Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:49
Patrakçy daýza

PATRAKÇY DAÝZA


Bazaryň içinde aýlanyp ýörsüň,
Eliň iki paket doly patrakly.
Bir, iki, üç, bäş manatdy bahalar,
Seň arzuwyň hemmesini satmakdy.

Sökdüň giň bazary, aýlanyp çykdyň,
Patrajyklar iki ýeke azalýar.
Ýöne adamlaryň islegi-dä bi,
Patrak däl-de, azyk haryt soralýar.

Mündüň, düşdüň awtobuslaň içini,
Derdiň bilen bölek-bölek etdiň-de.
Men şu gün teňňämi dözmezlikden däl,
Müň dürli ham-hyýallary etdim-de...

Alaýmadym, patrajyklaň ýekesin,
Ýeri awtobusyň ugramasy nä?!
Seň ornuňa onlap enäni goýup,
Ýüregimiň meni dogramasy nä?!

Men-ä garap galdym, senem kemşerdiň,
Belki, häzir öýňe pulsuz barýansyň.
Agtyklaň, çagalaň öňünde boýnuň
Alaçsyz ýagdaýda burup durýansyň.

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 lirika • 23:26, 27.04.2023
Enäniñ çülpeleriniñ öñünde pul tapman boýnuny burup dursy birhiliräk dämi?
Üstünlikler seniñ gosgularyñ barmyka diýip ýadymy dörjeläp görsem:
,,Bile düsen suratymyzyñ bilseñ,
Sen bar bölegini asak epledim.
Gije içim gyssa, käte küýsesem,
Eplenen suraty açyp öpmedim." -diýen ýalyrak setirler çykdy :)
avatar
0
2 Saryýew • 07:15, 28.04.2023
Bolanyna görä nirede çap bolanymam aýdaýyň? 5-6 ýyl mundan öň çykypdy öz-ä....
avatar
0
3 lirika • 07:55, 28.04.2023
Garagum zurnaly öýdýän...
avatar
0
4 Saryýew • 08:29, 28.04.2023
Beh, doly görnüşini tapsaňyz özüme-de gerekdiii. Şol wagtky goşgularym ýok özümde. Her näme-de bolsa okab-a görerdim-aý...
avatar
0
5 Мango • 09:12, 28.04.2023
Alaýmadym, patrajyklaň ýekesin,
Ýeri awtobusyň ugramasy nä?!

"Alaýjakdym welin, bu awtobusyň ugramasy nä" diýseň bu AHMYR (wyždan azaby) bolýar, emma:
"Alaýmadym, ýeri awtobusyň ugramasy nä" diýseň bu eýýäm BAHANA bolýa.

goşga görä gahryman awtobusy bahana edýär...
almajak adam awtobus ugramasa-da almyýa, ugrasa-da almyýa...
gowy ýa erbet diýip biljek däl, diňe hindi kino ýaly diýesim kakyp du.
avatar
0
6 Мango • 09:17, 28.04.2023
hää... soňlama-da patrak satýan daýzaň çagalarynyň öňünde boýny bükükligini däl-de özüniň 1 manady gysganyp, indem wyždanynyň öňünde boýny bükükligi bilen tamamlasa has bet (bet diýmellälem welin) has ýagşy boljagyndan eken.

sebäp, adam günäni özünden gözlemeli, özüni günäkärlemeli.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202