09:38 Mukaddes duýgy | |
MUKADDES DUÝGY Durnalañ kerweni buşlady güýzi, Ýapraklar saralyp başlady eýýäm. Näzik şemal şaçlarymy oýnanda, Hyýalymda seniñ elleññi duýýan. Güýzüñ agras görkünde señ keşbinde bar, Orun aldyñ süýji arzuwlarymda. Ýapraklara ýazan täleýnamañy Şemal goýup gitdi meniñ elimde. Ol sary ýapraklar ör boýna galyp, Göýä sen deý aýlandylar daşymdan. Hanha,durnalaram göz gypyp geçdi Ýüz müñ dürli sowal goýup başymda. Güýz şemaly señ heñiñde hiñlenip, Meniñ üçin düzen aýdymyñ aýtdy. Ok geçmez tokaýda owaz ýañlanyp Göýä muña göwnüm jennetdir öýtdi. Ine,şeýdip gözel arzuwlam bilen Umytly garaýan geljek ýoluña. Düýşlerimde müñ gezekler duşsak-da Wysal bolup geläýeñok ýanyma. Gazyk deý öñümde dikilse-de çyn, Düýşi hakykata öwürjek borun. Sen hakdaky ýatlamalar mukaddes Men olary ömürboýy goraryn. © Meñli AŞYROWA. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |