10:11 Ahwal | |
Ahwal Maña beýle gyýa gyýa garama, Janym aljak ýaly a gyz boluşyñ. Ol gaşlaryñ menzetmerin galama, "Ykbalymy ýazyp bilmez barybir ". Başgalañ ýanynda oýnap-gülüşiñ, Düýşümde-de ýakýar meniñ bagrymy. Boý-syratyñ, seýkin ýöräp gelişiñ, Gör kimleriñ ýitiripdir ugruny Entek saña bir agyz söz diýemok, Bu bolşuma diýmägede milt etmen. Emma meni öz günüme goýanok, Meni saña aşyk öýden millet heý. Men bir öz derdini aýdyp bilmedik, Seni her geçenden gabanýan biri. Barmyka meñ ýaly bagty gelmedik, Nätanyş bir gyzyñ düýşüne girip, Indem çykyp bilmän sergezdan ýören. Labirintde azaşan dek boluşym, Durup töweregme diñ salýaryn men, Bir ýerden eşidilýär näzli gülüşiñ, Ýene tukatlykda, batýaryn gama, Bu dert ýüregimi birýan süýşürjek. Maña munça gahar bilen garama, Hiç bolmanda hoşgylaw bol düýşümde. 13.16.23. Moskwa. Klin © Sylapberdi MUHAMOW | |
|
Ähli teswirler: 16 | |
| |