Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:04
Gyzlar galasy (pýesa). I-nji perde

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Gurbanguly Berdimuhamedow:
“Türkmen maşgalasynda täze dünýä inen ogul perzendiň Görogly beg ýaly gaýratly, Keýmir kör deýin ýiti akylly bolup, ýetişmeginde, gyzjagazlaryň Tumar şa ýaly edermen, Aý ene, Altyn jan hatyn ýaly edenli bolmagynda, şol türkmençilik ýörelgeleriniň täsiri juda ulydyr”.


Gyzlar galasy

(Iki perdeli pýesa-rowaýat)

Oýna gatnaşýanlar:

1. M a m a j a n ( M a m a n) h a n
2. M a m a n h a n y ň gyz esgerleri: Altynjan, Tumar, Göwher, Hatyja, Zübeýda, Turkan, Mahygül, Ogulsapar, Gülruh, Artykgül, Aýşa we Patma (ekizler) Çiçek-Banu , Pöwrize.
3. G a r a s a ç e n e .
4. Ş a h j a h a n—şa zenan, (Kemaleddin şanyň aýaly)
5. A ý ç i ç e k—şazada, (Kemaleddin şanyň gyzy).
6. A ý ç i ç e g i ň kenizleri: Humaý, Serwijan, Gülaýym, Gülbeden.
7. D e r w e z e b a n l a r , s a k ç y l a r .
8. M ü ň b a ş y , Ý ü z b a ş y we olaryň e s g e r l e r i .
9. Ç o p u r h a n .
10. Ç o p u r h a n y ň s e r k e r d e s i , ý a s a w u l l a r y , e s g e r l e r i we i ç a l y l a r y .
11. G a r a w u l b a ş y , g a r a w u l l a r , d i d e b a n l a r .
12. K ö ş k e m e l d a r l a r y .
13. J a r ç y .
14. P a r a w b i b i n i ň ruhy.
15. A l b a s s y (şaýly gelin).
16. A l y p b a r y j y .

Perde açylmanka A l y p
b a r y j y Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinden alynan jümleleri okaýar:


“Türkmen maşgalasynda täze dünýä inen ogul perzendiň Görogly beg ýaly gaýratly, Keýmir kör deýin ýiti akylly bolup, ýetişmeginde, gyzjagazlaryň Tumar şa ýaly edermen, Aý ene, Altyn jan hatyn ýaly edenli bolmagynda, şol türkmençilik ýörelgeleriniň täsiri juda ulydyr”.2)

“Halk gahrymanlarynyň atlaryny ebedileşdirmek bilen, halallyga, asudalyga, parahatçylyga, agzybirlige, ynsaply ýaşaýşa dowamat berýäris diýip düşünýärin”. 3)

“Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulusyň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir”.4)

Bu waka gadym döwürde, türkmenleriň ýurdunda bolup geçenmişin.

I-nji perde

I-nji görnüş

Jeň meýdany. Çärýek Aýyň şuglasy tozan garyşykly tüssäni böwsüp, söweş meýdanynda wepat bolan esgerleriň jesetleriniň suduryny ýagtyldýar. Sahnaň bir burçundaky ullakan amforany rampanyň yşygy ýagtylandyrýar. Amforanyň böwründe zenan esgerler—amazonkalar şekillendirilen. Amfora darka ikä bölünýär we ondan uzyn ak köýnekli gyzlar çykyp, söweş meýdanyna aýlanýarlar. Olar aýlanyp ýörişlerine esgerleriň söweş lybaslaryny—rişbentlerini sypyryp, özleri geýinýärler we esgerleriň ýaraglaryny ellerine alyp, nyzama düzülip, amforaň içine girip gidýärler. Amfora ýapylýar. Alysdan J a r ç y n y ň sesi gelýär.

J a r ç y . Ah-how, halaýyk! Türkmen halkynyň howandary, belent mertebeli, hökmirowan patyşamyz Kemaleddin şanyň permanyny eşitdim-eşitmedim diýmäňler-le, how! Paýhasy ýiti şamyzyň permanyna laýyklykda, beýik döwletimiziň tabynlygyndaky raýatlaryň hemmesi, ýagny, erkeg-u, zenan diýmän, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli—ýerden ýöränine çenli Watany goragyna borçly edilýär. Bu permany inkär eden watandönüniginiň başy ölümli, maly talaňlydyr-la, ho-ow! (Gyzgalaň derwezesine ýakyn gelýär.)
D e r w e z e b a n g y z . Heý, aladaňdan, ir örmäkä edýän gohuň näme?! Utanoňkmy? Ýatan bar, turan bar. Bar, ho-ol aňyrrakda eşitmediklere gygyr! Gala golaý geläýme, garnyňy naýzadan geçirin! (Naýzasyny somlaýar.)
J a r ç y . Keýigim, merhemetli hökümdaryň perman-buýruklaryny ile ýaýmak meniň borjum.
D e r w e z e b a n g y z . Näme şu adamlar merhemetli patyşamyzyň permanyndan bihabar galandyr öýdýäňmi, ýa bizi gepe düşmez mahluk hasaplaýaňmy? (Hemleli.) Sen Gyzgala başga niýet bilen gelen-ä dälsiň-dä?! Entäp ýörmän, iller ýaly, eliňe gylyjyňy alyp, Watan goragyna giderler.
J a r ç y (Gahary gelip, sakawlaýar). Eý, jigijigim, gep...geplejek sözzüňňi o-o-oýlanyp geple... Öz wagtynda biz hem Watan üçin jan alyp, jan berendiris, tenimde tekiz ýerim ýok. Ed-dil şu wagtam eziz Watanym üçin, patyşamyň we onuň maşagalasy üçin janymy gurban etmäge taýyn. (Gapdala.) Wah, maňa duýdyrdylaram-la, Gyzgalaň töweregine barma, oňňuldyňyň üstinden barmarsyň diýip. Ana, eşitdiň dälmi eşitmeliňi... (Ýeňsesini tüňňerdip gidýär.)

II-nji görnüş

Kemaleddin patyşanyň köşgi. Patyşanyň aýaly, Ş a h j a h a n y ň mähramhanasy. Otagda şa zenanyň ýeke özi. Gapy açylýar we bosagada hajyb zenan peýda bolýar.

H a j y b zenan (dogumly sesi bilen şazenana ýüzlenýär). Onuň alyjenaby, Mamajan han Abdyrahman han gyzy!
Ş a h j a h a n (elini salgap). Gelsin! (Gapydan M a m a n h a n girýär. H a j y b zenan gapyny ýapyp gidýär.)
M a m a n h a n (sag elini ýüreginiň üstine goýup, başyny egýär). Salamälik, merhemetli Hökümdarym!
Ş a h j a h a n . Aleýik salam!
M a m a n h a n . Goý, Alla Patyşahy älemi, onuň maşgalasyny we kowum-garyndaşlaryny öz penasynda saklasyn hem-de belent mertebeli şahymyzyň il-halk bähbidi üçin, beýik döwletimiziň berkakarlygy üçin ýagşy niýetli tutýan işleriniň rowaç almagyna beýik Biribaryň özi ýardam bersin!
Ş a h j a h a n (sesini çykarman, başyny çalaja atyp, M a m a n h a n a ýanyndan oturmaga ýer görkezýär. Gapydan eli üsti çäýnek-käseli, süýji-kökeli ullakan mejimeli P a ý e k i z e n a n girip, mejimäni zenanlaryň öňünde goýuşdyrýar, käselere çaý guýup, çykyp gidýär). Men Sizi döwletli maslahat üçin çagyrdym. Belent mertebeli Hökümdarymyzyň permany ýurdymyzyň ähli raýatlaryna degişli bolşy ýaly, bu perman patyşa maşgalasyna we onuň kowum-garyndaşlaryna-da degişlidir. “Şa emri –wajyp” diýipdirler. Düýn atasy bilen maslahatlaşyp, gyzym, Aýçiçek jany Siziň şöhratly goşunyňyza goşmagy müwessa bildik. Goý, ol Siziň gahryman gyzlarňyzyň arasynda bolup, söweş tälimleriniň syrly tilsimlerini öwrensin. Onuň özüne gerek harby taýynlygy ýok hem däl, ýöne o tälimler oňa özüni goranmak üçin ýaraýmasa. Onsoňam, dostluk, egindeşlik duýgylary hakyky söweşde taplanýar. Şeýle dälmi?
M a m a n h a n . Hut şeýle, merhemetli hökümdarym. Elbetde size mälimdirem: biziň harby durmuşymyz berk düzgün-nyzamly, türgenleşikler zabun şertlerde geçirilýär...
Ş a h j a h a n . Bu zatlary maňa gürrüň bermegiň hajaty ýok. (Elini çarpýar. Gapyda peýda bolan H a j y b zenana yşarat edýär, ol başyny atyp, mähramhananyň başga gapysyna girýär we eglenmän A ý ç i ç e g i ň yzyna düşüp gelýär. M a m a n h a n ýerinden galyp baş egýär. A ý ç i ç e k ilki ejesiniň elinden, soň ýaňagyndan ogşaýar.) Tanyş bol, bu şöhratly Mamajan han!
A ý ç i ç e k (M a m a n h a n a tarap çalaja başyny egýär). Men Siziň edermenligiňiz hakda köp hekaýatlary eşitdim. Kakam, ejem meni Siziň goşunyňyza gulluga ugratjak diýýär welin, başararmykam?! Men at çapyp bilýän, ýaý atyp bilýän, gylyçlaşyp bilýän, galkan, naýza ulanyp bilýän.
M a m a n h a n (Ýylgyryp) . Tüweleme! Siz-ä taýynjak esger ekeniňiz! Elbetde, başararsyňyz. Biziň gyzlarmyzyň köpüsi bäş ýaşyndan başlap at münmäni, on ýaşyndan ýaý atmany atasy öýünde öwrenip gelýärler. Hakyky harby tälimini gala gelensoňlar özleşdirýärler. Şolaryň başaran işlerini Siz hem başararsyňyz.
Ş a h j a h a n . Gyzym, joralaryň içinden isläniňi ýanyň bilen alyp gidip bilersiň. Şaýyňy tutuber!
A ý ç i ç e k . Sag bol, eje! (Ejesiniň ýaňagyndan ogşap, şadyýan, bökjekläp çykyp gidýär.)
Ş a h j a h a n . Belent mertebeli Kemaleddin şa ilkinji adimini ätlemänkä iň soňky ädiminiň düşjek günleriniň ýagdaýyny anyk göz ýetirip, hereket edýän hökümdarlardan. Töwekgellik edip, ýeke gyzyny jeňe iberýän patyşa hakda halk arasynda her hili gep-gürrüň döremegi mümkin. Her nä bolsa-da, ähdine wepaly, lebzi halal şanyň bu karary onuň tekepbirsizligini we şöhratparazsyzlygyny subut eder. (Iki eli bilen M a m a n h a n y ň bileginden ýapyşýar.) Siziň hämmäňizi beýik Biribar öz penasynda saklasyn! Hanym, balamy gözden salma, oňa bir zat bolaýsa, men o hasraty çekip-çydap bilmen... (Şumjarýar).
M a m a n h a n . Hormatly hökümdarym, “Amanat zady daşamak dagdan agyr”. Gyz galadaky amanat kyrk gyzyň garamaty meniň boýnuma. O çagalaryň aglabasynyň enesem bar, atasam. Käbiriniň yzynda hasrat çekip aglajagy ýok. Aman-sag öýlerine gaýdyp gidýänçäler olaryň atasam men, enesem men. Siziň gyzyňyzy beýlekilerden kem ýa, eý görmen—deň göz bilen gararyn, arkaýyn bolaýyň. Gyzyňyzyň we onuň joralarynyň sag-aman dolanyp gelerini dileg ediň! Eger rugsat berseňiz men ýola rowana bolaýyn.
Ş a h j a h a n ( M a m a n h a n y gujaklap). Baryň, Alla ýaryňyz bolsun!

III-nji görnüş

Gyzgala. G a r a s a ç e n ä n i ň hüjresi. G a r a s a ç e n e daraklykda ýüň darap otyr, daran ýüňünden pişge dolap, gapdalyna geçirýär. Nökerleri bilen M a m a n h a n gelýär.

M a m a n h a n (nökerlerine). Aýşa jan, Patma jan, baryň, siz indi işiňiz bilen boluberiň! Gerek bolsaňyz, çagyraryn. (A ý ş a bilen P a t m a gidýärler.Hüjräň gapysyndan ätläp, G a r a s a ç e n ä salam berýär.) Salamälik!
G a r a s a ç e n e . Aleýik, salam! Maman jan saglykmy, gurgunmy?
M a m a n h a n . Hudaýa şükür, ene. Sen hem ýagşymysyň?
G a r a s a ç e n e . Ýaradana şükür!
M a m a n h a n . Ene ertir bize myhman gelýär.
G a r a s a ç e n e . Täze, ýaş nökerlermi? Gelewersinler, gelen—döwlet.
M a m a n h a n . O myhman üýtgeşik myhman.
G a r a s a ç e n e . Erkek adammy?
M a m a n h a n . Ýok. Şazada gyz—Aýçiçek, kenizleri bilen. Olaryň biziň goşunymyzda gulluk etmek niýetleri bar.
G a r a s a ç e n e (geňirgenip). Goýsana! Patyşa ýeke gyzyny ajalyň hatabyna ibermäni nädip dözäýdikä! Aladamyz känel-dow... Olar üçin aýratyn hüjre taýynlamaly bolar. Aşpezini bir ýany bilen getirermikä?!
M a m a n h a n . Aladalanma ene. Eger-de, galada ýaşajaklary çynlary bolsa, biziň öýmiziň düzgüni bilen ýöremeli borlar. Olar üçin artykmaç şert döretmäge mümkinçiligimizem ýok. Biziň odumyz bilen girip, külimiz bilenem çykarlar. (“Düňk-düňk” ses eşidilýär. Han düýrügip, üşerilýär.) Bu nä ahwalat?! Ýeriň aşagyndan gelýän ýaly-la! Garym gazýan-a däldirler-dä?!
G a r a s a ç e n e (ýylgyryp). Bu sesmi?! Bu “Ýele—ýelken, Güne—galkan”—armany-ýadamany bilmän zähmet çekip ýören, Ogulsapar jan darak kakýar. Ol öýünde dokap dynyp bilmedik halysyny bärde dowam edýär. Özüne ýerkümejik edinipdir. Dynç günlerini we eliniň boş wagtlary Ogulsapary şo ýerden gözläýmeli.
M a m a n h a n . Hmm... Şeý diseňizläň. Bolýar ene, men gyzlaň ýanyna baraýyn. Hoş! (Gidýär).
G a r a s a ç e n e . Hoş balam! ( M a m a n h a n gidensoň, gapdala). Hoş akyllym! Edermenliginden oňürti serdary şöhratlandyrýan onuň paýhasy bolmaly. Ýaradan Maman jana edermenligem, gaýratlylygam, güýç-kuwwadam, akyl-paýhasam. görk-görmegem egismän eçilipdir. Tüweleme! Goý,biziň hanymyzyň başy dik, ömri uzak bolsun! Biribar öz penasynda saklap ýeňiş gazanmakda elmydama ýardam bersin! (Doga okap, ýüzüne sylýar).

IY-nji görnüş

Gyzgalanyň içinde elleri naýzaly, şemşir-kösseli, şeşper-serdesseli gyzlar söweş tälimini öwrenýärler. Galanyň bir burçunda gyzlaryň biri ýaýy bilen nyşana atyp dur, beýleki burçunda gyzlaryň bir bölegi rişbentlerini (demir sowut, tuwulga, çaraýna, çeňňeç) geýip-çykaryp durlar. her gapdaly nökerli M a m a n h a n gelýär. Gyzlar türgen-tälimlerini goýup, M a m a n h a n a tarap öwrülýärler. Gyzlaryň hemmesi birlikde: “Salam, hormatly serkerde!” diýişip, başlaryny egýärler.

M a m a n h a n . Salam gyzlar, salam jigilem! Türgenleşigiňizi dowam ediberiň! (Üsti örtülgi töňňä geçip oturýar. Sag egnindäki nökerine ýüzlenýär). Patma!
A ý ş a . Men Aýşa, serkerdäm. Patma anha, çepiňizde.
M a m a n h a n . Ýene sizi çalyşýan-da. Haçan menem sizi ejeňiz ýaly gören badyma tanarkam.
P a t m a . Hanym, men çepbe, Aýşa bolsa sagga.
S a k ç y (galanyň üstünde duran ýerinden çasly gygyrýar). Demirgazyk-Gündogardan, takmynan bir çakyrym uzaklykda, sozanguýruk bolup, dokuz atlydan we üsti ýükli dört düýeden ybarat kerwen gelýär. Kerweniň ýüzi bize, gala tarap.
M a m a n h a n . Argyşyň döwri ötdi. Bezirgenler bolsa ilki şa köşgüne ýörärdiler. Sähelçe atly ýaga-da meňzänok. (Gyzlara ýüzlenip). Olar kim bolup biler?
B i r i n j i g y z . Kimem bolsa “Ýigitler galasyna” habar ýetirmeli.
I k i n j i g y z . Atlarmyza arpa getirýänçiler bolaýmasyn!
Ü ç ü n j i g y z . Ýa odunçylar?!
M a m a n h a n . Bize ýakynda arzyly myhman gelmeli, şol bolmagy mümkin.
B i r i n j i g y z . Kim ol “arzyly myhman”?
M a m a n h a n . Gelende görersiňiz.
S a k ç y . Kerwen ses ýetim ýere geldi! Atlaryň üstünde erkegem bar, zenanam. Özleri hem ýaragly.
M a m a n h a n . Gyzlar, myhmanlary kabul etmäge taýynlanyň!

Y-nji görnüş

D e r w e z e b a n gyz, A ý ç i ç e k kenizleri bilen

D e r w e z e b a n gyz. Saklanyň! Kim we nireli bolarsyňyz?
A ý ç i ç e g i ň sesi . Men şazada, bular meniň kenizlerim we hemralarym.
D e r w e z e b a n gyz . Duruň! Şo ýerden butnamaň! Ýeke ädim öňe ätseňiz okdan geçirilersiňiz! Hemmäňiz atdan düşüň! Ýanyma diňe biriň gel!
A ý ç i ç e k (derwezebanyň ýakynyna gelip). Maman hany çagyryň! (Maman han daş çykýar).
M a m a n h a n ( A ý ç i ç e g i gujaklaýar). Sag-aman geldiňmi keýigim! ( D e r w e z e b a n gyza). Derwezäni açyň!

YI-njy görnüş

Galanyň içi. M a m a n h a n nöker gyzlary bilen we A ý ç i ç e k kenizleri bilen

M a m a n h a n . (gyzlaryna ýüzlenip). Derrew myhmanlaryň atlaryna teblehanada ýer taýynlap, otuna-suwuna serediň! (A ý ç i ç e g e ). Tüweleme! Goşuňyz özüňizden agyr görünýär.
A ý ç i ç e k . Aý, ejemdir-dä. Açlyga gidýän ýaly, bir topar zat ýükläp goýberdi.
M a m a n h a n (nökerlerine gygyrýar). Göwher, Mahygül, Ogulsapar! (Ady agzalan esger gyzlar “men-de-men” boluşyp, M a m a n h a n y ň gaşynda hatara düzülýärler.) Täze gelen myhmanlaryň ýatjak-oturjak ýerlerini görkeziň, goşlaryny daşaşyň, galaň içi bilen tanyşdyryň! Gün ikindiden agandan soň nyzama düzüliň! (Esger gyzlar “bolýar-da-bolýar” boluşyp, buýrugy ýerine ýetirmäge haýdaýarlar.)

YII-nji görnüş

Esger gyzlar nyzama durlar. M a m a n h a n bir gapdalyna A ý ş a n y , bir gapdalyna-da P a t m a n y alyp, G a r a s a ç e n e bilen nyzamyň öňüne baryp durýarlar.

M a m a n h a n ( eli bilen P a t m a yşarat edýär).Oka!
P a t m a (goltugyndan düýrlenen kagyzy çykaryp, okap başlaýar). Altynjan Baly han gyzy!
A l t y n j a n (hatardan saýlanyp). Men.
A ý ş a (elindäki kagyza bellik edip durşuna). Bu gije derwezäň garawulçylynda durmaly.
A l t y n j a n . Gulak asýan! (Hatara girip durýar.)
P a t m a Tumar Atamälik nilgär gyzy!
T u m a r. Men
A ý ş a . Aşhanada nobatçylyk, aşpeze kömekçi.
T u m a r. Gulak asýan!
M a m a n h a n ( T u m a r a ýüzlenip). Syrtmak atmany öwrendiňmi?
T u m a r. Hut şeýle.
M a m a n h a n . Ýagşy. Geçäý ýeriňe! ( T u m a r hatara girip durýar.)
P a t m a . Artykgül Ybraýym Nusaýly gyzy!
H a t a r d a k y g y z l a r y ň b i r i . Ol bu gün ýarawsyz.
P a t m a . Pöwrize Mirkulal gyzy!
P ö w r i z e (hatardan saýlanyp). Men.
A ý ş a . Galaň depesinde sakçy.
P ö w r i z e . Gulak asýan! (hatara girip durýar.)
P a t m a . Mahygül Abulkasym Faraby gyzy!
H a t a r d a k y g y z l a r y ň b i r i . Onuň bu gün dynç güni.
P a t m a . Ogulsapar Mälik serdar Ürgençli gyzy! (Hatarda duran Ogulsapar essi aýylyp, ýykylýar, iki gapdalyndaky gyzlar onuň goltugyna girip, söýget berýärler. Gyzlaryň biri mytarasyndan suw alyp onuň ýüzüne sepýär).
O g u l s a p a r (aýňalyp, daş-töweregine göz aýlaýar).Maňa näm bol-da?!
M a m a n h a n . Ogulsapar, näme ýaraňokmy?
O g u l s a p a r . Ýok-la... Oňatla... Hiç zat... Maňa hiç zadam bolnok-la.
A ý ş a . Ogulsapar, derwezäň goragyna.
O g u l s a p a r . Gulak asýan.
P a t m a . Turkan Ahangir Nyşapurly gyzy!
T u r k a n (hatardan saýlanyp). Men.
A ý ş a . Galaň depesinde sakçy.
T u r k a n . Gulak asýan! (Hatara girip durýar.)
P a t m a . Gülruh Bezirgen gyzy we Zübeýda Hatyb gyzy!
G ü l r u h we Z ü b e ý d a . Men, men.
A ý ş a . Atýatakda nobatçy.
G ü l r u h we Z ü b e ý d a . Gulak asýan, gulak asýan (Hatara girip durýarlar.)
M a m a n h a n . Gülruh, hany seniň gylyjyň?
G ü l r u h . Nyzama ylgamda alyp ýetişmedim.
M a m a n h a n . Hemmäňize degişli: ýaraglaryňyzy diňe gije ýatanyňyz da aýyryp, ýarag goýulýan tekjede rejeläp goýýaňyz. Indi Gülruhyň jerimesine degişli buýrugy diňläň: Gülruh bilen bir hepdeläp gepleşmeli däl, onuň bir gulaç golaýyna-da barmaly däl. Kimde-kim buýrugymy inkär etse, bir gijesini ýerzeminde alakalar bilen geçirer.
P a t m a . Çiçek-Banu Raşiddin Rumly gyzy we Hatyja Töre Nasreddin gyzy!
A ý ş a . Täze gelen esgerlere tälim öwretmeli. ( Ç i ç e k – B a n u we H a t y j a hatardan çykyp “Gulak asýas” diýişip ýene hatara girýärler).

M a m a n h a n . Hany, dur-la Hatyja! ( H a t y j a hatardan saýlanýar. H a t y j a n y ň daşyndan aýlanýar we onuň deşli göwresini synlap bolup.) Tüweleme! Seni näme bilen bakýarlar? Bizem-ä şol naharhanadan naharlanýas welin, etimize-ganymyza çykyp baraýanok. Ýanlyk ýaly bolup gidipsiň. Bu gidişiňe gitseň atyň bilini omurarsyň. ( A ý ş a ýüzlenip.) Şu günden şeýläk, üç hepdeläp diňe el ýaly çörek bilen suwda oturtmaly, iň arzyly höregi sogan bilen käşir bolsun. Hatyjany çalyşmaly, onuň ornyna, Çiçek-Banuwa kömekçi tälimçi edip, Artykgüli bellemeli.
A ý ş a . Hut şeýle, hanym. Gulak asýan.
Hatardaky gyzlaryň biri: Görgülijigi iňňä sapaýmaly bolar...
M a m a n h a n (hemleli, hatardan çykan sesi kesip). Içiňizde ýuka ýürekliňiz bar öýdýän. Hatyja nebsiňiz agyrýanyň bolsa, onuň derdini bile çekişmäge rugsat berýän.
P a t m a . Aýçiçek Kemaleddin şa gyzy! (Harby lybasly A ý ç i ç e k hatardan çykyp, “Men” diýýär we ýene hatara girýär). Humaý, Gülaýym, Gülbeden. (Ady agzalan gyzlar “Men” diýişip, hatardan saýlanýarlar). Atalaryňyzyň atlaryny bilemok, aýdarsyňyz-da.
M a m a n h a n ( A ý ç i ç e g i ň kenizlerine ýüzlenip). Siz näme üçin harby lybasyňyzy geýmänsiňiz?
G ü l a ý y m . Beýik mertebeli şazadam buýurmady.
M a m a n h a n . Şu günden şeýläk şu galaň içinde diňe meniň hökümim ýöreýändir we meniň buýruklarym gypynçsyz ýerine ýetirilmelidir. Inkär edene temmi berilýändir. (Hemleli.) Ataň ady?
G ü l a ý y m (aljyraýar). Atam-enemi bilemok, ýetim. ( M a m a n h a n köşk gyzlarynyň alkymyna baryp birin-birin soraşýar. H u m a ý y ň alkymyna barýar).
H u m a ý . Humaý Atabeg Horasanly gyzy.
M a m a n h a n . Patyşanyň gaznabaşlygy saňa kim bolýar?
H u m a ý . Men şonuň gyzy.
G ü l b e d e n . Gülbeden Babahalyk gyzy.
M a m a n h a n . Näme başarýaň?
G ü l b e d e n . Gylyçlaşyp bilýän, ýaý atýan, naýza zyňýan.
M a m a n h a n . Bu ýaraglary bedew üstünde, atyň çapyp barýarka ulanmany öwrenmeli, ýagny goranmak üçin däl-de hüjüme geçmek üçin. Biziň garşydaşymyz elmydama erkek esgerler, olary mekirlik, al bilen ýeňäýmeseň, güýç bilen-ä aldyraýanoklar. Garşydaşynyň zenandygyny biläseler-ä has hem beter öç alaýarlar. Söweşde taplanan gyzlarym duşman bilen garpyşmagyň syrly tilsimlerini size öwrederler. (Serwijanyň alkymyna barýar.)
S e r w i j a n . Serwijan. Aýçiçegiň azatlyga çykaran gyrnagy. Men ümbilmez çagakam şu ýurda düşen. Enem-atamy hem, ýurdymy hem bilemok. Meniň kyýamatlyk enem-atam—patyşahy älem we şa zenan. Aýçiçek meniň dogan okaşanym. Men onuň üçin janymy gurban etmäge taýyn.
M a m a n h a n . Seniň şirin janyň biziň eziz Watanymyzyň goragy üçin zerur. Alla seni öz penasynda saklasyn! Başyň dik, janyň sag bolsun! Indi bolsa ertirki derwaýys meselelerimiz bilen tanyşdyraýyn. Hä, ýadyma düşüp durka, ertir gala ýonaçy geler, eýerleriňiziň öňki gaşlaryny kesddiriň. Ony biz näme üçin edýäris, gyzlar?
Hatarda duran gyzlaryň biri (öňe saýlanyp). Rugsat ediň, hanym! ( M a m a n h a n razylygyny berýän manyda başyny atandan soň.) Biziň esgerlermiz eýeriň üstünde oturman, atyň boýnyny gujaklap çapýalar. Tüm garaňkyda iki kellleli at çapyp gelýän ýaly görünýär. Ýaýçylar duşman diňe atyma gelende dikelip, ýaýyny boşadýarlar. Duşmanyň arasynda “Kemaleddin şanyň goşunynda iki kelleli atlary barmyşyn” diýip gürrüň hem ýaýrady.
M a m a n h a n . Eýeriň yzky gaşyny näme üçin kesmän goýýarys?
Hatarda duran gyzlaryň biri (öňe saýlanyp). Rugsat ediň, hanym! ( M a m a n h a n razylygyny berýän manyda başyny atandan soň.) Ýeňseden gelýän duşmandan goranmak üçin, kämahal atymyzy yza seredip çapmaly bolýarys. Öňňürdikläp barýan bedew birden ýüzin salyp çapyp başlanda, atdan syrygyp düşmez ýaly eýeriň yzky gaşy saklaýar.
M a m a n h a n ( A ý ç i ç e g e seredip durşuna). Üns beren bolsaňyz, biziň gyzlarmyzyň saçlary gyrkylandyr, olar söweşe gidenlerinde, saçlaryny çogdamlap, depesinde daňýarlar-da tuwulgasynyň ýa-da jambörüginiň aşagynda gizleýärler. Näme üçin?
Hatarda duran gyzlaryň biri. Duşman saçymyzdan tutup, atdan agdarmaz ýaly.
M a m a n h a n ( A ý ç i ç e g e we onuň kenizlerine ýüzlenip). Saçlaryňyzy kesmeli bolarsyňyz, gyzlar! (A ý ç i ç e k we onuň kenizleri, ýüzlerini sallaşyp, iki örüm saçlaryny sypalaýarlar.)
G a r a s a ç e n e (Ýylgyryp). Gaýgylanmaň gyzlar, durmuş toýuňyza çenli ýene öser.
M a m a n h a n . Indiki mesele. (Çalaja ýylgyrýar). Gijelerine galanyň demirgazyk burçunda, ýeriň astyndan “düňk-düňk” ses gelýär. Sakçylar ägä boluň! Duşman dek ýatanok, ol galaň düýbini köwüp, garym içi bilen gala girip, zabt etmekligi hyýallanýan bolmagy mümkin. Muny anyklamak üçin ynamdar esger gerek. Bu buýruk meýletin. Höwesjeňiňiz barmy? (Hatardaky gyzlar “men-de-men” diýip, gygyrýarlar.)
