Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:44
Gülki. On ikinji onluk

GÜLKI. ON IKINJI ONLUK

Talyp (student) diskotekada gyz bilen tans edip ýörmiş. Birden biziň talybymyz özünden gidip ýykylýar. Ýanyndaky gyz gygyrmaga başlaýar:
- Suw getiriň, suw! Bärde biri özünden gitdi...
Talyp ýigit ýatan ýerinden gözjagazyny açyp, ysgynsyzja ses bilen:
- Bir döwüm çöregem getirsinler-le...

***

Huşy gidişen bir garry daýzaň gürrüňi:
- Arada Annajemallara diýip gitdim welin, Oguljemallara baraýypdyryn. Barsamam Bibijemal ýok eken…

***

Biri öýde işletmek üçin hyzmatkär tutunýamyş. Öý eýesi täze hyzmatkärine işiň şertlerini düşündirip bolandan soň, ýene-de bir gezek gaýtalap aýdýar:
- Berk belläň! Biz ertirlik naharymyzy irden sagat 7-de iýýändiris! Gijä galaýmaň!
Hyzmatkär:
- Men hemmesine düşündim. Ýöne birden gijä galaýsam, nahara mensiz başlaberiň…

***

Birinji klas okuwçylary matematikadan sapak geçýärler. Mugallym:
- Çagalar! Hany, kim aýtjak iki ikiň näçe bolar?
Bir çagajyk oturan ýerinden:
- Dört!
- Berekella! Me saňa dört sany süýji, dogry jogabyň üçin.
- Wah! Süýji berjegiňi bilsem sekiz diýerdimd-a.

***

– Doktor, men ölerinmi?!
– Dagy näme!

***

Haýwanat bagynda ekskursowod adamlary aýlap ýör. Olar piliň ýanyna barýarlar. Ekskursowod:
- Buňa bolsa, adamlar, pil diýilýär. Pil Hindistanda ýaşaýar. Piliň kellesinden guýrugyna çenli sekiz metr, guýrugyndan kellesine çenli bolsa, on metrdir…
- Beýle zat bolup bilmez!-diýip adamlaryň arasyndan biri gygyrýamyş.
- Bolup bilmez, ýöne şeýle ýagdaý kä-wagt bolýar. Mysal üçin 1-nji ýanwardan 1-nji maýa çenli dört aý bar. 1-nji maýdan 1-nji ýanwara çenli bolsa, sekiz aý bar!…

***

Baýlaryň AŞgazany agyrýan wagty garyplaryň AÇgazany agyrýar.

***

Birine kelläni kesmek arkaly jeza berýäler. Jellat eli paltaly dur. Kellesi kesiljek başyny agaçdan galdyryp soraýar:
- Şu gün näçenji gün?
- Birinji gün.
- Görýän welin, bu hepdämem düzüwli başlajak däl-ow!.

***

Biri kellesine ädik geýip, şäherde aýlanyp ýörmüş. Ony polisiýa saklaýar:
- Näme kelläň ädikli gezip ýörsüň?
- Men her üçünji güni şeýle gezýän.
- Bolýa. Ýöne bu gün dördünji gün ahyryn!
- Bä-ä, bu gün dördünji gün bolsa, näme üçin men samsyk ýaly kelläm ädikli gezip ýörün-aý?

***

Bir adam özüniň 6 aýlyk çagasyny doktara görkezmäge getirýär.
- Doktor jan, meniň ogluma eýýäm 6 aý boldy. Ýöne ol hiç gözüni açanok-la?
Çagany ünsli synlan doktor:
- Görýän welin çagaňyzyň däl-de siziň gözüňizi açmak gerek. Bu çaga hytaýly ýaly-la!

***

- Aýtsaňyzlaň, siziň satýan gutaplaryňyz täzemi?
- Ýok, etli.

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul12.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 110 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203