Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:46
Yhlasym bar haç togabyn etmäge (esse)
Yhlasym bar haç togabyn etmäge
(esse)

Käbä barsaň, Haka sydkyň baglagaý,
Özüňe däl, il agysyn aglagaý

Pir Mäne baba.

Ýene sanlyja günden üç ýüze golaý ildeşlerimiz haç parzyny berjaý kylmak niýeti bilen keramatly Mekge-Medinä ugrarlar. Bu mukaddes däp Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýyldan-ýyla yzygiderli dowam edip gelýär. Goý, olary we olaryň maşgalalaryny Beýik Taňry Öz penasynda saklap, beladan-beterden gorap, hak we ak ýoldan ýöredip, ýagşy niýetli arzuwlaryny hasyllap,
il-ýurdumyz, eziz türkmen halkymyz üçin bähbitli tutan işlerinde üstünlikler gazansynlar!
Goý, bu däp-dessur mähriban türkmen halkymyzyň aňyna ornap, nesillerden-nesillere örňäp gitsin we dowamat dowam bolsun!
Kommunistleriň ateistik duýgylarynyň möwç alýan döwründe, SSSR ýurdunyň bir künjegi bolan obamyzdan, elli ýaşlaryndaky T. aga Mekgä gidýärmişin gürrüňi biz düşnüksiz biperwaýlyk duýgusy bilen kabul edipdik. Biz-ä o wagt oglantak diýeliň, ýöne, köpi gören ýaşulylaram:
—T. keramatly ýurda näme maksat bilen gitjek-kä?
—Ol heniz namaz okamanam-a öwrenenok, haç togabyny nädip ýerine ýetirjek-kä?
—Ata-babalarmyz: “Haýyr işi goýsaň şere döner, şer işi goýsaň – haýra” diýipdirler. Belki, T. Käbä ýagşy niýet bilen gidip barýandyr, haýyr işi Hudaýam goldarmyş. T.-nyň açjak gapylary elmydama açyk bolaýady, olaryň haýry bize we nesilermize-de nepi degäýedi
—Hawa-la, rast aýdýaň. Nakyl bar: “Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa” — diýişip, ýagşy dileg edipdiler.
T. zyýaratdan sag-aman gaýdyp geldi. Ol gelende ýany bilen şol döwürde gyt we ýoň bolan gyz-gelinler üçin köýneklik zerli matalaryň dürli görnüşlerini getiripdi. Obaň ulugyzlary sähel yşyga ýalpyldaýan zerli köýneklerini modadan gaçýança geýipdiler. Biz soň-soňlar, uly adam bolup ýetişenimizden soň düşünip galdyk: T.-nyň zyýarata däl-de, syýahata gidenine.
Bu wakany bolsa, ýene, SSSR döwletiniň “aç-açanlyk”, “täzeden gurup, döretmek” haý-haýly syýasytyny ýöredýärkä, Leningradyň (häzir Sankt-Peterburg, Rossiýa Federasiýasy) din edaralarynyň birinde işlän ildeşimiz gürrüň beripdi. Ol ilki bilen, Beýik Watançylyk urşunyň weterany, kakasyna haja gitmekligi teklip edipdir. Ýaşuly oglunyň maslahatyna şübheli garap:
—Ýak, Gurban jan, sen henizem adamlar bilen henekli gürleşmäni goýmansyň-ow. Men nire, Mekge-Medine nire.
—Kaka, çypbakaý-çynym...
—Kül üstünde oturyp, göwnüňi bolsa Kap dagynda aýlap ýörsüň. Leningradlylaryň Türkmenistan respublikasynyň nirededigini bir bilýälermikä?! Kommunistler döwründe türkmenlerden haja gidenini henize-bu güne çenli men-ä eşidemok. Sen wezipeli bolaňda-da, bu iş saňa başartmazmyka öýdýän.
—Kaka, bir adamy haja ibermäge ygtyýarym ýetýär.
—Ýeri, bolýar. Sylag-hormatyň üçin sag bol, oglum. Meniň indi alys ýurtlara gitmäge gurbatym çatmaz. Eger, hakykatdanam, diýeniň ýöreýän bolsa, obamyzyň mollasy Täçmuhammede aýdyp göräý, ol maňa görä has ýaş hem gujurly.
Täçmuhammet haja taýynlyk görüp ýörşüne, kiçijik haltajyk tikdirip içine türkmen topragyndan iki gysym salyp, Mekgäň topragyna ýarsyny, Medinäň topragyna-da ýarsyny sepipdir. Sepip durka: “Essalawmaleýkim, şan-şöhratly beýik arap ýurdy! Men size Türkmenistan ýurdundan we eziz halkymyň adyndan salam getirdim! Goý, bu toprak biziň dost-doganlygymyzyň nyşany bolsun!” diýipdir, gaýdyşyn bolsa haltajygyna arap topragyny salyp gaýdypdyr.
Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soň Gurban aga-da haja gidip geldi. Gurban aga hem edil Täçmuhammet hajynyň edişi ýaly, gidende ýany bilen türkmen topragyny alypdyr we arap topragyna sepip durka şu sözleri aýdypdyr: “Türkmen halkynyň adyndan köp dogaý salam! Essalawmaleýkim, Yslamyň ýüregi—mukaddes şäherim, Mekge! Essalawmaleýkim, älem musulmanlarynyň göz-guwanjy, keramatly şäherim Medine! Essalawmaleýkim, on sekiz müň älemeiň serweri, külli mömin-musulmanlaryň howandary we ynanjy Rasulallahy salallowhy we selem!
Men size Bureýdalaryň, Hoja Ýusup Hemedanynyň, Nejmeddin Kubranyň, pir Mäne babanyň, Aşyk Aýdyň piriň, Zül Kifil babanyň, Ärsary babanyň, Arçman atanyň, Gözli atanyň, şyh Mansuryň öwülýälerinden, üç ýüz altmyş öwülýälerden; şöhrat-şanly taryhly Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Togrul begiň, Çagryl begiň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň, Keýmir körüň ilinden; Gahryman Arkadagyň, ýurdundan, beýik türkmen halkynyň adyndan salam getirdim!” diýip, tagzym edipdir.
Gurban hajy hem haltajygyny Arabystan ýarym adasynyň topragyndan dolduryp getirip, Watanynyň bereketli topragyna seçipdir.
Rowaýat bar ki: Beýtulmukaddese we Medinä dört aýlyk düýeli gidilýän döwürlerde, ulamalaryň biri haja barýanlara ýüzlenenip:
—Adamlar, ýoluňyz ak bolsun, ýoldaşyňyz—Hak! Haýyr-sahawatly ýörişe ugramakaňyz size soragym bar: Mekge-Medinä zyýarata sizi kim çagyrýar? Bu sowala jogap berseňizem bolar, bermeseňizem—öz ygtyýaryňyzdadyr, onuň jogaby siziň her biriňiziň kalbyňyzda ýazylgydyr. Hergiz ýadyňyzda bolsun: beýik Biribar haç togabyňyz bilen birlikde niýetleriňizi hem kabul edýändir, ýagşy niýetli boluň adamlar! Haç parzyňyzy berjaý edip, sag-aman ýurduňyza dolanyň, Alla sizi gidişin-gaýdyşyn Öz penasynda saklap, gorasyn!
Ol ulamanyň syrly soragynyň jogaby ynha şeýle bolmaly: birinjiden, haç togabyn bitirmäge Allatagalanyň Özi çagyrar; ikinjiden—öz nebsiň; üçünjiden bolsa, şeýtanyň hem çagyrmagy ähtimal ekeni.
Haç parzyny bitirmek niýeti bilen mukaddes Mekge-Medinä ugraýan ildeşlerimizi goý, beýik Biribar beladan-beterden, howpdan-hatardan, şeýtanyň alyndan gorap, Öz penasynda saklap, hak we ak ýoldan ýöredip, maksat-myratlaryna, köňülde beslän ýagşy niýetli arzuwlaryna ýetmäge ýardam bersin! Olaryň ýurt parahatçylygyny, maşgala agzybirligini, yrsgally-döwletli, bereketli, bagtyýar durmuşyň we bagtly geljegimizi arzuw eden dileglerini Allatagala Öz dergähinde kabul eýlesin! Sag-aman Watanyna dolanyp gelsinler, maşgalalaryna gowuşynalar! Omyn!

© Kakajan Balkanow
Iýun 2024 ý.
Bölümler: Ylahyýet | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 2.2/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 10
avatar
2
1 Мango • 22:07, 03.06.2024
"...musulmanlaryň howandary we ynanjy Rasulallahy salallowhy we selem!"
Rasulallah biziň ynanjymyz däl, ol Pygamberimiz...
Adynyň yzyndan aýdylyşam: Sallallahu aleýhi we sellem...

---
"...Türkmenistan ýurdundan we eziz halkymyň adyndan salam getirdim!"-li ýerleri birhili ynandyryjy däl.
haç farzy bir syýasy çäre däldir-ä... ýurt, halk.... meniň pikirimçe eger ýurdy, halky agzanam bolsalar başgarak aýdandyrlar...

---
haj turizme öwrüldi... pikiri bilen ylalaşýan...
gynansak-da...
Allah niýetlere görä hajylarymyzyň ybadatyny kabul etsin.
avatar
-3
2 Балканов • 11:05, 04.06.2024
Essalawmaleýkim hormatly Mango!

     “Yhlasym bar haç togabyn etmäge” eden bellikleriňize.

       Muhammed (s.a.w.) Allatagalanyň guly we rasulydygyna, hem-de külli musulmanlaryň pygamberidigine hiç bir şübhe bolup bilmez. Kurany Kerimiň “Zenanlar” süresiniň 80-nji aýatynda: B.R.R. “Kim pygamberlere boýun bolsa, bes, Alla boýun boldugydyr”. Bu aýatyň düşüdirişi ýaly, mömin-musulmanyň Allatagala-da,  Rasullallaha-da ynanjy bir-birinden aýry däldir, Gurban hajy hem bu aýata dogry düşünip, küfür geplän däldir diýip pikir edýärin.
         Pygamberimiz,  Rasulallahyň (s.a.w.) ady tutulanda türkmenler: “Salallowhu aleýhi wesellem” diýip aýdýarlar. Pygamberimiziň (s.a.w.) bu mertebesi türk dilindäki “Resûlüllah sallallahü aleyhi ve sellem” jümlesinden göni terjimesidir. Hakykatda bolsa arap dilindäki ýaly
 صل للهِ  عليه  و سلم
   (sallallahu aleyhi we selem)  ýaly aýdylmalydyr. Es-Seläm (Salam)—Allatagalanyň Kuranda agzalýan 99 ismi-şerifleriniň biridir. Allatagalanyň bu epitetiniň manysy şeýleräk bolmaly: her dürli kemçiliklerden, nogsanlyklardan, aýyplardan , ýetmezçiliklerden azat bolan we bendeleriniň goragçysy bolup, aman-esenlige çykarandyr.
        Ata-babalarmyzdan gelýän dessur boýunça, türkmenler biri-birini görenlerinde, öýe girenlerinde “Essalawmaleýkim” diýip salam berýärler. Bu bolsa hoşniýetliligiň alamaty bolup, salam beren kişiňe, öýüňe abadanlyk, ýagşylyk dilemekdir. Täçmuhammet hajy hem, Gurban hajy hem ýat ýurda baryp, watanynyň we halkynyň adyndan salam berip hata geçen däldir diýip pikir edýärin. Men-ä hajylaryň hormat bilen salam berenlerine müňkür bolamok, elbetde, ýüreklerindäki beslän arzuwlaryny aýdandyrlar.
          Okyjylaryň özleri giňişleýin we dogry düşünerler diýip, bu essäni gysgaldyp ýazdym we men bu eseriň üsti bien haç togabyny syýahata öwürdiler diýip aýtjak bolmadym, dogry düşüniň. Essäniň başynda getirilen Mäne babanyň epigrafy eseriň özeni bolmaly.
avatar
0
3 Мango • 12:07, 04.06.2024
Wealeýkum es-salam hormatly Balkanow.
bilýän men size salam bermeli, ýöne şu sosial mediada we telefon ýazyşmalarynda nämeüçindir salamdan başlamok. kän adam "ilki salam, soňra kelam..." diýip käýýedilerem ýogsam. ýöne, salamdan başlamaýanymy düşündirmek kyn, emma hiç hili hormatsyzlyk etdigim däldir. eger hakykat ýüzünde, durmuşda duşuşsak elbetde salamdan başlaryn. emma bu ýer bir wirtual älem.... dogrusy, salam berseň gowudyr-la...
---
"T. zyýaratdan ...gelende ýany bilen ...köýneklik zerli matalaryň dürli görnüşlerini getiripdi."
Siz T.-nyň mysalynda haj ybadatyna söwdanyň goşulanyny bellediňiz.
"haç togabyny syýahata öwürdiler" diýip aýtjak bolmadyňyz, emma men "haj+söwda" görnüşine döwrümizde "haj+turizm" görnüşem goşulanyny aýtjak boldum...
aslynda, ynsanlaryň kalplaryny göremizok, olaryň kalbynda "söwdamy, turizmi, at-abraýmy" näme badygyny diňe Allah biler. bize goşulmagam gerek däl-le...

ýöne biri gürrüň berdi.
bular haja gidenlerinde galýan otellerinde, öz toparyndan bir zyýaratçy, hiç otelden çykanokmyş, etmeli ybadatlary edenokmyş. garaz mundan geň galyp sorasalar şeýle jogap berýär:
–men hajy bolmak üçin gelmedim. men hajylyk bilen işim ýok. ýöne meniň kakam maňa şert goýdy: "hajy bolup gelmeseň saňa mirasdan paý ýok"-diýip. men miras üçin bärde....

şonuň ýaly-da. kimler bar Käbäniň düýbündedirler, emma Allahdan uzakdyr. kimler bar Käbeden uzakdyrlar, emma Allaha ýakyndyr... niýet meselesi...

---
umuman, bellik edenime ters düşünmäň.
ýene bir zat zat olam terminleri dogry aýtmak.
bu hem entäk jedelli mesele.
Alla diýmelimi Allah diýmeli?
Salowmaleýkim diýmelimi, Salamaleýkum diýmeli?

gep uzady....
minnetdar.
janyňyz sag bolsun.
avatar
0
4 sussupessimist • 13:03, 04.06.2024
Howwa, Akyş Saparam aýdýar - edep - salamdan başlanýar diýip... Soň ýöne her gezek: "Geliň, men size salam hakdaky aýdymymy aýdyp bereýin" diýýä...
avatar
0
5 sussupessimist • 13:15, 04.06.2024
Ýene bir waka ýadyma düşdi. Atajan Tagan gürrüň beripdi. Meskewde ýaş wagty (ýa talyp döwri, ýa-da ýaňy SSSR ýazyjylar soýuzynda işläp ugran uçurlary)  bir ylmy konferensiýa geçirilipdir. Dünýäniň dürli künjeginden alymlar filologiýa, dil, edebiýat, folklor hakda gyzykly dokladlar bilen çykyş edýär, täze teklipleri öňe sürýär diýýär.
Ine-de, söz nobaty Türkmenistan SSR-inden Filologiýa ylymlarynyň doktory, akademik Aman Kekilowa ýetipdir. Ýöriteläp ""Söýgi" poemasynyň awtory Meskewe geldi, konferensiýada çykyş edýär" diýip, şony diňlemäge baran, sabyrsyzlyk bilen garaşyp oturan türkmen oglanlaram şowhunly el çarpyşyp, muny münbere ugradypdyrlar.
Aman Kekilem münbere çykyp: "Menden öňki çykyş edenleriň sözüne goşulýan. Mundan ötri, men size güneşli Türkmenistandan gyzgyn salam getirdim!" diýipdir-de, ýerine geçip oturyberipdir.
avatar
0
6 aygull • 16:41, 04.06.2024
Ýaşlaram yzan-çuwan gitjek bolup, gidip. Ene-atalaryny ugratmaly dälmikä şolar, meselem.
avatar
0
7 aygull • 16:44, 04.06.2024
Mukaddes zat barybir mukaddesligine galar. Bir ýaramaz ýagdaýyň üstünden barylmasa bolýar-la. Ýüregiňi päklemek däl-de, göwün acmak ýaly, hamana. Surat baryna-da düşýäler. Mahabat olam
avatar
0
8 Merdan • 17:22, 04.06.2024
Essalamy aleykim hormatly saýdyñ agzalary we myhmanlary. Men şu teswiri ýazmak bilen diýjek bolyan zadym şu ki Hajy zyýaratyny gowy görýän özimä
1) Şondan gelip uly Hudaýýoly berýäler welin kän wagt kowalap tutyp bilmedik adamyñy tutmaga mümkinçilik döreýär
2) şotaýyk ölimi boýun alyp gidlyär welin ýagşy ýaman adam pahyr soñyny pikir etmăge kömek edýär.
Ýene teswirlerde duşýançak hoş sag bolyñ siziñ hemmäñiziñ aslyhalal ojagyñyza rysgal bereket arzuw edýärin.
avatar
0
9 aygull • 17:36, 04.06.2024
Ezizim, señ 2-nji wariantyň hemme kişä degişli däl bolaýmasa.
avatar
0
10 Балканов • 19:05, 04.06.2024
Sag boluň, minnetdar!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203