Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:53
Ilki ýürek ölýãr /dowamy 1
Şol ýatyşyna günortanlar oýandy. Edil irdenkisi ýaly göwresiniň boşdugyny syzdy. Üstesine kellesem hum ýaly çişip durdy. Stoluň üstündäki ýarysy içilen arakly çüýşäni görüp hakydasyna aýlandy. Ýerde ýatan termometri galdyrdy. Näçe gradus görkezýänini görjek bolup, oňa dykgatly seredip kän durdy, soňam silkişdirip, gutusyna salyp tekjede goýdy.
«Ölünçäm şeýdip ýüreksiz ýaşap ýörermikäm? Öljegiňi nä bilýäň? Ýüregiň bolmasa nädip öljek?.. Dälliremesemem ýagşy».
Guýulgy duran bulguryna elini ýetirip, ony boşatdy, çaý demlendi. Belli bir karara gelene meňzeýärdi. Ýa-da, bu, belli bir karara gelip bilmezlikdi.
Aňynyň bir burçundan hälki enesinden awunan gyzjagazyň agysy eşidildi. Ol adamyň dünýede iň halamaýan zady aglaýan çagaň sesidi.
- Ýalňyşma ýazyjym, meniň iň halamaýan zadym, çagasyny urýan enäň sesi.
- Bagyşla, men muny anyk bilemokdym. Häzirem seniň indi näme etjegiňi bilemok?
- Ony menem bilemok... Hi-hi... Ýüreksizje, buz ýaly, boş bedenim bilen men indi nädip ýaşaryn? Gowusy meni öldüräýsene. Hä? Hi-hi... Maýsa ölmedimi näme?!
- Näme maňa beýle ýiti seredýäň, Maýsany men öldürdimmi? Men ýazýan.
- Ýo-o, ýazyjym sen şuny aýt, Maýsa öldi gerek? Menem öleýin.
- Maýsa öldi. Ýöne ol buz ýalam däldi, ýüregem ýerindedi.
- Ýerindedimikä? Ýerinden gozganan bolaýmasyn? Ony gozganam men bolmaly. Men sebäpli...
Ol adam başyny aşak sallady. Kellesi şeýle bir aşak sallandy, daşyndan özüniňki däl ýalydy. Edil ýaňam kikirdäp durdy diýseň ynanar ýalam däl. Dişiniň arasyndan syzdyryp «Ýogsa-da meniň ýaly-da ýürek durmaz» diýdi. Soňam başyny galdyryp, göni gözümiň içine seretdi-de, gülümsiräp: «Ýitjek bolsa, näme üçin gel-gel şu güne çenli garaşdy?» diýip sorady. «Bilmedim. Ýüregiň ýitenini özüň şu gün bilip galan bolaýma?» Buňa ol adam ýumrugyny stola batly urmak bilen jogap berdi. Men yza çekildim. Ýazgylarymyň yzyny dowam etdirdim.
- Heý ýüregem bir ýitermi? Näme ol kisämdäki pulmy, ýa açarymmy ýiter ýaly?! Men durmuşda, ýok-ýok, ýazyjym ýöne «durmuş» diýip ýazma, «durmuş diýlen söweş meýdanynda» diýip ýaz, ýüregimi aldyrdym. Gör, ho biri wyždanyny aldyrypdyr, o biri aňyny, o biri goşa garagyny gapdyrypdyr, göni uçuda barýanyndanam habarsyz...»
Men ol adamyň «hi-hi-hisine» garaşdym. Ol bolsa uludan demini aldy-da: «Halyl janyň şol söweşde özi gurban boldy...» diýdi.
Halyl ol adamyň özünden iki ýaş kiçi jigisidi. Göz monjugy ýaly üç ogul bir gyzyny döküp ýogaldy gitdi. Halyly ýatladygy Ol adamyň şojagaz çagalar hem jigisiniň çagaka çapylan dodagy göz öňüne gelýärdi. O wagtlar, bolsa on ýaşlaryndady.
- Seniň eliň geldi, ýazyjym. Geçen günlem şolar ýaly wakalardan püre-pür.
Ol adam meniň ýazýanlarymy görünmeýän kagyzlardan okaýan ýaly, gözüni bir nokada dikdi.

* * *

Halyl ikisi çatylan ýaly bile oýnardylar. Bir günem kowalaşyp oýnap ýörkäler Halyl büdüräp ýykylyp dodagyny çapdyrdy. Hemme zat şol bir wagtkysy ýaly. Ýene-de wagt geçýärem diýýäler. Jigisi bir eli bilen doganynyň elinden berk ýapyşyp, beýleki eli bilenem çapylan dodagynyň ganyny saklajak bolýar. Honha ejesem gelýär.
- Eje jan biz ylgap oýnap ýördük. Özi büdüräp ýykyldy. Men ýykmadym. Urma eje.
Diýeni diňlenip urulmaryn öýtse-de, urulmagynyň ahmaldygynam bilýärdi. Ýöne beýle gaty urularyn öýtmändi. Garaşman durka ýaňagyna awundyryjy şarpyk degdi.
- Men ýykmadym diýip aýtdym-a.
- Göz-gulak bolsaň ýykylarmydy şol? Düýe ýaly bolup ýaryşýansyň gaýta. Jigiň ýerine özüň ýykylsaň bolmaýamy, hä? Özüň ýykylsaň bolmaýamy?
Ejeňden degende hasam awundyryjy bolýan şarpyklaryň ýene birnäçesi çem gelen ýerine uruldy...
Ýarsyny boşadan çüýşesiniň öňünde başyny stola goýan ol adam şarpyklar häzirem özüne degýän ýaly iki-baka towlanýardy, şarpyklardan özüni gorajak bolýardy.
- Men nädip jigimiň ýerine ýykylaýyn, hä?
...Üstü-başy gara gan ogluny gören enäň gahary ýatar ýerde ýatmandy. Onuňam jigisini gördügi, ýerine özüniň ýykylmany üçin urulany ýadyna düşüp, ýüregi jigläp, ýumrugy düwüldi ýördi. Nämemiş jigisi igläp ulalanmyş! Ilkinji şarpykda jigisiçe görülmeýändigine namys eden ol adamyň buýsanjaň oglan ýüregi, kapasadan çykjak bolýan guş ýaly gapyrgalaryna gürs-gürs özüni urupdy...

* * *
Häzirem ýüregi uran ýaly boldy. Ol nädip dikelip: «Urdy» diýenini bilmän galdy. Elleriniň ikisem döşündedi. Emma, ellerem, aňam ikinji bir gürsüldini syzmaýardylar. Ol gyssanyp, dermanhanadan getiren fonodoskobyny gabyndan çykaryşdyrdy. Aljyraýardy. Gulagyna dakanlary zol gaçýardy. Köýneginiň ilikleri gyssandygyça kynlyk bilen açylýardy. Bir-iki ilik gopup pytrap gitdi. Ahyry tokga demiri ýalaňaç gursagyna goýdy. Eýläk-beýläk süýşürişdirdi. Uludan-uludan dem alyp gördi. Öýkeniniň haşşyllaýan sesi, ýuwdunmasyna çenli hemmesi eşidilip dur. Emma hiç hili gürsüldi ýok.
Şol iki arada ýene telefon jyňňyrdady.
- Hawa diňleýän. Hä oglum senmidiň?
- Kaka? Işden ýaraman gaýtdyň diýdiler, eýgilikmidir?
- Eýgilikmi dälmi özümem bilemok. Bir hili... ugrum ýok.
- Maşky köpräk edýän bolaýma? Irdenki ylgamaňam azaltsaň nädýär?
- Indi şeýdip göräýmesem... Sizden soramalam däldir welin, ýaraman gaýdanymy nireden bildiň?
- Ýok-laý kaka. Edil beýle-de däl. Orunbasaryňyz jaň etdi. Gelip bilse ertir dokuzdan gijä galman işe gelsin, akademiýaň prezidenti kabul etjek diýdi.
- Maňa jaň etmän saňa jaň etmeleri nämekä?
- Özüňe-de jaň edipdirler. Telefonyň jogap bermändir. Ýogsa öýdesiň-ä?
- Dermanhana diýip çykdym. Şonda jaň eden bolaýmasalar? Prezidentiň bizlik näme işi barka, soramadyňmy?
- Soradym. Daşary ýurtlaň birine iş sapary bar ýaly. Nirädigi heniz anyk belli däl. Afrikada bir ýurt bolmagy ahmal diýdiler. Ertire çenli gutulşarsyňam-la?
- Afrikada bir ýurt diýdiňmi? Öňem bir myş-myş bardy. Şo çynyrgandyr onda. Ertir baraýmaly bor-da...
- Ýaramasaň gitme kaka. Entek gaýa ýok, gopuz ýok. Özüň ýagşy gerek? Menem Aýnany alyp baryp palow bişirdeýin diýip ýörin.
- Haçan gelseň gapy açyk, et bilen tüwä öýde-de bolmaly.
- Baryny özüm alyp bararyn.
- Men öýde. Aý, ýöne işden sypyp bilemok diýip, gelesiňem ýok.
- Barjak kaka, barjak. Häzirlikçe sag bol, saglygyňa seret kaka.
- Bor oglum...
Ol adam telefony goýup maňa seretdi.
- Ýazyjym, bu ne beýle gadyrlysyraýar?
- Ogluňdyr, ýaramasaň görmäge gelmeli bor-a.
- Gelsin, gelsin. Ykmaga gideninden kakasyny soramaga geleni gowy. Mal eýesine çekmese şumluk diýýälermi? Ogul atasyna çekmese nähili bolar onsoň? Özüm gezegenjedim-dä. Hi-hi-hi...
- Ýene Aýna gowy gelin, näme etse-de, nirä gitse-de çydap otyr.
- Gujagy bäbeksiz bolansoň, özüni müýnli duýup zat diýip bilmeýän bolaýmasa. Sahy dünýä inmedik bolanda, Maýsa-da ähli zada kaýyl bolup ýaşar ýörerdi.
- Hany soňky görnen dogtorlary çagaňyz bolar diýipdir ýaly-la?
- Diýipdir özä... Jopbuldap ýören agtyjagym bolsa, maňa-da kem bolmazdy.
- O-ho! Agtyk göresiň geläýdimi? Bu ne täzelik?
- Maňa ynanaslaram ýok. Käşkä enesi bolsa. Men oňarmaýanam.
- Näme oňarman? Işe gideňde çagalar bagyna äkidersiň, gaýdaňda getirersiň. Agşamam öýdejik oýnar, soňam ýanyňdajyk ýatar.
- Ýok, ýazyjym, men bilýän, bu dünýede meňki diňe arzuw-hyýal bilen geçer. Haçan agtygymyz boljak? Olam haçan ulaljak? Oňa çenli öler giderin. Bu sataşan belam näme diýsene? Nasosam bolsa iliňki ýaly işläp dursa bolmaýamy. Bagtym gara bolmasa, Maýsam janyna kast etmezdi. Nähäjyk ölüp gitdi.... Meni nähili gowy görýädi! Bilýäňä?! Men ony... oň meni gowy görüşiçe, gowy görüp bilmedim... Şu wagt ýanymda bolsady, şu wagt... şu wagt...
Maýsa bilen baglanşykly wakalary ýatlamajak bolup dymdy. Hem şol günlerki derdi bu günki derdine derman ýaly ýatlamalaryny gorjady.

* * *
Hawa, «janyçkalaryndan» ýokuşan hapa keselini öýünde bejeren dosty M., ol adama aýalyňy keselhana getirmeli borsuň diýipdi. Ol adamam Maýsany nalaç bölüme gatnadypdy. Üç günüňmi, bir hepdäňmi içinde dosty onam gül ýaly bejeripdi. Emma ten gül ýaly bolany bilen kalp saplanmajak eken. Maýsa üçin ol kesel misli bedenden çykyp ruhuna giripdi. Adamsynyň gijelerine köşeşdirjek bolup:
- Indi beýle zat gaýtalanmaz, Maýsam – diýmesine ol:
- Ýogsa gaýtalanybam bilermi? Namys ölüm ýaly adamda ýeke zat dälmidir? – diýip jogap beripdi.
Ol adam aýalynyň näme diýjek bolýanyna şonda doly düşünmändi. «Ýogsa ýene-de gitjekmidiň ýaramaz aýallaryň ýanyna?» diýlip eşidilipdi.
- Men aýydýana, şeýle zat indi gaýtalanmaz diýip. Näme maňa ynanaňokmy? Sen maňa belet ahyryn. Ýüzüni görmen diýenimiň kim bolsa-da, gapysyndan barmaýanymy sen bilýäň-ä. Ol-a bir gezip ýören… Isleseň enem-atamdan ant içeýin.
- Sen düşünmediň.
- Maýsa, gutuldyk, arassa bolduk. Bir ýazykdan är ölmez.
- Namys ýazykmy, ýazykmy hä?
- Namys, namys diýip gaýtalap durma-da. Näme men indi öläýmelimi?..
Bu sowala jogaby ýaly, Maýsaň agysam sessiz boldy. Ol adam diňe bir zada düşündi, ol hem indi ikisiniň är-aýal bolup ýaşaşmaklary gaty kyn düşer. Kim bilýär ol asla mümkinem däldir.
Içgili gelen bolup aýalyna, şol wagtlar ýaňy on ýaşan ýeke ogluna heňkiren bolup gördi. Emma bular ýaly zatlaryň zyýandan başga peýdasynyň bolmajagy bellidi. «Köp meseleleri wagt çözýär» diýip, sabyr edip gördi. Emma ýagdaý çylşyrymlaşmasa düzelmeýärdi. Ol ahyry Maýsany diňe bir zat — maşgalanyň bozulmagy, sudlaşyp aýrylyşmagyň masgaraçylygy gorkuzyp biler diýen netijä geldi. Bu pikiri bilen aýalyna aýrylyşmak üçin suda arza berjegini aýtdy. Oglundan başga zada baş galdyrmaýan Maýsa nätseň şony et diýýän ýaly bu gezegem ony jogapsyz goýdy. Iş jygba-jyga geldi. Maýsaň şol bir bolşudy. Edil oba gelinleriniň öwrenişýänçäler äriniň ýüzüne göni bakmaýyşlary ýaly, nazaryny gaçyryp özbaşyna, öz bolýan kiçi otagyndan başga otaga-da barman ýaşap ýördi.
Ol adama sudda «Aýrylyşmagyňyz üçin esas gerek» diýenlerinde, dosty M. bir hat taýýarlap berip, ony suda eltmegi teklip etdi. Şol hata esaslanyp sud olary aýrylyşdyryp biljekdi. Bu teklibi begene-begene kabul eden ol adam şol gün M.-iň iş ýeri „Gyzyl haçdan“ işi bitip, keýpi kök gaýdypdy. Dostunyň ýazyp beren hatyny alanda ol edil eline jadyly ýazgy düşüp, şol hat bilenem ýykylmasy golaýlan maşgala ojagyny dikeldäýjek ýaly bolupdy. Şol haty diňe okamaga berende-de, Maýsa toba geler, dyzyna çöker diýip pikir etdi.
Hakykatdanam Maýsa ýaly türkmen aýalyna beýle hat aýylganç hatdy. Onuň aňyrsynda uly masgaraçylyk ýatyrdy. Bu hat bir bolmasy işi gizlin saklamaga derek, ony islendik adam okap, göz ýetirip biler ýaly derejede aýan etmekdi. Bu hata arkalanyp, ol adam aýaly bilen gaty arkaýyn, çalarak haýbat atybam gürleşdi. Diňe soň, boljak iş bolandan soň bu haýbatynyň, özüne bolan ynamynyň nähili gülkünç hem dereksiz ekendigine düşündi.
Dogrusy, Maýsa sudda jaýlaryny, goşlaryny böljekdikleri, oglunyň ejesi bilenmi, kakasy bilen ýaşamaly ediljegini asla oýlanýana-da meňzänokdy. Bu zatlaryň bary öňdedi. Sud ähli kagyzlary, arzalary ölçerip-döküp maşgalany aýryp oturberse, özüniň alaçsyz ýagdaýa düşjekdigini ol adamam aýnada gören ýaly bilýärdi. Bu alaçsyzlyga düşmekden sowlup geçmek üçin suda degişli kagyzlaryny elinde saklap iň soňky synanyşygyna başlady:
- Maýsa meni diňle. Isleseň men bu kagyzlary ýyrtyp ýok edeýin? Ýaşaşaly. Soňky gezek ýalbarýan, ýaşaşaly. Men baryna düşündim. Men ölýänçäm diňe seniň bilen ýaşaryn. Samsyklyk edipdirin, Maýsa. Töweregiňe seret diňe menmi şeýle ýagdaýa düşüp ýören? Erkek bir eşekdir-dä, Maýsa. Suda arza berenime seretme. Seniň arzaň bolmasa bu güýje girenok… Bagyşla Maýsa, bir gezeklik bagyşla.
Suduň kagyzlarynyň güýje girmegi üçin Maýsaň arzasy gerek diýende ol ýalan sözläpdi. Sud üçin Maýsaň arzasy, razylygy bolmadyk ýagdaýynda-da, M.-iň beren haty maşgalany aýrylyşdyrmaga esas bolup biljekdi. Emma ol haty aýalyna görkezmäge, bu barada dil ýarmaga-da, onuň boguny ysmady.