G ö w h e r (hatardan öňe saýlanyp). Maňa ygtyýar beriň, hanym! (Ýene birnäçe höwesjeň gyz hatardan saýlanýar.)
O g u l s a p a r (hatardan saýlanyp, M a m a n h a n a baş egýär). Günämi ötüň, hanym! Hiç kime buýurmagyň hajaty ýok. O ses meň daragmyň sesi. Men dynç günlerim we boş wagtlarym ýüwürdilenje kiçeňräk halyjygymy dynaýaýyn diýdim... (Müýnli,başyny sallaýar.)
M a m a n h a n . Mesele aňsatja çözüldi. ( O g u l s a p a r a ýüzlenip.) Hatara düzüläý! (Hatarda duran gyzlara öwrülýär.) Mähriban jigilem, adalatly Biribar biziň hak işimize—eziz Watanymyzy gorap saklamaga ýardam berse, enşalla duşmany derbi-dagyn edip, öýlermize dolanarys, maşgalalarymyza gowşarys. Göwün söýeniňize durmuşa çykarsyňyz, bagtly, eşretli durmuşda ýaşarsyňyz. Biz, zenanlar, elimiz gylyçly hem bolsak, maşgala, ojak, nesil borjumyzyň bardygyny hergiz hakydamyzdan çykarmaly däldiris. Men siziň keşde çekip, bukjaňyzyň doldurmagyňyza, ýa haly dokamagyňyza garşy däl, ýöne siziň şu wagt watangoraýjylardygyňyzy hem ýatdan çykarmaň. Biziň esasy, wajyp işimiz Watana, patyşamyza gulluk etmek we eziz diýarymyzy gözümiziň göreji ýaly gorap saklamak. Öz şahsy aladalaryňyz üçin men size her hepdede bir boş gün, gije nobatçylyk çekenlere bir salkyn rugsat berýän, ana şol wagtyňyzy tygşytlyja ulanyň.
Indi bolsa, ertirki mesele barada. Baş serkerdeden buýruk geldi. Duşmanyň tutan mesgenine aralaşyp, olaryň çadyrlarynyň sanyny, baş çadyryň ýerleşýän ýerini, atlarynyň we düýeleriniň sanyny, eger başartsa, esgerleriniň sanyny anyklamaly. Ýene üç günden täze aý dogýar, bu wajyp işi aýsyz gije amala aşyrmaly. Çapara Altynjan, Tumar, Göwher, Pöwrize (Ady agzalan gyzlar hatardan öňe saýlanýarlar.) taýynlyk görmeli, bulardan hem diňe ikisi gider. Galan ikisi ätiýaçlykda galarlar. Oňa çenli çapara gitjek atlary seýisläň, ýaraglaryňyza serenjam beriň.
G ö w h e r . Rugsat berseňiz, hanym! (Başyny egýär.)
M a m a n h a n . Aýdyber.
G ö w h e r . Aňtawçylyga diňe atlary ugradaýsak näder?
M a m a n h a n (geňirgenip). Düşünmedim.
G ö w h e r . Toýnak güpürdisi eşidilmez ýaly, atlaryň toýnaklaryna içi samanly keçe saramaly, özümizi hem görünmez ýaly atyň gapdalyna daňmaly.
T u m a r. Ýaraglaryňy nirä daňjak? Mamaňlara gezmäge barýansyň-ow! Onda atyňa-da ýüpek köýnek geýdir.
G ö w h e r . Bu ýerde ýarag artykmaç ýük. Ýogsa-da, dogrudanam, atymam bezärin. (Yzyna gaňrylyp, A ý ç i ç e g e ýüzlenýär.) Aýçiçek, ýüpek lybaslaryňdan birini-ýarymyny eçilersiň-ä?
A ý ç i ç e k . Haýyr iş üçin ol-a egin-eşiklerim ekeni, janymy gurban etmäge taýyn! Anha, baryny alyň! Indi jeň gutarýança bize bezenmek ýokdur.
G ö w h e r . Duşman garawullary ilerden pasyrdap, uçup gelýän sessiz salgymlaryň bedewdigini ýa benijanlygyny aňşyryp ýetişmänkäler, biz o taýdan zym-zyýat bolarys.
A l t y n j a n . Gije, göze dürtme garaňkyda atlarymyz-a emgenmän ýollaryny tapar welin, biz duşmanyň mesgenini saýgaryp bilermikäk?!
T u m a r. Kirpi, alaka bütin ömrüni ýeriň astynda ýaşap, tüm garaňka öwrenişip gidýärler, ýagta çykanlarynda emgenenoklaram.
P ö w r i z e . Çagakak “Gözdaňdy” oýnardyk, daňymyzy çözenimizde, ýagta gözümiz gamaşyp, öwrenişýänçäk esli wagtlap gabaklarymyz gyrp-gyrp edip durardy.
G ö w h e r (şadyýan, elini çarpyp, bökjekleýär). Ana, hakykat! Aňtawa gidýänçäk gözlermizi daňyp, garaňky jaýda ýaşarys.
M a m a n h a n . Hop ýagşy. Siziň üçin çetki hüjreleriň birini taýynlarys. Çapara iki gün galanda gözlerňiziň daňylaryny gijesine-de aýyrmarsyňyz, hiç bir ses eşidilmez ýaly gulaklaryňyzyň deşiklerine düýe ýüň dykarsyňyz. Hüjräňize aşpezden özge adam ogly barmaz. Oňa çenli atyň böwrüne daňylmany türgenleşiň, aty çapdyryp görüň, gapdalyna daňylan çapyksuwaryň diýenini etjekmi-etmejekmi, julundan özge lybaslara öwrenişjekmi—ähli etjek hereketleriňizi mazaly bişiriň. (Nyzama göz aýlap durşuna.) Aýşa, Patma! (A ý ş a we P a t m a ylgaşlap gelip, biri M a m a n h a n y ň sag tarapyna, beýlekisi çep tarapyna geçip durýarlar. Olaryň ýüzlerine çiňerilip seredýär.) Men haçan ejeňiz ýaly sizi ýalňyşman tanarkam!
A ý ş a . (ýylgyryp). Men elmydama Siziň sag gapdalyňyzda.
P a t m a (ýylgyryp). A men bolsa, Siziň çep gapdalyňyzda.
M a m a n h a n . Aý, barybir ýadymda saklap bilesim ýok-la. Gowusy, haýsam bolsa biriňiz maňlaýňyza hynadan nokat goýuň. Hany, ýörüň galaň içine aýlanyp gaýdalyň! (Gidýärler.)

YIII-nji görnüş

Gije. Galadaky gyzlaryň umumy ýatakhanasy. Gyzlaryň käbiri uklap ýatyr käbirleri bolsa G a r a s a ç e n ä n i ň ertekisini diňlemek üçin onuň daşyna üýşüpdirler.

G y z l a r y ň b i r i n j i s i . Ene, “Ejeke jany” aýdyp beräý-dä!
G y z l a r y ň i k i n j i s i . Ony düýn gürrüň ber-dä.
G y z l a r y ň ü ç ü n j i s i . Ýok, “Jadyly hünjini” aýt!
G a r a s a ç e n e . Balajyklam men size bu gün öň eşitmedik, üýtgeşik ertekiňizi aýdyp berjek. (Käsesindäki çaýy owurtlap.) Ertekä öwrülen bu rowaýat biziň sähramyzda, biziň ülkämizde bolup geçenmişin. Biziň ýurdumyz ýaly ullakan bir döwletiň patyşasynyň merdanalygy, batyrlygy, adalatlylygy hakda aýdymlar, şygyrlar düzülipdir. Onuň şan-şöhrady äleme ýaýrapdyr. Ýurduň bagtyýar adamlary erkana gezip, bol-telkilikde ýaşar ekenler. Dünýä täjirleri eýläk geçenlerinde-de, beýläk geçenlerinde-de bu asuda ýurtda hökman düşläp geçer ekenler. Emma, berkarar ýurdyň baýlygyna göz gyzdyrýan göriplerem tapylýarda. Ana, şol haýynlaryň biri agyr goşun çekip, ýurda çozýar. Patyşanyň şöhratly goşuny duşmany süregine dykyp gaýdýar, ýöne bu söweşde patyşanyň özi hem agyr ýaralanýar. Ölüm ýassygynda ýatan şa, ornyna ýeke didary—Tumary ýurduň hökümdary diýip yglan edýär. Tumar atasy ýaly adalatly şa boljagyny, baş aladasynyň eziz halky boljakdygyna, Watanyny gözüniň göreji ýaly gorajakdygyna kasam edýär. Owadanlykda, asyllykda, paýhaslylykda Tumar soltandan öňe geçen bolmandyr. Onuň jemalyny bir gören, onuň bilen ýeke gezek söhbetdeş bolan ömür ýadyndan çykaryp bilmez ekeni. Tumar soltanyň kyrk müňlik leşgerriniň ýedi müň sany esgeri gyzlardan düzülen ekeni. Olara bäş ýaşyndan at münmäni, on ýaşyndan ýaý atmany öwreder ekenler. Birje gezek söweşe gatnaşyp, edermenlik görkezip bilse, şo gyza durmuşa çykmaga rugsat beriler ekeni. Gyzlar jeňe gidenlerinde ak atlaryna atlanyp, ak lybas geýiner ekenler. Asmandan inen ýaly, howada “uçup” barýan atlylary gören duşmanyň howy basylyp, goşunyň arasyna dowul ýaýraýan ekeni. Duşmanlar biziň edermen gyzlarymyza “Ak ajal” diýip at beripdirler.
Günlerde bir goňşy döwletiň patyşasy ähdiýalanlyk edip, Tumar soltanyň ýurduna çozýar-da, onuň ýeke ogluny ýesir alýar. Mekir patyşa Tumaryň üstüne sawçylaryny ugradýar, olar patyşanyň niýetini yglan edýärler. Patyşa soltana aşyk bolanyny, özüne durmuşa çykmaklygy teklip edýär we iki sany güýçli döwlet birigse kuwwatynyň has hem artjakdygyny, we hiç bir döwletiň batyrynyp bilmejegini düşündirjek bolýar. Tumar oňa durmuşa çyksa, ogluny ýesirlikden boşatjakdygyny wada berýär. Tumar soltan duşmanyň bet pyglyny, ýagny Tumar şanyň ýurduny özüne tabyn, halkyny bakna etmek hyýalyny bada-bat aňyp, ýigrenýän adamsyna ölse-de durmuşa çykmajagyny sawçylardan aýdyp goýberýär. Şeýdip, Watanyny, eziz halkyny ähli zatdan, hatda girewde saklanýan ýeke perzendinden hem eý görýändigini yglan edýär. Gahar-gazaba münen Tumar soltan, duşmanyň leşgerlerini kül-peýekun edip, ogluny hem ýesirlikden boşadýar. Tumar şalygyny ogluna tabşyryp, agtyklarynyň terbiýesi bilen bolýar we galan ömrüni bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Biziň merhemetli, beýik mertebeil, hökmirowan patyşamyz Kemaleddiniň enesi Tumar soltanyň çowlugymyşyn. (Gyzlar uklap galýarlar. Elleriniň aýalaryny ýokaryk göterip doga okap, dileg edýär.) Eý Taňrym! Biziň rehimdar, merdana hem adalatly patyşamyzy, onuň maşgalasyny we kowum-garyndaşlaryny aman sakla! (Gidýär. Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan oçýär. Ýatakhananyň iki burçundaky şemler sönmän, yşyklandyryp durýar.)
A ý ç i ç e k (Ýatan ýerinden tarsa turup, ör boýuna galýar). Wä-ä-ä-ä... (Gapdalynda ýatan janpenasy ör boýuna galyp, hanjaryny gynyndan çykarýar. Aýçiçegiň beýle gapdalynda ýatan kenizi hem ör turýar. Beýleki gyzlaryň birnäçesi ýassykalryndan başlaryny galdyrýarlar.) Waý, eje jan! (Janpenasyna gysmyljyrap, ýere barmagyny çommaldýar. Pessaý sesi bilen.) Syçan... (Ukysyndan açylan gyzlar wakyrdaşyp gülüşýärler.)
B i r i n j i g y z (gülkisini zordan saklap). A gyz, bu ýüregiň bilen duşmana nädip sürünjek? ( A ý ç i ç e k ýakasyna tüýkirýär.)
I k i n j i g y z (pallap). Duşman ýany bilen syçan göterýän däldir-le, gyz.
Ü ç ü n j i g y z . Şaýly gelini göräýse näderkä?!
D ö r d ü n j i g y z . Gyw, toba diý! Gaýyş-gaýyş! Şaýly geliniň nazary düşen gelin ömrüne hamyla bolman geçýämişin.
B ä ş i n j i g y z . Gyw, Ýataýyň-da indi! Gümüne gitsin-le şo syçan. (Ýorganyny başyna çekýär. Gyzlar düşeklerine geçip ýatýarlar. Sahnaň yşygy ýuwaşjadan oçýär.)

