Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:49
Şygryýete barýan ýol

ŞYGRYÝETE BARÝAN ÝOL

Türkmen poeziýasynyň häzirki döwürdäki ösüşine nazar aýlanyňda, birgiden zehinli ýaşlaryň ýetişip gelýändigine şaýat bolýarsyň.
Geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda edebiýata täze bir şahyrana nesil geldi. Ony şahyr Gurbannazar Ezizow «Meniň neslim» diýip atlandyrdy. Ol nesil Halyl Kulyýew, Annaberdi Agabaýew, Italmaz Nuryýew, Gowşut Şamyýew, Kakabaý Ylýasow ýaly gowy şahyrlary özünde jemleýärdi. Elbetde, Gurbannazar Ezizowyň özi hem şolaryň arasyndady.
Geň galmaly ýagdaýmy ýa-da kanunalaýyklykmy, edebi güýçler yzly-yzyna şeýle tapgyrlaýyn gelýär. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda «biziň neslimiz» olaryň yzyny dowam edip, edebiýata geldi. Bu nesliň hem Atajan Annaberdiýew, Ahmet Gurbannepesow, Orazguly Annaýew, Orazmyrat Gurdow, Nobatguly Rejebow, Alty Akmämmedow, Kakabaý Gurbanmyradow özboluşly şahyrlary bolup, poeziýanyň keşigini gerdeninde göterdiler.
Şondan soň Mämmetnazar Babanazarow, Döwletgeldi Annamyradow, Çary Ýegenmyradow, Gurbandurdy Orazow, Orazgylyç Çaryýew, Şähribossan Geldimämmedowa dagy gowy goşgular döretdiler.
Häzirki döwürde hem poeziýa täze nesil gelýär. Men bu ýaşlar hakynda «Nesil» gazetinde «Ýaşlar biziň umydymyz» diýen makala ýazdym. Elbetde, olaryň içinde eýýäm özlerini tanadan, geljegine uly umyt bildirilýän ýaşlar bar. Bularyň hemmesi edebiýata ahyryna çenli wepaly boljakmy, bolmajakmy, belli däl. Çünki tebigy zehin birbada lowurdap dünýä çykýar, ýöne soň ony zähmet bilen doldurmasaň, dünýä edebiýatyny yzygiderli okap kämilleşmeseň, öz ykbalyňy edebiýata baglamasaň, zehin kütelýär-de, çaman at ýaly, dünýäniň tozanyna garylyp galyberýär.
Soňky döwürde täze şahyrana nesil — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şahyrana nesli ýetişip gelýär. Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýew, Enwer Nyzamow, Goçmyrat Orazberdiýew, Suraý Babanyýazowa, Laçyn Pürjäýewa dagy öz gowy goşgulary bilen tanalyp ugradylar. Indi olaryň öz ykballaryny poeziýa bilen ymykly baglajagyna umyt döreýär. Men bu şahyrlaryň her haýsynyň metbugatda çykýan goşgularyny sypdyrman okaýaryn we olaryň her bir üstünligine, goşgudan goşga kämilleşýändiklerine begenýärin.
Bu gün şu goşgular toplumynyň awtory Goçmyrat Orazberdiýew. Onuň goşgularynda tebigata synçylyk güýçli. Poeziýa üçin zerur obrazly aňlatmalar, şahyrana tapyndylar onuň goşgularyna aýratyn bezeg berýär. Ine, onuň «Surat albomy» goşgusyndan:

Surat enjamy deý gyrpyldy gabak,
Gözler seniň suratyňy düşürdi.


Ýa-da «Deňziň hyýaly» goşgusyndan:

Kenara urulýar sansyz tolkunlar,
Ýüzüne suw syçrap gidýär asmanyň.
Suw damsa, endamy titreýär deňziň,
Böwri gyjyklanan ýaly bolýar oň


— diýen şahyrana tapyndylaryny mysal getirmek bolar. Umuman, Goçmyrada poeziýa äleminiň çarkandakly ýolunda şeýle gözleglerini dowam etdirmegini, dünýä edebiýatynyň genjihazynasyndan köp okap, has kämilleşmegini, şahyr halypamyz Gurbannazar Ezizowyň:

Bu dünýäde iň lezzetli sütemdir,
Million setir okap, bir setir goýmak


— diýen nesihatyna eýermegini arzuw edýärin. Sebäbi Goçmyratda zehin hem, ylham hem ýeterlik. Indi onuň üstüni irginsiz zähmet hem şahyrana ykbal bilen dowam etdiräýmek galýar.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

Çeşme: «Garagum» žurnaly, 2015-nji ýylyň 2-nji sany.
Bölümler: Edebi tankytlar, seljermeler | Görülen: 232 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
1
1 Мango • 21:33, 29.05.2023
Goçmyrada üstünlikler!
avatar
1
2 Bagty • 07:44, 30.05.2023
Goçmyradyň ajaýyp goşgulary bar. Okasaň ýüregiňe jüňk bolýan setirleri kän. Döredijilik ýolunda üstünlik ýaranyň bolsun!
avatar
0
3 Medicall • 14:47, 30.05.2023
Goçmyradyñ arassa göwni görünip duran ajaýyp döredijiligi bar, ylhamy kemelmesin, galamy ýörgür bolsun!
avatar
1
4 Aksary • 23:15, 30.05.2023
'Bu yşk diýip
Söýgi diýip ýörşüme
Saña golaýlaşyp barýaryn Allam ...'

Goçmyrat kaka uzak ömür dileýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202