Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:50
Sag gözüm çep gözüme mätäç

SAG GÖZÜM ÇEP GÖZÜME MÄTÄÇ

Ber bereketiň artsyn diýdik. Emma berere mätäç barmy? Bu makala mätäçlik hakynda. Onda-da uly mätäçlik hakynda. Dünýämizi aýlap duran mätäçlik hakynda.

Beýik Pyragyň «Sag gözi çep göze mätäç eýleme» diýen meşhur setirini bilmeýän türkmen az-az bolsa gerek. Menem goşga düşünelim bäri bu setiriň, tutuş şol goşgunyň aşygy. Mundan soňraky aýtçaklarym Beýik akyldar şahyryň bu sözleri bilen sazlaşykly gitmeýän ýaly görünmegem mümkin. Gurbannazar Ezizow «Men nire, sen nire eziz Pyragy!» diýip ýazypdy. Biz bolsak «Men nire, sen nire eziz Ezizow!» diýmelilerden. Onsoň Magtymguly atamyzyň sözüne garşy gitmek, ýa-da ondan (Alla saklasyn!) jim gözlemek hiç pikirimde-de ýok, bolmazam. Men diňe şol dürdäne setiriň özümde oýaran oýlanmalaryny kagyza geçirip size hödürlemekçi bolýaryn.

Göz lukmanlary bilýändirler iki göz mydama-da bir-birine mätäç. Adamyň ähli synasy – elleri, aýaklary, öýkeni, ýüregi, beýnisi, gan damarlary... hatda bedenimizdäki bir öýjügem beýleki öýjüge mätäç. Şol mätäçlik adamda örän ýeňillik bilen garşylanýar, ýeňillik bilen aradan aýrylýar. Mysal üçin, sag aýagymyzy ädemizden soň, salymyny bermän, çep aýagymyzam ädilýär. Özem ýörjen-ýörjenligimizi ýeňip geçelimiz bäri bu şeýle. Şeýle bolmadyk ýagdaýynda biz näsag adama öwrülýäris.

Ýer Güneşe mätäç, bulutlar ýellere mätäç, gije gündize mätäç, gyşlar ýazlara mätäç. Bu beýik Mätäçliigiň içinde ýaşaýyş aýlanyp dur.

Bu adam durmuşynda nähilikä? Magtymguly atamyzam iki göz barada ýazýarka, elbetde, adamlary göz öňünde tutandyr. Bu ýerde-de, jemagat ymamyna mätäç, hökümdar guluna. Hökmi ýerine ýetirjegiň ýok ýerinde, höküm beriji bolup bilmeýär. Zürýat enesine mätäç, ene zürýadyna. Bu ikisiniň arasyndaky mätäçlik nähili ajaýyp mätäçlik! Ýaňy dünýä inen çaga şol mätäçligiň arkasyndan uly adam bolup ýetişýär, ene-de hakyky enä öwrülýär. Emma, hiç haçan ene çagasyna sen maňa mätäçsiň diýmez, çaga-da enesine.

Adam, başyny aşak egen sünbüllere mätäç. Şol sünbüllerden bugdaý, bugdaýdan un, undan çörek önmeli. Hemmesi hem biziň mätäçligimiziň garşylanmagy üçin. Hatda, bugdaýyň dänesine düşjek gurçugy çokjak kiçijik guşşagaza-da biz mätäç. Ylahy gudrat bilen bu mätäçligimizem ýerine ýetirilýär.

Ýat bir adamyň, başga bir tanamyýan adamsyna mätäç bolmagy gowumy? Bu sowala, bir mysal bilen jogap bereýin. Meniň bir dostum bardy. Bende dünýeden ötdi. Men Aşgabadyň golaýyndaky Ýalkym obasyndan, ol bolsa Gökdepeden. Meniň muny aýdýanym, biz şeýle bir-birimizden uzakda dünýä inen, önüp-ösen ynsanlar. Dostum Aşgabada gelip hususy maşynynda kireý ederdi. Tomsuň günleri Gökdepeden ir çykyp gaýdansoň, howa-da yssy, günortan bize gelip dynjyny alyp giderdi. Men bolsam, işdedirin. Öz öýi ýaly girer, çaýyny içer, salkyn jaýda ýatar, dynjyny alar, soňam kireýini etmäge ýola düşer. Menem işden gelemde dostumyň adyny tutup, öýdäkilerden onuň gelenini-gelmänini soraryn. Gelen bolsa, göwnüm ynjalardy. Dostum günortan dynjyny almaga mätäçdi, menem onuň dynç alyp gidenine mätäçdim. Soň bende ýogaldy... Şondan bärem, şol salkyn jaýa dynç alaýyn diýip girdigim, dostum ýadyma düşýär...

Adamlaryň bir-birine mätäçligi olaryň dostlugynyň-doganlygynyň hamyrmaýasy dälmidir? Käbir özüni «ösen medenýetli» hasap edýän ýurtlarda adamlar bir-birine mätäç bolmazlyga çalyşýarlar. Goňşy-goňşudan şeýle bir uzakdyr, hatda bir-birleriniň atlarynam bilmezler. Olara görä bu dogrudyr. Kämillik ýaşyna ýetensoň, perzent olarda özüni ene-atasyna mätäç däl hasaplap, göçer gider. Kakalary-ejeleri garrylar öýünde gününi geçirse, şonça şatdyr. Beýik şahyr beýle düzgüni isläp, «mätäç eýleme» diýip, Allaha ýalbarandyr öýdemok.

Özüne mätäç bolunmaýan adam, döşünden itilen adam bolsa gerek. Özi hiç kime mätäç däl adam iliniň, töwereginiň döşünden iten ynsandyr. Bularyň ikisi hem päk wyždana ters gelýär.

Bir edarada şeýle gowy başlygym bolupdy, elindäki işgärlerine edil kakalary ýaly, gyşyna ýyly geýinmegi, tomsuna günden goranmagy öwüt eder ýörerdi. Çala ýuka geýneniňi görse, başyňda kyýamat gopdurardy. Bir gezek ol işgärleri bilen geçirýän umumy ýygnagynyň soňunda bizi nähili gowy görýändigini düşündirjek bolup, bir ýaş işgäriň adyny tutup, şonuň ýylgyrşyny görmek islegi bilen işe gaýdýan gezekleriniň kän bolýandygyny aýtdy. Hakykatdanam, şol ýaş işgäriň mylaýym ýylgyryşy bardy hemem başlygymyzyň ýüregi şeýle päkdi. Ol başlyk, hakykatdanam, işgärlerine mätäçdi, bizem oňa.

Pyagmberimiziň döwründe sahabalar namaza duranlarynda şeýle bir bir-birlerine ýakyn durar ekenler, eginler eginlere sürtülip, eşikleri ýyrtylar gider eken. Çünki, olar bir-birlerine şeýle bir mätäçdiler, bu mätäçligi hiç bir zat bilen deňeşdirmek mümkin däl. Bir gün, şol sahabalardan biri, janyny pidalap aglamaga başlapdyr, ony hiç kim diňdirip bilmändir. Ahyry ony Allanyň Resulynyň ýanyna alyp barypdyrlar. Allanyň Resuly ondan näme üçin aglaýanyny sorapdyr. Ol şeýle jogap beripdir.

«Eý Resulullah! Men neneň aglamaýyn. Bir gün senem ölersiň, menem ölerin. Sen şübhesiz jennete bararsyň, belki bize-de jennet nesip etdirer. Ýöne, sen jennetiň iň ýokary gatlagynda bolarsyň, biziň ornumyz bolsa, işigiň agzy bolar. Şeýdibem biz aýra düşeris. Men seni hiç görüp bilmerin. Seni görmejek bolsam men jenneti näme edeýin? Iň ýamanam biziň bu aýraçylygymyz, o dünýede ölüm ýok bolansoň, baky dowam eder...»

Pygamberimiz, özüne şeýle mätäç sahabasyna ýüzlenip, Kur‘any Kerimden Allahyň şu manydaky sözi bilen jogap berýär: «Her kim söýeni bilendir!» Şeýle mätäçligiň başyna dönseň!

Mundan soň, adamlaryň bir-birine mätäçligi hakynda getiriljek mysallar ownuk görüner. Ýogsa, muňa mysal gaty kän we olary biz gündelik durmuşymyzda-da görýäris. Onda näme üçin men şol goşgyny, Beýik Pyragynyň mynajatyny aşyklyk derejesinde şeýle gowy görýän? Ony gowy görýän, şübhesiz, ýeke menem däldirin.

Megerem, mätäçligiň başga bir ýüzüni görenligimdendir. Bir adam beýleki bir adamyň ýanyna mätäç bolup baranda, gol uzama derek, ýüz sowulanyny görenligimdendir. Bir aýak beýleki aýagyň mätäçligini goldamasa, ony kesdirip, ýerine hasa ulansa bolýar. Emma, agasynyň mätäçligine ýüwrüp barmaýan inini kesip aýryp biljek gümanyň ýok. Muny gören, muňa akyly ýeten adam, onda-da beýik adam gözýaş edip, Allaha «Agany inige mätäç eýleme» diýip ýalbarmasa, beýikligini ýitirer.

