Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:02
Serçäň maşyna süýrediljek bolşy / hekaýa
SERÇÄŇ MAŞYNA SÜÝREDILJEK BOLŞY

Aşyrgeldiň Serçäni maşyna süýretjek bolşy, obada uly gürrüň. Hakykatda bolan zat welin şeýle. Kolhozyň goýun fermasy Puhary: “Hojaýyn, şü Plany serçäň (“serçe” o çopanyň tiresiniň ady) gürrüňi köp gelýä, gidip şoň mallaryny tükelläp geleli” diýip birki gün bäri Aşyrgeldiň gulagyny gazaýar. Aşyrgeldem obadaky işleri goýup, Annamerediň uly maşynynda Puharynam alyp, bededen, kepekden mas ýüklenip guma tarap ýola düşdi. Ýüzugra birki çopanyň goşunda iýmdir bede düşürip eglenselerem, gün ikindin, barylmaly goşa-da ýetdiler. Aşyrgeldi maşyndan düşüp-düşmän gurşan aýaklaryny ýazzyp durşuna “Puhary, sanaň goýunlary” diýdi. Sanadylar. Çopan bilen perme hersi bir tarapda durup, dar aradan sürüni geçirdiler. Goýunlaň sany düzüw. aşyrgeldiň “Senem maňlygyňy edýäň, (“maň” Puharyň tiresiniň ady) akylyň gulagyňda” diýeninden gepini gögertjek boldymy, perme goýunlary ikinji gezegem sanady – ýene-de düzüw.
- Hojaýyn, sany çykýa, ýöne süri öňki süri däl.
- Gözüň ýetýämi?
- Ýetýä hojaýyn, öňkülik ýok. Bir zzat edilipdir sürä.
Oňa çenli çopanam geldi. Gelişine-de galmagallap başlady.
- Ynanmajak bolsaňyz sürüni öňüme salmaly däl ekeniňiz-dä. Müňkürlik imandan aýyrar Puhary. Gel, ýene sanaly. Yrsaraýaňyz. Beýdibem çopançylyk edip bomy?!
Çopanyň gohy Aşyrgeld-ä ýakmady. Göwnüne bolamasa, ol öz gözüne göni seredibilmän, zol permäň üstüne dyzaýan ýaly boldy.
- Eý, serçe, maňa bak. Senden mallara näme etdiň diýip soraýan. Aýtmasaň...
- Iýenim haram bolsun, başlyk, hiç zat edemok. Mallaň gylynam gymyldadamok. Bolmasa alyň taýagyňyzy. Mallaram sanadyňyz, men gideýin...
- Annameret ýüpüň bamy?
- Bardyr, tapylar.
- Daň şuny, bar bolsa. Süýret maşynyňa.
Annameret derrew maşyndan goşardan inçeräk, külterlenen uzyn tanapy alyp çykdy. Çopanam ediljek bolunýan çynmy, oýunmy aňşyryp bilmän töweregine ýaltaklaýar. Puharam Aşyrgeldiň gepine, Annamerediň ýüpüne aňkaryp durberdi.
- Nirsinden daňaýyn başlyk, bilindenmi ýa aýagyndan?
- Aýagyndan daň, haramzadany.
Annamerede tomaşa gerek, ol hasyr-husur elindäkiň bir ujuny çopanyň aýagyna birküç sarap, berk düwdi. Aýaklary duşalan çopanyň birden reňki agardy. Keýpihon ýigit eýýäm ýüpüň beýleki ujyny maşynyň yzyna daňyp dur.
- Duruň, duruň aýdaýyn. Başlyk, mallar gökjelileň sürüsinde. Dur, süýretme...
- Annameret dur. Gökjäň sürüsinde?
- Hä, başlyk. On bäş sany gurat goýny oň arrygy bilen çalyşdym.
- Baryň getiriň. Puhary senem mün ýanyna.
Haý diýmän çalşylan goýunlar yzyna getirildi. Goňşy kolhozyň goýunlaram yzyna äkidildi. Ynjalan Aşyrgeldi çopanyň goşunda çolugyň gaýnadan tüňçesinden çaý içýärdi.
- Nädip bildiň-aýt, hojaýyn. Bizem-ä şo mallaň yzynda aňmandyrysam.
- O zatlary çolugam aňyp durjak bolsa, başlyk nämä gerek.
- Ýüzi ak tam bold-aýt, çopanyň.
Puhary welin, özüne gelip bilenok. Ol ahyry gaýdyşyn ýoluň ýarsy geçilensoň dillendi:
- Hojaýyn, on-onki sany işşek diýip, Serçäni maşyna süýredäýjekmidiň-aýt?
- Haý, Puhary senem, mal üçinem adam süýredip bomy? Gorkjagyny, aýtjagyny bilýän-ä.
Permäň bu söze ýüzi açylyp gitdi, myssa ýylgyrdy. Onuň Aşyrgeldiň içinde gopýan harasatdan habary ýok. Permesine, ýegre dostuna “süýredip boormy?” diýse-de, şo wagt çopan dogrusyny aýtmadyk bolsa, özüniň Annamerede “dur” diýjegine Aşyrgeldiň ynamy ýokdy. Dogrusy, başlygam “serçeçeräk” gorkupdy diýsek, ýalançy, ýöne ýagdaý şoňa baransoň, kelläň gyzansoň özüňe güwä geçip bolmaýa. Emma muny Aşyrgeldi başlyk daşyndan bildirmeýärdi. Gahary depesine ursa, ol öz erkinden çykýanyna belet, çopanam süýredilmejegini sähel aňsa, edenini boýun aljaklardanmy?! Kolhozyň çopanlarynyň arasynda “gargalar” tiresindenem çopanlar bar. Şolardan Bäşim garga diýip dili duzlusy “Hojaýyn, iş salyşjak bolsaň, guşuň gargadan kiçi bolmasyn. Serçe, goýun guşy, geçi guşy diýip ownabermegin” diýip töweregini gülüşdirýärdi. Söýüünhan sakal welin, oglunyň bu eden işini eşdip, Ulugberdi ataň myhmanyň jübüsini kesişi hakydasyna geldi. “Süýrederdem. Ulugberdi baýyň inisidir-dä...” Soň bir öwrümde, ýaşuly ogluna gatyrganjak boldy.
- Çopany maşyna süýredip ganyna galsaň, öňki döwür ýok, hununy töläp, töwella gatnap, orsuň elinden sypmarsyň. Sypaýaňda bir bendäň ganynyň hasabyny ahyretde nädip berjek? Kolhozyň maly diýip onda-da.
- Kaka, kolhozyň maly bolany üçin şeýtdim, öz gapymdan ogurlan bolsa geçsem geçerdim. O mallarda äri urşa gidip gelmedik dul görgülileň daban azaby bar-a. Çopan ahyretde şoň hasabyny berip bilse, menem bir çopanyň ganynyň hasabyny bererin.
Oglunyň bu sözüne Söýünhan sakal näme diýjegini bilmedi. “Haý, peläket. Sen päliňden gaýtmarsyň-la” diýip hüňürdedi-de goýaýdy. Halalhon ýaşuly ogly bilen ýaňkalaşyp oturmany birhili gördümi ýa-da “Seňkem dogry, oglum. Halkyň garamaty boýnuň-da ony goramasaňam soragy bardyr” diýesi gelmedimi – belli bolman galdy. Aslynda, ahyreti ertiri görüp duran ýaly görýän goja, munuň haýsysynyň dogrudygyny aklynda aýyl-saýyl edip bilmedi. Ulugberdi atasynyň kärizgenler üçin diýip jübi kesmesine-de, oglunyň kolhozyň maly diýip adamy süýretjek bolmasyna-da näme diýjegini bilenok. Bir bilýän zady özüniň beýle iş etmejegi. Haýsynyň dogrudygyny bir Alla bilýä.

Çeşmesi: http://www.ekizler2.com/index.php?q=1&ac=posts&id=87. 03.12.2022ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.3/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
1
1 Medicall • 12:49, 03.12.2022
Boýun almadyk bolsa süýrederdimikä?! Şafýoram ýürek edip süýrärdimika?!

Kişi malyna kast etseñ soñy gowluk bilen gutarmajagy belli.
"Dek gezen dok gezer"
avatar
1
2 Medicall • 13:08, 03.12.2022
Öñler çopanlaryñam her hilisi bolupdyr bolmaly, ýogsa sada, arassa bolaýjak ýaly şolar.. Kiçikäm, Dädem barka, mallarmyzyñ ýörüte çopany bardy. Dädem aradan çykansoñam birnäçe ýyl çopan saklardy mallarmyzy. Soñ soñlar her hasaplaşykda ölenem, ýitenem biziñki bolýandygyny, her ýyl köpelmeden geçen azalýanyny bilen Ejem gynanmak gynanardy. Soñ: "süri süri maly beýdip ýok etdirmäýin. satyp çagalaryñ geljegi üçin diýip herimiziñ aladamyz üçin bähbitli çykalga diýip mallaryñ köpüsini satyp, soñ ulanyp boljak uly zatlary herimize adap alyp goýupdy. Gapymyzda saklap biljeginem alyp galypdy.. Kiçiräk bolamsoñ kän pitwa etmän ekenim. Indi ýadyma düşýärem welin, ol çopan beyle bir halalhon adam däl eken bolup çykaýýar. Elbetde dädem her wagt mal üstüne baryp sanap, görüp durýarkz köpelýänem eken, a soñ direnip duran erkek kişiñ barmajagyny bilip ýitenem, ölenem biziñki bolayypdyr..
Çopanlaryñky azapdyram welin şonda-da ynsaby öz içinde bolmasa biderek-da..

Onsoñ ol hekaýadaky dagy öz bilişleri ýaly "höküwmetiñki, biz iýmesek başga iýer, şoñ üçinem biz iyaýeli..". bolýandyrda.
Köpräk samradym bu hekayada.
Gowy durmuşy hakykat. Ýetirenñize sagboluñ
avatar
1
3 Bagabat • 13:42, 03.12.2022
Şeýlebir “kärine ussat” çekene çopanlar bar.
20 ýyl mundan ozal, ekin gowy boldy, ýagny hasyly, bahasy laýyk düşdi.
Onsoň jemlenenje pul: “biderek
sowulmasyn” diýen niýet bilen düşenine goýun
aldym. 20 goýun düşdi. Ene goýunlar. Gaty garram däl. Onsoň: “köpelsin”
diýip, çekenä goşdum.
Bir aý geçdi. Birini “ýylan çakdy”,
biri “zeýe gidip gark boldy” =
2;
Soň ýene-de iki hepde geçdi. Biri “azaşyp,
sürüden tazygdy” = 1;
Onsoň ýene-de on gün geçdi, biri “zäherli ot
iýip, pyçaga-da ýetişdirmedi” = 1;
Onsoň ýene-de bir hepde geçdi, ikisi birden “ýitdi,
gözledik-gözledik, it bolduk, tapylmady” = 2;
Ýene-de bäş gün geçdi, birin-ä “möý çakdy”,
birem “möý iýip öldi” = 2;
Ondan soň, Hudaýa şükür, Gyrgyn mama diňe meň
goýunlammyň ýeňsesinden elini sypdyrdy-da, biraz meň arkam-a ýel çaldy. Gyran
degençilik goňşulaňka geçdi...
Emma ertesi gün ýene-de bir goýun “aşa düşüp,
haram öldi” = 1...
Onsoň menem o derejede sammyjak dä.
“Galanja on birisinem pişik iýmänkä gapa ýygnaýyn”
diýip barsam, öň ýanyndaky gün, gije meň
goýunlammyň ýene birini “şagal atypmyş
(ýagny, alypmyş)”.
Onsoň berenimiň ýarysyny alyp gaýtmakçy boldum.
Men erbet adam ekenim.
Diňe özümi bilip, çopanyň iki aý gowrak wagtlap malymy bakanynyň hakyny
bermändirin.
Ilki gepleşen hakymyzy hasaplap-hasaplap bir goýnuň bahasyna
ýakyn eltdi.
“Aý-ý, bu-da bolup
durdugy däl-le. Tut, biriniň
mekgesinden! Kimiň hakyny iýsem-de, seň ýaly halalhon çopan görgüliň bir hakyny
iýmäýin!” diýip, dokuzy:ny alyp gaýtdym = 1;
Öýe getiren günümiň ertesem yzly-yzyna ikisi tükgerdi = 2;
Mal dogtor alyp gelsem: “bagyrgurt”
düşüpdir diýdi.
Galanam gotur açypdyr. Atrabotka ýag çalyp-çalyp, zordan açdym.
Diýmek, nesip edenem 7 mal bolýa.
Erbet arifmetika däl.
Sebäbi menem obaly sammyjak dä elbetde...
Indem ekinimizden düşewünt gowy bolsa, mal köpeldemzok-da, sowýas, nesip
edenden.
