüni elek-çelek edip:
-Näme, ýaşuly! Eýýäm düşjek bolýaňyzmy?

***

Bir gamgyn pyşdyl kafe-bara girip, bir stakan suw soraýar. Suwly stakan berlensoň, ol çykyp gidýär. Ertir ýene-de şol pyşdyl, şol gamgyn ýüzi bilen şol bara gelýär. Ýene bir stakan suw dileýär we suwy alyp yzyna dolanýar. Şeýle waka bir hepdäniň dowamynda gaýtalanyp durýar. Muňa çydamadyk barmen ahyry bir gün soraýar:
-Näme, pyşdyl dost, ýüzüň salyk? Onsaňam, näme üçin her gün bir stakan suw soraýaň?
Bu soraga pyşdyl aglap, şeýle diýipdir:
-Bu soragyňa jogap bermäge meniň wagtym ýok, men bir hepde bäri ýanýan öýümi öçürip bilemok…

***

-Şu gün irden öýe gelemde, aýalym öýmüze ogry girjek bolandygyny aýtdy.
-Şeýlemi? Nähili gowulykmy özi? Aýalyň jany sagmy?
-Aýalym gowu-la. Ýöne ogry keselhana, renimasiýa düşüpdir. Aýalym öýe men gelendirin öýdüp, ogryny taýak bilen ýenjipdir…

***

Tölegli keselhanada lukman näsaga diýýär:
-Şu günden başlap ne çakyr, ne-de arak içmeli dälsiň!
-Näme, lukman jan, meň ýagdaýym gaty erbetmi?
-Ýok, erbet däl, ýöne meň bilen hasaplaşmak üçin biraz pulyňy tygşytlamagyň gerek.

***

Polisiýa-KAKA özüniň Polisiýa-OGLUNY irden sagat ýediniň ýarynda oýarýar:
-Tur, oýan oglum. Ýogsam şofýorlar ýarym sagat bäri köçelerde pul tölemän maşynly aýlanyşyp ýörendirler…

***

BILDIRIŞLER:
1. Içi pully gapjygymy ýitirdim. Gapjygymy tapan adam iň bolmada pulymy bir yzyna bersin.

2. Sürüjilik şahadatnamasyny satyn alan adama “Ýol hereketleriniň düzgünleri” atly kitapjyk sowgat beriljekdir.

***

MASLAHAT.
Eger-de siz işe gijä galmak islemeýän bolsaňyz, onda jaňly sagadyňyzyň üstünde syçan tutýan gapan gurup goýuň.



Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul10.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Pero • 10:39, 25.09.2023
Gülemde komentariýaly gülmäni halamok,ṣonuñ üçinem ÿöneje ṣu :))))
Paýlaṣýanyñyz üçin sagboluñ!
avatar
0
2 Мango • 12:40, 25.09.2023
äridir öýdüp, öýe giren ogryny renimasiýalyk edip ýenjen aýala gülüp-gülüp hezil etdim...

karikaturadaky çotgaň zeýrenen boluşyny diýsene... :-)
avatar
0
3 Medicall • 14:19, 25.09.2023
häzirem äridir öýdüp renimasiýalyk ýenjipdir, ogrudyr öýdüp ýençse öldürerdi))
avatar
0
4 Мango • 14:49, 25.09.2023
ýaponlaň gelip çykyş taryham bet ekeni.
"Bolduň meň başyma beýle akylly" -diýip obaňdan kowulmagyňam bir bähbidi bar ekeni.
her näme bolsa-da haýyrlysy bolsun diýýälermi?
şo bolupdyr, dünýede ýaponlar döräp...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203