Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:46
Işdäňiz açyk bolsun! (komediýa)
Işdäňiz açyk bolsun!
(komediýa)

Oýna gatnaşýanlar:

1. T ö r e B a t m a n o w, “Berhiz” atly restoranyň eýesi we baş aşpez (Şef-aşpez), 40-50 ýaşlarynda.
2. . R o b o t G a r s o n, robot-ofisiant. “Guýrugynda”—elektrik toguna sokulýan simiň ujunda şteker sallanyp dur. Ony wagtal-wagtal zarýada goýýarlar. “Göbegindäki” düwme basylanda ol işlemesini goýýar. Onuň ýeňsesinde “gözi” bar. Her stolda Roboty çagyrýan pult bar. Ol geplände iňlisler ýaly peltekläp gepleýär. Arasynda, aljyran ýa gatyrganan wagty iňlis bilen türkmençäni garyşdyrýar.
3. Restoranyň zenan işgärleri: L ä l e K a b a ý e w n a we H a j a r .
4. B e z z a t i ş g ä r, aşpez, 20-30 ýaşlaryndaky ýigit.
5. Ş w e ý s a r (Sakçy)—restoranyň girelgesinde durýan, sakçy. Ol restorana gelýän müşderileriň agramyny, boýuny ölçäp, wizitkalaryna belläp, kadaly agramlylary bir zala, artyk agramlylary bir zala, arryklary—üçünjä ugradýar.
5. D i ý e t o l o g—berhiz lukmany.
6. Aşhananyň işgärleri: uly aşpez, aşpezler we olaryň kömekçileri.
7. Ýerli we daşary ýurtly müşderiler.

Baş aşpeziň otagy. Restoranyň işgärleri iş stola birikdirilen uzyn stoluň gyrasynda iki hatar bolup otyrlar. Baş aşpeziň we erkek aşpezleriň birinden özgesiniň saçlary syrylan. Bir-birleriniň kellesine seredip pyňkyryşýarlar, degişýärler. Olar ak başgaplaryny öňlerinde goýupdyrlar. Olaryň arkasynda “Berhiz” sözi ýazylan.

