Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:53
Jorj Simenon

JORJ SIMENON

Ýarym sagat çemesi mundan öň ýesirediji şepagat uýasy özüniň ömür boýy ýazyjy bolmagy höwes edendigini, indi on ýyl bäri hem gün sypdyrman gündelik ýöredýändigini aýtdy. Onuň kärine görä hemişe haýy giden biçäre adamlar bilen iş salyşmaly bolýandygyny göz öňünde tutsaň, megerem, onuň gündeliginde haýran galdyryjy gyzykly zatlar bolmaly.

"Ýazmak" diýilýän söz müňlerçe adamlara jadylaýjy täsir edýär. Men aýal-erkek, ýaş-u-garry parhy ýok ummasyz köp adamdan buirnäçe gezek hekaýa ýazmaga synanşandyklary barada ýazylan hatlary alýaryn. Olar hatlarynda nämeden başlamalydygyny soraýarlar.

Meni bolsa: "Islendik ýaşdaky adamlary ak kagyzyň üstüne egilmäge näme mejbur edýärkä?" diýen sowal köp oýlandyrýar.

Käbirleri barada aýtmaly bolsa oýlananyňa-dä degenok, jogaby nagt hem juda ýönekeý – pul.

Olar gazetlerden haýsydyr bir ýazyjynyň kitabynyň birnäçe million ekzemplýarda neşir edilendigini hem dünýäň tükeniksiz puluny gazanyp mülkdar baý bolandygyny okaýar-da: "Näme ücin men däl?" diýýär.

Herkim özüni ýeriň göbegi hasaplaýar ahyryn. Ol öz başyndan geçenleriň, hat-da diňe kellesine gelenleriň hem ähliumumy haýran galynmaga mynasypdygyna çirksiz ynanýar.

Käbiri bolsa ýürekgysmadan ýazýar. Öz ömrüniň solak we boşdugyna göz ýetiren biri ony roman etmek isleýär. Onuň ýürekgysgynç durmuşyny gyzykly geçirmegi islemäge doly hukugy bar.

Ýöne ýazmak zerurlygyna dolanalyň. Hatda ýazmak zerurlygyndaky zerurlyga. Bu sowatly adamlaryň, köplenç professorlaryň arasynda duş gelýär.

Nädip, näme üçin ýazyjy bolýarlar? Bu barada dürli ýazgylar, aýratyn hem ony arşa çykaryp düşündirýän işler köp çykýar. Hatda pelsepeli eserlerden alynan abstrakt terminleri we sitatalary ökdelik bilen oýnaýan ýörite ylym hem dörediipdirler.

Näme üçin romançy ýazyjy bolýarlar? Beýle diýjek bolsaň, näme üçin suratkeş ýa-da sazanda bolýarlar? Meniň düşünişimçe megerem munda görnüp duran itergiler ýok. Men hem edil beýlekiler ýaly munda beýniniň haýsy öýjükleriniň oýna girýandigini bilemok, ýöne başga bir geň sowaly berip bilerin: "Näme ücin melgun ýa-da ganhor bolýarkalar?"

Emma ymyklyja oýlanyp, çynym bilen "Adamlar ýazmaga zerurlyk duýanlary üçin ýazýarlar" diýip jogap bererdim.

Emma bu käbir adamlaryň näme üçin tas tutuş ömürlerini diýen ýaly asla neşir edilmejek hekaýatlary kagyza geçirmäge bagyşlaýandyklaryny asla düşündirmeýär.

"Ýazyjy bolup doglanlary üçin ýazyjy bolýarlar" diýen jogap hem maňzyma batmaýar. "Ol başga bir ýerde däl-de diňe şol mekdepde okany, pylan mugallymyň okuwçysy bolany ýa-da ol mekdepde-de iň ökdeleriň biridi" diýen ýaly düşündirseler has-da ýapa degmeýär.

Ýalňyşmaýan bolsam, öňem aýdypdym, ýene ýene gaýtalaýaryn: "Ýazyjy bolýandyklarynyň sebäbi olar başga hiç zady başarmaýarlar."

Başgaça aýtsak, roman ýazýanlaryň köpüsi işi şowuna däl adamlar.

Elbetde, olar diňe özlerini tanaýarlar, onam ýabygorly. Ine, onsoň romanlarynda özleriniň sähelçe tejribelerini beýan edýärler. Kähalat garaşylanynyň tersine ol romanlar naýbaşy eserler bolup çykýar. Ýöne naýbaşydan şowsuzy köp bolýar. Bolanda näme?! Islendik adamyň hem ýeňişinden ýeňilişleri köp bolýar ahyryn.

Terjime: © Hydyr AMANGELDI
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi, Jorj Simenon | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203