Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:34
Gülki. On birinji onluk

GÜLKI. ON BIRINJI ONLUK

Ogrudan gorasyn diýip, maşynyň ýanyna iti daňypdyrlar. Eýesi irden turup görse, maşynyň tekerleri ýokmuş, ogurlapdyrlar... :-(
Maşynyň aýnasynda bolsa: “Itiňize zat diýmäň. Ol üýrdi…” diýip hat ýazyp gidipdirler.

***

Jygyllykda bir türkmen daýzasy keçe satyn alypdyr. Moýmudyklap, zordan keçesini süýräp bir taksistiň ýanyna barypdyr. Daýza taksiste „bagažyňy aç“ manysynda şeýle diýýär:
-Oglum götüňi aç, keçäni salaýyn.
Taksistem garagol eken. Daýzadan kem galmandyr:
-Daýza jan, keçäň sygmaz!
Daýza welin ondanam ökde eken. Taksiste şeýle jogap berýär:
-Sygar oglum, sygar! Keçäni eplapjik dykarynyn welin sygar ötägider.

***

Bazara barýan ogluny atasy saklap şeýle diýýär:
-Oglum, puluňy gawun-garpyz diýip biderek zatlara sowaýmagyn. Nas algyn, oglum! Nas…

***

Bir ýaş ýigit yzynda ýaş gelnini we çülpe çagalaryny ýetim goýup aradan çykypdyr. Ýarym-ýaş bolup aglaýan dul galan gelni köşeşdirmek üçin molla aga şeý diýýämiş:
-Goý gyzym, aglama! Seniň adamyň gowy oglandy, ol häzir Behiştde hüýr-perileriň arasyndadyr. Oňa hüýr-periler hyzmat edip ýörendir…..
Mollanyň bu sözlerini eşden gabanjaň gelin, beter gygyrmaga başlaýar:
-Wah, ýerçeken! Meýdi ýanan! Ol-a Behiştde hüýr-periler bilen keýpi-sapada gezmeli, men bolsa bärde görgümi görüp ýetim galan çagalary eklemelimi?…

***

Myhmanhana iki sany dost girýär. Olar ýer almak isleýärler. Elbetde, myhmanhana 5 ýyldyzly däl eken. Soraýarlar:
-Bu doňuzýatakda bir otag näçä durýar?
-Bir doňuz üçin 30$, iki doňuz üçin bolsa 60!

***

Molla we polisiýa ikisi durmuşdan zeýrenişip barýamyşlar. Birdenem iki sany adamyň erbet urşyp duranyny görýäler. Polisiýa bulary aralajak bolýar, emma molla:
-Dur oglum, entek wagty gelenok… -diýýar we polisiýany saklaýar.
Ine-de, uruşýanlaryň biri beýlekisini pyçaklap öldürdi. Şondan soňra molla:
-Ine, oglum! Indi barsak bolar. Olaryň biri seniňki, beýlekisi bolsa meniňki!

***

Sirkiň direktoryna telefon jaňy gelýär:
-Salowmaleykim agam! Bagyşlaň, size gepleýän at gerekmi?
Direktor trubkany taşlaýar. Telefon bir salymdan ýene-de jyňňyrdaýar.
-Salowmaleýkim, agam! Meni bagyşlaň, sorajak zadym bardy. Size gepleýän at gerekmi?
Direktoryň gahary gelýär we ikinji gezek hem telefonyň trubkasyny goýýar. Üçinji gezek telefon jyňňyrdaýar.
-Eý, haýwan, näme üçin trubkany taşlaýaň? Maňa näme toýnagym bilen telefon etmek aňsatdyr öýdýäňmi?

***

Ependi restoranda. Ofisiant Ependiden soraýar:
-Agam, name iýmek isleýäňiz?
Ependi:
-Şol aňyrky gyrada oturan adamyň iýýäninden iýjek.
-Bu diýýäniň bolmaz, agam! Ol adam iýýänini bermez ahyry...

***

Sygyrlar barada hakykat!
Sygyr bize süýt we et berýär diýýäler, emma, bu düýbünden NÄDOGRY! Adamlar ondan süýdünem, etinem soraman alýalar.

***

Bir gün Poşalagyňka telewidiniýeden reportaž almaga gelýärler. Reportýorlaram ermeni ekeni, özlerini tanadýarlar:
-Wasiliý Mahçupýan we Grigoriý Lukoçýan.
Biziň Poşalagam özüni tanadýar:
-Men-ä Poşalak Tal çapýan, aýalymam Eneküti Nan ýapýan. (begli100 iberdi)

Çeşme: http://eyho.8m.net/b-gul11.htm
Bölümler: Degişmeler | Görülen: 95 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203