Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:56
“Wah, bolmady…”

“WAH, BOLMADY…”

Söýünhan aga düýnden bäri Herrikgalada oturýan dostunyň sadakasyna gitmegiň aladasynda. “Dostum” — bu Söýünhan agaň öz sözi. Olary ýeke-ýeke sanasaňam dört-bäşden aşmaz. Ýaşulynyň obada häli-şindi barýan ýeke gapysy bardy. Beýlekileriňem toýy-ýasyna görner ýöne ýakyn gatnaşmaz. Garşysyndakyň ýeke sözi batnyksyz bolsa-da, ýaşuly üçin ýeterlik — çekiler durberer. Ulugberdi baý, ynha, “Çagyrlan ýere irinme…” diýer baryberer. Baran ýerinde-de turmany bilmez, kän oturar. Bu häsiýetler Söýünhan agaň hiç etmeýäni. Herrikgaladakam şol dört-bäşleriň biri. Obasy uzagrak bolansoň häli-şindi barmasa-da, barsa göwni açylyp oturar, Kur’an okardylar. Hadys kitaplaryny bir ýerlerden çykarardylar. Agaýusubyň gepi-sözi, otur-tury garryň gaşyny çytdyrmansoň, näçe oturanynam unudaýardy. “Herrikgalada indi daş oba bolaýdy. Gapyda alaşa gazygynda aýlanyp duranda aýagyň aşagynda-la ýogsa. Eşekli gaýdyberseňem gelmesine gelersiň welin, şo janaweriň ýüzüne köz degsin-le. At münüp öwrenenimizdenmi, hiç aýagym çekmeýä, şü eşek diýilen petigara.” Atyň bolmasa, eşege münesiň gelmese, pyýdalabam eslije ýol bar. Agaýusubyň sadakasyna görünmeseňem boljakmy. “Al-aýt, nähili zamana boldy. Gitjek ýeriňe çykyp gidiberilerdi-le. Atymyzy elimzden aldyrsak, duşaklanan ýaly bolaýjak ekenig-ow. Äl, orsuň muny biläýşini. Bulaň bilmeýän zady bir barmyka? Akybeti haýyr bolsun.” Şu pikirlere başagaý bolup ýörkä, bir ýerden haýdap, ogly Aşyrgeldi göründi. Dogrusy, özünden öň sesi geldi. Aşyrgeldiň şaňňy, gaty sesi bardy. Hamala aýdanyna ýok diýdirmejek bolýamy, gaty sesli gürlärdi.

- Kaka, Herrrikgala, Saparguly äkider. Häzir obaň maşynyny alyp geler.

“Studebeker” diýilýän ýeke ýük maşyn obaň ähli işine ýetişmelidi. Onam sürýän Saşa diýip bir çypar ors. Hoşgylaw bolansoň, oba adamlary Saşany gowy görýädiler. Hasam Aşyrgeldiň uly ogly Saparguly ikisi ýegre dost. Saşany tapsa Saparguly öý-içeri, eje-kakanam, açlgyny-suwsuzlygynam unudýar. Şäherde mehanizasiýa tehnikumynda okaýan Sapaguly Saşaň dilinde gürleşibem bilýärdi. Aşyrgeldi kakasy arak-çakyryň ysyny alyp, Saşaň ýanyna münjek däl diýer öýdüp, ogluna özüň äkit diýipdi. Ýaňy murty garalyp ugran Saparguly muňa guş bolup uçdy. Obaň “Studebekerinde” özbaşyňa Herrikgala gidip-gelmäni ynanylmasy owalam horja injiklerini çala sandyratmanam durmandy. Onda-da bir halta kartoşka ýa tokly toram däl, ataňy äkidip getirmeli. Söýünhan agtygynyň içine girip-çykan ýaly, ýagdaýyny bilip otyr. Arakaýynsyran bolsa-da barmaklarynyň ujuna çenli çala titreýändir. Sesini çykarman, agtygym sürjekmem diýmän maşyna münen Söýünhan demirleň ýöräp ýörmesine hiç öwrenşip bilmeýärdi. Gözastyndan agtygyny synlap barşyna “Bular biz ýaly däl. Bize bulaň ýaşynda şu demiri ýöret diýseler, ymma gaçardyk. Bular atdan demiri gowy görýä. Indiki ösdürimleň eşigi, ýöreýşi, dili asyl her hereketi başga. Öňki çagalar ýok, öňki adamlaram, ýaşulularam azalyp barýa. Bu onsoň, bir zamanaň ahyrlap, beýlekisiniň başladygy bolaýjag-ow…” Kellesine birden gelen bu pikirine özi haýran galan goja agyr başyny ýaýkanynam duýmady.

- Näme ata, bir zadyň galdymy?

- Häh… Ýok…

Söýünhan aga agtygy diňkesini ýoluna dikip oturşyna özüni synlaýandyram öýtmändi. Şeýdip “iki zamana” bildirmän biri-birini synlap çagyl ýol bilen Herrikgala obasyna tarap “Studabekeri” haýdadyp barýar. Ýolda özlerinden başga ulaglam ýok diýerlik. Setanda-seýranda görünýän eşekarabaly ýa ýeke eşekli bolaýmasa. “Biziň döwrümizde erkek oglanyň köýnegi öňünden açylmaz. Çäkýaka ýa ezýakadyr. Aýal adamyň ýakasy öňünden açylar. Köýnegiň etgem has uzyn, jalbaryň daşyndan goýnerler. Indikileriňki tersine, hem döşi açyk, etegi gysga, hem jalbaryň içinde. Gürlänlerinde “Zarow, drasti” diýiberýälerem. Nädip bular üýtgeşik dogýaka? Kakalary, ejelerem-ä beýle başga däl. Orsuň ýurdy almasynyň edýänimikä? Aý, orsam “Şuny edersiň” diýip başyňy alyp duranok. Her zadyň wagty, zamanasy gelýän boldugydyr-da.” Söýünhan aga indiki “ösdürimleriň” ady türkmenem bolsa, başga bir millete, başga bir türkmene öwrülendigini gözi bilen görüp oturan ýalydy. Ol içinden “Bular başga, başgaça-da ýaşarlar. Öňki däp-düzgüniňem üýtgär, öňki gatnaşygyňam. Alla gowsuny etsin. Hernä şu çagaň düşünjesi başga bolsa-da, bize zyýanlykly däl. Aý, öz göwün isleýşleri ýaly ýaşasynlar. Dagam bular bir sil, öňüni alyp bolmaýa. Alla özlerine ynsap bersin.” Dogrusy, goja agtygynyň dünýesi näçe maňzyna batmasa-da, oňa birhili guwanyp seredýäninem duýman galýardy. Olar sähel salymyň içinde Herrikgala geldiler. Bu demirler atyň-eşegiň çeni däl. Ony özi ýasan ýaly sürüp oturanam öz agtygy. “Ýöne bularda-da meňki ýaly barmak büküp sanaýmaly “dostlary”, jan-berip, jan alyşjak gapylary bolarmyka? Aşyrgeldi-de bir barmyka? Haý, näbileýin.” Öz ýanyndan nähili pikirler etse-de Söýünhan aga daşyndan parahatdy. Kä watg bir öz-özüne “Hmm” eder — boldugydyr. Haykatda welin, Aşyrgeldide-de “dost” bardy. Ýöne ony “dostlarynyň” özem anyk bilmezdi. Esasam biri orsdy. Arhip diýerdi. Ol Aşyrgeldä ynanýady, Aşyrgeldem oňa. Kolhoza el güýji gerekmi, maşyn-traktor gerekmi — ýardam ederdi. Aşyrgeldem oňa daýanyp kolhozyň garamatyny üstüne alyp başlyklyga boýun bolupdy. Arhibiň arkasyndan Aşyrgeldiň edeni ugruna bolýar, başga biriniň elinden gelmeýän iş oňa başardýar. Munuň “ors dostunyň” buýrugy bilen bitýäninem biri bilse, köpüsi bilenok. Şeýdip oglunyň kelhoz diýilýäne başlyk bolanyndan Söýünhan aga bihabar. Neneň-niçik bolanda-da goja oglynyň edýänine goşulmazdy.

Herrikgala sadaka gelenleň içinde “maşynlysy” başga ýok. Muny görüp, Söýünhan aga ýygryljak boldy. Hamala her kimiň gözi özünde ýaly. Niçigem bolsa, kän eglenmän yzlaryna gaýtdylar. Özboluşly bir ses edip ýol söküp gelýän maşyn “Gypjagyň çaýyna” gelende öçdi durberdi. Ýogsa oba-da görnüp dur. Sag-aman yzyna dolanyp barýanyna begenip gelýän Saparguly maşynyň öçmesine düşünmedi. Derrew düşüp öňüniň demir gapagyny galdyrdy. Hemme zady ýerinde. Gaçyp galan, çüýi gowşan görnüp duran hiç zady ýok. Şonda-da oglan olary ýeke-ýeke elleşdirip gördi. Çekdirip boljagyny çekdirdi, berkitdi. Gaýtadan otlamaga çalyşdy — bolmady. Maşyn demi sogrulan öküzçe mysaly, gabarlyp, sarsman dur. Depseňem, ursaňam sarsjaga meňzänok. Saparguly maşynyň simlerini oýnap çykdy. Ony aljyradýan zat maşynynyň näme üçin birden öçüp durberenine düşünip bilmeýändigidi. “Indi atam galan ýoly nädip gider? Geçip barýan araba münsünmi? Masgara boldum. Kakam näme diýer? Saşa bolaýsa derrew muň kemini tapardy.” Saparguly maşynyň aşagyna girip gördi, üsti-başyny guma bulady, gara ýag etdi. Oglanyň yhlasyna boldumy, birden maşyn otlandy. Gürrüldi ses çykandan Söýünhan aga “Wah, bolmad-ow” diýenini duýman galdy.

- Näme üçin bolmady, ata?

- Durdugy bolaýdymyka öýtdüm — bolmady, ýene işläberdi.

- Aý nätdiň-aý, ata. Men-ä ertirden bäri ber-başagaý, garaýaga bulaşyp ýörün, senem “Bolmady” diýýäň.

Şundan soň ataly-ogul seslerini çykarman oba geldi. Goja agtygyny öýkeledenine gynandy. Ýaşuly münüp oturan ulaglary öçende ahyrzaman gopandyr öýdüpdi. Ol dostlarynyň birinden “Kyýamat güni ähli tilsim zatlar duran ýerinde durbermeli” diýip eşdipdi…

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/wah-bolmady-65b84f8f8736
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 12:34, 24.06.2023
“Biziň döwrümizde erkek oglanyň köýnegi öňünden açylmaz. Çäkýaka ýa ezýakadyr. Aýal adamyň ýakasy öňünden açylar. Köýnegiň etegem has uzyn, jalbaryň daşyndan goýberler. Indikileriňki tersine, hem döşi açyk, etegi gysga, hem jalbaryň içinde..."

ýaşuly bilen razylaşýan. ýa-da geýimde tagam duýuşymyz meňzeşräk eken.
geýim barada:
erkekler köýneklerini balagyna salyp geýseler hakykatdanam gelşenok, esasanam belli bir ýaşdan soň, ýagny garyn çykyp başlansoň balaga salnan köýnek hasam garnyňy ýigrenji görkezýär. :-)
köýnegi balagyň üstünden erkin göýberip geýseň biraz garnyňy gizleýär. hemem giňräk geýimler gowy ýaly.

ýazanlam, edil Hydyr agaň gozgan meselesi bilen bagly dälem bolsa, kellä geleni paýlaşmak isledim.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203