Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:32
Gaýnata

GAÝNATA

1941–45 urşuna alynyp, gaýdyp gelmedik Baýly kakamyň aýaly Orazjemal gelnejem bizde bolardy. Baýly kakam oňa “Maňa bir zat bolaýsa, Amangeldilere bargyn” diýip uruşdan ýazypdyr. Ýeke gyzy bilen ýeke galan gelnejem bizde-de dünýeden ötdi. Meni gelnejeme ogullyk beripdirler. Ýöne Orazjemal gelnejem bizde ýaşansoň, men ejeme “eje” diýýädim, gelnejeme bolsa “Öweje”, hatda gelnejemdiginem bilmeýärdim. Bütin ömrüni jepa bilen geçiren Öwejem menem gujagynda göterip ulaldypdyr, gijeler ýatman meň ogullarymyňam sallançagyny üwräpdi. Ýöne gürrüňini etjek bolýan zadym başga bolansoň, bu pukara pahyr hakda giňişleýin ýazmaýyn. Diňe onuň ölmeziniň öň ýanyndan ýekeje pursat.


O günler men obada ýokdum. Megerem, irdendir, çagalar sygyrlary örä äkitmänkä, Öwejem biziň sygrymyzy sagýar, eli süýtli bedreli öýe gelýärkä-de ýykylýar, bedrede agdarylýar, ak süýdem ýere ýazylýar, Öwejemem. Muny görüp ylgaşyp barýalar, göterip bize salýalar. Sähel wagtda-da jan berýär. Soň kakam “Daşyna üýşüp durs welin, pahyr menden ýaşynjak bolýar” diýip gürrüň berdi. Ýaşan bolsa, pahyr, altmyşa ýetendir. Şolar ýaly zatlary kakam inçe duýardy. Altmyşa ýeten aýal — soňky demiňi sanap ýatyrkaň ýaşmak nireden ýadyňa düşýär?!

Gürrüňi gussa bilen başladym, bagyşlaň. Indi meň ýaşym ýetmişden geçdi. Bäş ogul öýerdim, bäş gelnim bar. Ine saňa gerek bolsa, men gaýnata bolan ilkinji günlerimem häzir ýatlap bilemok. Olam taryh bolup gitdi. Uly gelnimiň häzir öýeräýmeli ogly bar. “Öýlenip öýli-işikli bolanyndan soň, adam hakykatdan ulalýar” diýýäler. Muňam jany bar. Öýlenmedik oglan hakykatdanam oglan ýalam bolýar. Häzir welin, “Gaýnata bolaňdan soň, içeriň garamaty doly boýnuňa düşen ýaly bolýar eken” diýesim gelýär. Kakaň-ejeňem ýa gaty garraýa ýa dünýeden ötýär, gelniňem senden ýaşynyp ýör. Birden duýdansyz içerik girseň, hasyr-husur ýaşmagyny agzyna ýetirýär. Bu sylag sende birhili, jogapkärçiligi artdyrýarmy, ulaldýarmy. Käte özüň gaýnata bolup ýöreniňe ynanmajagam bolýaň. Dogrusy, ilkije oglum bolanda-da özümiň kaka bolanyma ynanyp bilmändiim. Soň…

Soň “Özen” diýip okuw merkezini açdy oglanlar. Menem, gelinlerdenem ikisi şonda işledi. Iş ýeriňde-de ýaşynyşyp ýörseň birhili görünýä diýip, gelinlere ýaşmagyňyzy aýyraýyň diýdim. Olar ilki kyn görselerem, soň aýyrmaly boldular. Soň esli ýyl geçensoň beýleki iki gelnime-de ýaşynmalaryny goýdurdym. Ýolagçy boldum, samalýotda kiçijik agtygym bilen üç bolup, Stambuldan Aşgabada uçmaly boldum. Şonda “Aý, gelnim, sylagyňa sag bol. Beýleki gelinlerem açdy senem açaý” diýdim. Olam mejbury açmaly boldy. Indi häzir iň kiçi gelnim ýaşynýa.

Birdenem Orazjemal gelnejem ýadyma düşýär-de “Ýalňyşaýdymmykam?” diýýän. Ýogsa, gelinlerimiň bir bolşy, meňem şol öňküligim. Ýaşmak aýrylansoňam üýtgän zat bolmady. Gelinlerimden müňde bir razy. Dogrusy, doganlarymyň arasynda ýene meň içerim başgaça ýaşaýa. Gelinlerimden diňe şol häzir ýaşynýan gelnimden özgesi daşary ýurtda. Agtyklarymyň arasynda iňlis dilinde dil çykaranam bar. Muny häzir geň görýäler. Ýöne men özümi, geljekde köpelip gitjek, türkmen maşgalalarynyň biri ýaly duýýan. Birhili “başbozar” diýen ýaly.

Aslynda 1881-nji ýylda Gökdepe galasy ýarylan döwründe Ýewropada muzeýler, teatrlar… bar eken. Türkmende bolsa bäşataram bolmandyr. Muňa yzagalaklyk diýmek dogrumy, dälmi — ony bilemok. Ýöne Hanmämmet Atalyk ýaly juda akylly adamlarymyzyň şonda armanlyja şehit bolanyna gynanýan.

Häzir ösýäs. Bu ösüşmi-dälmi — onam anyk aýdyp biljek däl. Ýöne häzir dursaňam, yza galýandygyňy duýýäň. Häzir ürç edip iňlis dilini öwrenjek bolýan. “Indiden soň dutar öwrenip, görüňde çaljakmam” diýilýär welin, öwrenesim gelýär. Iňlis dilini bilmeýänime kemsinýän. Bir zadam ýazmasam kemter boljak, Ylýas ikimiz bäş doganyň iň kiçileri bolsagam, ilki bolup namaza durduk, ilkii bolup sakal goýberdik. Dilime aldym welin, il gözüne eden ýaly bolmasyn. Ýöne aýtmasam keşbimiz kemter boljak ýaly görünýär. Şeýleräk bir gaýnata.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/ga%C3%BDnata-adcff83999a2
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
0
1 Мango • 09:42, 09.10.2023
hmmm....
современный gaýyanataň pikirlerini-hä okadyk.
meniň bolsa bu döwrüň gelinleriniň bu barada, ýaşynmak barada pikirlerini bilesim gelýär.

(Hydyr agaň mediumdaky ýazgylaryny yzarlamsoň, bärde-de gaýtalaýýandyryn. häzirlikçe-hä käýýäýän ýok.)
avatar
0
2 Мango • 09:45, 09.10.2023
"Öweje"-li ýeri gyzykly boldy.
ol söz "öweý ejäniň" gysgaltmasymyka? ýa ady bilen baglymyka (Orazjemal eje)?
avatar
1
3 Hydyr • 11:00, 09.10.2023
Ady bilen baglannşykly
avatar
1
4 Pero • 12:52, 09.10.2023
Gelin hökmünde aýdyp biljek,ýaṣmak diýen zat sylag üçin amal edilýän dessur bolsa-da bu bir endik. Adam endik eden zadyndan aýrylmagy kyn görýär. Ỳaṣmak soñabaka ṣeýle bir endige öwrülýär weli awtomatiki ýagdaýda degiṣli adamy göreniñde ýaṣynanyñy bilmån galýarsyñ
avatar
1
5 Pero • 13:32, 09.10.2023
Ýaṣmak barada gelin pikirimi aýdaýyn. Käbir däp-dessurymyz bilen hiç ylalaṣyp bilemok. Ṣonuñ bilen birlikde-de ýaṣynmak dessury bilenem. Sebäbi,gelin agyzdyryk geýdirip,sessiz-üýnsiz daṣyndan guwanyp gezer ýaly gurjak däl-ä. Onuñam duýgy-düṣünjesi bar,akyly bar. Gaýynlaryndan ýaṣynyp,gyssagly bir zat düṣündirmeli bolsa ṣeýle bir gülkinç ýagdaýa girýä weli,masgarabazyñ bar-da edil. El-aýagyny hereketlendirip,gaṣyny 10 ýaýyp 10 bürmeli bolýa görgüli.
Ṣu wagta çenli ýaṣynmak meselesinde erkek kiṣileriñ pikiri bilen,garaýṣy bilen bu dessur mahabatlandyrylyp gelindi. Hemem kä bir aýallar hem muny alyp göterdi diýip pikir edýärin.
avatar
0
6 Мango • 13:53, 09.10.2023
meniň aýtjagym edil ýaşmak barada-da däl.
umuman her zadyň esasyny emele getirip soň talap etmeli ýaly...
düşündirmek kyn.
türkmen mysallaryny getireýin.
ine, gazy, togy mugt etdiler, millete peýda bir tarapdan, emma milletde isrip düşünjesi pes bolany sebäpli, o gazyň-toguň gerek-gerek däl wagtam uzak gün ýanyp durýanyny her kimem görendir.
indi pikir edýäň millete diňe ýeňillik ýetenok eken, düşünjede gerek (ýokarky mysalda isrip düşünjesi).

häzir adamlaryň sosial ýagdaýlarynyň arasam gaty açyldy. kä birleri maddy tarapdan gaty arany açyşy ýaly, ruhy tarapdanam arany açdy, ýagny kişiniň maddy we ruhy durumlarynda sazlaşyk ýok.
ine, mersedesli biri barýandyr we maşynyň aýnasyndan boş kolasynyň gabyny zyňyp bilýär...

umuman, diýjegim... ýa-da arzuwym... adamlaryň maddy durumlaryny gowulaýakaň onuň ruhy durumynyňam aladasyny etmeli.
terbiýesiz baýdan, terbiýeli baý has gowy.

indi ýaşmakly ýeri.... menem onuň nehä tarapdary ne-de garşydaşy... gelin gyzlarymyz belli bir edep kadalaryna ýeten bolsa, olara ýaşmak hökmanam däl. emma, käbirleri "nireden ýaşmagyny açdyrypdyryn" diýdirýändirlerem.
umuman, ynsana bagly.
ýöne diniň berkiden zatlaryna kän reforma edilmegini dogry hasaplamok.
örtünmeli bolsa, örtünsinler, ýagny iň bolmanda gelin bolanlaryndan soň başlaryny ýapsynlar.

Hydyr aga, tüweleme sizem modernist-ýaşulylardan ekeniňiz. :-)
oturan jaýyňyzdaky goşlar, geýimiňiz we ulanýan enjamlaryňyz ünsümi çekdi.
käbirleri sakalyňyz bilen ýeňsiz futbolkaňyz gelşenok diýibem biler. meniň üçin-ä gelişýär.
ýöne, öýdür-dä diýip şortikli otursaňyz gelişdirip bilmezdim :-)
saýta gelýäniz üçin minnetdar.
zatlaryňyzam garşy bolmasaňyz bärde gaýtalajakdyryn.
mediumda teswir ýazmak kyn.
janyňyz sag bolsun.
avatar
0
7 Hydyr • 14:35, 09.10.2023
Mango,hatyňy aldym. Şahsy hat ýazypsyň welin, meň açyk aýdasym gelýär. Ýaşmak meselesi. Bir ýaşuly bilen bile işledim. Şonda ýaňy birinji gelni edinipdim. Ýaşmak barada o ýaşuludan soradym. Ýaşuly öň SSSR döwri uly ýerlerde işlän adam. Ol (sözme-söz-ä däl)şeýle diýdi. Meň gelinlerim ýaşynanok. Ýöne şeýle wakaň şaýady boldum. Biri täze edinen gelnine göwni gidipdir. Görgüli gaýnatasyndan gaçypdyr welin, şonda-da goýmandyr. Ahyry gelin ýanyp duran tamdyra özüni oklap, ot alyp ölüpdir. Gelin gaýnyndan ýaşynmaýan eken diýip gürrüň berdi. Türkmen bir däp-dessur edinen bolsa, bir emmasy bardyrmyka diýýän. Meň ýagdaýym başga. Gelinler bilen adaty durmuşda ýaşan bolsak, ýaşmaklaryny aýyr diýsemem belki aýyrmazdylar. Bizi durmuş mejbur etdi. Ýogsa, gelinler ýaşmagyny aýrany bilen üstüme çöwjäp durmajaklaryna akylym ýetýä.
Indi ýeňsiz köýnek, sakal hem şorty hakda aýdaýyn. Bu surat Malaziýaň paýtagty Kuala-lumpurda alnan surat. Oturan ýerimem öýüm däl. Biri bilen interwýu etjek bolýan ýerimiz. Arkamdaky dürli zatlaram şol atmosfera üçin goýulan. Ýeňsiz köýnek Kuala-lumpurda geň däl, şortyly gezip ýören ýaşulam kän. Sebäbi bu ýurtda tutuş ýylyň dowamynda hemişe 28-30* yssy. Ýeňli köýnegem geýýän şonda-da, ýöne biraz dymyk, yssy howada kynyrak bolýar. Şortyny-ha geýemok. Geýmerinem.
Indi ýazan zadym hakda aýtsam, men ýaşmak hakda, ol gerekmi, gerek dälmi diýen meseläni gozgamak üçin ýazmadym. Orazjemal gelnejem hem häzirki gelinlerim hakda oýlandym. Hakykatdanam adamlar üýtgeýärmi? Meniň pikirimçe-hä kän üýtgänok. Göwnümize öň Magtymguly köp okalýan ýaly, azgynçylygam häzir möwjän ýaly. Ýöne öňem Magtymgulyny gyzyla gaplap boýnundan asýan ýokdy. Azgynçylygam köpdi. Gurbannazar "...asly, durky, zandy bilen meňzeşdir" diýýär-ä. Men şony dogry hasaplaýan. Orazjemal gelnejem diňe kakamyň ýanynda ýaşynýady, başga, özünden kiçilerden ýaşynanokdy. Ýöne ýaşynmany üçin üýtgänokdy. Adamyň zandy bolsun. Şonda-da ýaşmagyňyzy zyňyň diýjek däl, sebäbi zyňsaňyzam, zyňmasaňyzam üýtgän zadyňyz bolmaz. Gelinlerimiň biriniň "Ýaşmak biziň üçin lezzet" diýeni ýadyma düşýär. Megerem, birine hormat goýmak lezzetlidir. Hormat goýulýan üçinem şonuň ýaly. Onsoň däbimizi ýitirip ýörmegiň näme manysy bar?! Agtyklaryň üsti bilen gürleşmegiňem lezzeti bar. Bolýa gepi uzaltmaýyn. Sag bol, sylagyňa, hoş sözleriňe.
avatar
0
8 Мango • 14:48, 09.10.2023
Hydyr aga. bir düşünişmezlik bar.
men size şahsy hat ýazmadym. pikirimi bu ýerde açyk ýazdym.
"şahsy hat" diýýäniňiz nirden ýazyldyka? kim ýazdyka?
geň galyp otyryn.

sakal, futbolka, şortik barada... ýazamda elbetde, şortik geýmejegiňizi bilýädim. malaýziýada bolsaňyzam, afrikada bolsaňyzam. :-)
minnetdar, pikirleriňizi asuda ýazýanyňyz üçin.

umuman, hormat goýýan kişilerimiň birisiňiz.
janyňyz sag bolsun!
avatar
0
9 Medicall • 00:59, 10.10.2023
Ilki bilen Hydyr agany saýtda görüp begenenimi aýdaýyn.

Şahsy hatly gürrüñiñizi analizlesem, belki Hydyr agañ profilinde teswir ýazylsa öz elektron salgysyna barýan funksýa açyk durandyr. @Mango, ýogsa şahsy haty nik eyesinden başga hiç kim ýazybam, okabam bilmeýär,(ýöne bir nikden iki adam girse admin panelda görkezýär, sayt ikisini bir wagtda salmaga rugsat edenok, birini çykarýar saytdan) paroly hem birine özüñ bermeseñ hiç kim döwüp girip bilmeýar. Hydyr aganyñ elektron poçtasyna teswiriñ habary barandyr, ine bar düşünişmezlik elektron poçtada, şahsy hatda däldir.

Mediuma men-a girip bilemok, bu ýerde paýlaşyp gowy edýäñiz, sagboluñ, minnetdar!
avatar
0
10 Medicall • 01:10, 10.10.2023
Ýaşmak barada: meñ ejem entegem ýaşýar gaýnagasyndan))
avatar
0
11 Medicall • 01:18, 10.10.2023
Iş ýeriñde ýaşmak barada aýdylanda: mugallym bolsañ gaýynlañdan iş ýeriñde ýașynmak ýene bir ýagşy, medisinada işlap formada wagtyñ gayynlañdan biri gelse gara görgi.
Meniñ özüm "ýuwaş gelin" kinosyndaky ýagdaýda galdym işde bir näçe gezek.
Şolardan has erbet aljyrap bir söz aýtsam on sözi aydyp bilman utanan pursadymam bolupdy.
Ýöne endik etseñ ýaşmagy aýyrsañam ýalñyş iş eden yaly duygy bolyar eken mydam.
avatar
0
12 Medicall • 01:25, 10.10.2023
Ýöne men ýaş wagtlary ýaşmagy ayyrmagyñ tarapdary däl. Goý GAÝNATA entek ýaş gelninden özüne sylagyñ hormatyñ bardygyny bilip atalyk mähri bilen seretsin gelnine.
Diñe agzyna ýaglygyñ bir ujyny çekmegäge ýaltanmasyn gelinler, biz tarapda diñe bir gaynatadan däl eysem gayyn obañdakylardan hem tã perzentli bolynçañ boýuñ bilen bürenip, saranmaly, oñam öz döwri, möwrüti bar, ulalyşanlarynda beydip ýörseler gelşenogam.
Garaz her zadyñ öz ýeri bar.
Orazjemal gelnejede hakyky sylag hormat diygusy bar gadyrdan zenanlardan eken. Jayy jennet bolsun
avatar
1
13 Hydyr • 08:46, 10.10.2023
Ämin.
avatar
0
14 Мango • 11:30, 10.10.2023
dogry. "уведомление" gidendir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203