03:24 Turistik ideýa | |
TURISTIK IDEÝA Irden Aşgabatdan çykan turistik toparly awtobus gum içine tarap ugraýar. Garagumyň içine (ýa-da Köpetdagyň bir ýerlerine) ýaşaýyşdan uzak, adamsyz, toksuz, tehnologiýasyz arassa tebigatly ýere gelip ýetýäler. Turistler ähli eşigini aýyrýalar we gadymy türkmen milli eşigini geýýäler. Aýakda çokaý, ak ezýaka köýnek, gyýma balak, tahýa, telpek, gyrmyzy don. Aýallaram keteni köýnek, balak, gyňaç, börük... we ş.m. Awtobus bulary 3 günlik taşlaýar we yzyna Aşgabada ugraýar. Indi 3 günlik turistik programma başalaýar. Programma görä turistler 3 gije-gündiz bu ýerde gadymy türkmenleriň ýaşaýyş obrazynda ýaşamaly, iýmitlenmeli...... Olary gara öýlerde ýerleşdirýäler. Ýörite turistler üçin gurnalan türkmen obasynda gara öýler, metjit, at çapdyrmaga aýlaw, athana, süri goýun, çopan, alabaý..... hemmesi bar. Umuman, bu 3 günlik programmaň içinde turistler at çapyp görmeli,düýe münmeli, çal içmeli, guýudan suw çekip görmeli, haly dokap görmeli, keçe ýasap görmeli, goýun öldürip görmeli, etli türkmen naharlaryny bişirip we iýip görmeli. Agşamlaryna dutar we bagşy diňläp görmeli. At ýaryşlaryny synlamaly, türkmen toýuny görmeli.... umuman türkmen däp-dessurynda ýaşamaly. Gaýtjak günleri suwenir alar ýaly ýaşaýan obalarynyň deňinden Hytaýdan gelen kerweni garşylap olar bilen söwda etmeli. Ertir gaýtmaly diýlen günem olar ähli goşuny taýýarlapjyk uka gidip-gitmänkä (ýa-da ýary gije) olaryň üstüne garakçylary çozdurmaly. Gije elleri otly, atly garakçylar (alamançylar, gyzylbaşlar) turistleri gorkuzyp, olary “talap”, käsi bilen “uruşyp”, olary gabap ählisini gollary bagly atyň öňüne düşürip bir-iki gum depesinden aşyrmaly. Gollary bagly “tussag” turistler bir-iki depäni aşansoň olara awtobus garaşýany görerler we munuň oýundugyny aňarlar... Olara ilki gelişlerindäki eşiklerini bermeli, awtobusa mündirmeli, goşlaryny hem ýüklemeli we “ýene gelip duruň!” diýip ugratmaly. Şeýle programma gatnaşmak islärmidiňiz? 3 gün tehnologiýasyz durmuşda arassa türkmen bolup ýaşap görmek islärmidiňiz? © MANGO | |
|
Ähli teswirler: 14 | |
| |