Ýogsa ýene-de möý-içýan, ýylanlaň, şagallaň, zeý händekleň, zäherli
otlaň, bagyrgurtlaň we şu ýalançyň galan hemme belaýy-apatlarynyň ala-böle
diňe biziň malymyza jyny düşermi
nämemi...
avatar
0
4 Мango • 15:25, 03.12.2022
kä wagt teswirleriň hem hekaýa kemi ýok wagty bolýar.
gowy hekaýa. :-)
ýöne, o gyran degençilik mallary öýe ýygnaňsoňam dowam edipdir-ä.
şo taýy-ha birhili...
avatar
0
5 Мango • 15:42, 03.12.2022
Ilki bilen Hydyr aga salam iberýän.
şu gün agzalaň arasynda ady göründi.
begendim.
hekaýasam gyzykly.
kä wagt risklem bolsa şeýle töwekgelçilik gerek.
hakykatdanam ol başlyk ýaşuly durmuşy öwrenen, adamlary tanaýan eken. üstesine-de tejribeli bir psiholog häsiýetleri bar eken.
---
Hydyr aga biderek sorag.
tireler barada. ol çopanyň ady Pylany serçe, ýene bir çopanyň ady Bäşim garga, ol ferme-de Puhary maň...
osoň Aşyrgeldiň tiresi nämek-ä?
---
lakamlar barada.
arada biri gürrüň edýä...
garaz Jepbar diýen biri bar, daýhançylyk edýän eken...
biraz moşennigiräk häsiýeti bar ekend-ä.
özüni ile tanadandyr-da.
ilem oňa lakam dakypdyr: Çöwre Jepbar.
haýran galdym.
adyň Jepbar bolsa-da düzüw bolmasaň adyňy çöwürip eliňe beräýýän ekenler.
il-gün bilenem oýun ederligi ýok.
---
ýazana, goýana, okana minnetdar.
(Hydyr aga, Serdar kaka we hemmäňize minnetdar).
avatar
0
6 Bagabat • 16:38, 03.12.2022
Ýöne adam doga nebisjeň bolmasyn.
“Süýtde agzy bişen suwy üfläp içerem” diýilýä weli, bu nakylam hemme kişä
degişli dä bolara çemeli.
Sebäbi biraz wagt geçýä-de, adam pahyr öňki awunan ýerini unudýar. Onsoň
ýene-de gözi daňylgy sähne ýaly, öň bir gezek maňlaýyna sapy şapyladanam bolsa,
ýene ýerde dükge düşüp ýatan kätmeniň kepjesine basyp görýär.
Mende-de şeýle boldy.
“Mal bakyp, semredip satsaň gowy bolýamyş” diýseler, güpbe ynandyk.
Ýogsa, gözüňi açyp göreniň daýhançylyk nire, çopançylyk nire?
O-da gara zähmet, bu-da bolany bilenem, zähmetiň zähmetden tapawudy ba dämi?
On bäş ýyl mundan ozal, özüm ýaly daýhan dossum bilen gepimiziň jüpbesini
biçdik-de: “ep-esli goýun alyp bakaly, semredeli, sataly, birnemejik gazanaly,
diňe ekin bilen aýlyga daňlyp ýörmäli” diýişdik.
Öz-özümizden göwnümiz hoş.
Mal-gara-da çagalykdan bäri görmedik zadymyz däl.
“Birnemejik gor toplaýmasaň-haw, çagalaram ýetişip gelýä. Ynha hä diýmänem
köwşüňe käşir dykyp başlarlar. Onsoň: “nätsemkäm, kimden bir karza geçäýerkäm”
diýip, eliňi-aýagyňy owkalap durandan, şo zatlaň öňünden gamyny iýip goýsaň
gowy däm-aý?” diýşip, biri-birimize meçewem beren bolýas.
Garaz, şeýtdik-de, ekin-tikin sowlansoň, tomusyň allajy ýalnynda, toplanja
pulumyzyň başyny çatdyk. Gitmänkägem dossumyň mellegi gyrarakda hemem boşlawrak
bolansoň, şo taýda ýatak gurduk. Soňam gullukdaşlaň biriniň ýaşaýan jelegaýy –
nirdesiň Esenguly diýip, dossumyň maşynynda depdik şo taýa.
