Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:02
Saňa hat. Prowokasiýalar we dawalar barada

SAŇA HAT. PROWOKASIÝALAR WE DAWALAR BARADA

Salam dost. Bu gün saňa hat ýazasym geldi. Hatym prowokasiýalara aldanmazlyk we dawalara girmezlik barada. Adam diýeniň nirede bolsa bolsun: öýde, köpçülik ýerinde, işde, ulagda ýa-da internetde, oňa prowokasiýa we gapma-garşy dawalara girmek howpy abanýandyr. Üns ber: prowokasiýalar arkaly gaharyňyzy getirip, janyňyzy ýakyp, ýüregiňize düşüp, size ejir çekdirip we ençeme ýaramazlyklary edip bilerler. Prowokatorlaryň zyýanly täsirinden özümizi we psihikamyzy goramagyň ýoly nähilikä?

Ilki bilen, prowokasiýanyň nämedigi öwreneli. Prowokasiýa – başga bir adamda howsala, tolgunma döredip biljek islendik bir öjükdiriji hereketi etmekdir. Şeýle hereketleri edýän adama prowokator diýilýär. Köplenç prowokatorlar öz “başarnyklaryny” ulanyp hereketlerini gönükdiren adamyň erkini, sowukganlygyny ýitirmegini, hereketlerine we duýgylaryna erk edip bilmezligini, elden-aýakdan çykmagyny gazanýarlar. Netijede ony başgalaryň ýa-da özüniň öňünde oňaýsyz ýagdaýa düşürýärler.

Käwagt hat-da kän bir duýgur bolmaýan kişilerem prowokasiýalara düşüp bilýärler, inçe duýguly kişiler barada-ha gürrüňem etmeli däl. Emma, her bir prowokasiýanyň garşysyna ulanyp boljak birnäçe ýönekeý we täsirli usul bar. Ony ulanan adam rahatlygyny saklar, sarsylmaz, berk durar we ýagdaýdan ýeňiji bolup çykar.

Islendik görnüşdäki prowokasiýalara garşy durmak üçin ilki bilen öz “gowşak tarapyňy” kesgitlemäge wagt aýyrmaly.

ÖZÜŇI TANAMAK

Her adamyň kemi bar, gowşak tarapy bar. Prowokatiw hereketleriň hüjümem şol gowşak taraplardan edilýär. Prowokatorlaryň islendik ilteşiginiň täsiri weýran ediji bolsa-da, ony öz haýryňyza öwrüp bilersiňiz. Prowokasiýalar arkaly siz özüňizi has gowy tanap bilersiňiz, sebäbi başgalaryň bu edýän hereketleriniň, aýdýan sözleriniň näme üçin sizde beýle tolgunma, reaksiýa döredýändigi barada oýlanyp görüň. Şeýlelikde, özüňiziň gowşak taraplaryňyzy kesgitlemegi başarsyňyz, şol tarapdan geljek prowokasiýalara garşy goragyňyzy güýçlendirip bilersiňiz. Şuny hem bellemek gerek; häsiýetiňizde durnuklylygy güýçlendirmegiňiz, wakalara gapdaldan seretmek başarnygyňyza oňyn täsir edýär. Netijede psihikaňyzy haýalladyp, emosiýaňyzyň täsirinden çykyp bilersiňiz.

PROWOKASIÝANYŇ ÜSTÜNI AÇMAK

Ilki bilen öz duýgyňa üns bermeli. Düşünmezlik, geň galmak, gaharlanmak – bular prowokasiýada adaty reaksiýalardyr. Bu düýgylaryň üstün gelmeginiň öňüni almak üçin, şol wagt nämeleriň bolup geçýänini ünsüňi jemläp pikir etmeli. Bu bolsa pikirleri köşeşdirmäge, söhbetdeşiň täsirinden azat bolmaga we belki-de onuň özüni alyp barşynyň prowokatiwdigine düşünmäge kömek eder.

Mundan başga-da, duýgyňyzyň dyňzap durmagyna üns bermegiňiz gerek. Eger öňüňizdäki kişi bilen gepleşeňizde pikir bulaşyklygy, öýke, gahar we şuňa meňzeş emosional ýagdaýlar yzygiderli ýüze çykýan bolsa, onda siz prowokasiýa bilen ýüzbe-ýüzsüňiz. Gatnaşykda söhbetdeşiň gürrüňiniň ugur-utgasyna düşünjek boluň: eger gepi-gürrüňi konstruktiw häsiýetli, oňşuk we düşünişmek niýetli bolsa, onda bu ýerde prowokasiýa ýokdur, ýöne gaýta-gaýta emosional reaksiýa görkezmäge mejbur bolýan bolsaňyz, onda öňüňizdäki prowokatordyr.

PROWOKATORY DERŇEMEK

Gürrüňdeşlikde prowokatory ýüze çykaranyňyzdan soň, indi onuň görnüşinem kesgitläň. Umuman, prowokatorlar birnäçe görnüşe bölünýär. Bular: höwesjeň prowokator, häkimlik etmegi halaýan prowokator we strateg (hasap-hesipli) prowokator.

Höwesjeň prowokatorlaryň "başarnygy" wakalaryň gidişini synlamakdyr. Özem uzakdan synlamakdyr. Bu adamlar köplenç öz duýgularyndan özleri täsirlenýär; çünki düýgylaryna erk edip bilmeýärler. Mysal üçin höwesjeň prowokatorlar garşysyndaky kişiniň pikiriniň özüniňki bilen düýpli tapawutlanýanyny duýsa, hökman ony gazaby (agressiýasy) bilen söhbetdeşine bildirer. Kä halatda olar agressiwlikden daşary göz ýaşlary ýa-da inkär etmekligi hem ulanyp bilerler.