Bezzat işgär (jübüsinden daragyny çykaryp, ýanyndaky oturan aşpeziň syrylan kellesi hamala aýna hasap edip, henek atýar). Kädi, diýýänä, seň kelläňem syrylansoň palaw kädä meňzäpdir-aý!
Birinji erkek aşpez. Seňki ýaly ýaňy guzlap başlan jüýjäň ýumurtgasyna meňzemeýän bolsa bolýa-la. Onyň içinde beýni-seýni barmy, ýa boş göterip ýörmüň?
Ikinji erkek aşpez (Gaharly). Ýigrenýänim papakdy welin, indi bütin ömrüme papakly gezmeli boljag-ow. Saçymyz, sakgal-murtumyz düýbünden syrylan, onda muny geýmek nämä gerek. (Öňündäki aşpezleň geýýän ak başgaby pyzyp goýberýär. Baş aşpez girýär.)
Batmanow(gapydan girip gelşine). Essalawmaleýkim kärdeşler! (Ýerine geçip oturýar, oturanlara göz aýlap.) Hemmäňiz geldiňizmi? Ýagşy. Ýadyňyza düşýän bolsa, geçen ýyl bir müşderiň dolamasyndan saç çykypdy, onuň arz edip barmadyk gapysy ýok, jerime töläp zordan sypypdyk. Anha, düýn ýene bir müşderiň çorbasynda saç çykýar.
Zenan işgärleriň birii. Başlyk, saç aýal maşgalaňkymy?
Batmanow. Bilmedim.
Bezzat işgär (ýanynda oturan Zenan işgäre). Ysgap göräýmeli ekeniň. (Zenan işgär pyňkyrýar.)
Batmanow (elindäki galam bilen stoly tyrkyldadyp). Kimiňki bolanda-da abraý däl-ä. Höre-köşe edip zordan ugradyp goýberdim.
Uly aşpez. Haý, diýseňem Gumanoidiň saçy bolaýmasa...
“Gumanoid” lakamly aşpez (oturan ýerinden). Bar, gitsen-aý! Men-ä geçen hepde müşderileriň ýanyna-da baramok. Zakaz boýunça şäheriň ýaşaýjylaryna nahar daşadym. Etjegiňi edip ilden görjek bolma!
Batmanow. Hany, sögüşmäň!( Uly aşpeze ýüzlenip.) Kim ol, Gumanoid diýilýän?.. Wiý, hä-ä-ä... (Gatyrganyp.) Näme diýseňizläň, “Çarşak”, “Çemçe”, “Manty”... Hiý, şulardanam bir lakam bormy? Siz näme bagşy, artist ýa şahyrmy, özüňize edebi tahallus dakar ýaly? Haçan bir-biriňize ene-ataňyzyň dakan adyny tutup ýüzlenip başlajak? Özüňizem “Işine ökde göreldeli edara” atly bäsleşige gatnaşmak meýliňiz bar. Haýyş edýän, bir-biriňize mümkingadar adyňyz we ataňyzyň ady bilen ýüzleniň. Bu ýeri diňe nahar iýilýän ýer däl, adamlar restorana dynç almaga gelýärler, nahary öýlerinde-de iýip bilýärler. Siz bolsa bir-biriňize “Kädi-de”, “Lüle”. Ullakan adamalar. Utanoňzokmy? Indi bolsa, sizi täze işgärimiz bilen tanyşdyraýyn. (Stolunyň bir burçundaky düwmä basýar. Gapydan sekretar gyz boýnuny uzadýar.) Täze işgär giräýsin! (Sekretar gyz “hoş” diýip gapyny ýapansoň, Robot Garson girýär)
Batmanow (işgärleriň ünsüni gapdalyna gelip duran Robot Garsona çekip, elini oňa uzadýar).Ynha, tanyş boluň! Robot Garson, paýtagtdan biziň işimize kömekçi işgär-robot hökmünde ugradylan, asly ýaponiýaly. Üç dili: rus, iňlis, ýapon dillerini bilýär. Bize işe durmanka programmistler munuň göwresindäki kompýutere türkmen dilini hem salypdyrlar. Edil biz ýaly suwara bilmese-de, naharhanada müşderiler bilen düşünişip bilýär. Ynha, şujagaz ýerinde nagt däl hasaplaşyk üçin kart salynýan yşjagaz bar. Gör nähili müşderiler üçin ýeňillik! Şu düwmä bassaň Robot işe girişýär (Robotyňgarnyndaky düwmäni görkezýär.) Ynha, bu düwmä (Robotyň arkasyndaky düwmäni basýar.) bassaň welin, Robot işlemesini togtadýar. Onuň ýeňsesin-de gözi bar. Şeýle dälmi, jenap Garson? (Robot Garsona sesini çykarman, doňup dur.) Wiý, kärdeşler bagyşlaň! Ýadymdan çykypdyr. (Robotyň arkasyndaky düwmä basýar.)
Robot Garson.Men Robot Garson. Başlyk, näme hyzmat?
Batmanow. Ýok, jenap Garson. Şu günlükçe iş ýok. Ýöne Sizi işgärlerim bilen tanyşdyrmak üçin çagyrdym, ýeriňize baraýyň! (Robot Garson çykyp gidip barýarka, Bezzat işgär onuň aýagyna badak saljak bolup, aýagyny uzadýar, Robot säginýär-de, onuň uzadyp duran aýagyna basyp geçýär-de, çykyp gidýär.)
Bezzat işgär (aýagyny gujaklap “uwlaýar”). Wä-äk, wäk aýajygym-m-m... (Robotyň yzyndan ýumrugyny çeneýär.)
Batmanow. Hany, ýuwaşrak! Näme boldy o taýda?
Uly aşpez (ýanynda oturan ýerinden gygrýar). Başlyk, ol bu gün gyzlara görünjek bolup, täzeje köwüş geýipdir, ol hem bir ölçeg dar çykypdyr . (Zenan işgärler pyňkyryşýarlar.)
Batmanow. Men ýene bir gezek ýatladýan: “işde şypbyk ýa-da ýeňiljek mata aýakgap geýiň, ylgap işlemäge oňaýly bolýar” diýip, näçe gezek aýtdym, ýöne gaýtaladyp ýörsüňiz. Bu, zalda işleýän zenan maşgalalara degişli däl, siz işde näçe gözel bolsaňyz şonça gowy, ýöne çeni-çaky bilen. Pedikýur, manikýur gurallaryňyz öýde goýup gaýdyň. Altyn-kümüş şaý-sepleriňize seresap boluň: ýitirip, naharlaň içinden gözläp ýörmäň, ýa birek-birege müňkür bolup ýörmäň.
Uly aşpez ( oturan ýerinden). Aý, başlyk, bulara aýdanyň ýokýa-maý! Depesine beräýmeseň. (Aýagyny sypap oturan, daş-töwereginden bihabar, Bezzat işgäriň depesinden ýumrugyny çeneýär.) Şypbykly işleseň aýagyň derlänok, şepe, bilýäňmi?
Bezzat işgär. Asyl, hälidän bäri burnuma ýakymsyz ys gelýä diýýän-le, nirden gelýänini aňşyryp bilmän otyrdym . (Uly aşpeziň dabanlaryny synlaýar.)
Batmanow.Zenanlar, maňa soragyňyz, teklibiňiz we arzyňyz ýok bolsa, iş ýerleriňize baraýyň! (Zenan işgärler çykyp gidensoňlar.) Gumanoid... bagyşlaň! Atajan Şamy...Şagel... (äýnegini dakynyp, öňündäki kagyza seredende, işgärleriň arsyndan “Şahanowiç” diýen ses eşidilýär.) Ýok, Şahanowiç-ä bolmaly däl. Aý, bor-la, (syrylan başyny sypalap) Atajan sen näme saçyňy syrdyrmansyň?
“Gumanoid” lakamly aşpez (oturan ýerinden). Aý, başlyk, geçen gezek syrdyramda çagalam gorkdy. Iki sany kiçim meni görenden wägirişip ol otaga gaçyp gidýärler, ulujalam-a düşünýäler welin, ýöne şolaň birinden “Gumanoid” lakamy galdy-da. (Oturanlar gülüşýärler.) Tä saçym ösýänçä, gaçyp-tezip gezmeli boldum-ow. Men syrdyrmaýynam-la, başlyk...
Batmanow.Gazanlaň başynda durup nahar bişirjek bolsaň syrdyrmal-a borsuň. Ynha, men aşhana kän girmesemem syrdyrdym-a!
“Gumanoid” lakamly aşpez (naýynjar). Aý, men-ä onda...
Batmanow. Näme “onda”?
“Gumanoid” lakamly aşpez. Onda men işi tabşyryp gidäýeýin-le...
Batmanow(sesini gataldyp). Bar git! Ýene, şol öňküje teatryňa dolanyp bararsyň-da! Seni gujak alyp garşylajak bardyr-ow, şo taýda! Indi seni o taýyk perde açyp-ýapýançy edip alaýmasalar, başga derde ýaraýarmykaň?! Ýeriňe işgär tapylmaz öýdýäňmi? Anha, bir topar adam işe nobata durlar, gideriňe mähetdel, begenişip gelerler. Nirä gitjek? Gidip, dört sany çülpe çagaňy nädip eklejek? Aýalyňam-a öýde otyr, hiç ýerde işlänok. Özüňem ýokary bilimli kulinar. (Rahatlanyp.) Näme diýsene...Wiý, sen daşary ýurt dillerini bilýäň-ä, şeýle dälmi?!
“Gumanoid” lakamly aşpez. Aý, hawa. Rusça, iňlisçe çalak-çulak...
Batmanow(ýerinden turup,ellerini öňe uzadyp). Ana! Şweýsar wezipesinde işlejekmi?
“Gumanoid” lakamly aşpez. Men näme etmeli?
Batmanow. Restoranyň dälizinde, foýesinde müşderileriň agramyny we boýuny ölçäp, semizleri bir zala, arryklary bir zala, kadalylary bolsa üçünji zala ugratmaly
Bezzat işgär (oturan ýerinden galkyp). Töre Batmanowiç, meni ugratsaňyzlaň şo ýere! Tüýs men başaraýjak işim-dä, şo. (Batmanow “otur” diýýän manyda elini salgaýar Bezzat işgär närazy şekilde oturýar.)
Ikinji erkek aşpez (naýynjar sesi bilen). Başlyk menem köp çagaly. Men işläýeýin girelgede?! Gep getirtmen...
Birinji erkek aşpez(oturan ýerinden Ikinji erkek aşpeziňsözüni bölüp). Seň üç çagaň bolsa, mende öňki maşgalam bilen bäşisi bar. Näme, şu adamlaň senden kem ýeri barmy? (Batmanowa ýüzlenip.) Başlyk, şuň eden işini bizem başararys. Bäý, bular-aý, gazanyň başynda durmasalar bolýar-ow! (Batmanow dymýar, oýlanýar.)
Batmanow(oýlanyp bolansoň ). Mende bir teklip bar. Işgärleriň arasynda bäsleşik geçireliň. Kim ýeňiji bolsa, şol hem bir ýyllap bosagada müşderileri garşylar. (Işgärler” bolýa-da-bolýar” boluşýarlar.) Bäsleşigiň şertleri: ilki bieln berk düzgün-nyzam; ikinji—hünärine ökde bolmaly, ýagny, naharlary datly bişirmeli, bişiren tagamlaryňyzadan müşderiler lezzet almaly; üçünji—öz araňyzda sylagly, mylakatly dostlukly aragatnaşyk saklamaly, müşderiler bilen hoşamaý bolmaly; dördünjiden—edil suwara bilmeseňizem, müşderler bilen düşünişer ýaly haýsy hem bolsa bir (iki bolsa has gowusy) daşary ýurt dilini bilmeli. (Dymyşlyk.)
Bezzat işgär (dymyşlygy bozup). Başlyk, men afrikan dilini öwrenip ýörün, sähelçe galdy.
Uly aşpez (ýaňsylap). Kim düşüner öýdýäň seň o diliňe? Bu döwürde hemme kişi iňlis ýa hytaý dilini öwrenýär.
Bezzat işgär. Awstraliýa göçüp gidemde gerek bolar.
Uly aşpez(gülüp). Eý, Gaýybana Afrika nirde, Awstraliýa nirede?
Bezzat işgär. Meň adym bar—Şöhrat.
Uly aşpez (äwmän). Näme, sen illeň lakamyny tutup ýüzleneňde, bize bolanokmy?
Birinji erkek aşpez.Aý, buň bilen oýun etmäň, how, bilmeýän zady ýokdur. Awstraliýa baryp, ýaşaýjylaryny dograma oturdansoň, olaryň özleri şundan türkmen dilini öwrenip başlarlar, üç ýyl geçmänkä tüçjar baýyň bardyr-da.
Ikinji erkek aşpez (şadyýan, ýaňsylaýar). “Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal”. (Oturanlaryň hemmesi gülüşýärler.)
Batmanow (gülki ýatyşansoň). Onda näme ylalaşdykmy? Soragyňyz ýok bolsa, iş ýerleriňize baraýyň! (Işgärler otagy boşadyp gidýärler.)

Restoranyň ýarymaý aýlaw şekilli foýesi. Bosaganyň ýokarsynda “Berhiz” restorany diýen ýazgynyň aşagynda bugaryp duran boş okaranyň; düýbi deşik çemçäniň; her dili egrelip, her ýana bakyp duran nahar iýilýän çarşagyň; “düwülen” naharhana pyçagynyň suraty asylgy. “Gadagan” sözüni aňladýan, üstüne gyzyl atanak çyzylan tüsseläp duran çilimiň we arak-çakyr içilýän bulguryň şekilleri asylgy. Mobil telefonynyň şekiliniň aşagynda “Telefonda ýuwaş gürläň ýa-da gyzykly gürrüň ediň!” diýen ýazgy bar. Foýeden üç sany “1, 2, 3” belgili gapa girip bolýar. “Birlik” sifriň ýokarsynda erkek we zenanyň şekilleri, “ikilik” sifriň ýokarsynda semiz, garynlak erkek adamyň, “üçlük” sifriň ýokarsynda bolsa hor zenanyň şekili çekilen. Foýedäki Şweýsar (Sakçy) restorana gelýän müşderileriň agramyny çekip, boýuny ölçeýär-de, öňden taýynlanan wizitka ölçegleri ýazyp, müşderileri restoranyň üç zalyna ugradýar.

Köçe. Adamalar restoranyň deňinden eýläk-beýläk geçip gidýärler.

Birinji zenan müşderi (bileje gol tutuşyp gelýän ýanýoldaşyna ýüzlenip). Ezizim, ýadyňdamy, sen maňa ýakymlyja sowgat etjek diýipdiň?!
Birinji erkek müşderi. Hawa gülüm, ýadymda.
Birinji zenan müşderi. Şähermizde “Berhiz” atly täze restoran açylypdyr, şu gün şoňa äkidäý!
Birinji erkek müşderi. O, kelleň restoranymyşyn-a. Başga ýere gidäýeli-le, kesel ýokuşarmy, nämemi?
Birinji zenan müşderi.Men onuň anygyna ýetdim. Aşhanada arassaçylyk düzgünini saklamak maksady bilen, başlyklary aşpezleriň hemmesiniň saçlaryny syrdyrypdyr.
Birinji erkek müşderi. Ýeri bolýar, o taýda ine-gana bir naharlaýarmyka?! Somsa-da bişirýändirler-le.
Birinji zenan müşderi. Adyny tutan naharyň barmyşyn, hatda özge naharhanalarda ýok owkatlar hem barmyşyn.
Birinji erkek müşderi. Ýör, onda, günortanlygymyzy şu taýda iýäýeli! (Olar restorana girýärler.)
Şweýsar (Sakçy) (boýnundan tarketka asylgy. Çep bileginden elsüpürgiç asylgy, sag elinde eşigiň çaňyny kakýan çotga bar. Restorana gelýän müşderileri hoşamaý, güler ýüzli garşylap). Essalawmaleýkim, gadyrly myhmanlar! Geliberiň-de, geçeweriň! (Är-aýalyň agramlaryny, boýlaryny ölçäp, stoluna geçip kagyzlary doldurýar we olaryň ellerine tutdurýar-da, birinji gapa ugradýar.) Baş üstüne, siz şu zala girmeli! Siziň hyzmatyňyzda ofisiant, Robot Garson.

Restoranyň 1-nji zaly (kadaly agramly müşderileriňki). Ýokarda: “Ertirligiňi özüň iý, öýlänligiňi dostuň bilen paýlaş, şamlygyňy duşmanyňa ber” (Hytaý pähimi), atly şygar asylgy. Onuň aşagynda“Gadagan” sözüni aňladýan, üstüne gyzyl atanak çyzylan tüsseleýän çilimiň we arak-çakyr içilýän bulguryň şekilleri asylgy. Mobil telefonynyň şekiliniň aşagynda “Telefonda ýuwaş gürläň ýa-da gyzykly gürrüň ediň!” diýen ýazgy bar. Birinji erkek, Birinji zenan zenan (är-aýal) naharlanyp bolupdyrlar. Robot Garson olaryň ýanynda dur.

Robot Garson. Ýakşi, oren ýakşi! Naharlar tagamlymy?
Birinji erkek müşderi.Tagamly welin, az-maz kemterräg-ä boldy...
Birinji zenan müşderi. Men-ä doýdum. Biz bärik dynç almaga geldig-ä! Ezizim, doýmadyk bolsaň, öýde naharlaýaryn.
Robot Garson. Men ören ýakymly, maňa ören şat. Bir çekdirme, bir palaw, bir “Çeýzer”, bir bulgur şerbet, bir kofe. Jemi kyrk dokuz manat elli teňňe.
Birinji erkek müşderi. Ýoldaş Garson, biz iki adamlyk sargadyg-a, ikisi hem geldi... (Aýalyna.) Ýalňyşýar
Robot Garson.(Elindäki wizitkalary okap durşuna). Siziň agramyňyz we boýuňyz kadaly bolanlygy sebäpli bir paýy ikiňize paýladyk. Siz bir paýyň bahasyny tölemeli. Nagt tölemekçimisiňiz, ýa hasaplaşyk kartyň üsti bilen?
Birinji zenan müşderi (geň galyp). Gowudygyny! Arzanjak.
Birinji erkek müşderi.Hasaplaşyk kartym bar. (Jübüsinden karty çykaryp, Garsona uzadýar.) Kody: on sekiz togsan bäş.
Robot Garson (karty döşündäki yşa salyp çykarýar-da müşderilere petek bilen bile uzadýar). Biziň restoranymyzda naharlanyp, dynç alanyňyza minnetdar! Gelip duruň! (Är-aýal ýerlerinden turup, gapa tarap ýönelýärler.)
Birinji zenan müşderi. (Ýanýoldaşyna). Gowy adam ekeni.
Birinji erkek müşderi. Ol adam däl, robot.
Birinji zenan müşderi. Şonda-da. (Är-aýal gidýärler.)

Aşhana. Läle Kabaýewna, Hajar. Bezzat aşpez zenanlara bir wakany gürrüň berip gülüşdirýär.

Bezzat işgär.Aýaklaryma berk ýasy lyžalary dakyp, her elime-de has:a tutdyrdylar. Edil welosiped sürýänleriňki ýaly dyzlaryma, tirseklerime ýumşak plastmassadan dyzlyk geýdirdiler, gözlerime reňkli äýnek, kelläme-de kaska geýdirdiler-de, “Şöhrat jan , bar, Alla ýaryň bolsun!” diýip depede duran ýerimden arkamdan itekläp goýberdiler. Daş-töweregim gar, töweregime seredemok, diňe öňümi görýän. Birden, aýaklarym almaşyp, omman aşyp gitdim, entegem gar ýumşak, bolmasa maýyp bolaýmal-ow. Sag-aman ýere, wiý, ga:ra gondum. Bir seretsem: lyžamyň biri ýok. Onuň gözlegine çykdym. Nirede bolup biler? Elbetde, ýaňky omman aşan ýerimde bolmaly. Bir aýak lyžaly, bir aýak lyžasyz ýykylan ýerime baryp göz aýlasam, hiç ýerde ýok. Ga:ryň aşagyna gidendir öýdüp, ony peşäp başladym. Meň bu hin gazyp durşuma adamalar bir gülüşýärler, bir gülüşýärler.
Läle Kabaýewna. Tapdyňmy, onsoň?
Bezzat işgär. Hawa-laý. Aýagymdan sypyp, ho-ol aşak—oýa typyp gidipdir. (Zenanlar gyzyl-gyran gülüşýärler.)
Hajar. Afrikada ýaşajak bolsaň lyžada ýöremegiň hajaty hem ýokdur-la.
Bezzat işgär. Afrikada däl, Awstraliýada .(Süýem barmagyny ýokaryk galdyryp, köp manyly dymýar-da çykyp gidýär.)
Läle Kabaýewna. Ol erkek robotmyka ýa zenan?
Hajar. Olaryň erkekgi, aýalam barmy?
[b]Läle Kabaýewna.[/b] Kim hem bolsa biziň konkurentimiz, indiden beýläk gapjyňyň pulluja bolýarmyka?
Hajar. Ýa, menem saçymy syrdyraýsammykam?
Läle Kabaýewna. Ha-ha-ha. Dyrnaklaryňy nätjek?
Hajar. Hawa-la gyz, ne bir düşewüntlije işimiz bardy-da, indi, ana edaraň tozanlaryny süpür, güllere suw ber-de ýör... (Bezzat aşpez gelýär.)
[b]Bezzat işgär.[/b]Ol bärik gelýär.
Hajar. Kim “ol”?
[b]Bezzat işgär.[/b] Häzir görersiňiz.
Läle Kabaýewna. Anha gelýär. (Zenanalar başgaplarynyň aşagyndan saçlaryny düzedişdirýärler, üstlerine serenjam berýärler.)

Robot Garson robotlaryň ýöreşini edip gelýär.

