22:07 Galam | |
GALAM Kim oýlap tapanam bolsa, Iň ilkinji gezek seni. Bilýärmikän, bilýärmikän, Dürli reňkde boljagyňy. Hemem has kämilleşjegiň... Başda-başda harpy harpa, Birikdiren bolaňda-da. Başda-başda kalby-kalba Höwrükdiren bolaňda-da... Bu zatlar geçmişde galdy. Galdy seniň gök syýaňda Ýazylan ähli kitaplar, Şygyrlar, Şygarlar... Dil dymyp, ýazan sen ahyr, Söz dömüp, çogan sen ahyr, Şahyryň şygryn kagyza, Sazandaň notasyn kagyza, Pýesaň sözün kagyza, Geçiren sen, Göçüren sen... Indi bu gün, näme dymýaň, Çykdy diýip ruçka bary, Çykdy diýip kompýuter, Çykdy diýip klawiatura. Hawa, bu şeýle-le welin, Bar zat çalt özgerýär welin, Ýitäýýä-dä tehnologiýa, Gidäýýä-dä tehnika-da... Ýöne, ine, sen ýazaýsaň, Sen çyzaýsaň, Sen syzaýsaň... Ne gider, Ne ýiter, Ne biter... © Gurbanmyrat SARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
0
0
0
0
| |