Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:26
Gündeligimden

GÜNDELIGIMDEN

On iki gün mundan öñ.
Hakyt düýşüme girdiñ.
Niredigini-hä bilemok. Öz-ä köpçülik ýer. Saçak ýazlan, emma bezelmedik.
Saçy bulam-bujar, dili agzyndan çykyp duran biri, aýalmy- erkekmi bilmedim, elini salgap saçak başyna çagyrýar meni. Üýşensem-de barýan. Geñ zat.
Gapydan sen girýäñ. Syrdam göwräñ eglen.Sag gözüñ kör bolupdyr. Eliñ hasaly. Keýtikläp saçak başyna geçdiñ.
Gyýaklygyna oturdyñ. Görmeýän gözüñ maña seredýär: "Hiç zat iýme" diýdiñ, her näçe ümleseñ-de, bir görsem-ä aýal ýaly, bir görsemem erkek ýaly dilini çeýnäp oturan birzada añkaryp, iýmeli däldigimi bilibem iýdim..
Sen hüñürdäp, zordan süýrenip turduñ-da agsaklap ýöräp ugradyñ. Seniñ agsaýşyña ýüregim gyýylyp, pyçak bilen dilnen ýaly boldy, eliñden tutup söýget bolup saña dik ýöremäge kömek bolmak üçin alñasadym..
Eleşan bolsa gäwüşäp dur beýleräkde..
On gün mundan öñ
Bu gün men mejbury ýagdaýda köp gürlemeli boldum.. ýatlamaly däl zatlary-da, ýatlamaly däl adamlary-da ýatlamaly boldum...Hawa mejbury ýagdaýda...

Bu gün on iki gün mundan öñ düýşümde agsaklap, zordan süýrenip geleniñ, meni saçaga çagyranyñ nämedigine göz ýetirdim..
Geñ zat. Men hakyt şu güni on iki gün mundan öñ düýşümde gördüm..

11.12.2022.ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 148 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
2
1 Bagabat • 10:46, 12.12.2022
Gowy. Intrigalyja. Sorag döreýär: "Kimkä o 12 gün mundan öň düýşde görlen, agsak?".

Käbir harp ýalňyşlyklary:

1.Üýşensemde - Üýşensem-de;
2.egilen - eglen;
3.Gyýaklygna - Gyýaklygyna;
4.üm atsañ-da - ümleseň-de;
5.hüññürdäp - hüñürdäp;
6. gyýylyp - gyýlyp;
7. dilinen - dilnen;
8.alñasadym.. - iki sany nokat gidipdir;
9.gäwşäp - gäwüşäp;
10. boldum.. - iki nokat gidipdir. Eger-de köp nokady aňlatmakçy bolsaň, üç nokat yzba-yz goýulýar.

"Meniñ seniñ agsaýşyña ýüregim gyýylyp, pyçak bilen dilinen ýaly boldy, eliñden tutup söýget bolup saña dik ýöremäge kömek bolmak üçin alñasadym.." diýen sözlemde "Meniň" diýen söz artykmaç.
avatar
0
2 Medicall • 11:54, 12.12.2022
Sagboluñ Agam, Alla ýalkasyn, düzetdim.
avatar
1
3 Мango • 15:07, 13.12.2022
ol agsakdanam beter, seni saçaga çagyran dilini agzyndan çykyp duranyň kimligi bilesiňi has getirdi.
nämede bolsa agsak - položitel, kimligi näbelli - otrisatel duýgy oýardy. hekaýajygam gyzyklandyrdy.
dowam. üstünlikler.
avatar
2
4 Pero • 16:18, 09.01.2023
Hakykatdanam düýş bolsa-ha düýşiñi halamadym,aýaldogan!
Agsak-ha gowy adam. Emma ol dilini çeýnäp otyrany bilamadym.
avatar
1
5 Medicall • 16:25, 09.01.2023
Gündelige diñe hakyky zat ýazmaly, fantaziya goşmak bolanok bolya bolsa, düýş hakykydy aýaldogan,gören wagtyñ ýorup bolmaýar, ýöne käbir düýşler şeyle tiz hem aýdyñ amala aşanda düýş diýilýän zada haýran galýañ..
Geçen geçdi, bar zat gowy, Alla Şükür!
avatar
0
6 Medicall • 16:30, 09.01.2023
Aýtmaýyn-daý kimdigini,) Size-de üstünlikler, Alla ýalkasyn!
avatar
0
7 Medenýet • 23:52, 21.01.2023
Syrdam göwresi egilen agsk kör ýaş adammy eger ýaş adamy düşüňde garran ýagdaýda görseň gowy bolýara diýýäler.ýok bu hakykatdanam gündeligiňdenmi özi
avatar
1
8 sussupessimist • 11:00, 21.01.2024
Yormaga synanyşayyn. Ol agsaklayan – ayagyny gyşyk basany ücin agsaklayar.
Dilini sallap, eleşan bolup oturanam - munuň duz-emek bolup, ya duzuny iyip yören adamy (ya adamlary)...
avatar
0
9 Medicall • 12:28, 21.01.2024
Ol agsaklaýan aýatda diri däldi, ýöne meñ gözlükäm görmedik zadymy aýtjak, düşündirjek bolup meñ golaýymda kimdir biriniñ dönükdigindenem beter göribilmezdigini duýdurjak bolup, ýaýnanyna, 12 gün soñ doly düşündim, şonda-da düýşi gören günüm
bir zatlaryñ dogry gitmeyanine düşünip ugradym, düýşdäki saçak başyndakyñ kimdigini añşaryp ugradym we guruljak duzagyñ öñüni alyp ýetişdim... Realda ol syrdam boýlyñ keşbinde kemi ýokdy-da ýogsam, geñ ýeri "ölä aýan, dirä güman" diýilýanini her haçan maña duýduryp durmagunda)
avatar

Старая форма входа
Total users: 203