Robot Garson Essalawmaleýkim! Mister Garson siziň hyzmatyňyzda.
Bezzat işgär. O-O-O se-e-er! Tanyş bolalyň: Şöhrat Hojaýewiç! (salamlaşmak üçin elini uzadýar. Aňyrdan eli susakly Uly aşpez gelýär.)
Uly aşpez. Aý, oňa “Gaýybana” diýseňem gaty görüp durasy ýok-la.
Robot Garson. Men ören ýakymly, maňa ören şat, tanyş bolanymyza!
Bezzat işgär.Bagyşlaň se-er! Düzediş girizenim üçin. “Siziň bilen tanyşanyma örän şat. Maňa örän ýakymly, minnetdar!” diýmeli.
Robot Garson (biraz oýlanyp bolansoň). Düzediş girizildi, minnetdar. (Uly aşpeziň ýanyna barýar-da, oňa ýüzlenýär.) Robot Garson, ofisiant!
Uly aşpez [/i](tanyşmak üçin elini uzadýar). Aman Argyşowiç, uly aşpez.
Robot Garson. Siziň bilen tanyşanyma örän şat. Maňa örän ýakymly, minnetdar! (Zenanlara tarap ýönelýär.)
Bezzat işgär(Uly aşpez gidensoň, Robot Garsonyň gulagyna çawuş çakýar). Ser! Düzediş berýänim üçin bagyşlaň! Onuň ady Aman Argyşowiç däl, Ýaman Gargyşowiç bolmaly.
Robot Garson (biraz oýlanyp bolansoň). Düzediş girizildi, minnetdar. (Zenanlara ýüzlenýär.) Salam! Robot Garson, ofisiant. (Başyny egýär.)
Läle Kabaýewna (ýerinden turup tanyşmak üçin elini uzadýar). Läle Kabaýewna, aşpeziň kömekçisi.
Robot Garson. Siziň bilen tanyşanyma örän şat. Maňa örän ýakymly, minnetdar!
Hajar(ýerinden turup tanyşmak üçin elini uzadýar). Hajar, restoranyň işgäri.
Robot Garson. Siziň bilen tanyşanyma örän şat. Maňa örän ýakymly, minnetdar!
Bezzat işgär (Robot Garsonyň gulagyna çawuş çakýar). Mister Garson, Düzediş girizmeli: Läle Kabaýewna däl, Lüle Kebabowna bolmaly; Hajaram Hajar däl, Naçar bolmaly.
Robot Garson (biraz oýlanyp bolansoň). Düzediş girizildi, minnetdar. (Gitmek üçin gapa tarap ýönelýär. Bezzat aşpez howlukmaç çykyp gidýär.)
Hajar. Robot Garsonowiç! Siziň maşgalaňyz barmy?
Robot Garson (aýak çekp, säginýär). Bu sorag maňa düşnüksiz.
Läle Kabaýewna. Aýalyňyz barmy?
Robot Garson. Bu sorag maňa düşnüksiz.
Hajar. Durmuşa çykdyňyzmy?
Robot Garson. Bu sorag maňa düşnüksiz.
Läle Kabaýewna [/i](gapdala). Düşnükli. Ne gawun ne mawun. Agta gatyr.
Robot Garson (Uly aşpeziň ýanyna baryp). 3-nji zal üçin, bir palaw, bir dograma, iki manty, iki tegelek ýagly nan, iki kelemli çorba, iki paklawa, iki çüýşe ülje şerbeti, iki sany “Napoleon” torty, iki guty ýer tudana...
Uly aşpez (ýazyp duran kagyzyny taşlap, ellerini daldaladýar). Haý duraweri, şepe! Sen näçe adamlyk nahar eltjek bolýaň o taýa?
Robot Garson. Bir erkek, bir zenan—iki adam üçin.
Uly aşpez. Sen olary aşa düşürjekmi?
Robot Garson. Bu sorag maňa düşnüksiz.
Uly aşpez. Iki adam üçin köp dälmi, munça nahar?
Robot Garson(jübüsinden bloknotyny çykaryp okaýar). Maňa şulary getirmeli diýip buýurdylar. Men bir ýumuş oglany, Ýaman Gargyşowiç.
Uly aşpez (geň galamakdan agzyny açyp doňup galýar). Nä-ä-me-e?! Ýaman Gargyşowiç?! Pekge diýsäni! Men Aman Argyşowiç, uly aşpez! Düşündiňmi?!
Robot Garson (äwmän). Düşündim. Düzediş girizildi, minnetdar.
Uly aşpez(mejimäň üstüne owkatlary goýup durşuna, hüňürdeýär.) Muňa Gaýybana öwredendir, şoň işidir-le, bi. (Üsti naharly mejimäni gaharly süýşürip.) Me, birine syganok, ikinji gezek gelmeli bolarsyň (ýazan kagyzyna göz aýlaýar, başyny ýaýkaýar). Bäý-bä-ä! Munçany iýip olar nä, hajymelikmikä! (Robot Garsonyň butnaman duranyny görüp.) Näme sömelip dursuň? Bar, äkit-dä! Pekge sen.
Robot Garson(oýlanyp). Düzediş girizildi, minnetdar. Men hemme naharlary bir wagtda, şobada eltmeli. Sag boluň Ýaman Gargyşowiç! (Uly aşpez hyrçynyny dişläp, hüňürdäp, ýene iki mejimäni naharly tabaklardan doldurýar, gözi bilen ümleýär. Garson bir mejimäni depesinde goýup, beýlekileri her eline alyp gidýär, Uly aşpez agzyny açyp, onuň yzyndan aňkaryp galýar.)

Restoranyň 3-nji (hor, arryk adamlaryň) zaly. Ýokarda “Kanagat baý eýlär, nebis har eýlär”atly şygar asylgy. Onuň aşagynda“Gadagan” sözüni aňladýan, üstüne gyzyl atanak çyzylan tüsseleýän çilimiň we arak-çakyr içilýän bulguryň şekilleri asylgy. Mobil telefonynyň şekiliniň aşagynda “Telefonda ýuwaş gürläň ýa-da gyzykly gürrüň ediň!” diýen ýazgy bar. Nahar stolunyň başynda Ikinji erkek müşderi bilen Ikinji zenan müşderi (är-aýal) özara gürleşip otyrlar. Mylaýym sazyň owazy gelýär.

Ikinji zenan müşderi (Ýanýoldaşyna). Bu taýynyň rahatdygyny!
Ikinji erkek müşderi. Hem arassa. Sen bolsa gitmejek bolduň. Düýn goňşy keýwanysy ikisine bary-ýogy kyrk dokuz manatjyk töläpdir, how.
Ikinji zenan müşderi (Gapdala). Ýeri, restorana dynç almaga gaýdaňda bir husytlygyňy öýde goýup gaýt-da. “Berhiz, berhiz”, “Hor bolsaň keselläňok” diýip, gysgançlygy bilen menem iňňä sapaýmaly et-dä , bü.

Üç sany mejimäni göterip Robot Garson girýär.

Robot Garson. Ynha siziň sargan tagamlaryňyz! (Üsti naharly iki mejimäni gapdalky stollara goýuşdyryp, üçünjiň naharlaryny müşderileriň öňünde goýuşdyrýar.) Işdäňiz açyk bolsun! Meni stoluň üstündäki düwmä basyp çagyryp bilersiňiz.
Ikinji zenan müşderi (Öňünde goýlan we gapdaldaky stollarda goýulan owkatlary synlap durşuna, gözlerini petredip, içini çekýär). Hi-iý! Munça naharlary biz nädip iýeris!
Robot Garson. Hiç tolgunmaň! Iýip bilmedik naharlaryňyzy öýüňize äkitmäge rugsat berilýär. Siziň bilen tanyşanyma örän şat. Maňa örän ýakymly, minnetdar! (Çykyp gidýär.)
Ikinji zenan müşderi. Nähili asylzada adam ekeni!
Ikinji erkek müşderi. Ol adam däl, robot.
Ikinji zenan müşderi. Şonda-da. (Gapdala.) Käbir erkeklerden-ä edepli görünýär. (Zala ýene dört sany adam—iki jübüt erkek-aýal girip boş stollara geçip oturýarlar.)

Restoranyň foýesi. Restorana Üçünji erkek müşderi bilen Üçünji zenan müşderi (är-aýal) gelýär. Üçünji erkek müşderi daşky gapydan syganok, onuň ýanynddaky zenan arkasyndan itekläp içeri saljak bolup dyrjaşýar.

Şweýsar (ylgap baryp iki gabsaly gapyny giňdden açyp, är-aýaly içeri goýberýär). Essalawmaleýkim! Hoş geldiňiz gadyrly müşderiler!
Üçünji erkek müşderi(Garnyny gäberdip “haşlap” gelişine, uludan dem alyp). Ouf. Waleýkimessalam! (Aýalyna ýüzlenip.) Biz hajathana geldik öýýdýän...
Üçünji zenan müşderi. Goýsana kakasy, biz restorana geldik ahyry.
Üçünji erkek müşderi (üç sany gapa ümläp). Anha, sered-äý, men ýaly semizler üçin, sen ýaly arryklar üçin... (säginip, ikinji gapyň ýakynyna baryp, üns berip seredýär.) Beh, bu ýerde ZAGS-am bar oguşýan. (Adam boýy aýna gözi düşüp, garnyny içine çekjek bolýar, bilinden tutup göneljek bolýar.)
Şweýsar. Hormatly müşderiler! Bularyň üçüsi hem nahar iýilýän zallar. Zala girmänkäňiz agramyňyzy we boýuňyzy ölçäýeliň! (Ilki bilen Üçünji zenan müşderi gapana münüp agramyny ölçedýär, soň boýuny ölçedýär. Wizitkany dolduryp Zenan müşderä berýär. Üçünji erkek müşderä ýüzlenýär.) Hany, pälwan, indi Siziň agramyňyzy göreli!
Üçünji erkek müşderi. Soňky döwürde terezä münüp gören adam däl, gorkýan. Hakyky agramymy biläýsem, ýüregim ýarylyp ölerin. (Üçünji zenan müşderi ýakasyny tutup:“Toba,toba!” diýýär.)
Şweýsar.Restoranyň düzgüni şeýle. Bolýar onda, özüňize aýtmarsam, ýöne haýsy zala girmegiňizi anyklasam bolýar. (Üçünji erkek müşderi gapana münen badyna, gapandan “zok-zok-zok” sesi çykyp durka: “Gapana iki adam münmek gadagan” diýip gygyrýan adam sesi eşidilýär.) Aý, düşäýseňiz-le, birden gapany döwäýmäli.
Üçünji zenan müşderi. Çak bilen ýazaýsaňyzlaň, oň agramy ýüz elli kilodan aňyrdadyr.
Üçünji erkek müşderi. Meň agramym agramam däl-laý, Şamuhammediň ýanynda men ýalyny gundaýmal-ow.
Şweýsar (wizitkany dolduryp, Üçünji erkek müşderiň eline tutdurýar-da elini ,”2“ sifr ýazylgy gapa uzadýar). Siz bu zala girmeli, a siz bolsa (Üçünji zenan müşderäýüzlenip, ,”3“ sifr ýazylgy gapyny görkezýär), üçünji zala barmaly.
Üçünji erkek müşderi (düşünmän gatyrganýan äheňde). O Näme üçin? Men bu ýere aýalym bilen dynç almaga geldim, ahyryn. Bile geldik, bile oturarys, bile-de gideris.
Şweýsar(ellerini owkalaşdyryp şelaýynsyraýar we çalt-çalt gepleýär). Men siziň restoranymyza geleniňize örän şat. Şu taýynyň diýmäýin diýsem, bir zabun düzgüni bar: her müşderiň öz agramyna we boýuna görä oturmaly zaly bar, oturgyçlaram şoňa görä niýetlenen...
Üçünji erkek müşderi (Şweýsaryň sözüni bölüp). Men oturgyçda oturyp naharlanamok, körpençäň üstünde ýaplanyp iýýän. (Aýalyna ýüzlenýär.) Keýwany, ýör gideli! Bu taýy biziň gelmeli ýerimiz däl ekeni.
Şweýsar (hasanaklap Üçünji erkek müşderiň öňüne böwet bolýar). Gadyrdanym, birje minut meni diňläň! Siz üçin körpençe-de, per ýassygam taýynlarys. Iki sagatjyk, bir sagatjyk oturaýyň, ökünmersiňiz.
Üçünji zenan müşderi. Bor-la kakasy, indi niýet bilen gelenimize görä oturyp gidäýeli-le!
Şweýsar.Onsoňam, içiňiz gysmaz ýaly, islegiňize görä özüňize-de, aýalyňyza-da wideokamera bilen telewizor goýýarys.
Üçünji erkek müşderi (aýalyna). Bar sen giriber, gitjek wagtymyz habarlaşarys. (Üçünji zenan müşderi3-nji zala girensoň,“Bärik gel!” manyda, Şweýsara süýem barmagyny açyp-ýumýar. Şweýsar onuň agzynyň golaýynda başyny egýär, onuň gulagyna assyrynlyk bilen). Oňatja, ýaşajyk zenan ofisiantkalar hem bardyr, hä?! (Gülümsireýär.)
Şweýsar (howlukmaç). Elbetde, elbetde, hawa-la...
Üçünji erkek müşderi. Onda wideokamera bilen telewizoryňy aýyraý. (Adam boýy aýnaň gabadyna gelende, garnyny içine çekjek bolýar, bilinden tutup göneljek bolýar.”Aý...” diýip elini silkýär.)
Şweýsar (gönelip, doňup durýar)
. Hut şeýle. Bir sagatlyk hem bolsa, bir-biriňizden dynç alarsyňyz. (Çotgasy bilen Üçünji erkek müşderiň penjeginiň çaňyny kakan bolýar, üstüne atyr sepýär. Ylgap baryp, 2-nji zalyň iki gabsaly gapysyny açýar, “Buýruň” manynda egilip, sag elini gapa tarap uzadýar. Müşderi zala girensoň, maňlaýynyň derini süpürýär.) Howul bela, sowul bela! (Burçda duran sübsäni alyp, Üçünji erkek müşderiň yzyny atanaklaýyn “kesişdirýär”.)

Aşhana. Läle Kabaýewna we Hajar manty büküp otyrlar.

Hajar(Läle Kabaýewnaiň ýüzüne çiňerilip seredýär). Läle, bir gulakhalkaň ýok-la.
Läle Kabaýewna. (Elleriniň ununy süpürmän, gulaklaryna ýapyşýar). Waý, dogrudanam. (Gapdallaryna garanjaklaýar.)
Hajar.Işe geleňde barmydy?
Läle Kabaýewna. Bardy öýdýän, ýadyma düşenok. (Gapjygyny barlaýar, onuň içinden telefonyny çykaryp, til kakýar.)
Çaga sesi. Haw, eje!
Läle Kabaýewna. Süleýman jan, bar oglum, meň şaý-sep salýan gutujygymy görsene, şo taýda gulakhalkam barmy?
Çaga sesi (birhaýukdan). Ýok, eje!
Läle Kabaýewna. Gowja gördüňmi?
Çaga sesi. Gördüm. (Telefonyň öçürilenligini aňladýan “zuk-zuk-zuk” ses gelýär.)
Läle Kabaýewna (iňkise gidip). Awtobusda gaçyraýdymmykam?!... (Haýdaşlap Baş aşpeziň otagyna barýar. Gapyny kakaýar.)
Baş aşpez. Hawa, giriberiň!
Läle Kabaýewna.Töre Batmanowiç, men bir taý gulakhalkamy ýitirdim, nätsemkäm?!
Baş aşpez. O taýyny aýyryp, gulakhalkasyz işläberiň. Läle Kabaýewna, men size näçe aýtdym: gymmatbaha şaý-sepleriňizi öýüňizde goýup gaýdyň diýip.
Läle Kabaýewna (şumjaryp). Özüňiz-ä “işe owadan bolup geliň” diýýäňiz...
Baş aşpez. Hawa, diýýän. Seresap bolmaly ekeniňiz. Men Size duýgudaşlyk bildiräýmesem, başga etjek kömegim ýok.
Läle Kabaýewna. Onda men gulakhakamy tapýançam mantylary Hajar bükübersinmi?!
Baş aşpez.Bolýar, bar gözläber. (Läle Kabaýewna otagdan çykyp barýarka, otaga kürsäp giren Bezzat işgär bilen çakyşmajak bolup zordan sowulyp ýetişýär-de, çykyp gidýär.)
Bezzat işgär. Başlyk salawmaleýkim! Şe-ef! Ikinji zalda bir müşderi dawa-jenjel turuzýar welin, baryp gaýdaýmasaňyz!
Baş aşpez. Sen näme üçin şu gün işe giç geldiň?
Bezzat işgär. Aý, başlyk, öýden birazyrak gijräk çykaýdym-da.
Baş aşpez. Öýden irräk çykyp bileňokmy?
Bezzat işgär. Wah, çykjakdym welin, eýýäm giç boldy-da (Baş aşpeziň ýüzünden bir zat okajak ýaly çiňerilip seredýär.) Şef, şu gezeklikçe günämi geç, indi gaýtalanmaz.
Baş aşpez. Öň iki gezek dagy günä geçişlik bolupdy, öýdýän. Men saňa düşünýän-le Şöhrat jan, ýöne kagyz düşünenok-da. Agşama çenli düzmäňi ýazyp ýetişersiň-ä?! (Gözi bilen stolda ýatan bir petde ak kagyza ümleýär.)
Bezzat işgär (sesini çykarman stoldan bir tagta kagyz alýar-da, gitjek bolýar-da, dolanýar). Garalama üçinem birjigini alaýyn. (Gapdala.) Agşama çenli ýumşamazmykan-aý (Çykyp gidýär.)

Restoranyň 3-nji zaly. Ikinji erkek müşderi, Ikinji zenan müşderi, Robot Garson, Baş aşpez Batmanow, Üçünji zenan müşderi we başga-da birnäçe müşderiler.

Ikinji erkek müşderi (Batmanowa sesini gataldyp ýüzlenýär). Şu taýynyň başlygy Sizmi?
Batmanow. Hawa
Ikinji erkek müşderi. Adyňyz näme?
Batmanow. Töre. Batmanow.

Dowamy bar

©Kakajan Balkanow
awgust 2023
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 71 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203