09:27 Ömrüňiz uzar | |
ÖMRÜŇIZ UZAR "Ber, berekediň artsyn!" bu kakamyň köp gaýtalaýan, gowy görýän düşünjelerinden biridi. Emma men bu pikire garşy gidip bilmesemem, içimde çiglik duýýardym. Beýle bir gysganyç bolmasamam, eli açyklardanam däldigimi bilýän. Hawa, il-güne berip bilseň oňa ýetesi zat barmy, ýöne beriberseň zadyň artman kemeljegi görnüp durmanmy? Matematikada-da bir zady köpeltjek bolsaň goşmagy ulanmaly, aýyrmak hemişe düýp sany azaltmak bilen bolýar. Bu hemmämize mälim, üýtgewsiz kanun. Onda näme üçin bermeli?! "Bereket" diýilýän zady aýyrmak-goşmak ýaly anyk görüp bolanok. Bu ýerde gep owadanlamak, adamlary adamkärçilige, jomartlyga çagyrmak mysaly bir niýet bar ýaly. Türküräk, sadarak bolsaň, bu gepe-de aldansaň gazananjaňy ile paýlar ýörersiň-dä. Berekedem bereketdir, welin, tygşytly bolmagy unutsaň, onyň-onyňa zordan ýetip durbermese? Göwnüme bolmasa, bu pikirim bilen köp kişi razylaşaýjak ýaly. Bereniňden alanyň has ýakymly bolany üçin meniň bilen razylaşýanlar geliň, bu pikiri köre-körlük bilen kabul etmäliň-de, ýene azajyk aňyrrak seretjek bolup göreliň. Gapymyzdaky erik agajynyň oturdylanyna 5-6 ýyl bolansoň, aşagynda gowy kölegeläýmeli daragty bar. Ýöne şunça ýyldyr hiç miwe berenok. Her ýyl ak patrak bolup gülleýär, "Şu ýyl-a çagalara erik dadyrsa gerek" diýdirýär-de, soňam gülüni dökýär durberýär. Aşagyna ak düşek düşelen ýaly bolup görünýän güllere nebsiň agyrýar. Belki, biri-ikisi galandyr diýip şahalaryň uçlaryna seredýäň - ýekejesi dagy bolsun-la. Indi şol erigi çapyp aýyraýmasam, alaç galmady. Boýunam alypdyr, çapmaga-da dözer ýaly däl. Bermezek ynsanam şu erige meňzeýän-ä däldir? Ýok, biz gysganyç däl, ýagdaýymyz boldugyndan töweregimize peýda-da etjek bolýas. Miwe bermesegem, kölegämiz bar. Ýöne hasylynyň agyrlygyndan şahasy ýere degjek bolup duran, aşagyna paýa etmeseň miwesini göterip bilmän şartyldap döwülýän, göreňde gözüň gidýän agaja meňzeýärismi?! Ýa bize gury kölegelik ýeterlikmi? Aý, ol her kime başrdaýýarmy? Başardanok. Başarmak üçin "Ber, berekediň artsyn!" diýen düşünjä doly düşünip, oňa eýermek dogry bolaýmasyn? Ýöne berekedi artsyn diýip, zadyňy öňküsindenem köpeltjek bolup, maksatly bermek dogrumyka? Meň-ä ýeňip bilmesemem ýigrenýän zadym - hantamaçylyk. Bir hili beýle niýetli bermek, biriňi iki etjek bolup söwdagärlik eden ýaly görünýär. Ýalňyşmasam, beýle niýet bilen uzak beribem bilmersiň. Bahym berekediň artmaýan ýaly, bereniň iki bolup yzyna dolanyp gelmeýän ýaly boluberse gerek. Diýmek, berekediň artmagy üçin bereňde "goşmak", "aýyrmak" pelsepesini unutmaly. Bermän bilmeli däl. Munuň üçin ýüregiňde şol miwesini göterip bilmeýän agaja bolan söýgüň aňyrdan bolmaly ýaly görünýär. Bir döwürler köwüş bejerdilerdi. Köneldimi zyňyberesiň gelmeýärdi. Menem ilden üýtgeşik däldim. Köwüşçi ussalaryň ýanyna kän gezek baranym ýadyma düşýär. Häzir olar ýok diýen ýaly. O döwürlerde ädikçi ussa yhlas bilen kiçijik kulbesinde, çekijini gaýgyrman urup köneje köwşüňi täzä berimsiz etmäge çalyşardy. Edil Gurbannazaryň "Asatur agasy" ýaly. Ussa işini bitirdim edip, nyrhyny aýdar. Bir gezek, ussa bilen hasaplaşyp öýüme barşyma "Aý, ýaňy bäş-üç manat artyk beräýmelidim" diýip ökünipdimem. Ädikçi ussa köwşümi şeýle gowy bejeren ýaly boldy. Asyl, birnäçe günläp her gezek irden täze bejerden köwşümi geýjek bolamda şol ökünjim hakydamda oýandy durdy. "Bäş-üç manadyň çykmaýan ýeri barmy" diýýänim şu günki gün ýaly ýadymda. Ýok, tarhandökerlik, pullysyramak höwesim ýok. Höwesim şol miwesi ýere degjek bolup duran agaçda. Görüp dursuň, adam diýýän bahasyndan has köp zähmet çekdi. Diýenindenem artygyrak bereňde seňem uly puluň çykanok. Şol döwürlerden ýene bir ýadyma düşýän zat, köp gatly jaýlarda ýaşaýan tanyşym her gün irden süýt satyn alýan eken. Bir daýza gapylaryna getirip satar eken. Dostum: “O daýzaň satýan süýdi durşuna gaýmak. At dakar ýaly däl. Aýdýan bahasyna on degýär. Men-ä indi şo daýzadan şojagaz baha litirläp süýt almaga-da utanýan. Artyk berjek bolsamam alanok. Ilden çyk welin nyrhdan çykma diýipdirler diýýä” diýip gürrüň berdi. O tanyşym daşary ýurtdan gelen gurluşkçy injenerdi. Süýdüň öz ýurtlaryndaky nyrhyny aýdyp başyny ýaýkardy. Şunça gepiň başyny agyrdyp, dogrusy men "ber" sözüniň aňyrsynda diňe zady, baýlygy göz öňünde tutmadym. Söýüň, söýgüňiz artar. Begendiriň, begenjiňiz köpeler. Dertliň derdini paýlaşyň, derdiňiz ýeňlär. Kömege mätäji goldaň, goldanarsyňyz. Iliňize, ýurduňyza haýyrly, sogap işlere yhlasyňyzy beriň mertebäňiz beýgeler. Ömrüňizi beriň, ömrüňiz uzar diýmekçidim. © Ylýas AMANGELDI Çeşme: https://makalam.com/omruniz-uzar-633/ | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |