10:39 Öten agşam | |
ÖTEN AGŞAM Öten agşam ýagyş ýagdy şybyrdap, Säher tursam, duman dagy öpüpdir. Haýbatly sil gamçysyny bulaýlap Derýaň köprüsinden aşyr atypdyr. Öten agşam garagol Aý ýatmady, Käte bulutlarda özin gizledi Käte bolsa akyp barýan bulutlaň Yzyn yzçy tazy kimin yzlady. Men bolsa şo mahal seni ýatladym, Ýagşyň çalýan mukamyna diň salyp. Armanlar ýüzüme ýylgyryp bakýar Men oňaýýan uludan bir dem alyp. Derýadaky batly sil deý akyp dur, Meniň saňa bolan gizlin yhlasym. Her öwrümde täzelige garaşýar Bilesigeliji kejir ykbalym... Ýöne bu gün säher juda üýtgeşik, Bulutlar bir-birin eýgerip barýar. Göwnüm armanlarmy yzda galdyryp Arzuwlarym bilen beýgelip barýar. © Meñli AŞYROWA Arhiwden | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |