07:29 Öýkünmek | |
ÖÝKÜNMEK Tüweleme. Indi türkmen öndürijilerem bazarymyzy doldurmakda uly işler edýärler. Özümizde önýän harytlarymyz daşyndan getirilýänleriň ýerini tutmaga başlady (hat-da daşyna-da iberilýär). Bu gowy zat. Indi önümiň gaplanyşyna, dizaýn tarapyna hem üns berip başladylar. Bu-da gowy zat. Bu gowulyklaryň arasyndaky gowy däl bir zadyň gürrüňini etmek isleýän. Öýkünmek barada... Gürrüňimizi suratlar bilen dowam edeli: (Suratlar: https://gipertm.com onlaýn-söwda saýtyndan alyndy). Çepde dünýä meşhur marka “Ülkeriň” önümi, sagda bolsa ýerli “Hekimiň” önümi. Gysgaça: çepde olaryňky, sagda biziňki. :-) Logotip meňzeşligine üns berdiňizmi? “Hekim” we “Ulker”-de söz babatda hiç hili meňzeşlik ýok. Emma, şekil taýdan, seredeniňde “Ülkerden” “Hekim” ýasalany görnüp dur. “Hekim” öz öňünde maksat goýana meňzeýär – her edip, hesip edip “Ülkere” meňzemeli. Hilinde meňzemesegem, logotipinde meňzemeli. “Müşderi elmydam hakly” diýişleri ýaly dizaýnerlerem öňünde goýlan wezipäni aňryýany bilen başarypdyr. Ine saňa logotip, ediljek “Ülkeriňki” ýaly. Reňkem, şriftem, harplaryň ýatyklygam, daşynyň ak çyzygam... “Hekimiň” “i” harpynyň depesiniň nokatjygy bilen “Ülkeriň” “Ü”-siniň nokatlaryny deňeşdiriň. Ekiz taýymy? Onsoňam şol “İ” barada aýtmaly zat bar. Baş harplarda ýazylanda “I” harpy türkmen elipbiýinde üstündäki nokady ýazylmaýar. Türk elipbiýinde bolsa ýazylýar. Netijede, “HEKİM”-däki “i” ýalňyş bolýar, eger ýazgy türkmen elipbiýinde ýazylan hasaplasak. Logotipi belki türk dizaýnerlere etdirendirler. Bu detal kiçijek detalam bolsa, hatalyja detal-da... Dowam edeli. “K” harpa baksana. Bir goluny asmana uzadyp, beýlekisini aşaklygyna sallap oturan boluşyny görse-ne. Ikisinde-de meňzeşje hereket. “Ü” bilen “H” harplarda hem çep böleginini aşak sagyny ýokaryk uzadyşam meňzeş. Hawa, “Hekimi” şu logotipi bilen aýratyn görsegem, aňymyz öz-özünden “Ülkere” alyp gaçýar. Belki-de “Ülkeriň” abraýy bilen “Hekimem” abraýlanýandyr? Abraýlanýarmyka? Könelerimizde gep bar: “beýle abraýyň ýüzüne köz degsin”. Ýöne, men ony diýjek däl... Umuman, öýkünmek diýen zada dogry düşünýän, ol başlangyçga gerek. Öýkünmek bilen kä bir zatlary öwrenip bolar. Ýöne, öýkünmegiňem belli bir çägi bar. Uly bazara öýkünme logotipli çykmak gelşiksiz. Bir tarapdan alyjynyň aňy bulaşdyrylýar, beýleki tarapdanam öndüriji hökmünde özüňe-de sylagsyzlyk bolýar. Hawa, beterinden beteri bar diýlişi ýaly logotip öýkünilmegine ýene bir mysal synlalyň. Üst-ütüne gelşiksizlik. Birinji gelşiksizlik – “Adidas”-dan “Adibas” ýasana. Ikinji gelşiksizlik – bulary satyn alyp geýene. Bu surat logotip öýkünmeginiň alyjy aldamagyna çenli ýetirilmegine mysal. Alyjy “Adidas” almaýanyndan habarsyzam bolup biler... Umuman, mysal kän. Haýsy birini agzajak? Öýkünmegem, ogurlamagam, aldamagam... hiç ýerde hiç gowy däl. © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 8 | |
| |