Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:28
Ogluna gargan ene
OGLUNA GARGAN ENE

Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady…
Onuň ady Enedi. Näme üçin Allah oňa beýle ady beripdir bilemok. Adamsy ýogalyp bir ogul bir gyz bilen ýalňyz galjakdygy üçinmi? Ýa-da dünýede iň ajy ykbalyň ýene enäniň paýyna düşýäni üçinmi? Ýa-da ýöne dünýä inmezinden sähelçe gün öň ýanynda ýogalan enesiniň ady dakylany üçinmi? Bilmedim. Bilmeýänime-de şükür, bilsedim — ýüregim götermezdi, aklyma sygmazdy…
Onuň ady Enedi. Ýeke gyzyny çykaransoň,oguljygyny on sekiz ýaşap-ýaşamanka öýeren enedi. Niçe ýyl ýalňyzlyga döz gelip, indem üç sany agtyjagyň arlygyny ýuwan enedi.
Soňam ogluna gargan ene boldy. Onda-da ne gargyş — azary etinden geçip süňküne ornan enäniň gargyşy: “Sen ölsediň. Yzyňda gelniň başga birine äre gitsedi. Menem gelniň äre giden öýüne agtyjaklarymy görmäge barsadym” diýdi. Enäniň dilegi kabul boldy. Ertesi ogly özüni asdy. Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady… Ene onuň tabydynyň başynda perýat etdi. Il-gün welin, oba ulukjyn beren gerreçiniň ölenine kän bir gynanyp durmasa-da ony adam ýaly jaýlady. Ejesiniň gargyşyna namys eden ogul — ”Wah, ýeke balam, ýalňyz balam, kysmaty gara balam, men guraýyn” diýen nalyşyna dözüp tabytda ýatan ogul — men diýen ýaşynda bir tümmek guma öwrüldi galyberdi…
Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady…
Men muny ýazmazdym. Häzirem ýazamok. Ýalyny nädip kagyza dolajak. Bu kagyza ýazylan ýazgy bolsady, şol zäheri satyp baý bolýanlar muny äkidip syrtlaryny süpürerdiler. Emma ýalyn beýle işe ýaramaýar. Hawa, gelinem äre gitdi. Ene-de agtyjaklaryny görmäge äre giden gelniň öýüne, gurbady giden ädimleri bilen barýar. Ol köneje pürenjekli bir gysym bolup barşyna galoşynyň köçeleriň ürpek gumuna batýanynam, gözünden syrygýan ýaşam duýanok. Ölidiginem duýanok,diridiginem…
Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady…
Men aglamok. Gözümden ýaş damýan bolsa, ýaşymy ýandak bilen sylaryn. Goý, ýandak ýüzümi ýyrtsyn, gözüme çümüp kör etsin. Gözüm görmez, janym ýanmaz. Ýöne men aglap bilemok. Gözümden ýekeje damja-da ýaş damanok…
Bu hakykat bolmasady… Ähli kişi, tutuş millet ýalan-ýalan diýip gygyrsady…

Çeşmesi: https://medium.com/@h.amangeldi/ogluna-gargan-ene-2a0faa0f0ec2. 28.12.2022ý.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Bagabat • 10:30, 28.12.2022
Surat, Ogulsuraý Myradowna Akmyradowanyň "Doga" (Mynajat) atly suraty.
avatar
0
2 Pero • 11:12, 28.12.2022
Şu ýazylyş stili hekaýatlary hasam täsirli görkezýän ýaly. Gaýtalanýan setirler agy ýaly bolup iniñi tikenekledýär.
avatar
0
3 Bagabat • 11:35, 28.12.2022
Wakany ýa-da duýgyny, pikiri beýan edilişini emosional (duýgy) taýdan has güýçlendirmek, has täsirli etmek hem-de aýdylmakçy bolunýan pikire, okyjyň göwnünde oýarylmakçy bolunýan duýga has ýiti joşgun bermek üçin ulanylýan, setirleri, sözleri gaýtalamak usulyna edebiýatyň proza (kyssa) we poeziýa (şygryýet) žanrynda “refren” diýilýär.
Refren – bu haýsydyr bir eseriň içinde anyk setiri, setirleriň jemini kähalatda bolsa şygyrda tutuş topbagy, kyssada tutuş tesimi (abzasy) gaýtalamagy aňladýan adalga. Mysal üçin, Konstantin Simonowyň “Garaş maňa, men dolanaryn” atly şygrynda ulanylýan refren şeýle edebi usulyň has täsirli peýdalanylyşynyň nusgalarynyň biridir.

Garaş maňa, men dolanaryn.
Ýöne juda garaş,
Garaş, haçan gussa döredende,
Sary ýagyşlar,
Garaş, haçan garlar syranda,
Garaş, haçan epgekde,
Garaş, haçan özgelere garaşylmanda,
Undup düýn.

Жди меня, и я вернусь.
Только очень жди,
Жди, когда наводят грусть
Желтые дожди,
Жди, когда снега метут,
Жди, когда жара,
Жди, когда других не ждут,
Позабыв вчера.

Ondan başga-da lingwistikada leksiki gaýtalamak diýen düşünjede bar. Bu adalga bir sözlemde ýa-da biri-biri bilen baglanyşykly (bir tesimdäki) sözlemlerde açar-sözleriň gaýtalanmagyny aňladýar. Mysal üçin: Tebigatda göwnüňe bolmasa hemme zat uklady: otlar ukuda, baglar ukuda, bulutlar ukuda.
avatar
0
4 Мango • 12:03, 28.12.2022
@Bagabat. çeşmesinde linki goýaňyzda linkiň soňundaky nokady aýryp, senänem aşaky setirden goýaýmasaňyz garyşyklyk emele getirýär. gaty üns bermeseň ol çislo bilen bilelikde link adresi ýaly görünýär...
avatar
0
5 Kyyas • 13:20, 28.12.2022
Gussa batyrdy.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203