23:02 Hatyra | |
HATYRA Biwagt aradan çykan gelnimiz Gülüstanyň ýagty ýadygärligine Surata düşüpdim eliñden tutup, Asyl ýadymyza düşmändi ölüm. Taýýardym gitmäge dünýäñ çüñküne, Garañkylyk bolup dursa-da öñüm. Tutaý diýsem hany, indi eliñ ýok, Jan teniñden gidiberdi sogrulyp. Meñzedi bu dünýe ahyrzamana, Ömrüñ güli duran çagy sowrulyp. Ýat illerde derdimize em gözläp, Torç etdik biz ýodalaryn, ýollaryn. Ilki bilen ýadyma sen düşersiñ, Ýöräp gitsem üstünden şol ýollaryñ. Surata düşüpdim eliñden tutup, Hany eliñ, hany, Aý ýaly keşbiñ?! Sen bolmasañ döner gider hazana, Dagyñ üstündäki ymarat-köşgüñ. Göreşdiñ, göreşmek kemin goýmadyñ, Ähli zat göreşe baglam däl ýaly. Asyl, sen dünýäniñ görki ekeniñ, Gözlerime indi dünýe dar ýaly. Bu gün gözýaş dökýär gojaman Hazar, Bu gün gözýaş dökýär söýdügiñ daglar. Ah, muña özleri günäkär ýaly, Gapyñda süllerip otyrlar baglar. Surata düşüpdim eliñden tutup, Asyl ýadymyza düşmändi ölüm. Taýýardym gitmäge dünýäñ çüñküne, Garañkylyk bolup dursa-da öñüm. © Ogultäç ORAZTAGANOWA | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |