21:09 Gyzlar galasy (pýesa). I-nji perdäniň dowamy | |
XI-nji görnüş M a m a n h a n , G a r a s a ç e n e , P ö w r i z e we G ö w h e r G ö w h e r (ylgap gelip, G a r a s a ç e n ä n i gujaklaýar, şadyýan sesi bilen). Ene biz geldik! P ö w r i z e ( M a m a n h a n y oýarýar). Hanym, biz geldik! M a m a n h a n ( ör turup, P ö w r i z ä n i gujaklaýar). Sag-aman geldiňizmi, keýijeklerim? (Gyzlar gören zatlaryny jikme-jik M a m a n h a n a gürrüň berip duruşlaryna, bir bölek kömür bilen ellerindäki tagta çyzyp, duşman goşunynyň ýerleşişini çyzýarlar. Olaryň dykgatnamasyny diňläp bolup.) Ýagşy. Iş bitirdiňiz. Baryň indi dynjyňyzy alyň! Gerek bolsaňyz çagyraryn. (Gyzlar gidýär.) XII-nji görnüş Ir säher. Ç o p u r h a n y ň çadyry. Han serkerdesi bilen ertirligini iýip otyr. Ç o p u r h a n (S e r k e r d ä ýüzlenip). Gije asuda geçendir-ä?! Hiç hili gep-gürrüň ýok? S e r k e r d e . Han aga, bilmedim, çynmy-ýalanmy, gije ýarymdan soň leşgere iki sany eýesiz at aralaşypmyşyn. Goşunlarmyzyň daşyndan aýlanyp, soň asmana uçanmyşlar. Esgerleriň içinde görenler bar. Ç o p u r h a n (gülüp). Atlaryň ganaty barmyka, asmana galar ýaly. Sakçy garawullar näme diýýär. S e r k e r d e . Entek olar-a habar edenoklar. Ç o p u r h a n (Gapyda duran ýasawula). Yzçyny çagyr! (Az salymdan gapyda Y z ç y peýda bolýar, ol baş egip hana salam berýär, han onuň salamyny alyp, Y z ç a ýüzlenýär.) Goşunyň daş-töweregine aýlanyp çyk. Täze, terje ýa üýtgeşik alamat tapsaň, nireden gelip, nirä barýanyny anyklap, netijäni maňa gyssagly habar et. Y z ç y (iki bükilip). Lepbeý, Han aga! (Çykyp gidýär.) Ç o p u r h a n (ýasawula). Garawulbaşy bilen, şu gije duran sakçylary çagyr! ( Ý a s a w u l baş egip çykyp gidýär.) Ý a s a w u l . Yzçy geldi. Huzuryňyza goýbermegiňizi soraýar. Ç o p u r h a n . Girsin. (Gapydan Yz ç y girýär, iki bükilip salam berýär.) Aýdyber! Y z ç y . Merhemetli hanym, Ýaradan Siziň ömrüňizi uzak etsin! Ýeňişler Siziň hemraňyz bolsun! Gije leşgeriň ilersinden bir, gaýrasyndan bir, dört aýakly jandaryň geçen yzlary bar. Ol yzlar gaty ýaýbaň bolansoň, haýsy haýwana degişlidigini anyklap bolmady. Näbelli haýwanlaryň biri ýorgalaýar. Yzlar Gyzlar galasyna tarap gönükdirilen. Ç o p u r h a n . Bary şumy? Y z ç y . Hut şeýle, hormatly hökümdarym. Ç o p u r h a n . Ýorgalaýan bolsa at bolmagy mümkinmi? Y z ç y (howatyrlanyp). Mümkin, merhemetli hanym. Eşegiňem, gatyryňam ýorgasy bar. Günämi ötüň, han aga, hut hakyky yzy öz gözüm bilen görmesem, “pylan” diýsem ýalňyşaryn. Ç o p u r h a n (biraz oýlanyp). Ýagşy. Bar, ötägit! ( Y z ç y çykyp gidenden soň, Ý a s a w u l G a r a w u l b a ş y bilen sakçylaryň gelenini yglan edýär.) Girsinler. (G a r a w u l b a ş y yzyna G a r a w u l l a r y tirkäp girýärler. Olar dyzyna çöküp başlaryny ýere goýup, handan olaryň bir çemçe ganlaryny geçmegini towakga edýärler.) Gije nobatçylykda hiç hili hadysa gabat gelen däldir-ä? G a r a w u l b a ş y . Hiç ýok, merhemetli han aga! I k i n j i g a r a w u l (sakawlaýar). E-e-e... ü-ü-ü... O neme... B i r i n j i g a r a w u l ( G a r a w u l b a ş y ň ýüzüne seredip, haraý isleýän ýaly.) Merhemetli han aga! Men elbetde, aklymdan azaşandyryn... Meň gözüme uçýan at göründi... G a r a w u l b a ş y . Merhemetli han aga, men-ä şunuň görkezen alyna ynanjagymam, ynanmajagymam bilmedim... Ýalanmy, çynmy, doly anygyna ýetmän Sizi habardar etmegi uslyp gördüm... I k i n j i g a r a w u l (dyzanaklap hanyň öňüne süýşýär. Ellerini kelemenledip, atyň çapyşyny we uçýan guşuň hereketini şekillendirýär.) O bar-a... Uç... uç... uçmah... uçýa...Şeý-ý-le... Hä-ä... Ç o p u r h a n . Duşman edil siziň garagyňyzyň öňünde iki ýana at salyp ýör, siz bolsa agzyňyzy öweldip ýörsüňiz. ( Serkerdä ýüzlenip.) Üçüsine-de kyrk dürre: sakawa dil açýança, eýleki ikisine bolsa dilden galýançalar. Garawulbaşyň serkerde lybasyny sypyryp, esger eşigine salyň-da, pyýada goşunyň hataryna goşuň. S e r k e r d e ( başyny egip). Lepbeý, han aga! (Ýasawullar G a r a w u l b a ş y n y we onuň G a r a w u l l a r y n y naýzaň öňüne düşürip äkidýärler.) Ç o p u r h a n ( gapyda duran ýasawula). Albassyny çagyr! (Biraz salymdan çadyra sal-sal eşikli hüžžük saçly, bedroý ýüzli A l b a s s y girýär. S e r k e r d e seňrigini ýygyryp burnyny desmaly bilen ýapýar.) A l b a s s y (başyny egip, iki bükülip durşuna). Seniň bähbidiň üçin gije-gündiz gaýym janym gurban bolsun, hormatly hökümdarym! Ç o p u r h a n . Yz çalypdyrlar. Ol yzlar Gyzlar galasyna degişli atlaryň toýnaklarynyň yzlary diýip güman edilýär. Sen salym etmän Gyzlar galasyna özüňi aşyr. O galada arwah-jyndan başga jemende ýokmuşyn diýip “myş” ýaýradýarlar. (Gapdala.) Olar seň sypatyňy göräýseler, elheder ederler. Daş gulakdan eşdişime görä, Maman han atly hatyn, özi ýaly hatynlardan düzülenn goşunlary bilen şu töwereklerde bir ýerde mesgen tutan ýaly, ýöne nirededigi belli däl. Eger galada adamzadyň çagasy ýaşaýan bolsa, ähli al-pirimleriňi, bet dogalaryňy ulanyp, “jynlary” dargadyp gaýdarsyň. A l b a s s y . O galaň üstünden keýik geçse toýnagyndan, guş uçsa ganatyndan gyrylýar. Han aga barybir ölmeli boljak bolsa, meň janymy edil şu ýerde alaýyň, “wäk” diýmen. Maňa-da abraý bolar: hut hanyň öz emri bilen başy kesilipdir diýseler. ( Ç o p u r h a n pully haltajygy Albassa tarap zyňýar, ol haltajygy garbap alyp.) Han aga bir başa—bir ölüm diýipdirler. Kysmatymda ýene siziň bilen didarlaşmak ýazylan bolaýady, käşgä. Hatynlaryň hötdesinden gelerin, bi şaýly lybasymy geýeýin, onsoň, öňümde ol-a arwah-jyn ekeni, döwlerem aman sypsa zor bolduklary. Ç o p u r h a n . O hansumak hatyny diri eliňe salyp bilseň ne ýagşy... A l b a s s y (goltugyndan zäherli çüýşejigi çykaryp, hana görkezýär). Merhemetli han aga, ynha şunuň bir damjasy—şypa, bir çemçesi—jepa. Kelemesinem öwrüp ýetişmez, demi bogazyna ýetmän tegek bolýar. Ýöne, men özüme serenjam berer ýaly puryja ber, ýogsa iki hepdedir, suw garasyny göremok, saçlarym şepbik bolup gitdi. (Kellesini gaşaýar.) Ç o p u r h a n . Derhal ugra! Galaň siňegine çenli öwrenip gaýt! Iki eliňi burnyňa sokup geläýseň, jezaň agyrdyr. A l b a s s y . Düşünýän-le... (Baş egip çykyp gidýär.) Ç o p u r h a n ( S e r k e r d ä ). Hany, gel indi geljekki hüjümimizi maslahatlaşaly! XIII-nji görnüş Galaň depesinde eli ýüz görülýän aýnaly M a h y g ü l aşakda duran M a m a n h a n a Ýigitler galasyndan gelýän habary jikme-jik habar berýär M a m a n h a n . Aýşa! A ý ş a . Men. M a m a n h a n . Mahygülüň habar berýän maglumatlarynyň harpyny ýitirmän ýaz! A ý ş a . Gulak asýan, hanym! (Eli kagyzly we döwet-galamly ýazmaga taýynlanýar.) M a h y g ü l (Elindäki ýüz görülýän aýnasy bilen Günüň şöhlesini Ýigitler galasyna gönükdirip duran ýerinden, galaň diňine Ýigitler galasyndan gelýän şöhleli “hatlary” okaýar). Ýakyn günlerde duşmanyň leşgeri ýurdumyzyň esasy goşunlarynyň üstüne hüjüm etmekçi. Ýagyň öňüni atly goşun çekmeçi, onuň yz ýanyndan bolsa iki sap pyýada goşun ýöremekçi. Maman hana buýruk: ýow güni pyýada goşunyň ýeňsesinden daramaly. Esgerler ýeňil geýinmeli we ýaýdan we galkandan özge ýarag alamak gadagan. Tä oklary gutarýança pyýada goşuny paýhynlamaly, soň gala dolanmaly. Tamam. ( M a m a n h a n a ýylgyryp, ýüzlenýär.) Hanym, indiki habarlar diňe maňa degişli... A ý ş a ( M a m a n h a n y ň gulagyna). Mahygül aşygy bilen söýleşmekçi bolýar. ( M a m a n h a n köpmanyly ýylgyryp, A ý ş a bilen galadan daşlaşýarlar. M a h y g ü l näzirgäp, jak-jak gülüp. Ýigitler galasyna “habar” yzyna “habar” ugradýar.) D e r w e z e b a n . ( M a h y g ü l e ). Aýnaky, bes edäý indi, ýürege düşdiň-ä! Galaň diňinde duran sakçy gyz (Çasly sesi bieln yglan edýär). Habardar boluň! Biz tarapa üsti ýükli üç düýäni idip, iki sany atly ýöneldi! Jerçilere meňzeş. XIV-nji görnüş D e r w e z e b a n , M a m a n h a n , iki erkek adam we galaň gyzlary. D e r w e z e b a n . Heý, kim gelýär, habarlaş! Taýak atym ýere gelensoň saklan-da, habaryňy aýt! B i r i n j i erkek adam. Biz Patyşanyň emeldarlary. Beýik Hökümdaryň adyndan, şazada gyz Aýçiçegiň halyndan habar almaga we oňa sowgat getirdik. Galaň diňinde duran sakçy gyz (Çasly sesi bieln gygyrýar). Eý, kim bar bolsa, Mamajan hany derwezä çagyryň! Patyşaň köşgünden gelipdirler. XY-nji görnüş M a m a n h a n , A ý ş a , P a t m a . M a m a n h a n (galaň daşyna çykyp). Kim meni soraýan? E m e l d a r l a r . ( ikisi birlikde) Essalawmaleýkim, Mamajan han! E m e l d a r l ar y ň b i r i n j i s i . Biz Patyşahy älemiň permany bilen şazada gyzymyzdan habar tutmaga geldik. M a m a n h a n . Aýçiçek we onuň joralary sag-salamat, eger görşerin diýseňiz häzir çagyraýarys.( P a t m a yşarat edýär, ol ylgap galaň içine girip gidýär, az salymdan A ý ç i ç e g i we onuň kenizlerini yzyna düşürip getirýär. A ý ç i ç e k emeldarlar bilen saglyk-amanlyk soraşýar). E m e l d a r l ar y ň i k i n j i s i . Kakaň-ejeň köp dogaý salam aýtdylar. Ejeň: “Eger gyzymyzyň köşge dolanmak niýeti bar bolsa, alyp gaýdyň” diýdi. A ý ç i ç e k . Siz hem köp dogaý salam aýdyň! Ýok, men indi bu ýere öwrenişdim, kem zadym ýok. Duşmanlar bilen bir ýan ýüzli bolunýança men galada bolaryn, öz borjumy doly berjaý etmän dolanmaryn. E m e l d a r l ar y ň b i r i n j i s i . Beýik mertebeli Şazada, iberilen sowgatlary alyp galsaň, biz hem rugsat berseňiz yzymyza, köşge dolansak. (Gyzlar agyr-agyr çuwallary, sandyklary, küýzeleri galaň içine daşaýarlar.) P a t m a (bir-birden sanaýar). Bir put kişmiş! Iki çuwal hoz! Bir put kakadylan erik! Iki hum gowurdak, bir hum jigirdek, bir çelek bal, bir küýze saryýag, üç saçak ýagly nan... A ý ş a . Gyssanma, ýazyp ýeyişemok. P a t m a . Dört garçyn egin-eşik we aýakgap! Bir sandyk nogul-nabat, bu sandygyň içinde sürme, basma, hyna, bedene çalynýan ýaglar, müşkler... E m e l d a r l a r y ň i k i n j i s i ( M a m a n h a n a ýüzlenip). Ýumuş görmäň hanym, kabul eden harytlaryyňyza “Aldyk” diýip tassyklaýan möhüriňizi goýaýsaňyz! Bizem hasabat okamaly... M a m a n h a n (Sesini çykarman barmagyndaky ýüzügini çykaryp syýadana batyryp, ýazylan kagyzyň ýüzüne möhürini basýar). Sag-aman baryň, salam aýdyň! Indiki gezek geleniňizde harby sülsat, ok-ýarag, esasanam ýaýyň oklaryny köpräk getiriň. (Emeldarlar gidýärler.) Patma! P a t m a . Men bärde, hanym! M a m a n h a n . Sen ýaňky Aýşa dälmi, näme? P a t m a . Aýşa anha, gelen ýükleri daşaşýar. Ynha, (Maňlaýyny görkezip.) Siziň buýurşyňyz ýaly men maňlaýyma hynadan tegmil basdym, Aýşada bolsa bu tegmil ýok. (Ýylgyrýar.) M a m a n h a n . Aý ýok, barybir men sizi saýgaryp biljek däl öýdýän. Ýör, bedewlermizi görüp gaýdaly! (Gidýärler.) XYI-njy görnüş Gyzlaryň umumy ýatakhanasy. Gije, ýatyş wagtyndan entek ir. Gyzlaryň käbirleri tikin-çatym bilen gümra bolsa, käbirleri ýatmaga taýynlyk görýärler. Z ü b e ý d a gopuz çalyp otyr. Atyň kişňeýän sesi gelýär. Z ü b e ý d a . Bu meň Gopuzym kişňeýar. Ol gopuzyň sesini eşitdigi nirede bolsa-da ylgap gelýär. Ol bu wagt teblededigini we şol sebäpli baryp bilmejegini duýdyryp kişňeýär. Tä saz gutarýança diňläp durandyr. (Gapdalynda oturan gyza ýüzlenýär.) Gülruh, men bir matal aýtsam bilermiň? G ü l r u h . Hany, synanyşyp göreýin. Z ü b e ý d a . Ajap eje görgüli, Hemme kişä bergili. G ü l r u h . (oýlanyp bolansoň). Sygyr. Z ü b e ý d a (gülýär). Ha-ha-ha. Sygyr nireden kelläňe gelip ýör-le, gyz?! G ü l r u h . Ejemiň “Ajap” atly süýtli sygyry ýadyma düşdi. Oň süýdi özümiz-ä bir doýurýardy, goňşylara çenli ýeterdi. Z ü b e ý d a . Şo zat Garasaç enemizde-de bar ( G ü l r u h u ň ýüzüne çiňerilip seredýär.) G ü l r u h . Ýüňdarakmy? Z ü b e ý d a . Ýok-la. Kündük P ö w r i z e . Men aýtsam bilermisiňiz? Ýörär, ýörär yzy ýok, Daýanmaga dyzy ýok. Öýermäge ogly ýok, Çykarmaga gyzy ýok. (Gyzlar pikirlenýärler we bilmeýändiklerini boýunlaryna alýarlar). “Tüweleý”! Bilmediňiz ýene birini aýtmaga hakym bar: Ýola sygmaz ýogyn gyz, At götermez agyr gyz. T u r k a n . Onyň-a bilýäs-le. Ol hem “Tüweleý”. Hany meňkini bilýämikäňiz? Ertir geler, leýletin, Agşam gider, leýletin, Akja öýümiň daşynda Halka gurar, leýletin. (Gyzlar pikirlenýärler we bilmeýändiklerini boýunlaryna alýarlar).Bilmeýänligiňizi boýnuňyza alýaňyz dälmi? Ýene şoňa degişli... Wiý...(Aşaky dodagyny dişläp, ýumrugy bilen agzyny ýapýar.) Aý bor-la. Gömsem gömülmez, Çapsam çapylmaz. A ý ç i ç e k . Kölege! Ikisi hem kölege! T u r k a n . Hawa, dogry. A ý ç i ç e k (begenjine ýerinden turup, bökjekleýär). Indi meňkini diňläň! Serwijan, Gülaýym, bilýän bolsaňyz aýtmaň! (Ady tutylan gyzlar başlaryny egýärler.) Enem-atamyň beren ýüzügni, Suwa atsam çüýremez, Oda atsam tütemez. (Gyzlar “bilmedik” diýişýärler.) Serwijan, hany jogabyny aýdyp goýber! S e r w i j a n . Ýaňy bolan bäbejige kim at dakýar? Elbetde, enesi, atasy. Ç i ç e k – B a n u . (ýylgyryp). Aýçiçek, menem çiçek, senem çiçek, menem güljagaz, senem. Ikimiz aňyrdan gelýän dogan bolaýmaly?! A ý ç i ç e k ( Ç i ç e k – B a n u n y gujakalap). Gel, ikimiz şu günden şeýläk kyýamatlyk dogan bokaşaly! (Iki gyz gujaklaşýar.) G ö w h e r . Hany meniň matalymy hem biliň! Agzy bar-da, dişi ýok, Ony urmadyk kişi ýok. G ü l a ý y m (şadyýan sesi bilen). Men bilýän! Soky-daş. Onda mäş döwüp, unundan paluda taýynlaýadyk. A ý ç i ç e k . Gülaýym jan, nireden ýatlatdyň paludany? Indi ony iýesim gelip ýüregim syrylyp gider. Mäş tapylaýanda-da, bu ýerlerden buzy nireden aljak. Ç i ç e k – B a n u . Buz, gar Buzgalada gyşyn-ýazyn bolýar. Tomus hem eränokmyşyn. Ertir Mahygüle haýyş edäýeris-dä, Ýigitler galasyna buz, iň gowusy paluda getiriň diýip, haýyş edäýeris. A ý ç i ç e k (gülüp). Haýsy ýigit maňa paluda getirip berse, şoňa durmuşa çykjak. S e r w i j a n ( A ý ç i ç e g i hürrsekläp). Şazadam, aýp bor-a!.. A r t y k g ü l . Gyzlar, serediň-ä, men näme tikdim! (Keşdesiz börügi görkezýär.) Nämedir öýdäňiz? (Keşdesiz börük elden-ele geçýär. “Bilmedik-de-bilmedik” diýişýärler.) Bu, kelläňi gysyp, owratmaz ýaly, hem saçyňy tüýtmez ýaly, tuwulgaň aşagyndan geýilýän. G ö w h e r (börügi synlap durşuna). Muny keşdeleseň-ä, toýa-da geýse boljak. Gyzlar, geliň monjugatdy oýnalyň-la! (Börügi gyzlara aýlaýar. Gyzlar boýnundaky monjuklaryny çözüp, hersi bir düwmäni börügiň içine oklaýar-da, “meňki gyzyl monjuk bolmaly”, “meňki sary”, “meňki ýaşyl”, “meňki ak” diýişýärler.) Gyzlar, monjuk atalyň, Jany jana gatalyň, Aşyk bilen magşugy Biri-birine çatalyň. Hany, gyzlaň içinde iň ýaşajygymyz kim?! Serwijan, gel jigim meň ýanyma! Gyzlar bir topbak goşgy aýdar welin, gözüňi ýum-da börügiň içindäki düwmeleri howlukmanjyk, ýekejeden çykar! Bu gün monjugatdyň esasy beýemçisi Garasaç enemiz ýok aramyzda, şonuň üçin her kim bir goşgy aýtmaly. Kim sözbaşyny aýtjak? Ç i ç e k – B a n u . Men. Gelin‑gyzlar üýşüban, Atyşalyň monjugy. Ýaryn gören dakynsyn Dagdan bilen gönjügi. Arpa unuň kepegi, Ýelpäp alyň çelpegi, Kimiň monjugy çyksa, Söwer ýaryň telpegi. Indi gezekli-gezegiňize aýdyberiň! M a h y g ü l . Başda ýaşyl kürtesi, Bürenjegiň ortasy, Adamsynyň kimdigin, Serwijanyň elindäki alajaly monjuk kimiňki? T u r k a n . Meňki M a h y g ü Bildi Turkan ertesi. (Gyzlar “wakyr” boluşyp, gülüşýärler). G ü l r u h . Hudaý meni guş etse, Ganatym kümüş etse, Ýatsam‑tursam dilegim-- Söýenime duş etse. S e r w i j a n . Ýaşyl monjuk kimiňki? A ý ç i ç e k . Meňki G ö w h e r . Arzuwyňa ýet, dilegde bol! P ö w r i z e . Köýnek ýuwdum sermedim, Ýarym geçdi, görmedim, Kesilmiş gyzyl dilim, «Alla ýaryň» diýmedim. S e r w i j a n . Sary monjuk! M a h y g ü l . Meňki. G ö w h e r ( M a h y g ü l ü ň . saçyny sypalap). Görgülijik, nebsim agyraýdy-da. (Ýylgyryp). Ruhdan düşme, özem aňýandyr-la, hä?! Ertir gündizlikde aýnajygyňa ýürejigiňi dök-de, iber galadaky ýüzbaşyňa. A ý ç i ç e k . Agar çäkmen dyzyňdan, Doýmadym gül ýüzüňden, Her annada gelmeseň, Ynha, bardym yzyňdan. S e r w i j a n . Ak monjuk! G ü l a ý y m . Men! G ö w h e r . Gülaýym jan, gijäň ýary boldy. Tüm garaňkyda öňüňden “Şaýly gelin” çykarmy, nädermi. Häzir bir gitmäweri, ertir jahan ýagtylanda ýola düşäý! (Gyzlar wakyrdaşyp gülüşýärler.) G ü l a ý y m . Çeşme suwun içdim ýar, Salam berip geçdim ýar, Sen salamym almasaň-- Menem senden geçdim ýar. S e r w i j a n . Gyzyl monjuk! G ö w h e r . Wah meňki-le... (“U-u-u” diýip, agalan bolýar. Gyzlar gülüşýärler.) Ç i ç e k – B a n u . Nowruz geldi ilime, Hoş söz geldi dilime, Onuň waspyn edeýin, Dutar alyp elime. (Eline dutar alyp aýdym aýdýar.) (Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) XYII-nji görnüş Gije. Galanyň içi. Gyzlar süýji ukuda ýatyrlar. D e r w e z e b a n derwezä ýaplanyp irkilipdir. Iki sakçy gyz galanyň üstünde iki ýana gezim edýärler. A l b a s s y ujy gaňyrçakly tanapyny galanyň diwaryna zyňyp, idirýär-de, çalasynlyk bilen galanyň üstüne çykýar. B i r i n j i s a k ç y g y z (eleşan eşikli, düýrüm-düýrüm hüžžük saçly, ýüzüne gara çekilen, gaşlaryna we agzyna garaňkyda öwüşgin atýan reňk çalynan A l b a s s y n y görüp, “Waý” diýip, essi aýylyp, çaşýar.) I k i n j i s a k ç y g y z (“Waý” diýen sese tarap öwrülende, A l b a s s a gözi düşýär.) Waý, ýetişeweriň! Duşman gapyllykda basjak bolýar. (Ýaýyna ok salyp, A l b a s s a tarap atýar, ok sowa geçýär.) D e r w e z e b a n (oýanyp, gapdalynda asylgy duran demir bölegine güýjünde baryny edip kakyp başlaýar). Hemmäňiz ýaraglaryňyza ýapyşyň! Tizräk atlanyň! (Galanyň içi elleri ýaragly gyzlardan dolýar.) A l b a s s y (galanyň üstünde ylgaşlap, bokjekleýär. Onuň eşiginden asylan demirler ala şakyrdy ses edýär. Çakyr sesi bilen gygyrýar). Men “Şaýly gelin”! Men bu dünýede adam döräli müňlerçe ýyllardan bäri gezip ýörendirin. Ýer titredýänem, ýyldyrym çakdyrýanam men. Asmandaky gara bulutlara “ýag” diýsem, dünýäni sil alar, “ýagma” diýsem, dünýäň ýüzüni tozap ýatan çöl baglar. Men hut Iblisiň süýtdeş aýal dogany Meň nazarymyň düşen ýeri ýanyp, otlar guraýar, hamyla gelinleriň süýdi kesilýär. Meniň iýmitim siz ýalyjak ýaşajyk gyzlar. Men ilki bilen döşüňizi ýaryp bökjekläpjik duran ýürejigiňizi iýerin, soň gyzgynja bagryňyzy. Hä-ä... (Gollaryny giňden açyp, misli özüni galaň diňinden gyzlaryň üstüne oklajak bolýan ýaly haýbat atýar. Gyzlar wägirişip, yza tesýärler. Aňyrdan M a m a n h a n ylgap gelýär.) M a m a n h a n ( A l b a s s y n y synlap durşuna, ellerini bykynyna goýup). Tumar! T u m a r (Eli tanaply, ylgap gelip, M a m a n h a n y ň garşysynda dikelip durýar). Buýrugyňyza taýyn, hormatly hanym! M a m a n h a n . Hany, ussatlygyňy görkez! ( T u m a r elindäki syrtmagy aýalap-aýlap zyňýar-da, Albassynyň boýnundan ildirýär-de, özüne çekip başlaýar.) A l b a s s y (Boýnyna ilen ýüpden ýapyşyp durşuna nadaralyk edip gygyrýar). Waý bogdylar, waý öldürýärler! (Ýere patlap gaçýar. Ýatan ýerinden gygyrýar.) Waý ejemjan, öldüm, dadyma ýetiş! Waý-ý meniň gapyrgajyklarym... M a m a n h a n . Indi seniň dadyňa Iblis ýetişer. ( A l b a s s y ň ýanyna barýar we oňa azm urýar.) Tur ýeriňden, melgun! A l b a s s y . Böwrüm daşa degip, gapyrgalam kül-uşak boldy... (Uly sesini edip aglaýar.) Men biçärä nebsiňiz agyraýsyn, zalymlar... M a m a n h a n (hemleli). Gala näme niýet bilen girdiň? A l b a s s y . Eejemiň ýanyna barýarkam ýolda azaşdym, tiz garaňky düşdi... Waý, gapyrgajyklarym... Şagallardan gorkujyma siziň galaňyza özümi atdym. Meni goýberäýiň-dä! Ejem janyň gözi ýoldadyr. (Möňňürip agalaýar.) M a m a n h a n (gazap bilen gygyrýar). Matlabyňy aýt diýdim men saňa, kezzap! (Bat bilen gamçysyny A l b a s s y ň depesinden inderýär, hümer berip duran gyzlaryň käbiri tisginip gidýär.) Ýogsam, her tikäň tä gulagyň ýaly bolýança ata süýrederin! A l b a s s y (dyzyna çöküp aglap oturşyna). Men... meni... Meni Çopur han iberdi... M a m a n h a n . Düşnükli. El-aýagyny baglap, ýerzemine oklaň! (Hanyň buýrugyny ýerine ýetirmek üçin iki gyz A l b a s s y n y ň goltugyndan göterip äkitmekçi bolanlarynda, onuň goltugyndan zäherli çüýşejik gaçýar..) A l b a s s y . Golaýma geläýmäň! Men heýwere keselli, bir ýokuşsa ömür aýrylmaz. ( A l b a s s y n y alyp gitmek üçin baran gyzlar yza tesýärler, “püf-de-püf” boluşyp, burunlaryny tutýarlar.) Wiý, hanym, jigilem, ýörüň görkeziň-ä, nirä gitmelidigini! (Esger gyzlaryň biri ýere gaçan çüýşejigi galdyryp, M a m a n h a n a berýär.) M a m a n h a n (çüýşejigi A l b a s s a somlap). Munyň näme?! A l b a s s y (geňirgenen bolup). Wiý, omy?! Meň ysytma keselli, bu şonuň dermany... Hä-ä-ä... Ejem jan ony alys ýurtlara gatnaýan täjirlerden ýörite sargap getirtdi. E s g e r g y z l a r y ň b i r i (ýaňsylap). Daýza jan, derman içmeli wagtyňam golaýlandyr! A l b a s s y . Ýok-la şekilim, muny men agşam ýatmazymdan öň içýän. ( M a m a n h a n y ň elindäki çüýşejige elini uzadýar, han elini yza çekýär.) E s g e r g y z l a r y ň b i r i . Ýatar wagt-a boldy... M a m a n h a n (çüýşejigi A l b a s s a uzadyp, kinaýa bilen). Me, iç hany dermanyňy, göreli! ( A l b a s s y çüýşejigiň dykyjygyny aýyryp, agzyna ýetirjek bolanda, ony elinden gaçyran bolup, içindäki awyny dökýär.) Haý pis alan diýsäni, niýetiň ýoldaşyň bolsun! (Hemleli.) Güm bol, gözümiň alnyndan! (A l b a s s y boýnundaky syrtmagy süýräp, iki esger gyzyň arasyndan ýöräp gidýär.) Bu entek başlangyjy, dowamy hem bolar munuň. Ertirden başlap, melgunyň elini-aýagyny gandallap, galaň daşyna garym gazdyryň! Goý, Çopur, janypkeş bajysynyň duşmanyň haýryna zähmet çekip ýörenini eşitsin. (Sahnanyň yşygy ýuwaş-yuwaşdan öçýär.) I-nji perdäniň soňy ©Kakajan Balkanow | |
|
Ähli teswirler: 0 | |