Nämemiş, şo taýda goýun itiň mugtymyş. Mal eýeleri äkitseň yrzamyşlar.
Gitdik, gepleşdik, ýük ulag tutduk, getirdik.
100 goýun.
“Arzan” diýibem, puly köpe ýetirjek bolup, arryk-mürrügräklerini saýlaşdyrdyk.
(Şu zatlardanam maldan gaty gowy başçykarýanymyz bildirýändir-le :-). Ekin ekip, ýatagyňda mal bakanyň bilen maljanly,
mala belet çopan bolýaňmy diýsene? Kim tüp yssyda bakaryna mal almaga gidýä? Kim
bakjak malyny arryk-turruk edip saýlaýa? Sebäbi bakara malyň, daýawja tokly,
işşek, öweç bolaýmasa, maňramaz bilen mälemezden baggoýun ýetişdirermiň diýsene?
).
Ýene-de gyzykly arifmetika başlady.
avatar
0
7 Bagabat • 16:38, 03.12.2022
Özem bu gezek “kärine ussat çopanam” gerek bolmady.
Hiç kimsizem, dossum bilen iki bolup özümiz alyp çykdyk.
Bary-ýogy 5-6 sagatlyk ýolam welin, ýolda, jokrama epgekde, Balkandan bärik
gelýänçä petiş ýük ulagynda baslygyp, iki sany janawer heläk boldy = 2;
Soň getirip, olara ilk-ä derman baryny ýuwutdyrmaly boldy. Gurçugyň
dermany, goturyň dermany, ýenegör-lähediň dermany. Onda-da ýene-de üç sanysy
deňdir boldy = 3;
Soňam pul tükendi, hasap çykmady. O janawerlerem geň galaýmaly, howa-sowa,
suw-puw, Günüň nury, bakmaga çykarylandaky ot-pot bilen oňubermeli weli,
gatybir ýerindengelme lälik bolup çykdylar. Iým bermeseň “semrejekgäden”
otyrlar.
Onsoň iým satyn almak üçin aňyrdan getiren bahamyzyň üstüne, sähelçe goýup,
ýarysyna golaýyny satmaly boldy.
Galdy, jemi = 55;
Onsoň pul gerek bolýa welin, göz aýlaýas-da: “äý şü-ýä semrän ýaly-laý”
diýen bolup öz-özümizi aldap, näçe iýse-de iküç aý bäri şo 25 kileligine duran
janawerleri birýan ujundan ýerlän bolup barýas.
Arasynda, şü öýdäkilere-de, geň galaýmaly, olara-da et-pet gerek bolup
durýa. Onsoň oň üçinem: “Nä tapar-tapmazyň çagasymy? Al adama birini”
diýilýä-de, huruş edinilýä.
Garaz, her haýsymyň jüpbelän pulumyzdan ýarragyna golaýy jemlenende, 100
goýundan ýigrimisi galdy.
Onsoň aklymyza aýlanjak bolup başladyk.
“Gel-aýt, şuny dos, ýaman bek duraly-da, goýan pulumyzy bir çykaraly. Haýyr-peýdadan-a
geçdik. Bolmanda hutma-hut bir bolaly. Ýohha, öýdäkileň öňünde sakally gul iş
bitirmeze dönüp, ikimizem ömrümiz ötinçä masgara bolýas” diýişdik-de, soň ýaman
daýaw durdyk.
Güýz ahyrlaýança, janawerleri gaty gowy bakdyk. Özem hemme jebir-jepaly
synaglardan geçe-geçe, janawerleň iň itjanlylary galandyr-da. Balyk ýaly
semrediler. Soňam 13 sanysyny satanymyzda hutma-hut bolup, uludan bir demimizi
aldyk.
Onsoň dos diýdi (o maňa garanyňda-da has akyllyrak-da :-)): “Şüleri şumat
satmaly! Täze ýyla saklaly. Şonna her kim täzeje jylkaja et aljak bolup, elin
malyň bahasy galar. Onnoň girdejimiz köpeler-de, bize-de bir kör awraý bolar”.
Menem ilk-ä bir: “Dos, şuny war-a, dawaý şeýtmäli-laý! “Ertirki ýagly
guýrukdan şuwunky bagyr-öýken” diýipdirler. Berenjesi bilen oňňut edäýeli”
diýjegem boldum...
Ýöne diýmedim.
Sebäbi adam doga nebisjeň bolmasyn.
Bir günem, Täze ýyla-ha ýedi-sekiz gün, biziň gönenip galmagymyza-da
şonçajyk gün galanda agşam işden gelsem dost öňümde ýüzüni sortduryp dur.
Ýüregim bir zat syzan ýaly, dil ýarmanka göni aňdym: “Häk, goýunlara gyran
degendir-ow!” diýip.
Çak edişim ýalam bolupdyr.
Bolan zadam, ol irden turup, işe gitmänkä mallaň nowasyny gaýnadylan arpa
guýupdyr. Şo gün kellesine bir zat dependir-dä. Ýogsa adatça goýunlara uly ogly
iým berýän eken.
Onsoň ol işe gidipdir. Öýdäkilere-de mallara iým berenini aýtmandyr. O
janawerlerem eýýäm bäş-alty aý bäri bakylyp, öňlerine näme dökseň ýalmamaga
endik eden baggoýunlar. Sähel salymda nowany taňkyradyp goýupdyrlar.
Soň şo gün ýyldyza ýörän ýaly, sygyr sagmaga barýan aýalam – ogluna dözmän
kömek etdigi – guýupdyr goýunlaň öňüne duzluja, gaýnadylan arpadan, öňki
berilýänje normysyny.
Ol sygryna gümrä bolup otyrka-da, zatdan bihabar ogly turup, olam mallara
berýänje iýmini berýär-de, okuwyna şaýlanýar.
Gün guşluga galanda-da çykyp seretseler, üç normyny ýaplan janawerler, güp
ýaly bolup serlişip ýatyrmyş.
Näme diýersiň?
“Äý dos, bähbit bolsun! Görýän welin, ikimiziň ryzkymyz maldan däl-de, başga
zatdan bolaýmasa-aý!” diýen bolup, kiçi dilden bärde bolsa-da giňlige
salaýmasaň.
Onda dosam ysgynsyz ýyrşaran bolup soran bolýa (ýogsa şomat özüniňem içiniň
ýanyp, burugsap durandygy ýüzünden bildirip dur weli):
-Dos, nämedekär-äý, biziň ryzkymyz?!
-“Mollaçylykda” diýäýmesem-aý, dos!-diýip menem, özüme zor salyp degşen
kişi bolýan. Sewäpdiýseň, çagalyk dossuň, müýnürgeýä, dözeňok:-Şo taýda-ha öliň aşa düşjek ýa-da
nika gyýmalylaň goturlajak gümanasy ýok. Bardyň, okadyň aýady ýa-da gyýdyň
nikany ýa-da çykdyň tebäregi, ýaglyja nahardan ýelmediň, düwünçegi goltuga
gysdyrdyň-da, berenlerine kaýyl bolup, gaýtdyň öýe garşy. Özüňem rahat,
keýwanylaram dawolnyý...
Aý garaz, şondan bäri kän maldarçylyk pudagy bilen ugrum ýok.
Towukdarçylykda özümizi synap ýörýäs.
Oňam rowaýaty başga.
avatar
1
8 Mekan • 00:19, 04.12.2022
Sayuz dargap pul çalşan wagtlary köp kişiñ puluny köydürendigi hakynda kän eşitdim. Kakam puluņ hümmetiniñ gaçjagyndan habarsyz, onda-da bolanja puluna bir sygyr, magazynlarda zat gyt bolansoñ "üstüne hiraz goyup sataryn" diyip tapan zadyny alypdyr.
Sygyry çet etraplaryñ birinde yaşayan garyndaşlañ birine hakyna bakdyrmaga beryä. Soñ puluñ hümmeti gaçya magazynlar has beter boşaya kakamyñ alan zatlary gaty kän pribyl getiryä. Onsoñ şol çet etrapdan yene bir sygyr, 10-15 sany geçi alya-da, şol garyndaşa bakmaga beryä.
Uly mallar üçin aylyk puluna, kiçi mallar üçin çekene (popalam) gürleşyäler. Olam şeyle: bir yyl erkek owlaklar çopanyñky, urkaçylar mal eyesiniñki. Indiki yyl tersine.
Ahyrynda uly mallar (göleleri hem sanasañ) 20-ä golaylady. Geçiler 600-e golaylady.
Her gurbanlygyñ öñ yanynda kakam bir maşyn çebiş getirtyädi. Bary geçyädi. Hatda gelen gününiñ ertesi örä çykaramda (olary men bakyadym) geçip baryan maşynlar durup satlykmy diyip sorayady. "Satlyk, yöne bahasyny bilemok" diysem, birini saylayadylar, menem şahyna mata dañyp belleyädim. Bahasyny soñ ulular bilen gürleşyädiler.
Arasynda uly mal getirip (köplenç öküz, sebäbi olañ köpelmedäki üslerine düşyän iş az. Barynyñ işini biri oñarya) paylayadylar.

Soñ "uruş" başlady. Bärlerde esasy bay oglanlar gatnaşdy. Çetki obalardaky oglanlar gününi zordan dolandyryan bolsalaram gatnaşdylar. Bu "uruşda" oglanlar dereksiz yitmän, mallar dereksiz yitip başlady.
Onsoñ ogullary urşa gatnaşyan garyndaş kakama maslahat berdi "dogan, çaltjak mallaññy ayraweri. Bular meni yüñsakgal etdi. bir gün ir gygnasañ bir peyda..."

Näçesi yitdi, näçesi galdy bilemok. Men o wagt kiçidim. Diñe gelen mallary bakyadym (özümi bilenimden orta mekdebi gutaryp bir yyl geçyänçä düye, sygyr, geçi bakdym)
avatar
0
9 Bagabat • 09:12, 05.12.2022
Agyr döwri ýada saldyň, @myhman.
Şo döwürde "wurşa gatnaşanlaram", "tylda galyp" olardan beter kösenenlerem şo döwre (1994-2007-nji ýyllar) "front döwri" (puront döwri) diýýäler. Şu barada ýazybam başladym:

Puront döwri
(hekaýalardan düzülen seneýazgy)
 
Geçip gidensoň...
...“ahyrynda geçermikä bir”  diýdiren şo hupbatly ýyllary...
...geçmeze dönen aýbygadym
aýlary...
...her biri asyra barabar,
hunabaly hepdeleri...
...sakgyç deýin süýne-süýne,
ýürekleri ezen, güzaply günleri...
...ýekeje minudynam daglar sersip
götermejek, daşlar erip çydamajak, tükeniksiz ezýetli sagatlary...
...garaz, eýdip-beýdibem bolsa
başyndan geçirmäň hötdesinden gelen, dilewar gelinleň biri: “puront döwri”
diýip atlandyrdy.
Halkam näme, hemişeki ýüzibekligi
bilen, bu sözüň awtorynam, gelip çykan çeşmesinem çintgejek bolup durman,
islendik jaýdar jümläni edişi ýaly, ony öz adyna geçirdi-de, çar ýana ýaýradyp
goýberdi...
...Indi-indiler, geçip-gidenine
on bäş ýyldan gowrak wagt ötensoň, yzyňa göz aýlaýaň welin: “Bäh,
hakykatdanam-aý! Front döwri eken-aýt!” diýeniňi duýman galýaň.
Sebäbi urşam – front, şo-da –
front.
Ikisem milletiň gülüni çürtdi.
Ýöne, birinjis-ä halkyň naýbaşy
juwanlarynyň galapasyny guma garyp, sylap goýanynam maýyp-müjrip edip taşlap
geçip giden bolsa, ikinjisi, iliň-günüň ar-namysyny, mertebesini gorap, döş
germelileň özlerinden şo bahasyz genji-hazynaň haýyn-jelladyny ýasady.
Bu ikisiniň biri-birinden ýene-de
bir tapawudy, urşuň frontynda – daşyndan gelen ýaga garşy söweşilýän bolsa, bu
“purontda” millet özünden dörän allajy bilen garpyşdy.
Türkmeniň: “Ýagyň özüňden
döremesin” diýen nakylynyň, ine manysy neneň eken!
Iň elhenç ýerem şunda.
Haçan-da haýsydyr bir “ýigrenji faşistlere”
garşy däl-de, öz agtyklaňňa, ogullaňňa, doganlaňňa, ärleňňe, kakalaňňa,
giýewleňňe, ilen-çalanyňa, goňşy-golamyňa, obadaş-ildeşleňňe garşy göreşip, jan
alyp jan bermäge taýýar bolsaň...
Ýeňdilermi?
Ýeňildilermi?
O başga gep...
Bu: “hekaýa” diýlip atlandyrylan
wakajyklar bolsa, şo: “puront döwrüniň” seneýazgysy...
