Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:42
Ýerdäki melegiň ejeligi

ÝERDÄKI MELEGIŇ EJELIGI

O döwürlerde Günüň doguşy başga bolupdyr. Dünýe öwüşgin atýar, ähli zat şeýle reňkdar. Ýaşyllar hakyky ýaşyl, gyrmyzylar hakyky gyrmyzy. Howanyň tämizligi bir başga, tüssede zäher ýok. Serhetler ýok. Däpler serhet, din-iman serhet. Eli gylyçlylar alaman bilen, pukaralar halalyň yzynda. Akdan garany saýlamak aňsat eken o döwürde. Her kimiň ýoly belli. Çeşme boýy süri-süri käkilik, keýikler-umgalar owlaklaryny yzyna düşürip dereden-derä agyp-dönüp ýör. Awuçysyz bolmaz, elbet. Ýöne ynsap bar. Magtymguly ýaly ärler dünýä inip biler ýaly ynsap bar. Ynsabyň çeşmesi, diniň nury Döwletmämmet Azadyň içersi ýaly içeri bar. Alamançylykly, çapawulçylykly o döwür türkmene ägirtleri getiren döwürdi. Dogrusy, döwürmidi getiren? Döwrüň elinde getirere zat bar bolsa bu günem getirerdi. Gelenler döwüriňki däl, döwür gelenleriňki...

Onuň MAGTYMGULY boljakdygyny hiç kimse bilmedi. Azadydan başga. Kakasy bolany üçinem däl. Çünki Azady ýönekeý bir kaka däldi. Onuň arzuwam, islegem, dilegem diňe Alla bilendi.

***

Her dem diýsem ýa Alla, Hoja Bahaweddin diwana.

***

– Orazgül, Allanyň bu guluna kakamyň adyny dakaýsak näder?
– Siziň diýeniňiz bolar kakasy.

Azady ene süýdünden doýanja bäbegi kybla bakdyryp ýatyryp sag gulagyna azan aýtdy. Çepine kamat. «Seniň adyň Magtymgulydyr», «Seniň adyň Magtymgulydyr», «Seniň adyň Magtymgulydyr». Onuň ady Magtymguly boldy. Bir hurmany çeýnäp suwuny bäbegiň dodajygyna çaldy, doga-dileg etdi. «Her dürli şeýtanlardan, şerlerden, her dürli ýaman gözlerden Allanyň ähli kelemelerine sygynýaryn».

Şeýtanam gelmelidi. Bütin ömrüne onuň ýanyndan aýrylmajak şeýtan. Azady ony kowjak, ýazyksyzja bäbegiň ýanyna ýakynlaşdyrmajak bolup Alladan medet soraýardy. Emma, Allanyň emridir – şeýtan geldi. Ýatanja bäbegiň MAGTYMGULY boljagyndan gorkup geldi. Olam bäbegiň gulagyna egildi hem üç gezek «Kim bolsaňam özüň bol» diýdi.

***

Özüň bolman, dagy kim bolarsyň? Her kim bolup bilersiň. Goňşyň çarwa-çopandyr, çopanam bolup bilersiň. Adyny göterýäniň şygyr söýen ýonaçy bolup geçipdir, ýonaçam bolup bilersiň. Dünýede her kim her kime meňzäp gitmänmi näme? Kimisi at üstünde, kimisi hat üstünde. Hemmesem ýazgyt üstünde... Azady «Oglum dil çykaranda Lä ilähä illallah diýip dil çykarsyn» diýip dileg etdi. Bu dilegi kabul boldy.

***

Magtymguly dil çykardy. Çala peltekläp «Lä ilähä illallah» diýdi. Ilki «Lä ilähä» diýdi. Muny üç dört gün kakasy bilen gaýtalap, birdenem «Illallah» diýdi. Azady begenjinden näme işleýänini bilenokdy. Şükür namazyny yzly-yzyna okaýardy, dileg edýärdi: «Allahym hidaýet edenleriň arasyna bizi hem goş. Afiýet berenleriň arasyna goşup, bize-de afiýet bagyş eýle. Dost edinenleriň arasyna goşup bizi hem dost edin. Bize kerem eýlän zatlaryňa bereket yhsan eýle. Bolmagyny höküm eden zatlaryň şerinden gora. Höküm edýän Sensiň, Saňa garşy höküm edip bilen bolmaz...»

***

Magtymguly «Eje» diýdi. Birdenem, ejesiz galdy. Bir eliňden kakaň tutar, beýleki eliňden kim? Ýa ejeň öz ýerini erenlere, çiltenlere goýup gitdimi? Ýogsa, heý gidermidi! «Eje, eje, eje...» diýip aglady. Zübeýdä saklatmady. Goňşy-golamlara-ha asylam. Ýene kakasynyň gujagynda eline berlen ýelegi kagyza çyrşaşdyryp güýmendi. Ýazgyda düşünerden, ýelegi dogry tutardan has, has çagady.

Ýene ejesizligiň özi ony köşeşdirdi. Ejesi toýa gidende yzynda aldanyp galyşy ýaly bolmady. Gaýdyp, ejesiniň gelmejegini bildi.

«Gör, hiç ýerde ejeň ýokdur» diýýän ýaly Zübeýde ony gujagyna alyp daga çykardy. Güýjüniň ýetdiginden. Mundan ýokary çykmaga gorkýança göterip äkitdi. Sojaýardy. Hyrçyny dişläp, daşdan-daşa basyp barha ýokary galýardy. Beýle beýige Magtymgulyň ilki çykarylşydy. Gorkudan gözleri tegelenip, aglamagy unutdy. Sygyrlar goýun ýaly kiçijik, goýunlar guzy ýaly. Adamlar – nokatlar. Öýleriniň agzyna üýşüpdirler. Agaçlaryň başy çaýkanyp, elenip dur...

– Zübbe, gaýdaly.
– Onda aglamaly.
– Aglaman, gaýdaly...

***

Azady oňa ýene ýelek bilen kagyz berip, özi Kur’an okaýardy. Biynjalyk bolup, aýatlaryň arasynda, göz gytagyny çagalaryna aýlamaga mejbur. Zübeýde, doganlary, Magtymgulyny aglatmajak bolup daşynda. Hem özleri aglamajak bolýardylar.

Ýetimligiň ýarasy bitmeýär, ol diňe pynhan saklanýar. Näçe gizläp bildigiňçe şonça ýanyňdaka gowy. Ol gülüşýär, degişýär. Senem has beter gizleýäň. Gizledigiňçe gizlemesi kyn. Böwede suw sakladýarmy näme, dert sakladar ýaly? Ýüregiň endireýär. Ine agar, ine agar. Nähili agyr... Çaga gaýraty muňa neneň ýetýärkä? Çaga paýhasy nädip muňa akyl ýetirip bilýärkä? Allanyň gudratynyň çägi ýok. Derdini beren dermanynam bile berýär.

Azady Kur’an okamasyny dowam etdirdi. Öňem şeýledi, indi-hä hasam, Kur’an, Kur’an, Kur’an.

***

Derdini beren ýene bir derman uzatdy. Bir gün çagalara ejelik, Azada höwür boljak bir gazak aýal öýüň töweregini syryp-süpürip ýör. Azadyň öýüniň töwergi şeýle-de islän ýeriňde namaz okabermeli arassa ahyryn! Perişdeler mekany ol. Şägirtler, talyplar, sopular bu öýe hyzmat edip bilse, müň sogabyň özlerine ýazyljagyny bilýärler. Gazak aýal eli sübseli süpürere zat tapman dur. Ol şägirdem däl, talybam. Ol gökden uzadylan derman. Ýogsa bu jelegaýda gazak barmy, golaý-goltumda Maňňyşlak barmy?

Bu derman hasam Magtymgulyny çalt derdinden saplady. Onuň daga çykarlandaky gorkusyny basyp ýatyrdy. Eje küýsemedi. Tä wagty gelýänçä.

Tä wagty gelýänçä Magtymgula ejesiz galany misli dagyň çigrek ertirinde biri gelip, ýylyja ezýaka köýnegini çalşandan beter bolmady. Başgasyny geýýänçä, aralykda ýalaňaç çaga arkasyna sowuk şemal çaldy, bolany. Emma wagty gelende welin ol erbet dert bolup gozgady. Dagdan sil inen ýaly ýüregine ejir indi. Özüni kimdir biri pylçap ýere uran ýaly boldy. Ýazgyn gaşlary çytyldy.

«Ejem däl eken. Ejem ýok eken. Gazak eken. Bir ýerlerden gelenmiş. Ejemiň ýerine...» Kakasynyň ýanyna ylgady.

***

– Ata, Pygamberimiz «Jennet eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr» diýýär.

Azady joş bilen hadysy şerifi arapça okady.

– Dürdäne sözler, başym gurbany bolsun.

– Ata... meniň haýsy ejemiň...

Oglunyň bu sözüne Azadyň endamy tikenekläp gitdi. Öňünde balkyllap, ýazyksyz gözler dur. Näme diýjegini bilmedi. Özüne agram salyp, ýuwdunyp: «Ene enedir oglum. Olaryň ikisiniňem dabanynyň aşagynda jennet bardyr» diýdi.

– Ata, maňa ol seň ejeň däl. Ol gazak sen türkmen diýdiler.

– Parhy näme oglum, biziň hemmämiz Allanyň deň bendeleridiris. Hakdyr oglum, ol seň ejeň däl. Ejeň pahyryň ýogalanyna alty ýyl bolup barýar. Iman baýlygyny bersin bendä. Ýöne... – başga nähili atlandyrjagyny bilmän säginip – gazak ejeňem... gowy görýänsiň-ä? – diýdi.

Magtymguly biraz sesini çykarmady. Balkyldaýan gözler aşak indi. Soňam ýene kakasyna dikildi.

– Öz ejem, gazak ejemdenem gowumydy?

Azady ogluna bada-bat jogap bermedi. Näme diýsin?

– Oglum. Men saňa mesepbaşymyz Ymam Agzam hakynda gürrüň beripdim. Ýene bir zady aýdaýyn, Ymam Agzam Serwerimiz gaty ir kakasyndan jyda düşýär. Seni ejeligiň ulaldyşy ýaly, ony kakalygy ulaldýar. Emma, bir gezegem kakalygymyň elinde ulalmaly boldum diýip gynanmandyr. Çünki herki zadyň sakasynda Alla durýandyr. Kim bilýär, hakyky kakasy Ymam Agzamy Ymam Agzam edip ýetişdirip bilermidi? Kakasy bolan bolsa, has gowam bolup bilerdi... Kim bilýär? Bu zatlara aklymyzyň ýetmejegi görnüp dur. Biz «eýle bolan bolsa, beýle bolan bolsa» diýip diňe ynsany ejizligimizi ýüze çykarýarys, şeýtanyň alyna gidýäris. Menem, senem häzir «ejeň bolan bolsady» diýsek azaşarys. Häzirki ejeňi agladyp, şeýtany güldüreris. Şol gazak ejeň öýümiziň bosagasyndan ätläli bäri sen onuň gujagyndan düşmediň. Indem Allahym kalbyňa şeýtanyň ýara salmasyndan gorasyn...

***

«Ol ejem. Hem ejem däl. Ejem däl bolsa ejem diýermidim? Ejem diýenim bilen ejem bolýarmy?»

– Janam, näme ýüzüň salyk?

Ol sorasa-da, Magtymgulyň bu halyndan habarly, bir zatlar aňýan ýalydy. Mahal-mahal gulagyna pyşyrdap «Öweýdigiňi ýadyňdan çykarma. Näçe jan çekseňem dogurmadygyňa eje bolup bilmersiň. Bir gün ýüzüňe gelende bilersiň aýdýanlarymyň dogrudygyny...» ýene-de bir topar şuňa meňzeş zatlary diýip gidýän şeýtana hernäçe gulak asmasa-da, böwrüni diňlänini duýman galýardy. Magtymgulyň ýüzüni kese-kese sowmasy, birdenem bir zatlar sorajak bolup golaý-golaý oturşy, sorap bilmänem ýüzüni sallap gidişi... Bularyň hemmesiniň özi sebäplidigini aňypdy.

Magtymguly ahyry sorady.

– Eje sen haçan geldiň?
– Nireden?
– Öz ýurduňdan...
– Sen çagakaň...
– Ejemiň ýerinemi?
– ...Ejesizligiň ýerine balam.
– Balam diýýäň, balaň däl ahyryn men.
– Balamdanam ilerisiň. Balam sençe bolmazdy.
– Ejem senden gowy bolandyr.
– Ejäň ýerini tutjak barmy näme?
– Onda näme üçin geldiň?
– Bar git diýdiler... Ejeň bol diýdiler...

***

Magtymgula eje bolmak ýüki üstüne ýüklenen bu zenan Türküstan ýurdunda, Maňňyşlagyň çölünde ýeke galypdy. Ady Aýsuludy, Aý jemally Aýsuludy. Ilki ejeden-kakadan aýryldy. Soň adamsam ýogaldy. Ýeke başyna güzeran görmesi kyndy. Gel diýýän kändi. Emma hiç kim ony göwnedip bilmeýärdi. «Ýüregime daş asylgy ýaly» diýerdi. «Barsamam, baran içerime dert bolaryn...»

Bir gün düýşüne Hezreti Muhammet girdi. Başy ýaşyl selleli, ýanynda-da jennet buşlananlar bar. Düýş, emma, düýş ýaly ömre degýän düýş! Elinden tutup jennete alyp barýarlar. Aýsulu «Ýok» diýýär. «Utanman neneň gireýin? Gör ahyr jennetde kimler bar? Ol-a jennet eken, şu dünýede beýle adamlaryň oturan öýüne-de girmäge het edip bilmen.»

«Bolýar» buýurdy. «Onda adyna Azady dakanymyň içerisine gir... Türkmenleriň ýurdunda ýaşaýandyr, dag içinde. Bir gün hersi bir ýanyňda öýe salarlar. Bu saňa jennetden habardyr. Barçasyna güýji ýeten Kadyrdyr...»

Oýandy. Kim ol Azady? O nähili, hersi bir ýanymda?

***

Aýsulu türkmenleri gyzka-da görüpdi. Zyýarata gelerdiler. Olara gözi gidip garardy. Görmegeý, salyhatly, az geplärdiler. Pygamber sünnetine, Allaha ybadatlarynda berkdiler. Ýurtlaram owadanmyş. Şol gezekki gelenlerem dagda ýaşaýanlardy.

«Dagda, daşlaryň arasynda ýürekleri gysman nädip ýaşap bilýärkäler?»

Bu günem özi gitmeli daglaryň arasyna. Ýa şeýtanyň alymyka? Ünjä gitdi, ikirjiňlendi. Soň ýene türkmenleriň ýurduna barýan kerwene goşulyp ýola düşdi. Azadyny türkmenleriň arasynda kimden sorasa tanady. Döwletmämmet Azady... Garry Molla...

«Gaty garrydyr. Idetjegi ýokdur. Soň... amanadyny tabşyransoň yzyma dolanaýaryn.»

Azadynyň obasyna geldi. Biriniň gapysyndan «Men seni idetmäge geldim» diýip nädip barjak? Ýogsa biri öňüňe düşsünmi? Ol-a has beter aýp.

Sährasyny goýup gelen Aýsulu hakykatdan daşlaryň arasynda galan ýalydy. Gysylýardy, janyna-jaý, gidere ugur tapanokdy.

«Gapysyndan maslahatyna, doga-dilegine mätäç bolup barýan kändir. Menem şolara goşularyn. Düýşümi aýdyp bererin. Nähili ýorsa şo bolar».

Azadylaryň öýüni salgy aldy. Aýaly bende göz monjugy ýaly çagalaryny döküp gidipdir.

Düýşümde «hersi bir ýanymda» diýdiler. Düýşe bolşy ýaly düşünilmeýän bolaýmasyn? Ýa başga bir Azadymyka? Eý Hudaýym, öňüňdäki güni ýaşamasaň ol gün başyňa näme düşjegini biljek gümanyň ýok. Haýyrlysyny eýle. Resulyň «bar» diýdi. Menem geldim. Müşgülimi aňsat et.

Aýsulyň ýüregi agzyndan çykaýjak bolýardy. Ýüreginiň sesinden gorkdy. Ynha öýleri. Çaga sesleri gelýär. Öýde aýal ýokdur diýer ýaly däl. Daş-töwereklerinde hemme zat ýygnaşykly, ýerli-ýerinde, syrylyp-süpürlipdir.

Dowamy: https://edebiyat.clan.su/news....28-2059

© Ylvas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/yerdaki-melegin-ejeligi-745/
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 154 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 3.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 19
avatar
0
1 Мango • 17:36, 28.11.2023
«Allahym hidaýet edenleriň arasyna bizi hem goş. Afiýet berenleriň arasyna goşup, bize-de afiýet bagyş eýle.

afiýet - içdäň açyk bolsun manysynda ulanylýar.
bärde AFF-sözüni ulanyljak bolan bolmaly.
"Afiýet (Affiýet) berenleriň" däl-de "AFF edenleriň" (bagyşlanlaryň) bolmaly ýaly...
avatar
0
2 Mekan2 • 17:46, 28.11.2023
şu wagta çenli seredilen nokatlardan düýbünde tapawutly nokatda durup seredilip ýazylypdyr. tas meň pozisiýama ýakyn nokat. haladym.

ýöne ýekeje mesele bar: biziň halkymyz bärdäki ýazylan zatlary eşidäýse (kän okamansoňlar eşidäýse diýýän), buň bir çeper eserdigine seredip durmazlar. şeýlede Magtymgulyny mukaddesleşdirýäler, ýazylan zatlar hakykatdanam bolup geçendir öýderler.

soň, halkyň arasyna şeýle bir gürrüň ýaýraýsa... gepiňem diňledip bilmeýäň.

Magtymgulyň beýikligine hiç hili şübhäm ýok, ýöne Isa a.s ýa hz Alyň ýagdaýyna düşürmejek bolmaly. ifrat etmejek bolmaly.
avatar
0
3 Мango • 17:48, 28.11.2023
– Ata, Pygamberimiz «Jennet eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr» diýýär.
Azady joş bilen hadysy şerifi arapça okady.

«Jennet – eneleriňiziň dabanynyň aşagyndadyr» hadysynyň arapça okalyşy (aýdylyşy) öeýle eken:
Eljennetu tahte akdämil ummuhät.
avatar
0
4 Mekan2 • 17:48, 28.11.2023
afiýetiň diňe işdäň açyk bolsun manysy ýok. manysy giňiräk.
avatar
1
5 Мango • 17:56, 28.11.2023
Ýene bir zady aýdaýyn, Ymam Agzam Serwerimiz gaty ir kakasyndan jyda düşýär.

"Iki jahan serweri" diýip Pygamberimize diýilýänini bilýäris. şu ýerde Ymam Agzama hem Serwerimiz sözüni ulanmak dogrumy? göwnüme o sözi diňe Pygamberimiz üçin ulanylýan ýaly.
avatar
0
6 Мango • 22:11, 28.11.2023
başga manysynyň biri - saglykmy?
Ylýas agaň özi aýdaýmasa Azadyň dogasynda "afiýetiň" saglykdygyny ýa-da aff (bagyşlanmakdygyny).
avatar
0
7 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:02, 28.11.2023
Arapça "Eljennetu tahte akdämil ummuhät" bolsa, onuň terjimesi "Jennet eneleriň aýaklarynyň astyndadyr" bolar.

"Jennet (siziň) eneleriňiziň..." diýip ruslar terjime edýärler.

Arapça bilmesem-de, şular ýalyjaklary aýdyp biljek. "Sizin" manyda bolsa "...kum" diýlip goşulmaly.
avatar
1
8 Medicall • 02:42, 29.11.2023
Magtymguly Pyragynyñ şu goşgusyny hemem ýene bir şuña ýakyn ýazylan goşgusynda (şol kitap işde, ýanymda bolsa onam göçürip goýardym şu mahal) okañda Ejesine ahyny hem-de Ejesi Magtymguly beýle kiçikä aýrylmadygyny doly duýmak bolýar:

KAÝDA SEN?

Neýleýin, tagty weýran Süleýmanym, kaýda sen?
Amanady berer boldum, bir imanym, kaýda sen?
Tagty-täjim eýesi, eý soltanym, kaýda sen?
Iki dide görejim, sahypkyranym, kaýda sen?
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Bu pelegiň zulmy bilen birje zaman gülmediň,
Waý purum diýip gala, men misgini almadyň,
Toýlarymda şat bolup sen, ajap nazar salmadyň,
Birje zaman eglenip sen ykbalymy bilmediň,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Ser salyban bu zemine, arzymy men sözlesem,
Taparynmy, mähribanym, jemalyňy gözlesem,
Deşte çykyp, zary-girýan, ençe günler bozlasam,
Barça pişeden geçip men bu jahany yzlasam,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Gül roýuň görmemişem, bu pelek
gerdişiden,
Bihabar boldy nalaýyp, pelek tutan işiden,
Halas eýläp öter boldy bu pany
teşwüşiden,
Indi men geçmişem, waý, bahar,
nowruz, gyşydan,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ne hasraty ötürip sen, kördür görmez gözlerim,
Uly jemagatlar içre boldy syýa
ýüzlerim,
Asal eripdi bu gün zäher bolmuş sözlerim,
Daglarym deşte dönüp, dag bolupdyr düzlerim,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Ýowuz galyp bu jahanda telmurar bu şirin jan,
Sensiz indi men pakyram boldum, neýleý, natuwan,
Gymmatyndan aýrylypdyr, gözüme
zyndan jahan,
Ýörisem misli guýun dek, taparynmy bir nyşan,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Pederim, dözmeý bu derde huna
boýýalmyş Kuýaş,
Ol eziz janyň bilen pelek, meger, kylmyş talaş,
Sil ornuna iki dideýimden akmyş ganly ýaş,
Zähri-katyl ýuwudyp men, geýenim kepen puşeş,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ger ki bir söweş kylardym alnyda bolsam meger,
Bu hijranyň çarhy bilen neýleý ýandy jany-jiger,
Hazan bady urdy güli, kyldy bagy serbeser,
Käýişimi Hak eşitmez, ýanar boldy bu jiger,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Ýyglar boldy dagy-daşlar ol rowany sil bilen,
Hak alnynda nalyş kylmyş Jeýhun bahry, Nil bilen,
Bag içinde ýesir bolmuş bilbil, bakyň, sünbül bilen,
Pederim Azady ýyglar ýomut, gökleň il bilen,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda sen?

Pany jahandan gidipdir bakyga gözel aýyň,
Soltanyndan jyda düşdi, ýyglar boldy saraýyň,
Üzülipdir kirşi onuň, oksuz weýrandyr ýaýyň,
Diýdigim galat imesdir, meger, behiştdir jaýyň,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

Aýdadyr Magtymguly ki, bu dessany bagladym,
Men ki misgin perzendiňem, daga çykyp agladym,
Sorag jaýynda şypa diýp, Ýaradany çagladym,
Goýmaýan panyda bary barçany
soragladym,
Walydam, Mekge-Medinäm,
mähribanym, kaýda Sen?

© Magtymguly PYRAGY.
avatar
1
9 Medicall • 02:49, 29.11.2023
Hekaýa erbet däl, emma çuñ ýazylmandyr. Belli şahsyýetler, halkyñ hakydasundaky şahslar hakda ýazyljak bolsa hakykatlara doly salgylansa has ýerine düşjek-da.

Azadynyda Magtymguly bilen gürrüñdeşliklerinde bir zatlar (bärden gaýtmalarmy?) ýetmedik ýaly.

Ylýas aga ýaly Ussat ýazyjynyñ galamyndan Magtymgily Pyragy ýaly Ussada has içgin esere garaşýanym üçinmi, garaz beylebir göwnejay bolubermedi bu hekaýa...
avatar
0
10 Mekan2 • 10:26, 29.11.2023
Afiýet – hem beden hem ruh saglygyny, ähli dertlerden azat bolmagy aňladýar. Oň üstesine hem bu dünýäde hem ahyretde ynsanyň başyna gelip biljek erbetliklerden halas bolma ýalyrak manylaram aňlatman duranok ýaly.

Bu eserde Azady hereketleriniň köpüsini Pygamberimiziň (s.a.w) sünnetine we hadyslara görä edýä (täze dogan çaga hurmany çeýnäp, suwuny bermek ýaly).

Dileg hakda şeýle hadyslar bar.

1.
hz Abbasyň aýdyp beren wakasyny Ebül-Fazl gürrüň berýä:
Bir gün Allahyň Resulyna:
– Ýa Resulallah, maňa Allah Tagaladan dilär ýaly bir dileg öwret – diýdim.
– Allahdan afiýet diläň – buýurdy.
Birnäçe günde soň ýanyna baranymda ýene:
– Ýa Resulallah, maňa Allah Tagaladan dilär ýaly bir dileg öwret – diýdim.
Pygamberimiz (s.a.w):
– Eý Abbas, eý Resulallahyň amjasy (pylan kakasy), Allahdan afiýet diläň – buýurdy.*

2.
Hz Ebu Bekiriň aýtmagyna görä bir gün Resuly Ekrem (s.a.w) münbere çykdy we aglamaga başlady. Soň sahabalara: “Allahdan af we afiýet diläň, çünki kişä imandan soň afiýetden has haýyrly zat berlen däldir” buýurdy.**

