07:02 Şygyrlar çemeni | |
ŞYGYRLAR ÇEMENI O.O Çola çygryň jümmüşinde ýitmezim ýaly, Şygyr setirlerne düzzüm arzuw-hyýalym. Ýazan boldum, şahyrlyga ýetişmesem hem, Dostum, meni ýatlarsyň diýp käwagt, kätaýym. Sergeý Ýesenin (“Dostuma”) Dünýäde iň owadan, iň asylly we iň näzijek gyza “Iň owadan gyz sen!” diýsem, tisginip, süýşýäň, Mylaýymja sesiň jogap bermän, eglenýär. “Iň asyl gyz sen” diýemde, gaşlarňy çytýaň, Eýjejik ýüz aşak bakýar—gizlenýär... “Dogry sözlüniň dosty ýok” diýýärler welin, Eger ýalan sözlän bolsam, ynanarmydyň? A:ý gelin! Älemde saňa ýok taý gelin!— Diýip, çyny ýaýanyma gynanarmydyň? iýul 2020 ý. ***** “Iň asylly gyz”, diýemde—jogap ýok. “Iň owadan” diýsem, gaşlar çytyldy. Ýerliksiz gürledim... Batdym iňkise: Aşjak ýolum wagtyndan öň ýapyldy. Telefon biperwaý meniň halyma, (Hatlar hem okalman bozulýar öýdýän). Aýlaýan nomerňi sesiňi küýsäp, Aýňalýan. Oýlanýan. Yza dolanýan. Ýene bir topar söz diňlenmän galar, Onuň sebäbine düşünýärin men: Ýigrim bäşiň “näzijegi” bolsaň-da, Kä kişiň gözüne entek çaga sen. Ol sözleri tekrarlaryn ýigrim ýyl, Söýlärin içimden, daşa çykarma:n. Her minutda altmyş gezek ýatlaryn, Ger, ýüregim urup dursa säginmän. iýul 2020 ý. ***** Seniň ismiň sena edip dilimde, Uka gidýän soňky pikirim bilen. Ilkinji pikirim ýene sen hakda, Oýanyp ir säher, şükürim bilen. iýul 2020 ý. ***** Kalbyma sünjülen yşkyň peýkamy, dygysyz syhlap dur ýiti tygyny. Çalýan ýaly mährem söýgi mukamyn hem möhrüni basyp ýara yzyna. Muňa ne melhem bar, ne-de tebip bar; maslahat berjek ýok, hem-de hemaýat; ne-hä gynanýan bar, ne-de görip bar. Bu dertde wyždan ýok, ýok onda uýat. Tikeni iňňe bilen sogurýarlar, ýara dömüp, gaýra üzülmez ýaly. Özge bir magşuga aşyk bolýarlar, ýürek gam-gussadan sozulmaz ýaly. Seň peýkamyň ykjam otyr ýürekde, indi maňa täze hanjar derkar däl. Ony baky götererin gursakda. Sen—magşugym, ýatdyr maňa özge ýar. iýul 2020 ý. Ýadygärlik sowgatjyk ikimiz Aramyza dil düşdümi, ýa-da göz, Ýadygär sowgadymy kabul etmediň. Gowşurjak bolamda, bolupdyň boz-ýaz, Bu ýagdaýy duýup, öte geçmedim. Ne erjellik etdim, ne-de dyzadym, Hem ne gyzardym men, ne-de gyzdym men. Kän garaşdym, umydymy üzmedim, Garaşdyk ikimiz şu günlere çen. Indi bolsa, mahal-mahal ikimiz, Ýatlaýas mylaýym, näzijek sesiň. Ýene bir gün duşuşaýsak üçümiz, Kabul et sowgadyň, mende durmasyn. iýul 2020 ý. Kakajan BALKANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |