Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:25
Iberilmedik hat

IBERILMEDIK HAT

Eje, saňa gizlin-gizlin hat ýazýan,
Ýöne hatym saňa gowuşman galar.
Seni ýatlan çagym her gije-gündiz,
Tukat gözlerime birden ýaş dolar.

Men hat bilen gül iberjek bolamok,
Güle hat iberjek bolýan aslynda!
Ol jennet güli däl, ondan-da eziz,
Çünki jennet aýagynyň astynda.

Hemmeler diýýärler:"Ene mähriban!",
Emma men olara goşulmaýaryn.
Bir sözde kesgitläp bolmaz enäni,
Müň sözde-de ony başarmaýaryn.

Biz bilen agladyň, güldüň biz bilen,
Hemme şaýat: sabyr käsäň dolmady.
Kalbyňy parçalap, bize paýladyň,
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.

Ejem, saňa "Seni söýýän" diýmedim,
Diýmedim, söýsem-de men seni çensiz.
Çensiz dilegleňde ýaşaýaryn men,
Men seňki bolsam-da, ýene-de sensiz.

Bu aýralyk däldir, bu hasratam däl,
Artmagydyr saňa bolan söýgimiň.
Eje, saňa bu ýazanlam gowuşmaz,
Kemelmegin islemeýän duýgymyň...

© Seýran OTUZOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 215 | Mowzugy paýlaşan: Çary5306 | Teg: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.8/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 22
avatar
-1
1 Kyyas • 20:06, 25.01.2024
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.

Senin bolmaly dälmi? Howlugyp ýazylan bolmagy mümkin?
avatar
1
2 Mekan • 20:34, 25.01.2024
Gowy goşgy. Hasam 4 nji bent.

5- nji bendiñ tehnikasam bet.
avatar
0
3 Çary5306 • 20:35, 25.01.2024
@Kyýas, howlugyp okaýan bolaýma? Ýa özüň howlugyp ýazýan bolaýma?
avatar
1
4 Çary5306 • 20:38, 25.01.2024
Seýranyň özüne ýazdym:"Diňe şu goşgyň üçinem seni edebiýatyň öňünde eden ähli "günäleň" üçinem bagyşlap bolar" diýip.
avatar
0
5 Kyyas • 21:53, 25.01.2024
Hawa, men-ä hakykatdanam howlugyp ýazýan...
" Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady." Diýen sana sözüne düşünmän duramok. Meniñ ýaly çala okaýanlar ýa-da düşünmejek bolýan bardyr diýip özüme osdum. Dogry. Goşgy babatynda Seýrana berekella diýmekden başga sözüm ýok. Gowy ýazýa
avatar
1
6 Мango • 22:23, 25.01.2024
teswir 1. kyýasa.
Kalbyňy parçalap, bize paýladyň,
Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady.
- diýendäki "saňa" sözüni "özüňe" manysynda kabul et.
biraz bulaşýan ýalam bolsa-da beýle bir nädogram däl.
avatar
1
7 Мango • 22:34, 25.01.2024
birden bu haty iberäýse seýranyň ejesine söýgüsi azalaýjakmyka?... :-)
seýran oýun eden bolýa-da, öz stilinde...

şeýle çöwrülenje oýunlary başgada kän eken:
1) (saňa) gül iberjek bolamok, Güle hat iberjek bolýan...
2) (sen) ...jennet güli(ndenem) ...eziz, çünki jennet (seniň) aýagyň astynda.
3) Kalbyňy parçalap, bize paýladyň, şeýdip (özüňe-de) ...ýürek ...galmady.
4) Eje, (sen ýazanlarymy okamarsyň), saňa ...gowuşmaz, (sebäbi) kemelmegin islemeýän duýgymyň...

uly harplar bilen ýazsam, BATLY SES bilen diýdigim: GATY GOWY, DIRI BIR GOŞGY... BEREKELLA!
(seýrandan düşnüklije goşgyny ilkinji gezek okaýan)
avatar
1
8 garagar • 22:43, 25.01.2024
Awtoryň Seýran Otuzdygyna ynanmadym. Haçan ýazylanka bu goşgy.
avatar
0
9 Çary5306 • 22:49, 25.01.2024
student döwri ýazylan goşgy
avatar
0
10 Çary5306 • 22:50, 25.01.2024
@garagar, ýene bir gezek geleňde "ýalňyşlaň üstünde işlemegem" öwredip gitmeseň, halys düzedip bilemok
avatar
1
11 Nurdаn • 22:58, 25.01.2024
Düzedildi Çary aga!
avatar
0
12 Çary5306 • 23:14, 25.01.2024
@ Medical, size-de minnetdar! Birinji gezek adyňyzy ýalňyş ýazanyma-da utanyp ýördüm...
avatar
0
13 garagar • 23:15, 25.01.2024
bolar, agam!
avatar
1
14 Medicall • 23:32, 25.01.2024
Ýok-la, Çary aga, men-a klawiaturañ "günäsidigine" düşündim, ýöne şü beýleki okuwçyla ýamman garagol, klawiaturañ ýalñyşydygyny bilselerem derrew bellik ediwotyllar))
avatar
1
15 Medicall • 23:34, 25.01.2024
Seýrandäde! Seret! Beter üýtgeşik, awadan goşgyña Mango suwroty ýaman awadan edip ýasapdyr!))
avatar
1
16 sussupessimist • 09:22, 26.01.2024
gaýtam bu goşgusynda entek Seýran (seýranizmler) ýok ýaly. Ir ýazylandygy bildirýär
avatar
0
17 Pegas • 09:57, 26.01.2024
Seýran agany şu goşgusy bilen tanapdym ilki.
avatar
0
18 Çary5306 • 10:27, 26.01.2024
Maks, Seýranyň prozasyndaky "seýranizmler-ä" bilemok, ýöne şu goşgusynda-da eýýäm onuň özgeleriňkiden üýtgeşik stilli bir awtor bolup ýetişdjeginiň признакларыны duýmak bolýar.
Tapsam, onuň "Uzakdaky dostuma" goşgysynam goýjak! (Pozulşykda olam pozulypdyr). Tapsaň-a, özüň goýaý. Ýogsa-da, ol #Pegasda bolmalymyka diýýän
avatar
1
19 Мango • 10:40, 26.01.2024
teswir 19-a
o goşgy bärde bar.
"uzakdaky dosta"
avatar
0
20 Çary5306 • 10:43, 26.01.2024
Bar bolsa, şonam täzeden öňe geçiräýmeli (mümkin bolsa), Seýranyň ösüş we üýtgeýiş prosesini yzarlar ýaly.
avatar
0
21 Seýrаn • 10:44, 26.01.2024
Çary aga, hoş gelipsiňiz. Ýazýanlaryňyzy yzarlaýandyryn. Line, Galamdaşda hem okaýardym. Sag boluň!
avatar
0
22 Мango • 10:45, 26.01.2024
öňe geçirdimem welin, ondan öňküler ony ýokaryk göýbermän dur (dil düwüşip)...
ýene-de baş sahypada biraz aşakrakda dur...
Nurdan hanym ýokary galdyar gelse...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203