Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:27
Bir suratyň taryhy
suraty çeken: © Aman Amangeldiýew

BIR SURATYŇ TARYHY

Türkmen şekillendiriş sungaty özünde birnäçe taryhy wakalary, tebigat görnüşlerini, şahsyýetleri özünde jemlemek bilen, baý häsiýete eýedir. Türkmen şekillendiriş sungatynyň birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda kämil eserleri döretmegi başaran ussatlary biziň günlerimize uly miras goýdular. Şeýle eserleriň arasynda hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Aman Amangeldiýewiň «Medisina ylymlarynyň kandidaty Saçly Dursunowanyň portreti» (1961) atly işidir.
Suratkeşiň döreden gahrymany Saçly Dursunowa çagalykda ýetimlikde ulaldy. 1925-nji ýylda ýaňy ýedi ýaşan Saçlyny özünden bir ýaş uly gyz dogany Çeper bilen bir ýaş ýigit Aşgabadyň çagalar öýüne alyp geldi. Büzmeýinde bu ýetim galan çagalara hossarlyk edip, olary çagalar öýüne getiren ýaş ýigit soň meşhur ýazyjy bolup ýetişen Ata Gowşudowdy. Bu iki çaganyň öz kakalarynyň adyny bilmändikleri üçin ejesiniň ady bilen «Çeper Dursun gyzy» we «Saçly Dursun gyzy» diýip resminamalary dolduryldy.
Saçly Dursunowa 1932-nji ýylda Aşgabadyň lukmançylyk tehnikumyna girýär we ony tapawutlanan bahalar bilen 1936-njy ýylda tamamlap, Türkmen döwlet lukmançylyk institutyna girýär. Onuň soňky iki sany gutardyş synagy galanda bolsa nägehan uruş başlandy. Ol okuwy tamamlan ýyly şol wagtky Garrygala şäherçesine işe ugradylýar. Emma uruşdaky ýaralylara ýardam etmek maksady bilen, ol fronta gitmeli diýen gutarnykly netijä gelýär. 1942-nji ýylyň aprel aýynda Saçly Dursunowa fronta ugraýar. Ol Stalingradyň etegindäki söweş alyp barýan 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji medisina sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup gulluga başlaýar.
1942-nji ýylyň ahyrlarynda Saçly Dursunowa üçin ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy. Onuň gulluk edýän batalýonyna Türkmenistandan goşa sowgat gelip gowuşdy. Sowgatlary türkmendigi üçin Saçla gowşurdylar. Bu sowgatlary bir oglanjyk gyz dogany bilen Türkmenistanyň Kirow raýonyndan (häzirki Babadaýhan etraby) iberipdirler. Bu sowgatlary alan Saçly öz Watanynyň mährini duýupdy. Ol görkezilen salga bada-bat jogap ýazdy:

«Salam, jigim!
Seniň iberen sowgadyňy aldym. Fronta gelenim bäri seniň sowgadyň ýaly tolgundyryjy waka bolmandy. Haltany açyp seniň iberen gawunyňy çykaramda, men ilki ony gawundyram öýtmändirin. Edil bir mähriban adamy gören ýaly, sary gawuny bagryma basdym. Urşuň her hili elhenç zatlaryny göremde hem gözümden çyg çykmandy. Emma öz mähriban ülkämden gelen sowgat meni pagyş-para etdi oturyberdi.
Men eziz ülkämiz hakdaky mukaddes arzuwdan başga ähli zady unudypdyryn. Eziz ülkämden şeýle uzakdygymy, ony dolanyp görerimden görmezimiň ýakyndygyny men seniň iberen sowgadyňy bagryma basyp durkam bilip galdym. Emma meni gözýaş dökmäge mejbur eden zat welin başgady. Men eziz ülkämiziň biziň bilen ýaşaýandygyny, uly-kiçiniň barynyň bir göreşe her kimiň başardygyndan goşant goşýandygyny görüp, buýsançdan agladym.
Seniň 3 doganyň frontda Watan üçin gan döküp ýörendigine, gülüp-oýnap gezmeli halyňa boýnuňdan torba asyp, hoşa çöplemeli bolýandygyňa, bir tarapdan, ýüregim awasa, bir tarapdan, buýsandym. Senem ýeňşe öz goşandyňy goşýarsyň.
Men seniň iberen sowgadyňy alyp, polkuň sanitar bölümindäki ähli ýaralylaryň arasyna aýlanyp çykdym. Seniň sowgadyňy onlarça doganyň datdy. Men olaryň hemmesine seniň iberendigiňi aýtdym. Seniň ejeň ýa-da uýaň ören ellikdir joraby bolsa, mähriban ülkämiň topragynyň bir bölegi ýaly bolup, meni öz mähri ýaly bolup ýyladýar.
Hoş, mähriban jigim!

Medisina gullugynyň leýtenanty Saçly Dursunowa».


Saçly Dursunowa şol sowgady iberen oglanjyk soň meşhur ýazyjy bolan Nargylyç Hojageldiýewdi.
1945-nji ýylda Beýik Watançylyk urşunda ýeňiş gazanylsa-da, Saçly Dursunowa medisina harby gullugyny dowam etdirip, bejergä mätäçlere soň hem kömek etdi. Ol 1946-njy ýylyň sentýabrynda frontdan dolanyp geldi. Ol belli artist Muhammet Çerkezowa durmuşa çykýar.
Saçly Dursunowa 1955-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty, 1972-nji ýylda lukmançylyk ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesini alýar.
Aman Amangeldiýew Saçly Dursunowany 1961-nji ýylda, ýagny lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty alymlyk derejesi bar döwründe şekillendirýär. Suratkeş şahsyýetiň içki ruhy dünýäsine aralaşmaga synanyşýar. Ol eserde wakany jikme-jik gürrüň bermekden gaça durmak bilen, iş pursatyndaky çuňňur pikire batyp oturan ynsany görkezýär.
Suratkeş Aman Amangeldiýew giňişligiň çuňlugyny görkezmeýär. Gorizontal duran stoluň ýiti çeperçilik täsirliligini artdyrýar. Reňk çözgütleri bolsa iki sany reňkiň özeninde saklanýar. Adam göwresiniň garaňky siluetinden we ýagty ýerlikden ybarat. Suratkeşiň bu eserinde şekillendirilen gahrymanyň zenan dünýäsiniň ýyly mähri az duýulýar. Ol uly bir zadyň aladasyny edýän ýaly ummasyz pikire çümüp duran görnüşinde görkezilýär. Suratkeş, hakykatdan hem, bu zenana häsiýetli aýratynlygy tapmagy başaryp, ony taslamada ulanýar.
Köp halatda Saçly Dursunowa eserdäki görnüşde gamgyn halda oturypdyr. Bir gezek joralarynyň biri ýanyna gelipdir-de, «Sen näme üçin beýle gamgyn otyrsyň?» diýip sorapdyr. Şonda ol «Gulagyma owaz gelýär» diýipdir. «Ol owaz nähili owaz?» diýip jorasy soranda, Saçly Dursunowa: «Bu owaz howada bar. Ol ýaraly esgerleriň agyrydan jebir çekýän iňňildileriniň uruş döwründen galan yzaly owazydyr» diýip jogap beripdir. Hakykatdan hem, onuň bu eserdäki oturyşynda şol owazy kalby bilen syzyp, ýüregi gyýlyp duran zenan dünýäsi şöhlelenýär.

Döwletmyrat Durdyýew,
Mary şäher çagalar çeperçilik mekdebiniň
müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary,
sungaty öwreniji.


Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/bir-suratyn-taryhy-9db42c. 20.02.2023ý.
Bölümler: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk | Görülen: 227 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Döwletmyrat Durdyýew | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Älemgoşar • 21:17, 05.03.2023
Tolgundyryjy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203