Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:13
Bazarçy türkmen daýzasy we täze türkmeniň baý aýaly
BAZARÇY TÜRKMEN DAÝZASY

Öten agşam duralgada durun welin, ýanlary giden goşly üçden, dörtden daýzalar bazardan çykyp, duralga gelýärler. Ýüzleri tamdyra tutulan ýaly dym-gyzyl. Hat-da dym-gyzyldanam geçip, bir hili garagoňras öwüsýär. Megerem bazaryň mydama öwsüp duran sowuk ýeli olaryň ýüzüni şeýle reňk bilen reňkländir?! Şonda-da keýpleri erbet däl. Iş bitiren, är işini bitiren sypatda, biri-birleri bilen gaty ses bilen gürleşýärler. Ynha öýlerine bararlar, ýyljak peçiň başyna geçerler. Daşlarynda-da agtyklarydyr. Olara çigit, süýji-köke, almajyk bererler. Ulularam haçan pully gapjygyny açarka, getiren pullaryny sanamaga oturarka diýip, beýleräkde çugutdyryp oturandyrlar. Äri narkoman bolsa-ha öňünden çykandyr, goşuny öýe gelýänçä göterşendir. Ýolda-da özüniň bigaýratlygyny ýaşyrmak üçin, oňa-muňa, goňşy-golama sögüner, hem içinden: “Maňa şu heleýi Hudaý beräýipdir” diýer. Aýaly görgüliňem eliniň tersi bilen äriniň agzynyň üstüne keseläp urasy gelýändir-de, il-günden, ýaşaýşynyň mundanam erbet bolmagyndan çekinip barýandyr.

Hawa, ol aýal her gün daň atmanka bazara baryp, bir ýerden arzan bahadan haryt alýan türkmeniň bazarçy daýzasy. Şol kem çekýän, her geçen daşary ýurtla harydyny hödürleýän, “Şu wagt bir baý daşary ýurtly gelsedi, ähli öňümdäkileri birden satyn alyp gitsedi, menem şu günjik bir irräk öýüme ýetsedim, jaýam ýyly bolsa, naharymam bişirilgi, çaýym gaýnadylgy bolsa, menem çaýymam içmän irkilsem, düýşümde durmuşa çykmadyk gyz wagtymy, kakam jany, ejem jany görsem” diýip göwün ýüwürdýän türkmen daýzasy...

TÄZE TÜRKMENIŇ BAÝ AÝALY

Baý aýallar dürli-dürli bolýarlar. Ýöne olaryňam dertleri özlerine ýetik. Ynha biri uzak gije uklap bilmän ýatyr. Nätsin, o bu gün adamsynyň başga bir ganjygyň ýanyna gidýänini anyk bildi.

- “Erkek kişidirindä-raý, ilde ýok zatmy?” diýen bolýar. Wah, edäýmelisi belli-le welin, hor-zaram edenok. Dilim bir zat gymyldasa berip dur, ýerçeken. Zadyň başyňy iýsin diýip galmagal-a turyzdymam-la welin, o ýerýuwdanyň azaryna-da däl. Maňa sen çişik diýýär. Öler jany süňke ham çekilen ýaly gatan gurbakgalar-da. Menem horlanjagam bolýan welin, artyp, özüme buýrup bilemok. Şokolad bolsa, tort bolsa iýmesem ölüp barýan. Semiz bolup, semizem däl-le. Ýöne etim-ganym ýerinde. Ýigrenjiden şu gün birhili eşegiň ysy ýaly ysam gelýär. Şol ganjygyň ysymyk-a? Meň ýaly petigara ýokdyr. Çyny bilenjik özümi gowy görýän, garybrajygam bolsa, sadaja äre duşmadym-da...

Köpden bäri aglamagyň nämedigini bilmeýän mes gelniň gözlerinden bir-iki damjajyk ýaş ýassygyna damdy. Ýanynda süýji ukuda ýatan äriniň horruldysyna goşup, çalaja hynçgyrdy. Ol hiç kimiň ýanynda ýüreginiň ýarasyny açyp bilmez. Ejesine aýdaýsa-da “Gapyl, mes tula. Erkek eşekdird-ä, bilmedik bolaýarlar” diýjegi belli. Ýakynda jigisini öýerenlerinde, tutuş toýuny özi sowansoň, bu ýerýuwdanyň adyny tutup bilermi?! “Ýataýynla, şuň üçinem janymy horlaýan” diýip beýlesine agdarylan gelin, ahyry daňa golaý uka gider. Ol uklanda bazarçylar eýýäm bazara barandyrlar.

@ Hydyr Amangeldi
(1990-njy ýyllar)
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 86 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 8
avatar
1
1 Bagabat • 15:04, 20.12.2022
Kim nan tapmaz iýmäge,
Kim ýer tapmaz goýmaga.
Kim don tapmaz geýmäge,
Kim tirme şaly gözlär...
Miriad gyraňly durmuşyň bary-ýogy ikije gyraňy-da.

Harp ýalňyşlyklary: ýerýudanyň - ýerýuwdanyň, geliniň - gelniň.

Meň pikirimç-ä surat hekaýa gelişmändir.
avatar
2
2 Medicall • 15:09, 20.12.2022
Hawa, türkmen daýzasy. Öýüni öý etjek, çagalaryny adam, yanyndakyny adam sana goşjak bolandyr. Näme-de bolsa begenmeli iñ uly zatlarmyzdan biri narkotik serişdeleñ ýok edilmegi. Häzirem şoñ ýaly daýzalar az bolmazdy ýogsa. Beterräklerem bolardy. Alla ýüz müñ şüküri şol serişdeleri yok edenleri üçinem edibermeli biz millet.
avatar
1
3 Bagabat • 15:12, 20.12.2022
Surat, mysal üçin bolup bilerdi, ine şu salgydaky:
http://roerichsmuseum.ru/images....0_n.jpg
avatar
1
4 Medicall • 15:18, 20.12.2022
Ikinji hekaýadaky "mes gelin" däl "pes" görlen gelin ol. Bir joram bar, on hojalyk saklamaga-da ýeterlik baýlygy, eli uzadan ýerine ýetip añry geçibem bilýãr, emma mydam hassa ýaly keýpsiz, zeýrenmejek bolsa-da barybir agzyny açsa ot çabraýar, ýoldaşy ikilik edýärmiş, ol diyyär onluk etse etsin ikilik bir etmesin diýip aglaýar. Puly bolman geçsin, öýde aç oturaýyn emma maña ikilik etmesin diýip ýanýar. Şol. joramy ýatlatdy. Ol "mes gelin' görgüliñki kyn. Erkek eşek diýup ýuwup ýaýjak bolýas. Eger aýal etse näderdika şolar. Eşekligiñem çeni bardyr-a.
avatar
0
5 Мango • 15:23, 20.12.2022
edil şo suraty goýmak isledimem-de hilini erbedi duşdy.
häzir üýtgedeýin. sag bol.
avatar
1
6 Bagabat • 15:40, 20.12.2022
Surat indi şap boldy. Birinji hekaýaň ruhuny görkezdi.
avatar
0
7 ssaparay_ • 18:29, 20.12.2022
Dogry, aýal özüni saklamaly, erkegem edenini etmeli diýen zat hiç ýerde-de ýok welin erkegem aýal saklamalyda. Eger bir erkek ýitgisini başga ýerden gözleýän bolsa onda aýalyňam azajyk bolsa-da aýby bardyr!Erkekleriň ýüzüni ýuwdugym däldir. Men iki tarapyňam gözi bilen seretjek bolýaryn.
avatar
1
8 Medicall • 20:53, 20.12.2022
Hm. Erkek biri dãl, ikisi däl üçisi däl onusy bilen "gezip" "taşlap" ýõren bolsa-da aýalda günäñ barlygymy?! Bolýa başdaşyndan göwni suw içmändirmiş, indemändirmiş, a ol " ikinjiden" soñky üç dört bäşiñki nämäñkilik?!
Erkek gowy mert bolanlygynda gözi daşarda bolmaz aslynda. Gözi daşarda bolany-da hiç bir ayal saklap bilmez, hat-da peri-peýker, hüýr-melek bolup, gylygy altyn zer bolsa-da. Birinji nobatda maşgalasyna hormaty, nika diýilen mukaddeslige çuñ düşünmesi gerek iki tarapyñam. Sulhuñ almajakmy başda goş birikdirme, birikdirdiñmi maşgalañ häsiyeti it bolsa-da edermenlik bilen düzetjek bol, mähriñ bilen ýylat, ayal biderek diyip daşarda gözi bolanyñ özi suw meyilli gurbagadyr.
Menem iki tarapyñam ýüzini yuwjak bolamok, bolmaly zady aytyan, iki tarapada deñlik bolmalydygyny aytyan.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203