- Ýok ýaşaşmajagam bolsaň, ýaşaşjak däl diý-de, arzaňy ýaz.
Maýsa sesini çykarman bolkonda duran içi hapaly bediräni dökmäge çykdy. Arman içerdäki girse-çyksa aňyna sülekeý ýelmeşýän ýaly ýelmeşýän esasy hapaçylyk bedire bilen daşap gutarardan bimöçber kändi. Şeýdip arassalanmak mümkin bolanda ol bir uly deňziň suwuny bedre bilen daşap gutarjak bolmaga meňzese-de, ony ömri ötünçä daşap gezmäge-de taýýardy. Emma indi ojagynyň päklenmesini asla mümkin zat däl diýip hasap edýärdi. Onuň agyr keselinden bäri bakmaýan hassaňka meňzeýän ýüzünden ynsan kalbynyň bagyşlamak ukybynyňam çäginiň bardygyny okap oturmalydy.
Biraz salymdan adamsy bilen aýrylyşmaga razydygy hakynda ýazan arzasyny getirdi. Maýsa her ýagdaýa düşende-de, maşgalasyndan geçer öýtmedik ol adam arzany haýran bolup okap oturşyna alaçsyz galdy. Bu arza onuň üçin diňe maşgalaňdan, çagaňdan aýrylmagy aňlatmaýardy. Ol şu wagta çenli ýaşan ömrüňe, söýgüňe atanak çekmek, iliň gözünden düşmek, ýaşaýyşyň ähli tagamyny ýitirmek diýmekdi. Şonda-da ol adam bu ýagdaýyna «Aýaly bilen aýrylyşyp ýören gytmy» diýip özüni köşdirjek düşünjeler bilen garady. Emma, köşeşmäge derek ýüregi ezildi. Aýylganç bir wakanyň bolanyny syzdy.
Şol wagt bolkon tarapdan Maýsaň çirkin sesi geldi. Ylgap çyksa hol aşakda aýalynyň gana bulaşyp jesedi ýatyr…
Ol adam ilki gözüne-de ynanman, soň bolsa liftiň gelerine-de howlugyp basgançakdan ylgap aşak düşýänçä töweregiň baglaryna seredýän Ybraýym aga gana bulaşyp ýatan Maýsaň gyzyl gyňajyny ýüzüne ýapyp ýetişipdi. Hereketsiz, gaňyrlyp ýatan elleri rezeli goýup, eşiklerini düzedişdiripdi. Indi kelläň degen ýerindäki gan diýäýmeseň Maýsa ýüzüni ýapyp, rahat ýatana meňzeýärdi. Ol adam gelişine Maýsaň ýüzüni açjak boldy. Ybraýym aga ony döşünden itip, zor bilen saklady.
- Oglum, kysmatydyr. Özüňi dürse. Öleniň yzynda ölüp bolmaz. Maňlaýynda bardyr, bendäň. Kir serişdirjek boldumy, nätdimi aýagy taýandyr. Beýdip köçe-de ýatmasyn, adamlar, öýe ýygnalyň.
Az salymyň içinde hümer bolup üýşen adamlaryň biri bir ýerden aşagyna düşär ýaly köneräk keçe getirdi. Ybraýym aga «sen beýt, sen eýt» diýip gaty parahat buýruk berýärdi. Jesedi göterip keçäň üstünde ýatyrdylar. Ýarylan kelleçanakdan ganyň gelmesi henizem kesilenokdy. Ýaşulyň aýdyşy ýaly dört adam keçäň daşyndan jesedi gujaklap göterip alyp ugradylar. liftiň agzyna gelenlerinde Ybraýym aganam aljyraňňylyk basdy. Jeset lifte sygmaýardy.
- Şu gidişiňize basgançak bilen gidiberiň bolmasa.
Ol adam adamlaryň öňüne geçip sakga durdy. Jesedi çala dikeldibiräk gujagyna aldy-da, lifte girdi.
- Dur-dur, öli diriden agyrdyr, götertmez. Oglanlar biriň kömek ediň.
Emma ol adama nädip kömek etjek? Kimdir biri liftiň ýedilik ýazylgy düwmesine basdy. Liftiň içinde ýene birine ýer ýokdy. «Agyrdyr» diýilenini eşidenden boldumy ol adamyň dyzlary biygtyýar epilip çommaldy. Bu dünýä gelip, eden ähli etmişleri gujagyna berlen ýaly boldy. Oňa şu wagt kömek etmän haçan etjek? Ol adamyň welin, isleýän kömegi – kömek etmek isleýän ynsanlaryň gözünden halas bolmakdy. Bu dilegi kabul bolan ýaly liftiň gapysy ýuwaşlyk bilen ýapyldy.
Şeýdip ol adam, gujagynda Maýsa ýokary göterlip ugrady. Maýsaň ýyly ganynyň soňky damjalary keçeden geçip onuň goluny jümşüldetdi. Dartylyp duran gyňaç jesedi biynjalyk edýän bolaýmasyn diýip ony çekmekçi boldy. Elindäkini tas gaçyrypdy. Bäbegi elinden gaçjak bolan ene ýaly gorkan ol adam, gyssanyp jesedi berk bagryna basdy. Bu zatlara parhsyz lift iňläp ýokary göterlip gidip otyrdy.
«Wah şeýdip göterle-göterle o dünýä çenli bileje gidip bolsa bolmaýarmy?»
«Bolmaýaýar» diýýän ýaly lift ýedinji gata ýetip sakga durdy. Gapy ýene ýuwaşlyk bilen açylanda agzynda garaşyp duranlar jesedi aldylar. Ol adam gan bolan bilegini gizlemäge gyssandy. Ýerinden turmaga rowgaty ýokdy. Maýsaň erkek doganlaryndan biriniň turmaga kömek etjek bolup elini uzatmasyna ol bilegindäki gan yzyny görjek bolýandyr öýdüp tisgindi. Birdenem kömek ediljek bolunýanyny aňyp:
- Sen baryber, özüm turaryn – diýdi.
Özüm turaryn diýse-de, wagty bilen aýagy ýazylmady. Onýança-da liftiň gapysy ýapyldy-da, aşak inip ugardy. Liftdäki öçügsi sary ýagtylyk ýeke galan ol adamyň beýnisini gurşap aldy. Esli wagtlap ol hiç zady görmedi, hiç zady eşitmedi, hiç zada akylam çatmady. Iki garagyna saman, çöp-çalam dykylan ýaly bar zat sarylygyň aňyrsyndady.
Tabyda mündürlen Maýsany ýedinji gatdan aşak düşürmegem aňsat düşmedi. Sähne ýaly bolup ýören ol adam indi ony gujagyna alyp lift bilen düşürip biljek däldi. Asla düşürjegem bolanokdy. Obadan gelen ýaşulylaryň biri gaharyna «Ölüsini otlamalymyka munda ýaşaýanlar? Nä myrdar bü?» diýip, elindäki hasasyny diwara urdy. Lifte-hä asla sygmajak tabyt, basgançaklardanam aýlatdyrmansoň, tabydy boşadyp, jynaza duruljak ýere jesedi keçäň arasyna salyp düşürdiler. Içinden ruhy giden öli däl-de, özi dar basgançakda iki ýana aýlanana meňzeýän ol adamyň jeset ýere düşenden soň dünýesi giňedi.
Tabytda ykjam ýerleşdirilip, üsti örtülen Maýsa: «Indi boldy. Men iň dogrusyny etmedimmi näme? Meniň bilen ýaşaşmagyň, ýa-da menden aýrylyşmagyň aladasyny edip ýörmän, sen indi öýüňe arkaýyn girip çykarsyň. Tabydyň haýsy ýana öwürseňem dar basgançakdan geçmeýişi ýaly, ikimiziň bile ýaşaşyp bilmejegimizem görnüp duran zatdy ahyryn. Onsoň iki jahan owarrasy bolup ýörenden ahyrynda barmaly dünýämi saýlanym dogry dälmi? Oglumam garnyny dok, eşigini bitin etseň, meni küýsese bäş gün küýsär. Öýeribilseň soň menem gerek bolman, senem» diýen ýaly boldy.
Ol adam boş beýnisine bu pikirleriň nireden gelendigine haýran galdy. Onynça-da jynaza namazy okalyp bolnup, Maýsaň ýakyn dogan-gardaşlary ses edip tabydy ýerden göterdiler. Ol adam märekä goşulmaga zordan ýetişdi...
Bölümler: Powestler | Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202