Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:24
Edebiýat! Bu näme?

Mekdep okuwçysy döwrümiz edebiýat sapagynda mugallymymyz:
— Adyndan belli bolşy ýaly, edebiýat “edep” sözünden gelip çykandyr. Edebiýatyň borjy adamlary edepli, terbiýeli bolmaga çagyrmakdyr – diýip öwredipdi.
Mugallymyň aýtmagyna görä, edebi eser adamlarda watansöýüjiligi, gahrymançylygy, edermenligi ösdürýär, ahlak arassalygyny ündeýär, ýaramazlyklary ýazgarýar, gözelligi wasp edýär.
Hakykatdan hem “Edebiýat nämäni öwredýär?” diýen sowala mekdeplerde şeýleräk düşündiriş berilerdi. Ýagdaý häzirem üýtgänok. Üýtgärem öýdemok. Geçmişe seretseň, ähli döwürlerde-de edebiýat nämedir bir zatlara zoraýakdan gulluk etdirilipdir. Täsirli güýçler hemişe edebiýaty özlerine bakna edip, ony öz bähbitlerine ulanypdyrlar. Taryhyň ýakynu-alysdaky sahypalary edebiýatyň belli-belli döwürlerde köphudaýlylygy, otparazçylygy, hudaýsyzlygy wagyz edendigine, kolhoz gurluşygynyň, ekerançylygyň, hatda mekgejöweniň waspçysy bolandygyna... şaýatlyk edýär.
Eýsem, edebiýat näme? Ol nähili bolmaly? Ýazyjynyň edebi eser döretmek bilen baş maksady näme?
Edebiýat – bir söz bilen aýdylanda durmuşyň taraşlanan çeper beýany!
Edebiýatyň mazmuny – durmuş hakykaty!
Edebiýatyň obýekti – adam!
Edebiýat obrazlarda ýaşaýar. Obrazsyz edebiýat bolmaýar.
Edebi eserde Haýyr bilen Şeriň göreşiniň baş planda goýulmagy aýratyn ünsi çekýän ýagdaý. Biz edebi eserde Ýagşy bilen Ýamanyň gurýan darkaşyna, oňatlygyň erbetlikden üstün çykyşyna mazaly öwrenişipdiris. Okaýan kitabymyzyň hilini Haýyr bilen Şeriň göreşiniň näderejediligi bilen ölçemäge endik edipdiris. Emma, aslyýetine seretseň, bular ikinji derejeli zatlardyr. Men baş planda hemişe obraz goýulmalydyr diýip pikir edýän. Okyjylar obraz bilen has içgin tanyşdyrylmalydyr. Häsiýet aýyl-saýyl edilmelidir, çapraz düşünjeler we prinsipler adam häsiýetleriniň, edim-gylymlarynyň fonunda yzarlanylmalydyr. Onsoň Haýyr bilen Şeriň arasyndaky soňy görünmeýän dawa hem obrazlardan getirilip çykarylmalydyr.
Ýagdaý eseriň ideýasy we pikiri babatynda-da şeýledir. Has dogrusy, haýsydyr bir ideýa ýa pikir üçin eser ýazmak dürs maksat däldir. Dürs maksat ilkinji nobatda obraz döretmekdir! Ideýa we pikir obrazdan syzylyp çykmalydyr. Bizdäki harsal, çig-çarsy edebiýatyň gönezligi eseriň haýsydyr bir ideýany jar etmek üçin ýazylýanlygyndan, obrazyň bolsa şol ideýany ýaňlandyrmak üçin ýasalýanlygyndan baş alyp gaýdýar.
Edebiýat gyzykly gürrüň berilýän geň-enaýy bir wakanyň beýany däl. Edebiýatyň jany şol wakany döredýän obrazyň häsiýetini açyp görkezmekde! Adam naturasynyň güneý we guzaý taraplary inçelik bilen giň gerimli şöhlelendirilende edebiýatyň ruhy peýda bolýar. Wakanyň çeper hakykata öwrülip, orta çykmagy şu zerurlyk bilen şertlendirilendir.
Biz näme üçin “Görogly” eposyny söýüp okaýarys? Milli gahrymandan ýagşy gylyklary, ýokary ahlagy öwrenmek prinsiplerinden ugur aljak bolsaň, eposy okabam oturma! Görogly bize “Ogurlyk etmäň, ýalan sözlemäň, neşe çekmäň, iliň hakyny iýmäň, biwepalyk etmäň!” diýip, her ädiminde öwüt berip ýörenok. Tersine, ol Aşyk Aýdyň piriň öňünde ýalan sözleýär, Harmandäli bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatýar, Öwezi ogurlap gaýdýar, neşeden-şerapdan ýüz sowmaýar, Genjimiň malyny çapawullaýar, Öwez üçin Leke şanyň gyzy Gülruhy ogurlap gaýdýar, duz-çöregini iýip, hiç bir günäsi bolmadyk Ussanyň gyzyny Sapar Köse üçin ogurlap gaýdýar we şuňa meňzeşler. Hany, bularyň haýsysy ahlak kadalaryna sygýar? Mundan nähili edep-terbiýe öwrenjek? Emma biz Göroglyny ýigrenäýemzok. Çünki onuň durmuşy obrazy, hiç bir galyba sygmaýan erkin häsiýetleri, ýasawyndaky milli edim-gylymlary bizi çeper sözüň öňünde kökerip taşlaýar. Biz Göroglyny Haýyr bilen Şeriň göreşinden öň görýäris. Eposy okap otyrkak pikir-ideýa ýadymyza düşenok, biz pikire milli gahryman sahnadan gidenden soň bendi bolýarys. Ine, obraz! Ine, edebiýat!
Edebiýatyň maksady we borçlary baradaky mesele juda irnik we jedelli. Emma meniň mizemez ynanjyma görä, edebiýat pikiriň gurbany bolmaly däl! Edebiýat geldi-geçer çagyryşlaryň jarçysy däl. Edebiýatyň öz meseleleri bar. Onuň derdi başyndan agdyk. Onuň iň uly derdi – obraz!
Aslynda-ha edebi eser döredýän adam pikirden gaça dursa ýagşy! Ýazyjynyň gözlegi obraz we häsiýet bolmaly! Men “Oňat obraz döretseň, pikiriň özi obrazdan syzylyp çykar” diýen düşünjä gulluk edýän.