Emma, bu elhenç hakykat ýaşlykdan bize ters ýoly salgy bermeli däldir. Her kimiň söýenleri bilen boljagy hakdyr. Söýenleri ýoguň bolsa, baky ýeke galjagy ondanam, çuň hakykatdyr. Bu dünýäni gözelleşdirýän zat mähirdir, söýgüdir, ezizlemek we ezizlenmekdir. Çaganyň ähli zada mätäç edilip ýaradylmagy ajaýypdyr, azap däldir. Ynsanyň bir-birine mätäçligi kiçelmek, ejizlemek däl-de, şol mätäçlige gol uzatmazlyk hakyky peslikdir, gözden düşmekdir. Gije gündizi goldar, argyn ynsanlaryň dynjyny berer, gündiz gijäni goldar, ýatanlary oýarar, herekete getirer, ýaşadar. Biziň medeniýetimiz, gatnaşyklarymyz, mätäçligimiz, goldawlarymyz bu ylahy ýaradylyşdan gözbaşyny alýar, şoňa daýanýar.

Şeýle mätäçligiň bardygyna şükür. Ony elden gidirmezlik bolsa biziň özümize bagly.

© Ylýas AMANGELDI

Çeşme: https://makalam.com/sag-gozum-cep-gozume-matac-641/
Surat: Mikelanjelo. "Adamyň ýaradylyşy" freskosyndan fragment.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 200 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Ylýas Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
0
1 Мango • 13:00, 16.10.2023
gowy ýazgy.
"Emma, agasynyň mätäçligine ýüwrüp barmaýan inini kesip aýryp biljek gümanyň ýok" diýen jümleden soň "agasynyň mätäçligine ýüwrüp barmaýan inini we inisinden habar almaýan agany...." diýseňem boljak eken diýdim we Kafkadan bir jümle getirmek isledim...

Franz Kafka:
"rahatını kaçıran ne? kalbinin kararını nedir bozup dağıtan? kapının tokmağına el süren kim? kim sokaktan sana seslenip de, açık kapıdan girip yanına gelmeyen? ah, bu, senin rahatını kaçırdığın, kapısının tokmağına el sürdüğün, senin kendisine sokaktan seslenip de, açık kapısından içeri girmeye yanaşmadığın kimseden başkası değil."

umuman... näme islesek, ony özümizden başlatmaly...
"agasynyň mätäçligine ýüwrüp barmaýan iniň" arkasyny alasym geldi, birhili... :-)

Ylýas aga minnetdar.
ýöne "mätäç eýleme" diýlene doly düşünip bilmedim.
birhili "mätäç eýleme" diýýäkä "mätäç eýle" diýýän ýalymy... doly almadaý şuwagt-a...
avatar
0
2 Мango • 13:12, 16.10.2023
Kafka şeý diýo:
"Seni birahat edýän zat näme? Näme ol, kalbyň kararyny bozup-dagydan? Kim ol gapynyň gulpyna elini ýetiren? Kim ol saňa köçeden seslenibem, açyk gapyňdan girip ýanyňa gelmeýän?
Ah, bu seniň birahat edeniň, gapysynyň gulpyna eliňi ýetireniň, seniň oňa köçeden seslenibem açyk duran gapysyndan içerik girmedigiň kişiden başgasy däl".
avatar
0
3 Мango • 13:18, 16.10.2023
mikelanjelo daýyň suratyna seredip: "Allahym meni özüňe mätäç et" diýip doga edesimi getirdi.

Weýsel Karaniň dogasam bolmaly: "Men mätäç, Sen mätäçligi giderýän..." diýen ýaly...
avatar
0
4 Medicall • 23:51, 16.10.2023
makalada diýseň dogry pikir ýöredilipdir,
Ylýas aga, ol ýewropalylar bar-a, ýagny "ösen medenýetli" döwletler diýýäniňiz barada bir zat öwrendik: ine şu diýýäniňiziň sebäbini öwrendik:
"Adamlaryň bir-birine mätäçligi olaryň dostlugynyň-doganlygynyň hamyrmaýasy dälmidir? Käbir özüni «ösen medenýetli» hasap edýän ýurtlarda adamlar bir-birine mätäç bolmazlyga çalyşýarlar. Goňşy-goňşudan şeýle bir uzakdyr, hatda bir-birleriniň atlarynam bilmezler. Olara görä bu dogrudyr. Kämillik ýaşyna ýetensoň, perzent olarda özüni ene-atasyna mätäç däl hasaplap, göçer gider. Kakalary-ejeleri garrylar öýünde gününi geçirse, şonça şatdyr. Beýik şahyr beýle düzgüni isläp, «mätäç eýleme» diýip, Allaha ýalbarandyr öýdemok."

Oklukirpiň dilemmasy muny olara-da Artur daýylary öwredipdir: ine olar şony saklaýarlar sypdyrmany:)
avatar
0
5 Medicall • 00:12, 17.10.2023
Hezreti Ýusup A.S dogasy bolmaly:
"Allahym, ýazgydymda mätäç bolmak bar bolsa, bu mätäçlik diňe Saňa bolsun. Meni Senden özgesine mätäç etme, Ýa Rebbim!"
avatar
0
6 Мango • 09:09, 17.10.2023
"Kämillik ýaşyna ýetensoň, perzent olarda özüni ene-atasyna mätäç däl hasaplap, göçer gider"

hmmm... diýdirýo....
ýewropalyň arkasyny aldygym-a däl welin, belki olar çagalarynyň özbaşdaklyga üns berdigidir.
belki, biz ýalňyşýandyrys çagamyzy özümizden uzak aýryp bilmän. ýöne, bizem iru-giç "rysgyny aýyrmak" däbi bilen olara özbaşdaklyk berýäris-ä. ýöne ýewropada ol has irräk bolup geçýär.
mesele dinimiziň öwredişi ýaly ata-enä hormat, goldamak bolaýmasa.
avatar
0
7 Myhman1185 • 11:00, 17.10.2023
Magtymguly aýdan bolsa bir bilýäni bardyr diydirişi ýaly, Ylýas Amangeldi aydyan bolsa bir bilyäni bardyr diýäýmesek.

Mätäç sözüniñ manysyny giñeldipdir-dä. Ylýas agañ aydyan mätäçlikleriniñ köpüsi biziñ düşünýän mätäçligimiz däl ýaly.

Biri beýlekä mätäç bolany üçin däl-de, mätäç bolmasa-da ýakyn bolmagyna näme diyilyäkä.

"Gözümde okum bolsa atjak welin, men saña mätäçdä, nädeýin"

Tema degişli däl, ýöne gowy goşgy ýada geldi. Atilla Ilhan diyor ki:

Ben sana mecburum bilemezsin
Adını mıh gibi aklımda tutuyorum,
Büyüdükçe büyüyor gözlerin
Ben sana mecburum bilemezsin
İçimi seninle ısıtıyorum

Ağaçlar sonbahara hazırlanıyor
Bu şehir o eski Aşgabat mıdır!?
Karanlıkta bulutlar parçalanıyor
Sokak lambaları birden yanıyor
Kaldırımlarda yağmur kokusu
Ben sana mecburum sen yoksun

........
avatar
0
8 Мango • 11:43, 17.10.2023
"güldür-güldür"-däki ýaly: "Hojam! Atilla Ilhan kim?" diýeýinle.
avatar
0
9 Myhman1185 • 12:26, 17.10.2023
Familiyany ýalñyş ýazypdyryn fransuzlañ diýşi ýaly pardonne-moi (пардон муа), dogrusy Atilla İlhan :-)
avatar
0
10 Myhman1185 • 12:29, 17.10.2023
Googla seretdim, adynam ýalñyş ýazýan ekenim. Attila eken.

Türkmençe pikirlenýändä nätjek
avatar
0
11 Мango • 12:33, 17.10.2023
"Bu şehir o eski Aşgabat mıdır!?"
Hojam, Aşgabat diýdigiň Istanbulmydyr?
avatar
0
12 Myhman1185 • 13:28, 17.10.2023
Attila gaty göresi yoklaý, maña has täsirli bolýa Aşgabat diysem.
avatar
0
13 Medicall • 13:42, 17.10.2023
:) özüñiz goýdyñyzmy Aşgabady, men Attila Aşgabat diyendir diyip begenýänçi boljak bolup otyrdym)))
avatar
0
14 Myhman1185 • 10:09, 18.10.2023
Menden sadalaram bar eken, şonda-da özümi ýalñyz duýýan :-)
avatar
0
15 Medicall • 01:39, 19.10.2023
:))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202