Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:07
Ak şäheriň Garasary
AK ŞÄHERIŇ GARASARY


Öňňin @Sussupessimist şeý diýdi: “...dogrusy, özüm-ä: "Ine, şu mynasyp simwol bolup biler" diýip boljak üýtgeşik arhitekturasy bolan binany görmedim heniz Aşgabatda...”.

Düýn men kän pikir etdim, Aşgabadyň simwolyna öwrülip biljek mynasyp bina ýa-da başga bir zat ýokmuka diýip...

Bugün instagramda “hi.ashgabat” hasabyndan “shirinanay”-a degişli bir illýustrasiýa gördüm. Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan. Aşgabady ýadyňa saljak her hilije momentlere üns çekipdir hanym Şirinanaý: haly, örme jorap, tudana, tamdyr çörek, bezelen gelinalyjy maşyn, somsa, gök çaý, agzy we aýagy sary garasar...



Bu suratlaň içinden şol gözleýän simwolyma mynasyp birine duşaýdym öýdýän. Serçeler otrýadyndan, sarlar maşgalasyndan bu Garasar, çüňki we aýagy saryja... Parklarymyzyň we köçelerimiziň bezegi. Reňkiniň garasyndaky sary aksentler oňa owadanlyk berýär...



Aslynda Aşgabadyň öz gerbi hem bolan eken. Ine, Patyşa Ashabadynyň şäher gerbi.


Ine-de Sowet Aşgabadynyň şäher gerbi.



Meniň gözüme hoş ýakan bu Garasar Ak şähere mynasyp simwol bolup bilermikä? Soraýaýyn diýdim.

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 131 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
1
1 sussupessimist • 15:17, 03.06.2024
Bolup bilmez, Mango dost. Munuň sebäbini bu guşuň orsça ýörgünli adyny bilseň soramazdyňam. Афганка ýa афганский скворец diýilýä oňa. Ylmy ady Обыкновенная майна.
Bu maýna-garasarlar aslynda-da bärde soňky ýyllar köpeldi, özlerem gaty nebisjeň, bolgusyz guşlar. Şolar gelensoň gorkak gumrujyklarymyzam gaçyşyp, azalyp gitdi. Sebäbi hor galýarlar, baryna deňje çörek owradyp bersem, olary kowup, özleri artygy bilen iýip oturýar.
Gögerçinler indi-indi biraz olar bilen göreşen bolup ugradylar.
Aslynda häsiýeti boýunça-ha simwol hökmünde gumry gelişýär welin...
garaz, bu zatlary bir hekaýamda detal hökmünde-de ulanypdym.
avatar
1
2 sussupessimist • 15:21, 03.06.2024
Hä, garasarlaryň ýene bir hilegär tarapy: ne gözel guşlaryň saýramasyna öýkünip bilýärler. Eşiden guşlarynyň köpüsiniň sesini "ogurlap" bilýär. Bilbil saýran ýaly edýär.
Aramyzda uzagrak geziberseler, bahym adam dilinde goşgy-aýdymam aýdarlar... ýa eýýäm))

garaz, hut şu guşuň-a peýdasyndan zyýany kän
avatar
0
3 Mekan2 • 15:29, 03.06.2024
üstesine maşynyňy hapalaýalar

özlerem agzybir guş, üýşüp pişigi aljyradanlaryny gözüm bilen gördüm.
avatar
0
4 Mekan2 • 15:40, 03.06.2024
"Bolup bilmez..." diýeninden, Umydyň ornitology sebäplimikä diýdim, has mantykly deliller bar eken.
avatar
1
5 Мango • 15:45, 03.06.2024
bäh... ýamanlap ýatyňyzaý.
hawa, belki peýdasyndan zyýany kän bolup biler, aslynda maňa-da zyýan berýär – gapymdaky üljämi iýýäler...
ýöne owadan guş-a.
hemem, bolanda näme owganly, hindistanly, şri-lankaly...
aşgabada-da ornaşansoň özmüzki ýaly kabul edip bolmazmy?

---
ýene aşgabat simwolsyz galdy... :-(

---
o garasar barada öwgüli sözem aýdyp bolýar – olar bileje gezýän ekenler. elmydam.
ikijigi.
bileje.
avatar
1
6 Мango • 15:49, 03.06.2024
4-e.
"bolanok" diýiljek bolsa, ilki bilen reňkinden başladaýmasalar...
ýöne ak bilen sary gelişenokda....
garada welin sary - bet.
avatar
0
7 Mekan2 • 16:05, 03.06.2024
men-ä başga dawa tapjak :-)

biz şoň adyna alahekge diýýäs (ýa-da diýýädik). öňler gaty kän däldi olar.

bir öwgüli ýerinem aýdaýyn onda: mallaň üstüne gonsa begenýädik, sakyrtgalaryny çöpleýä diýýädik. sakyrtga iýip-iýmeýäninä bilemok, mallaň üstüne gonýadylar ýöne.

öýkünjeňliklerini şu wagt öwrendim. biziň obada (A.Tagan diýibersin eşidemok diýip) daňdanlaryna bilbil saýraýa. bir gezek gün dogandan soň şo owadan ses öz mellegimizden gelýä. menem bilbil görjekden. görsem, ýaňky eken - alahekge wi garasar. geň görüpdim. okazywatsýa, öýkenip bilýän ekenlerdä.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203