Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:31
Unaş içip açylaýaryn-la...
Unaş içip açylaýaryn-la...
(hekaýa)

Oba feldşeri Kakamyrat adaty gün tertibi boýunça näsaglaryny görmäge barýarka, Amangözel gelnejäň: “Haý durawer, ballym!” diýip, gygyrýan sesini eşidip saklandy.
—Kakyş jan, sygyrym ýaranok, görüp bersene!
—Gelneje, men mal dugtor däl-ä, Myratdurda aýtmaly ekeniň-dä.
—Wah, hanym, ol haçan geljek, haçan görjek. Oňa habar iberer ýaly oglan-uşagam ýog-a—hemmesi mekdepdedir-u-işde. Sen bir dugtor adam, adamlaryň kesellerine belet bolansoň, malyňam ugruny taparsyňl-la...
Kakamyrat jogap bermän, jübüsinden telefonyny çykaryp, til kakdy. Telefondan erkek adamyň sesi eşidilen badyna:
—Myratdurdy salam! Ertiriň haýyrly bolsun! Amangözel gelnejäň sygyry keselläpdir, gaýrat edip görüp bersene! Ho-ol, transformatoryň ýanynda ýaşaýan Baýgeldi hajylaryň gabat garşysyndaky öý. Hä-ä, sag bol Taňry ýalkasyn!—diýip, telefonyny öçürip, Amangözele ýüzlendi:
—Gelneje, Myratdurdy “Bir ýarym sagatdan bararyn” diýdi.
—Sag bol, ballym. Ömrüň uzak bolsun! Işiňde abraý gazan oglum! —diýip, Amangözel gelneje alkyş baryny okady
Kakamyrat yzyna gaýdyp gelýärkä, Myratdurdydan bir zat soramalydygy ýadyna düşüp, Amangözellere sowulýar. Myratdurdy syrkaw sygyry barlapdyr, sanjym edipdir we ýene iki günläp sanjyma gatnajakdygyny Amangözel gelnejä düşündirip duran ekeni.
—Gelneje, sygyryňa gan kesel degipdir, azyndan üç günläp sanjym etmeli bolar.
—Oglum eliňe güller bitsin! Eliň-gözüň dert görmesin! Hyzmatyň hak-heşdegi näçeräk bolar?
—Togsan bäş manat, köne puldan dört ýüz ýetmiş bäş müň bolýar.
—Häzir, garaş oglum—diýip, Amangözel gelneje öýüne girip, birnäçe minutdan çykyp mal lukman bilen hasaplaşansoň, —ertir näwagt gelersiň?—diýip, sorady.
—Ertirem edil şu wagtlar—diýip, Myratdurdy Kakamyrat bilen howludan çykyp gitdiler.
Bu wakadan soň bir hepde töwerek wagt geçensoň, ir bilen oba lukmançylyk nokadynyň gapysy kakyldy. Içerden “Giriberiň” sesini eşiden Amangözel otaga girdi.
—Hä-ä, Amangözel gelneje, salawmaleýkim! Gel, geç, otur! —diýip, Kakamyrat oturgyjy görkezdi. Amangözel gelneje ornaşyp, saglyk-amanlyk soraşansoň, —Sygyryň oňatlaşdymy, ýa ýene ýaranokmy?
—Ýok-la, hanym. Sygyrym gutuldy-la. Tüweleme, Myratdurdy janyň eli ýeňil ekeni, üç günde dikeldäýdi, anha indi janawer näme berseň iýip dur. Indi özüm syrkawlapdyryn, meni barlap, bejeräýmeseň oglum...
—Näme bolýar, gelneje?
—Üşüdýän, gyzdyrýan, asgyrýan, üsgürýän; işdäm kesildi. Birhili, ysgynym ýok ýaly.
—Hany, gelneje, gyzgynyňy ölçäli—diýip, Kakamyrat Amangözeliň goltugyna termometr gysdyryp, bogazyna seretdi, gan basyşyny ölçedi, öýkenini diňledi.
Amangözel feldşere çiňerlip seredip:
—Kakamyrat jan, nä, maňa sygyrymyň keseli geçäýen däldir-ä—diýip, howsalaly sorady.
—Ýok, gelneje. O kesel däl. Dümewläpsiň.
Amangözel uludan demini alyp, rahatlanyp:
—Näme däri-derman etmeli muňa?
—Häzir ýazyp berjek. Dermanhandan alarsyň.
—Meni dermnahana ugradyp ýörmesene hanym, şu ýerigem zordan geldim-ä. Özüňde bar zadyňdan beräýsene...
—Gelneje, men derman satamok-da, bu dermanlar bir gyt ýa gymmat zat däl-le, özüň gidip bilmeseň oglanlaň birini iberäýersiň-dä. Näçeden, näçe wagtyna içmelidigini ýazandyryn.
Amangözel gelneje dugtoryň maslahatyny makul bilip, oňa ýüzlenýär:
—Oglum, ýazan dermanlaryň bahasy näçeräk barka?!
—Häzir biläýeris—diýip, feldşer jübi telefonyna til kakýar. —Alo, dermanhanammy?
Kakamyrat dermanhana bilen düşünişenden soň Amangözele ýüzlenýär:
—Şu dermanlaryň jemi bahasy elli manat, köne puldan iki ýüz elli müň manat bolýar diýdiler.
—Bor oglum. Saňa bermeli aklygyň näçe?
—Maňa hiç zat bermeli däl. Biziň hyzmatymyz mugt, gelneje. Me, em bolsun! —diiýp, Kakamyrat bejegi ýazylan kagyzy Amangözele uzadýar.
Amangözel feldşeriň beren kagyzyny epläp, gapjygyna salyp durşuna, öz-özi bilen gürleşýän ýaly:
—Bular ýaly arzan keseldigini bilen bolsam, dugtoryň wagtyny aljagam däl-le. Dümew bolsa unaş bilenem açylyp giderin-le—diýip samrap durşuna, aýňalýar-da, feldşere ýüzlenýär: —Hanym, sag bol, Taňry ýalkasyn! Ömrüň uzak bolsun! Işiňde abraý gazan! —diýip çykyp gidensoň, Kakamyrat ýylgyryp, başyny ýaýkady-da, içinden: “Her adamyň özboluşlyja häsiýeti bar-ow. Amangözel gelneje sygyry üçin puluny gysganmady, indi özüni bejermeli bolanda welin, sygryna çykaran harajadynyň ondan birini hem dözenok” diýip, hat işine gümra boldy.

©Kakajan BALKANOW
2023 ý.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202