30.10.2013ý.

Kakamyrat Ataýew
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 160 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 23:16, 11.11.2023
(Görogly)
1) Aşyk Aýdyň piriň öňünde ýalan sözleýär,
2) Harmandäli bilen çolaşyp-çyrmaşyp ýatýar,
3) Öwezi ogurlap gaýdýar,
4) neşeden-şerapdan ýüz sowmaýar,
5) Genjimiň malyny çapawullaýar,
6) Öwez üçin Leke şanyň gyzy Gülruhy ogurlap gaýdýar,
7) duz-çöregini iýip, hiç bir günäsi bolmadyk Ussanyň gyzyny Sapar Köse üçin ogurlap gaýdýar
...we şuňa meňzeşler.
Hany, bularyň haýsysy ahlak kadalaryna sygýar?
Mundan nähili edep-terbiýe öwrenjek?
Emma biz Göroglyny ýigrenäýemzok...

gowy pikir. :-)
görogly döwürdeşimiz bolsa oňa ýöňkeljek jenaýatlar-a gaty kän.
ýokarkylaryň üstüne: ýaragly banditçilikli toparlanyşygyň ýolbaşçysy... günänem ýöňkäp azatlykdan mahrum ediläýmegem ahmal eken.
:-)
avatar
1
2 Medicall • 02:04, 12.11.2023
Diñe Bezirgeni öldürenem ýetik bolardy tutuş ömrüne))
avatar
0
3 Pegas • 07:43, 12.11.2023
Öwez üçin Gülruhy ogurlany-ha hiç-le, ýolda Gülruh atdan agmazlyk üçin Görogla berk saralýar welin, pylança wagtdan bäri zenan ýylysyny görmeýän zaňňaryň niýeti hem üýtgäp ýetişýär biraz wagtlyk)))
avatar
1
4 Garlawac • 12:44, 13.11.2023
Edebiýaty söýýän adamyň ýüreginde garalyk bolup bilermi?
avatar
1
5 Myhman1185 • 12:43, 14.11.2023
K. A. dogry aýdýa, ýöne bular, esasy, kyssa (proza) degişli. Edebiyat welin diñe kyssadan ybarat dä.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203