Nämä derkar?
Kim bilýä...
“Taryh hiç kime, hiç wagt, hiç
zady öwretmedi” diýýälerem welin, onda-da...
Belki, bihuda gitmez...
Belki, iň bolmanda, kim-de bolsa
birjigine sapak bolar...
Nesipdir...
“Suwa daş okla. Tolkunyny
synla...” diýipdir, öňemmir akyllyň biri...
 
Kepenlik

“Aý bolýa-daň” bahasy
  
“Ruhlar”

Ýene-de ýürek sanjyp başlady-da, goýdum...
avatar
1
10 Hydyr • 21:39, 16.12.2022
Komentleri gynanyp okadym. Sag bolsun aýdaýmasam aýdara sözüm ýok. Okanyňyz üçin, baha bereniňiz üçin minnetdar. Hekaýany bärde goýana-da aýratyn sag bol. Salamyňyza-da waleýkimsalam.
avatar
0
11 janjennet • 15:52, 07.01.2024
2 gezek okap güldüm, Serdar aga :D Soňy halys molla bolaýmasaga diräpdir wln: "Mollaň edenini etme diýenini et" diýilýärä. "Mal eýesiniň gözünden suw içer"-diýibem ýönelige aýtmandyrlar. Meňä Kakam çaga sereden ýaly seredýädi goýunlara. Irden hem giçlik meýdana äkiderdi. Ertirini öýde okaýan wagtam bolardy, daňdan gidip şotaýda okaýan wagtam bolardy. Oglanlaňam 3sem yzyndadyr. Ejemem gelinçä ýüz goýnuň içjek suwyny köçeden bedreläp daşardy. Nowalary süpürüp-süpürüp arassaja edip, iýmini guýup goýardy. Namaza turamyzda ejem eýýäm süýt bişirendir. Gant atylan ullakan kürşgelerden hezil edip süýt içerdik.(4 sany göleli sygry bardy, süýdi her gün 50litrlik gazanda atarardy) Berçigýändiris-dä gaýmagy iýmedik bolardyk. Ejemem enem gelende eneme salardy.
avatar
0
12 janjennet • 15:54, 07.01.2024
Kakam alan arryk goýunlaryny agyrtman ynjytman gyrkardy. Köplenç sypap-sermäp "çemen" ýa bolmasa şoňa meňzeş şampuna ýuwardy. Oň daşyndan gapyda biri 8, beýlekisi 9 sotok teplissamyz bardy. "Içinde namaz okabermeli" diýerdi adamlar. Bir goňşymyz ejeme: "Men-ä içinde ýatyp tursamam seňki ýaly tonnalap ýygamok"-diýerdi. Bizem ejeme: "Içinde ýatyp turmaly däl işlemeli diýmediňmi"-diýsek, ýylgyryp oňaýardy. Her sotaga 1 tondan ýygýan ýylymyzam bolýadyşolar ýaly hasyl alan bir ýylymyz, pomidoryň bir kilesi 1 dollar pylança sentden bolupdy. Şondan tüýs telpegi göge zyňdyran ýyldy.
Bu işleri bulara ejesi-kakasy öwretmändi. Ikisem tüýs ýerden ýeke çykan ýetim. Biriniňä kakasy gundagdaka awariýada ýogalan. Beýlekisiniňkem 10 ýaşyndaka. Aga-da ýok ýene-de. Bar baýlyklary: ýeke bäbegi ellerine, ýeke sygyrlarnam yzyna düşürüp, iliň öýünde ýaşamaga mejbur bolanlar. Sygry 500 dollara satyp, galan 1.500nem karz alyp, gelin edinilende geçirlen bolan gyzyljyklarnam satyp, ondanam palçykdan, patology karopgadan jaýjagaz gurnup, şeýdip.
("Men seni köşklerde ýaşatmakçydym
Ýöne ýaşamaly bolduk kepbe-de" diýýäni dä tüýs Sungat agaň.) başlapdyrlar.
Şo döwri öwen bolýalar,(2001ýyllar) zatlar arzan,pylan pismydan. 2.000$e 25 sotok ýer satylýa ýöne şony almaga adamlar da pul ýokdy diýýäler.
avatar
0
13 garagar • 19:54, 07.01.2024
Hekaýaň adyna dostluk diyseňem boljak eken. Söwda-da dostluk bolýan eken.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203