3.
Bir söweşde-de sahabalara: “Duşman bilen garşylaşmagy dilemäň, Allahdan afiýet diläň” diýip maslahat berýär.***

4.
Resulallah Serwerimiz (s.a.w) azan bilen kamat arasyndaky edilen dilegi Allah Tagalanyň ret etmejegini aýdanda, sahabalar şol wagt (azan kamat arasy) nähili dileg etmelidigini sorapdyrlar. Resulallah (dünýädäki atomlaryň we olaryň elektronlarynyň sany ýaly salat we selam bolsu) “Dünýäde we ahyretde Allahdan afiýet diläň” buýrupdyr.****

Soňky
Biri Pygamberimizden (s.a.w) afiýetden başga-da dilär ýaly zat öwretmegini sorapdyr. Allahyň Resuly (s.a.w): “Eger Allah Tagala saňa dünýäde we ahyretde afiýet berse, mundan soň sen bütinleý halas bolduň diýmekdir” buýurýar.*****

* Tirmizi “Dawat”, Ahmet ibn Hanbel “Müsned”
** Tirmizi “Dawat”, Ibn Maje “Dua”
*** Buhari “Jihad”, Müslim “Jihad”
****Tirmizi “Dawat”
***** Tirmizi “Dawat”, Ibn Maje “Dua”
avatar
0
11 Мango • 10:35, 29.11.2023
düşündim. minnetdar.
avatar
1
12 Mekan2 • 10:50, 29.11.2023
"goýber ýakany" diýýän dälsiňä, mango akga.
akyllysyrajak bolýan ýaly duýdumaý şumat özümi (ähek-ähem)

degişýän, ýüzümem şeýle :-)
avatar
0
13 Мango • 11:01, 29.11.2023
käwagt ýakaňdan tutsalar derman bolaýýar.
ýöne kä sözler bar. köp ulanylanyndan ýa başga zatdan şo sözi eşdeniňden başga assosiasiýa berýär.
mysal üçin: "ýoldaşlar" diýilse, ol näçe başga manyda has has ýürekden diýilse-de derrew kommunistler ýada düşýär.
älemgoşaram şeýle. näçe owadan zadam bolsa, indi älemgoşar reňklerini göreniňden başga pikirler kellä gelýär. çekinýäň älemgoşar reňkli zatlary almaga.

"afiýet olsun"-laram meni bulaşdyrdy. :-)
men "aff"-dyr öýtdüm aslynda.
ýene bir gezek minnetdar.
avatar
0
14 Ýaran_Ýagmyr_99 • 16:13, 29.11.2023
Dogry, Magtymgulynyň çaksyz mukaddesleşdirilmegine bizem garşy. Emma şu hekaýada ony öň bilýän zatlarymyzdan artyk mukaddesleşdirme göremok.

Eger Magtymgulynyň melege deňelmegini göz öňünde tutýan bolsaňyz, munda hiç hili küpür ýok. Adamy hudaýlaşdyrmak we pygamberleşdirmek küpürdir. Melek atlandyrmak başga. Musulman ýurtlarynda hatda ruhanylar hem biri hakda “ol duranja perişdedir (melekdir)” ýa-da bir topar adamlar hakda “Olar barypýatan perişdeler ahyry” diýip bilýärler. Munda küpür ýa-da üýtgeşik arşa göterme ýok, onsoňam munuň göçme manyda aýdylýany hemmä belli.

Taryhda (gadymy Müsürde, hatda häzir hem, meselem, ABS-da) “men – Hudaý” diýen ýa-da gaty köp adamlaryň özlerini pygamber yglan eden halatlary köp bolupdyr. Özüňi ýalandan pygamber yglan etmek hem, ýalan pygamberlere ynanmak hem ullukan gänä, sebäbi bu adamlary ýalňyşdyryp, hak ýoldan sowup bilýär. Çünki diýlende, pygamberler Hudaý tarapyndan adamlaryň arasyndan saýlanyp bellenilýär. Erkek adamlar pygamberligiň şertlerine laýyk bolsalar hem-de ynsana mahsus hyjuwlaryny ýeňip, bu wezipäni ýerine ýetirmäge ukyply bolsalar, Hudaý olara bu missiýany ýükleýär. Elbetde, pygamber päk nebereden bolmaly, Hudaýyň öňden ýalkany bolmaly, özem Muhammet SAW-dan soň hiç hili pygamber bolmaly däl.

Melek-perişdeler bolsa adam ýaly toprakdan däl-de, arassa nurdan ýaradylan. Onsoň ynsandan pygamber çyksa-da, perişde çykmajagy belli. Ynsana perişde diýip “päkize, günäsiz, günä etmäge isleg-hyjuwsyz” manysynda aýdylýar. Özem bu onuň arşa göterildigi däl. Günä etmeýän adam melekden ýokary çykýar, bu dünýäde-de, o dünýäde-de melekler onuň hyzmatynda bolýarlar. Çünki günäsizlik melegiň hyzmaty däl, adamyň bolsa – hyzmaty. Adam günäden saklanmak üçin nebsiniň hyjuwlaryna garşy göreşmeli, olary ýeňmeli bolýar. Melekde bolsa nebis ozaldan ýok, şonuň üçinem olar Hudaýyň emirlerini gyşarnyksyz berjaý edýärler. Meleklere munuň üçin Alladan sylag ýok, melek ýaly adamlara – bar.

Meselem, her ikindin jaýyň öňünde oturan üç adamyň biri köçeden geçip barýan gyzlary nebsewürlik bilen synlap, olary hyýalynda ýalaňaçlaýar, şeýdip günä gazanýar diýeli. Ikinjisi olara seredip, diňe biriniň aýaly, uýasy, gyzy... bolan bendeleri görýär, şeýdip gözüni günäden arassa saklany üçin ahyretde ýalkanýar. Üçünjisi – kör. Ol gözüni günäden arassa saklany üçin ýalkanyp bilinmez, çünki gözli bolsa nähili etjegi belli däl. Şu halynda ol günäsiz, şonuň üçin jeza bolmaz, emma ikinjiniň owadan “zatlary” görübem, pikirini arassa saklany üçin gazanan sogabyny ol gazanmaz. Çünki bu ýerde nebsiňi azdyrýan keşpler ýok, göreş ýok, toba ýok, onsoň sylagam ýok.

Perişdeleriňki hem şolar ýaly. Günä etmekde olar 100 göterim inwalid diýen ýaly barlyklar. Olar käte adam keşbine girselerem (şonda-da köplenç ganatly), şonda-da adam ýaly azmaýarlar, çünki diňe keşpleri ynsan. Harud-Marud azypdyrlar, emma bu Hudaýyň hikmeti we gudraty bilen bolan zat, aslynda bolsa meleklerde jyns hyjuwy bolup bilmeýär.

Meleklere köplenç körpe çagalary meňzedýärler, olar şol ýagdaýda ölseler ahyretde hasap soralman, melege öwrülýärler diýýärler. Çünki çagalar hem entek perişdeler ýaly ynsan hyjuwlaryny, günäli isleglerini bilenoklar we “aň-düşünjeli” günä etmäge ukyply däldirler.

Çagalardan soň melege has meňzeýänler bolsa ýene-de ynsanlar däl-de, eýsem haýwanlardyr. Olar hem melekler ýaly, günäli islegleri, şehwet, nebis arzuwlaryny bilýän däldirler. Şu nukdaýnazardan alnanda diňe, aýdaly, kepderi däl, eýsem laçyn hem, möjek, ýolbars-gaplaň hem melege meňzeýärler. Olar iýjeginden artyk rysk gözlemeýärler, diňe Hudaýyň buýrugy bilen ýaşaýarlar. Şonuň üçinem olar beden taýdan ynsanlardan hapa bolsalaram, aň taýdan olardan arassadyrlar. Netijede, olaram neresse çagalar ýaly sorag-sowala çekilmän jennete salynjakdyr.

Şeýlelikde, “perişde ýaly goja”, “perişde ýaly ene”, “melek ýaly neresse çaga”, umuman, ‘melek ýaly ynsan” diýmek – “günäden päk”, “ýalandan, galplykdan, gara pikirden uzak”, “çirksiz arassa” manysynda gelýär. Magtymguly hem çagalykda, megerem, şeýle bolsa bolandyr. Bu ýerde kesä çekerlik üýtgeşik zat ýok.

Onsoňam, awtor muňa Magtymgulynyň geljekki şahyrlygynyň şerti hökmünde garaýan bolmaly. Magtymguly – sopy, ýagşyzada, aryf şahyr, bu onuň döredijiliginiň aýratynlygy. Dünýäde käbir genial şahyrlar bolan, olary melege däl-de, arwaha meňzetmek has ýerlikli bolardy.

Bir gazak aýalynyň öz aýagy bilen Azadynyň hyzmatyna gelendigi öňem ýazylýardy. Magtymgulynyň öz wagtynda hylwatda gezip, käte agzyndan ak köpük saçyp ýatanlygy bolsa onuň öz şygyrlarynda hem bar.

Emma Magtymgulyny pygamberleşdirmek bolsa dogry däl. Oňa pygamber diýlende sözüň göni manysynda aýdylman, “türkmeniň pygamberi”, “milli pygamberimiz” diýilse, şol manyda hem birine beýle diýmäge dinde rugsat ýokdur.
avatar
0
15 Mekan2 • 16:38, 29.11.2023
aýdara zat kän. häzirlikçe diňe birini aýdaýyn:

"Harud-Marud azypdyrlar"

soňy şunuň ýaly bolmagy ahmal diýjek bolýan. adamlar rowaýata ynananyny bilmän galaýýalar. aslynda welin o ikisi azanok. öňemä bir eseriň aşagyna şu temadan bir zatlar ýazan ýaly bolup durun. o iki melek hakynda Kuranyň "Bakara" süresinde agzalýar.

häzir biraz işim bar. soňrak
avatar
0
16 Mekan2 • 17:20, 29.11.2023
öňünden aýdýan, Magtymgulyň beýikligine hiiiiiiç hili dawam ýokdur. beýikligine çynym bilen ynanýan.

her abzas hakda bir agyz ýazjakdym, näme ýazjagymy bilemok.

meň ýanymda Magtymguly hakda gürlän kişileň gürrüňinden çen tutsaň
obadaşlarynyň biriniň gyzy üçin ýanyp-köýüp ýören(hatda käbirleri göni şo diýip adyny tutmasa-da babnik ýaly edip goýýa) diýibem ynanýa, weli diýibem ynanýa.

Magtymgulyň bir bendinem bilýän däldir, ýöne "Magtymguly şeý diýipdir" diýip özüňden tapyp bir zat diýseňem gutardy. "O diýen bolsa dogrudyr" diýýäler. bulam, onýaly zat häzire çenli bolmadygam bolsa(!), çemeçileriň Magtymgulyny (aslynda kimem bolsa çenden aşa sylanýan kişileri) öz bähbitleri üçin ulanmagyna eltip bilýä.

Ýene Magtymgulyny haýsy ugurdan beýik görýäs? şahyrçylykdamy, ylymdamy ýa uhuwwetdemi? jogaby bilýän: hemmesinde diýerler. ony nämeden bilýäs? goşgularyndan. bolýa, G. Mülli bilen Magtymgulyň goşgularyny tapawutlandyryp bilýäsmi? men-ä bilemok. onda G.M da Magtymguly ýaly, şoň derejesinde şahyr, alym, weli bolýamy?

pikirim bulaşyp pytrap barýa, gabajak bolaýyn.

Melek sözüne soň üns berdim. oňa-da garşy. Men gazak aýalynyň düýşüni gözöňünde tutdum. bolup biler. bolmajak zat däl. ýöne anyk bolmansoň, halk hakyky bolup geçen waka diýip ynanar. "Çagalygyndan Pygamberimiz (s.a.w) gözegçilik edipdir" diýen ýalyrak (fantaziýalarynyň ýetişine görä ýene goşup) gürrüň ýene 50 ýyldan ýaýrasa-da, o bir eserden alnandygyna seredip durmazlar. taryh hökmünde gararlar. men kän halkyň arasynda gezip ýören birem däl welin, şonda-da nämeler eşitdim. haýran galyp ýetişip bolanok.
*3-4 sany molla özara gürrüň edip durka How enä birini gowrup iýdirdiler, olam şeýtan bolup çykdy.
*magtymgulyny geljekden habar berýän etdiler (bu kän gabat gelýä).
*bir ahun dejjalyň äpet döw ýaly bir jandardygyny aýtdy.
*harut bilen marutyň azandygyny aýtdylar :-)

dowamy kän.
avatar
0
17 Atsyzatly • 18:08, 29.11.2023
Her kim öz içindäki Magtymgulysy hakda ýazýar. Maňa Oraz Ýagmyryň "Magtymgulynama" atly kitabyndaky Magtymgulysy has ýakyn gelýär, ýöne Nobatguly aganyň "Magtymguly" romanyndaky Magtymguly hem biçem däl. Dili labyzly, obrazy we hereket edýän gurşawy ajaýyp.
avatar
0
18 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:28, 29.11.2023
Magtymguly hakynda aýtmaga, elbetde, zat kän, ol köp dawaly meseleleriň çatrygynda duran şahsyýet. Emma her näme-de bolsa, bir anyk meseläniň başyny tutup, şondan pikir ýöretseňiz gowy bolardy.

Meniň ýokarky teswirimiň rezýumesini berip topbaklaýyn:

Melekleriň hem, haýwanlaryň hem ýekeje missiýasy bar: olar gulluk üçin iberilen. Olarda saýlaw, alternatiwa, wariant ýok. Şonuň üçinem olara sorag-sowal ýok, olar jogapkärçilikden boşadylan.

Ynsan synag üçin iberilen, onda saýlaw bar. Bir ýoly saýlap, ol meleklerden ýokary galyp bilýär, beýleki ýoly saýlap, haýwanlaradan pese düşüp bilýär. Ynsana sorag-sowal bar, ýagşy amalyna hasap, ýaman amalyna azap bar.

Dogry, "Ynsanda nähili erk bolup biler, erk-ygtyýar ýeke Allada, täleýi adam dogulmanka Ol kesgitleýär" diýseňiz olam dogry.

Ynsan logikasynda bu iki pikir gapma-garşy gelýär. Emma Alla üçin bu gapma-garşy däl.

Ynsan birinji düzgün boýunça amal etmeli, ikinji düzgün boýunça umyt etmeli, ýagny ozaldan ýalkanandygyna umyt edip ýaşamaly.

Dinde logika däl-de, mistika höküm sürýär, Magtymguly bolsa ilkinji nobatda mistik şahyr. Men ol barada aýratyn aýdaryn.

Şeýlelikde, gürrüňiň "döwli" ýerine geleliň.

Magtymgulyny hem, başga birini hem (ynsap özümizde) biz näçe isledigimizce "melek" atlandyryp bileris. Sebäbi ol diňe päkligi aňladýan söz.

Emma pygamberlik dawasy başga. Muhammet SAW-den soň birine "pygamber" diýmek küpürdir.

Onsoňam "melekligiň", ýagny ahlak taýdan çirksizligiň umuman şahyryna zehin bilen gös-göni baglanyşygy ýok bolsa getek. Hut Magtymgulynyň şahyrana zehini onuň päkligi, melekligi bilen baglanyşykly bolup biler, emma ol her bir şahyr üçin hökmançylyk dälmikä diýýän.
avatar
0
19 Sylapberdi • 23:35, 30.11.2023
Şojagaş Älemgoşarly ýerini soñky ýazyp ýören romanymda ulanaýjagam boldum-ay, Mango akgasy!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203