16:00 Şahyrlaryñ.... | |
ŞAHYRLARYŇ Öýkeläbem ýörmez hemleler üçin, Ömrün harçlar käbir jümleler üçin, Ýok özi üçin däl, hemmeler üçin, Şahyrlaryň gözleri däl, ýürekleri aglaýar. Guşlaň ahy ýüregine öň ýeter, Irkilmäge, wah, dadyna daň ýeter, Görüp bilmez ony her bir öňýeten, Şahyrlaryň gözleri däl, ýürekleri aglaýar. Kimdir biri üçin bir çak Aýdym men, Peýwagtyna syrlarymy ýaýdym men, Ýüregini tutup durka aňdym men, Şahyrlaryň gözleri däl, ýürekleri aglaýar. Kän duşdum men dyýguçyldan merdine, Ýazanlaram giden zähmet, der -- ine! Ýanyp-köýüp her ynsanyň derdine, Şahyrlaryň gözleri däl, ýürekleri aglaýar. Penjesine düşüp gafga pelegiň, Agramyça bolmaweriň ýelegiň! Görüpmidiň, aglanyny ýüregiň? Şahyrlaryň gözleri däl, ýürekleri aglaýar © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |