00:13 Tursam diýip, turmasam... | |
TURSAM DIÝIP, TURMASAM.... Garryja türkmen mamalardan galan sanawaç bar. Çagalar üçin aýdylýar ýa-da çagalara aýtdyrýalar. Agşam ýatsam ýa Allah, Ertir tursam enşallah. Tursam diýip, turmasam, Lä ilähä illälläh. Çagalara sanawaçdaky “tursam diýip, turmasam”-ly meseläni haýsy ýaşda aýdyp başlamaly, bilemok, ony çaga pedagoglaryndan soramaly. Ýöne, uka gitek çagalara ýatmazyndan öň bu sanawajy sanatmak bilen, onuň aňyna şeýle ýumşaklyk bilen hakykat düşünjelerini terbiýe edişlerine haýran galýan. Bujagaz ajaýyp sanawaçda: * Allahy ýatlamak bar; (Uky kiçijik ölümdir, uka gidende Allasyny ýatlaýan kişä ölüm ukusyna gidende-de Allasyny ýatlamak kyn düşmez). * Nesibe barada düşünje bar; (Agşam ýatansoň ertir turjagy turmajagy näbellidigi, emma umutly bolmaklygy, her işde "enşallah" ýagny "nesip bolsa" diýmelidigini beýnisine ýazýar.) * Imanyňy täzelemek bar. (Uka gidýärin, nesip etse ertir turaryn, eger turmasam, ýagny ölsem, onda, "Lä ilähä illallah" diýmek nähili gowy zat. Kompýuteri wiruslardan goramak üçin antiwirusymyzy nähili çalt täzeläp durýan bolsak, onda beýnimizdäki şeýtany hüjümlerden goranmak üçin bu söz, ýagny "Allahdan başga iläh ýok! Muhammedem onuň resuly" diýip durmak hem möhümdir.) Ýokarky sanawajy çagalaryňyza, ýegenjikleriňize, jigijikleriňize öwrediň. Goý, olar elmydam imanyny täzeläp dursun. Garryja türkmen mamalary nähili imanly we akylly. Olar agtyjaklaryna gorkuzman, söýgi bilen hakykat düşünjelerini bermegiň usulyny bilipdirler. Agşam ýatsam ýa Allah, Ertir tursam enşallah. Tursam diýip, turmasam, Lä ilähä illälläh. © MANGO 2010 ý. | |
|
Ähli teswirler: 6 | |
| |