Şeýle adamlar bilen gabatlaşanyňda dörän ýagdaýdan çetde durmak iň dogry ýoldur. Ol edil maýatnik ýaly: size zyýan bermek üçin iki ýana yrgyldar durar, ýöne ol yrgylda üns bermeseňiz, yrgyldyň bady gaçyp, bir salymdan hereketi doly durar.

Häkimlik etmegi halaýan prowokatorlar biraz tapawutlanýarlar. Olaryň maksady: güýjüni, ähmiýetini, ýagdaýlara we adamlara gözegçilik edip bilýändiklerini görkezmek. Eger şeýle adamlaryň hereketlerine garşy güýçli reaksiýa görkezseňiz, onda siz olar üçin “iň gowy” söhbetdeş hasaplanarsyňyz. Prowokasiýa arkaly olar psihologik taýdan güýçli ýa-da gowşak adamlary ýüze çykarýarlar. Şeýle adamlar bilen gatnaşykda neýtral duruşda boluň: gürrüňiň äheňini deň tutuň, howlukmaç hereketlerden saklanyň.

Strateg (hasap-hesipli) prowokatorlar – bular hile we mekirlik bilen başga kişileri ulanyp öz maksatlaryna ýetýän kişilerdir. Olar arkaňdan gep edip, pitne döredip, gybat ýaýradyp bilerler, başga-da ýaramaz hereketler edip bilerler. Şeýle adamlar bilen garşylaşsaňyz, onuň maksadynyň nämedigini anyklajak boluň.

ÝAGDAÝA BAHA BERMEK

Prowokasiýalaryň islendigine gabat gelseňizem “Näme üçin bu adam özüni şeýle alyp barýar? Bu zatlar onuň nämesine gerek? Hiç düşünip bilemok...” diýen ýaly pikirlere çümüp wagtyňyzy gidirmäň. Şeýle etmek bilen, wakalaryň ýumagyny ýitirersiňiz we prowokatoryň "sazyna tans edip" başlarsyňyz. Hiç hili ýagdaýda muny etmäň. Tersine, özüňi nähil alyp barmagyň ýoly barada pikirleniň. Ine, size üç wariant.

Birinjisi – prowokatoryň isleýän zady barada göni soraglar berip onuň niýetini aýdyňlaşdyryp bilersiňiz. Mysal üçin: "Meni öjükdirip (prowosirläp) şu, şu, şu... zatlara iteklemek isleýäňmi? " we şuňa meňzeş soraglar sorap bilersiň.

Ikinjisi – düşünjäňizi we duýgularyňyzy ýönekeý we asuda görnüşde beýan edip bilersiňiz. Mysal üçin: "Birek-birege düşünişmeýändigimiz meni gynandyrýar" diýen ýaly sözler diýip bilersiňiz.

Üçünjisi – garaýyşlaryňyzyň tapawudyny beýan etmek üçin metaforalary ulanyp bilersiňiz. Mysal üçin: "Biziň düşünişjek bolşumyuz, dürli planetalardan bolan adamlaryň düşünişjek bolşuna meňzeýär, sebäbi....".

Mundan başga-da, prowokator öz ýakyn töweregiňizden biri bolsa, onuň nämä esaslanyp bu ýoly saýlandygyny kesgitlejek boluň.

NETIJE

Prowokatoryň esasy maksadynyň başga biriniň, ýa-da seniň emosional deňagramlylygyňy bozmak we ýiti negatiw reaksiýalary ýüze çykarmak. Onda, şeýle ýagdaýda iň dogry hereket asudalygy saklamak we aň-düşünjeden, pahýasdan uzaklaşmazlyk bolup durýar. Şeýlelik bilen siz sarsman, pugta durup ýeňiji bolarsyňyz, tersine maksadyna ýetmedik prowokatoryň bolsa özüniň emosional deňagramlylygy bozular.

Dostum, gysgaça şeýle: özüňi tana – gowşak ýerleriňi prowokatoryň hüjüminden gora, mysal üçin gaharjaňlygyň bar bolsa, rahatlygy saklajak bol. Diňe özüňi däl prowokatoram tana – ol seni gönüden-göni, ýa başga birini ulanyp maksadyna ýetmek islär, sen bolsa sarsylman, asudalygyň we pähimiň bilen berk durup ýeňiji bol. Gahary gelen, jany ýanan, ejir çeken... sen bolma.

Bolany. Saňa ýazylan hatyň soňuna geldik.

Bellik: Hatymy internet çeşmelerini ulananyp ýazandyryn.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 172 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 02:42, 13.06.2023
Sagbol, gadyrdan, hatyñy okap şat boldum! Ol "dostumyzam" allergetik bolmaly. Entejik zada reaksiya berip hassalap bilýär öza,
Oña Siziñ bu ýazan bejergiñiz peýda berjegine ynanýaryn!

Sag bol, häzirlikçe hatyñ jogabuny gyssanmaç ýazdym! Ýene hatlarñyza garaşýaryn!
avatar
0
2 Pero • 08:19, 13.06.2023
Salam! Bir akyldar"Dünýäde iñ güýçli adam - gaharyny basyp bilýäni" diýipdir. Hatyñyzy okap, dünýäde iñ güýçli adam bolmaga dalaṣgärlik etmeli boljakdygy sebäpli biraz hopukdym. Çünki bu añsat däl.
Gerekli maglumatly hatyñyz üçin Tañryýalkasyn!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202