IX-njy görnüş

Gije. M a m a n h a n y ň hüjresi. M a m a n h a n , G a r a s a ç e n e . A ý ş a bilen P a t m a gözleri daňylgy A l t y n j a n y , T u m a ry , G ö w h e r i we P ö w r i z ä n i ellerinden tutup, idip getirýärler.

M a m a n h a n . Altynjan bilen Tumaryň gözdaňylaryny çözüň! ( A ý ş a , P a t m a gyzlaryň gözdaňylaryny çözýärler.) Keşife—duşmanyň goşunyny öwrenmäge Göwher bilen Pöwrize gider. ( A l t y n j a n bilen T u m a ra ýüzlenip.) Baryň, siz atlary taýynalaň! ( A l t y n j a n bilen T u m a r başlaryny egip, çykyp gidýärler. G ö w h e r bilen P ö w r i z ä n i ň alkymyna baryp.) Meni üns berip diňläň! Biriňiz atyňyzyň sag gapdalyna daňylgy, beýlekiňiz—çep gapdalyna. Duşamanyň labyr atan meýdanyny ýumurtgaň şekili diýip göz öňüne getiriň. Ikiňiz hem bir wagtda “ýumurtganyň” bir çetinden girip, “ýumutganyň” daşyndan aýlanyp, “ýumutganyň” o tarapynda duşyşyp, göni gala tarap çapýaňyz. Hiç bir janl-u, jansyz zat gözüňizden sypmaly däl: çadyrlaryň sany, baş çadyryň ýerleşýän ýeri; atlaryň sany, olar eýerlimi, dälmi; goşlarynyň, sülsatlarynyň ýerleşýän ýeri; esgerleriň sany—hemmesini ýatda saklajak boluň. Ertirki hüjümimiz siziň bitijek işiňize baglydyr. Diri gaýdyp geliň! (Ikisini hem gujaklaýar.)
G a r a s a ç e n e (saçakdan nan döwüp, gyzlaryň agyzlaryna salýar. Ikisini hem gujaklap, maňlaýlaryndan öpýär). Sag-aman gaýdyp geliň, balalarym! (Hamsykýar.)
M a m a n h a n . Baryň, Alla ýaryňyz bolsun! Sag-aman gaýdyp geliň! ( A ý ş a , P a t m a gyzlaryň ellerinden tutup äkidýärler. G a r a s a ç e n ä ýüzlenip.) Men birazajyk gyşaryp, gözümiň awusyny alaýyn, gelensoňlar, oýar. (Tekizräk ýeri peýläp gyşarýar.)
G a r a s a ç e n e . Bolýar, ballym. (Ýorgan bilen M a m a n h a n y ň üstini örtýär.)

X-njy görnüş

Duşman leşgerleriniň mesgeni. Garawulbaşy, garawullar. Garawulbaşyň çadyry.

B i r i n j i g a r a w u l (uzaklara syn edip durşyna). Eý-ho-o, onuň uçaýşyny! Ed-dil batböregiň bar-da! Eý, hojaýyn, eý başlyk! (G a r a w u l b a ş y ň çadyryna kürsäp girýär.) Ony bir gör-ä!
G a r a w u l b a ş y . Näm-ow, garawulhana birugsat girýäň! Aldyranyň barmy?
B i r i n j i g a r a w u l . Başlyk,daş çyk! Öz gözüň bilen gör! Görmedikler armanda galar. (Ikisi hem çadyrdan hasanaklaşyp çykýarlar.)
G a r a w u l b a ş y (uzaklara agzyny açyp, aňkaryp seredýär, başyny ýaýkaýar). “Üzeňňisi otdan, jylawy batdan” diýilýän behişti bedewler! Ertirki söweşde biziň goşunlarymyza ýardam bermek üçin perişdeleriň hut özleri aýlanyp ýörler!
I k i n j i g a r a w u l . (ylgap gelýär, sojap dem alýar. Ellerini kelemenledip alysa uzadýar. Bir zatlar diýjek bolup sakawlaýar). E, başlyk... O neme... (Elleri bilen çapyp barýan atyň hereketini şekillendirýär, gollaryny galgadyp uçup baýan guşy şekillendirýär.) O-o... U-u-u-u... (Mytarasyny alyp suw owurtlaýar.) O-o-o...Asman... (Eli bilen suwa çümýän adamyň hareketini edýär, ýene suw owurtlaýar.) Ýüpek ganatly, hä-ä-ä... Hut öz gözüm bilen gördüm! Ýene...ýene asmana, arr... arr... arşa galdylar... başlyk!
G a r a w u l b a ş y (gapdala). Uçýan aty görüp bu neressäň-ä, dili tutylypdyr. ( I k i n j i g a r a w u l a ýüzlenip.) Hany, otur, özüňi dürse! (Sesini haýalladyp.) Balak gurydyr-a?!
I k i n j i g a r a w u l . Hä...näme diýdiň? ( B i r i n j i g a r a w u l hahaýlap, içini tutyp gülýär.)
G a r a w u l b a ş y . Ýok, hiç zat. Bizem seň gören zadyňy gördük. Bar, nokadyňa bar-da, sak dur! Hydyr atany göräýseňem, habar et! ( B i r i n j i g a r a w u l ýene-de gülýär.)
I k i n j i g a r a w u l . Gulak asýan, başlyk! (Gidýär.)
G a r a w u l b a ş y ( B i r i n j i g a r a w u l a) . Güler ýaly näme bar şu ýerde? Bar sen hem nokadyňa! Çalt! Onsoňam uçýan at gördüm diýip, dowul ýaýradaýma, ýaňka-da berk tabşyr!
B i r i n j i g a r a w u l . Gulak asýan, başlyk! (Gidýär.)
G a r a w u l b a ş y . Hanyň dykgatyna ýetirsemmikäm? Aý, ynanasam ýok-la, biziň hem gözümize görünen bolaýmasa... Ýöne üç sany adamyň gözüne şol bir wagtyň özünde, şol bir zat görünäýesi ýog-a! (Oýa batýar.)

Dowamy bar

Kakajan Balkanow
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202